“SANLY YLYM” ÝUNESKO KAFEDRASYNDA ZENAN ALYMLARYŇ TÄZE GÖZLEGLERI” ATLY YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen  “Alym zenanlar“ merkezi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ilkinji Zenanlar guramasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň mejlisler jaýynda “Sanly ylym” ýunesko kafedrasynda zenan alymlaryň täze gözlegleri” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we ylmy-barlag institutlaryň alym zenanlary we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugalymmlary, aspiratlar we Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň hünärmenleri, şeýle-de Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň ýanynda döredilen “Alym zenanlar“ merkeziniň işjeň agzalary  gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda  Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Aspirantura bölüminiň başlygy, ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gülälek Annanepesowa, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we medeni köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni Soltan Orazalyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň direktorynyň ylym we tehnologiýalar boýunça orunbasary, Ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Jeren AşyrmuhammedowaMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň doktory Bike Diwangulyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri, ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy Mähri Ataýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri Altynjemal Nepesowa dagylar çykyş etdiler. Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzy ähli ulgamlar babatda ösüşiň belent sepgitlerine tarap alyp barýan, türkmen zenanlaryna aýratyn sarpa goýýan  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz  Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.