TÜRKMEN-HYTAÝ YLMY-TEHNIKI HYZMATDAŞLYGY: UHANDA IV-NJI YLMY INNOWASION FORUM GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň gerimli özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna daýanmak, ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmak hem-de dünýäniň ösen döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek bu özgertmeleriň esasy ugurlarynyň hataryndadyr.

Döwletimiziň syýasaty hemişelik Bitaraplyga, «Açyk gapylar» ýörelgesine                     hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýetini täzeden dikeltmäge esaslanýar. Bu ýörelgeler Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen deňhukukly we netijeli gatnaşyklary giňeltmäge açykdygyny aýdyň görkezýär. Şol gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hem ylym, innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlykdyr. Bu ugurda strategik hyzmatdaş bolan Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklar aýratyn orun eýeleýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý kiçi komitetiniň 3-nji mejlisi hem-de «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly IV türkmen-hytaý ylmy innowasion forumy geçirildi. Bu çäreleriň yzygiderli geçirilmegi iki döwletiň arasynda ylym we tehnika ugrunda ýola goýlan gatnaşyklaryň durnukly häsiýete eýedigini hem-de barha giňelýändigini görkezýär. Forumyň ady onuň esasy maksadyny, ýagny ylmy-tehniki gazananlary önümçilik bilen berk baglanyşdyrmagy we täze tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmagy aýdyň beýan edýär.

Forum iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ylym we sanly tehnologiýalar ugrunda täze derejä çykarmakda möhüm ädim boldy. Strategik hyzmatdaşlar bolan Türkmenistan bilen Hytaýyň gatnaşyklarynda ylmy-tehniki we innowasion ugurlar barha möhüm orun eýeleýär. Häzirki döwürde ylym bilen önümçiligiň integrasiýasy ýurdumyzyň innowasion ösüşiniň esasy sütüni bolup durýar. Sanly çözgütleriň, intellektual dolandyryş ulgamlarynyň we awtomatlaşdyryşyň önümçilige ornaşdyrylmagy ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrebap derejede ösdürmäge itergi berýär. Şunuň bilen birlikde, ylmy barlaglaryň netijeleriniň önümçilige çalt ornaşdyrylmagy ylym bilen amalyýetiň arasyndaky baglanyşygy has-da berkidýär.

Forumyň ähmiýeti.

Geçirilen forum iki ýurduň ylmy-tehniki gatnaşyklaryny berkitmäge giň mümkinçilikleri açýar we bu gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda ösdürmäge şert döredýär. Ol ylymlar akademiýalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki ylmy-amaly taslamalary we ylmy barlaglary amala aşyrmaga ýol açýar. Şeýle taslamalar iki ýurduň alymlarynyň tejribesini we ylmy mümkinçiliklerini birleşdirmäge, ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige has çalt ornaşdyrmaga ýardam eder. Bilelikdäki ylmy-amaly işler iki ýurduň ylmy edaralarynyň arasynda gönüden-göni gatnaşyklary ýola goýmaga, ylmy maglumatlary we usulyýet tejribesini alyşmaga hem-de möhüm ylmy-tehniki meseleler boýunça umumy çözgütleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.

Forumyň ýene bir möhüm ähmiýeti ýaş hünärmenler üçin tejribe alyşmak maksatnamalaryny işjeňleşdirmek bilen baglanyşyklydyr. Bu maksatnamalar ýaş alymlaryň we hünärmenleriň öňdebaryjy tejribe bilen ýakyndan tanyşmagyna, hünär derejesini ýokarlandyrmagyna hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirmegine mümkinçilik berer. Ýaş nesliň bilim we tejribe taýdan kämilleşmegi geljekde innowasion taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şerti bolup durýar. Netijede, bu ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatynyň mundan beýläk-de artmagyna saldamly goşant goşar.

 

Bahar Annagurbanowa

Täze tehnologiýalar we innowasiýalar bölüminiň başlygy, 

ykdysady ylymlaryň kandidaty