Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanynda döredilen “Alym zenanlar“ merkezi ylmy maslahat geçirdi

Ylymlar güni  mynasybetli «Ylym-parahatçylygyň we rowaçlygyň binýady» atly ylmy maslahat geçirildi.

2025-nji ýylyň 5-nji iýunlynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanynda döredilen “Alym zenanlar“ merkezi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ilkinji Zenanlar guramasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyndaYlymlar güni mynasybetli “Ylym-parahatçylygyň we rowaçlygyň binýady” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we ylmy-barlag institutlaryň alym zenanlary we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, aspiratlar we Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň hünärmenleri, şeýle-de Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň ýanynda döredilen “Alym zenanlar“ merkeziniň işjeň agzalary  gatnaşdylar.  Maslahatyň dowamynda alym zenanlar türmen zenalarymyzyň ylymda ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri dogrusynda pikir alyşdylar. “Türkmen alym zenanlarynyň ylymdaky orny”, “Türkmen zenanlarynyň ylmy jemgyýetçilikdäki orny”, “Taryh ylmynda alym zenanlarymyzyň goşandy”, “Türkmen edebiýatynda zenan mertebesi”, “Halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmekde zenan alymlarynyň orny” atly nutuklar bilen çykyş etdiler. 

 Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzy ähli ulgamlar babatda ösüşiň belent sepgitlerine tarap alyp barýan, türkmen zenanlaryna aýratyn sarpa goýýan  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.