Pariž şäheri. 2025-nji ýylyň 25-26-njy marty - Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdy Aşyrow ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilen ylmy diplomatiýa boýunça global ministrler dialogyna gatnaşdy. Bu dialog Durnukly ösüşiň bähbitlerinde ylmyň halkara onýyllygynyň (2024-2033ýý.) çäklerinde guraldy we oňa global çagyryşlary çözmekde, halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde we durnukly ösüşiň ýörelgelerini ilerletmekde ylmy diplomatiýanyň ornuny ara alyp maslahatlaşmak üçin ministrler, diplomatlar we dünýäniň dürli ýurtlaryndan görnükli alymlar gatnaşdylar.
Halkara çäre “Çalt üýtgeýän dünýäde ylmy diplomatiýa: erkekleriň we zenanlaryň aňynda dünýäniň gurluşy” şygary astynda geçdi. Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar ylmy hyzmatdaşlyk, ylmy maglumatlaryň elýeterliligi, ylmy barlaglaryň howpsuzlygy we ylmy parahatçylykly dialogyň guraly hökmünde peýdalanmak bilen baglanyşykly esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara çäräniň çäklerinde şu mowzuklar boýunça pikir alyşyldy:
- Ylmy diplomatiýa we tebigy baýlyklary dolandyrmak – suw we tebigy gorlary durnukly peýdalanmagyň çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak.
- Täze tehnologiýalar eýýamynda ylmy diplomatiýa – global sazlaşykda we ösüşde düýpli tehnologiýalaryň täsiri.
- Açyk ylym we ylmy howpsuzlyk – ylmy bilimleri erkin ýaýratmagyň arasyndaky deňleşme we maglumatlary goramagyň zerurlygy.
- Çökgünlik döwründe ylym – pandemiýalaryň, tebigy betbagtçylyklaryň we gapma-garşylyklaryň çäklerinde ylmy edaralary we gurluş birliklerini goramak.
Duşuşygyň netijeleri boýunça 2025-nji ýylyň 26-njy martynda Ministrleriň bilelikdäki ýüzlenmesi kabul edildi, onda gatnaşyjy ýurtlar ylym we tehnologiýalar çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ylmyň açyklyk ýörelgelerini we bilimlere deň elýeterliligi ilerletmäge, durnukly ösüşiň we parahatçylygyň guraly hökmünde ylmy diplomatiýany berkitmäge, şeýle hem çökgünlik döwründe ylmy edaralary we ylmy-barlag gurluş birliklerine goramaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.
ÝUNESKO-nyň ylmy diplomatiýa boýunça global ministrler dialogyna Türkmenistanyň gatnaşmagy onuň halkara ylmy hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmaga ýykgyn edýändigini, şeýle hem ylmy barlaglaryň we diplomatiýanyň üsti bilen global meseleleri çözmäge durnukly goşant goşýandygyny tassyklaýar.
Türkmenistan ylym we tehnologiýalar babatda işjeň syýasaty alyp barmak bilen, ylmy diplomatiýa çygrynda halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýär. Ýurtda durnukly ösüşiň wajyp düzüm birligi hökmünde ylmy ösdürmeklige gönükdirilen başlangyçlar durmuşa ornaşdyrylýar, bu ÝUNESKO-nyň global maksatlaryna laýyk gelýär.
Bu dialogyň netijeleri dünýäniň çagyryşlaryny ýeňip geçmek üçin ylmyň we diplomatiýanyň birikdirlimegine gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň geljekgi strategiýalaryna esas bolup durýar.