«Altyn asyr» teleýaýlymynyň guramagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde geçirilen Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý kiçi komitetiniň 3-nji mejlisine hem-de «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly IV türkmen-hytaý ylmy innowasion forumyna gatnaşmagyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi.
Çäräni Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil-edebiýat, taryh we pedagogika ylymlary bölüminiň müdiri – alym kätip, filologiýa ylymlarynyň doktory Myrat Tuwakow alyp bardy. Onda türkmen wekiliýetiniň Uhan şäherindäki çärelere gatnaşmagy, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Tegelek stola şu alymlar we hünärmenler gatnaşdylar:
– Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Fizika-matematika, himiýa, geologiýa, tehniki ylymlar müdirliginiň başlygy, akademik-kätip, himiýa ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Durdymyrat Gadamow;
– Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Lukmançylyk, biologiýa we oba hojalyk ylymlary müdirliginiň başlygy, akademik-kätip, oba hojalyk ylymlaryň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Baýrammyrat Durdyýew;
– Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň direktory, himiýa ylymlarynyň kandidaty Hallymyrat Ataýew;
– Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Täze tehnologiýalar we innowasiýalar bölüminiň başlygy, ykdysady ylymlaryň kandidaty Bahar Annagurbanowa;
– Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň barlaghana müdiri Mährijemal Hydyrgulyýewa.