Himiýa instituty

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň iýun aýynyň 12-sinde gol çeken ýörite 10458 belgili karary bilen Himiýa instituty Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümine girizildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty Türkmenistanda himiýa we himiki tehnologiýalar ugrundan ylmy-barlag işlerini alyp barýan ýeke-täk institutdyr.

Institutyň esasy wezipeleri Türkmenistanyň mineral, gidromineral we uglewodorod çig mallaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemekligiň fiziki-himiki esaslarynyň ylmy hem-de tehniki meselelerini çözmek, himiýa pudagyna innowasiýa täzeliklerini giňden ornaşdyrmak, netijede, ýerli uglewodorod, mineral we gidromineral çig mallaryndan dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekligiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr.

Himiýa institutyň işiniň esasy meseleleri we ugurlary:

1. Nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemegiň tehnologiýasyny kämilleşdirmek, tehnologiki we innowasion çözgütler esasynda dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek;

2. Oba hojalygynda we lukmançylykda peýdalanmak üçin organiki birleşmeleri hem biologiýa taýdan işjeň maddalary sintezlemek;

3. Mineral we gidromineral çig mallary toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň täze tehnologiýasyny işläp taýýarlamak, şol sanda:

- seýrek ýaýran elementleriň (bor, litiý, stronsiý, seziý, rubidiý we ş.m.) birleşmelerini almagyň ylmy esaslaryny işläp düzmek;

- ýoduň, bromuň, mikroelementleriň we duzlaryň önümçiligi üçin ýod-bromly suwlary toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň tehnologiýalaryny işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak.

4. Akyndy we mineral suwlary gaýtadan işlemek we arassalamak;

5. Türkmenistanyň fosforit magdanlarynyň fiziki-himiki häsiýetlerini ylmy esasda öwrenmek we ony baýlaşdyrmagyň tehnologiýasyny işläp düzmek;

6. Ýerli çig mallaryň (okislenen goňur kömüriň fosforitleriň, kükürdiň) esasynda mineral dökünleriň, meliorantlaryň, biostimulýatorlaryň önümçiliginiň tehnologiýalaryny işläp düzmek;

7. Kärhanalaryň ekologiýa meselelerini öwrenmek, howany we suwy hapalaýan zyýanly maddalaryň çäklendirilen derejesiniň kadalaşdyryjy resminamalaryny, ekologiýa pasportlaryny işläp düzmek;

8. Önümçilik sehleriň we kärhanalaryň tehnologiki reglamentlerini hem-de çig mallaryň, energoresurslaryň energiýa ätiýaçlyklarynyň sarp ediş kadalaryny we beýleki resminamalary işläp düzmek;

9. Himiki maddalaryň fiziki – himiki derňew işlerini geçirmek;

10. Täze özleşdirilýän tehnologiýalaryň, kärhanalaryň tehniki – ykdysady esasnamalaryny işläp düzmek, ýerli we daşary ýurt kompaniýalar tarapyndan berlen teklipleri, taslamalary, tehniki – ykdysady esasnamalary seljermek.

Aşgabat şäheri, 2029 (Esgerler) köçesi, 92 jaý

Tel.: (+99312) 34-05-08

Web: http://chemistry-institute.com.tm

e-mail: chem.institute@science.gov.tm

e-mail: aarcheologiya.tm@yandex.ru