Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornasdyrmagyň meseleleri» atly IV türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirildi

2026-njy ýylyň 13-15-nji oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Kiçi komitetiniň üçünji mejlisi hem-de onuň çäklerinde «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornasdyrmagyň meseleleri» atly IV türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, Kiçi komitetiň türkmen böleginiň başlygy Allaberdy Aşirow ýolbaşçylyk etdi.

Hytaýyň wekiliýetine Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary, Kiçi komitetiň hytaý böleginiň başlygy Çžan Guanszýun ýolbaşçylyk etdi.

Mejlise Kiçi komitetiň hytaý we türkmen taraplarynyň agzalary gatnaşdylar.

2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynyň ikinji ýarymynda Kiçi komitetiň üçünji mejlisiniň Gün tertibine laýyklykda, Kiçi komitetiň Hytaý tarapynyň başlygy, Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary Çžan Guanszýun mejlisi açmak bilen türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi we hytaý tarapyndan mejlise gatnaşýanlar hem-de mejlisiň Gün tertibi bilen tanyşdyrdy. Soňra ol giriş sözi bilen çykyş etmek üçin Kiçi komitetiň türkmen tarapynyň başlygy Allaberdy Aşirowa söz berdi. A.Aşirow Kiçi komitetiň üçünji mejlisiniň işe başlamagy bilen gyzgyn gutlap, onuň guramaçylaryna minnetdarlyk bildirdi we mejlise türkmen tarapyndan gatnaşýanlar bilen tanyşdyrdy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary Çžan Guanszun we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow iki ýurtda döwlet tarapyndan alnyp barylýan ylmy-tehniki syýasat, ylmy we tehnologiýalary ösdürmekde ileri tutulýan ugurlar we geljekki mümkinçilikler barada maglumat bilen çykyş etdiler.

Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary Çžan Guanszun ylmy-tehniki ulgamdaky özgermeler, ylmy-tehniki maksatnamalary amala aşyrmak, ylmy-tehniki infrastrukturany ösdürmek we halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky maglumat bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow Türkmenistanda alnyp barylýan ylmy-tehniki syýasat, ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki ýagdaýy, ileri tutulýan ugurlar we ylmy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri hem-de halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky maglumat bilen tanyşdyrdy.

Gün tertibine laýyklykda, Kiçi komitetiň birinji mejlisinde aşakdaky meselelere seredildi.

  1. Kiçi komitetiň ikinji mejlisiniň geçirileninden bäri ýerine ýetirilen işleriň hasabaty.
  2. Ileri tutulýan ugurlarda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek.
  3. Türkmen-hytaý ylmy we tehnologik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak boýunça teklipler.
  4. Kiçi komitetiň 4-nji mejlisiniň geçiriljek möhletleri we ýerleri barada.

Ýokarda getirilen meseleler boýunça türkmen we hytaý alymlary alnyp barylýan hyzmataşlyk barada gysgaça maglumat bilen çykyş etdiler.

Kiçi komitetiň 3-nji mejlisiniň netijesini jemlemek we Teswirnama gol çekişmek.

Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýa ministriniň orunbasary Çžan Guanszun mejlisi jemlemek bilen türkmen tarapynyň wekiliýetine eden çykyşlary we teklipleri üçin minnetdarlyk bildirdi we deslap yalalaşylan Teswirnama ikitaraplaýyn gol çekişmegi teklip etdi. Netijede, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Kiçi komitetiniň üçünji mejlisiniň Teswirnamasyna ikitaraplaýyn gol çekildi. Teswirnama türkmen tartapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, Kiçi komitetiň türkmen böleginiň başlygy Allaberdy Aşirow hem-de hytaý tarapyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary, Kiçi komitetiň hytaý böleginiň başlygy Çžan Guanszun gol çekdiler.

2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynyň birinji ýarymynda türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň we Hubeý welaýatynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde Hytaýyň we Türkmenistanyň ylmy we tehnologiki üstünlikleriniň sergisint baryp gördüler.

Söňra «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornasdyrmagyň meseleleri» atly IV türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasynda Hubeý welaýatynyň gubernatorynyň orunbasary Çen Pin çykyş etdi we forumyň bu welaýatda geçirilmeginiň aýratynlyklaryny belläp, forumyň işine üstünlikleri arzuw etdi. Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary Çžan Guanszun çykyş edip, forumyň geçiriliş tertibi bilen tanyşdyrdy, ýagny onuň umumy mejlisden, ylmy maslahatdan we tegelek stollardan durýandygyny belledi hem-de forumyň hytaý we türkmen alymlarynyň ylmy hyzmatdaşlygynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.

Umumy mejlisde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow çykyş edip, ylym, bilim we döredijilik intelligensiýasynyň bu duşuşygynyň ylym, innowasiýa we tehnologiýa ulgamlarynda ýurtlarymyzyň arasynda özara peýdaly gepleşikleri ösdürmegiň geljekki ýollaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny, forumda we tegelek stoluň başynda geçiriljek söhbetdeşliklerde ylym we innowasiýa babatda iki ýurduň arasyndaky bar bolan gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Şeýle-de, umumy mejlisde Huaçžun oba hojalyk uniwersitetiniň professory, Hytaýyň inženerçilik akademiýasynyň akademigi Çžan Sýanlun çykyş edip, oba hojalyk ulgamynda ýetilen depgitler, ylaýta-da pagtaçylykda gazanylan üstünlikler, hususan-da Hytaýda bir gektardan 87 sentner pagta alynýandygy barada giňişleýin maglumat berdi.

Umumy mejlisde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Lukmançylyk, biologiýa, oba hojalygy ylymlary müdirliginiň başlygy, akademik-kätip B.Durdyýew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň çöllük ekoulgamynda çölleşmä garşy göreşmegiň işlenip düzülen sanly ulgamynyň netijeleri we bu innowasion tehnologiýany Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk Günbatar zolagynda ulanmagyň mümkinçilikleri barada maglumat berdi. Bu tehnologiýany Hytaý Halk Respublikasynda ulanmaklyga hytaý alymlary tarapyndan uly gyzyklanma döredi.

Umumy mejlis tamamlanandan soňra, günüň birinji ýarymynda ylmy maslahat öz işine başlady.

Ylmy maslahatda türkmen we hytaý alymlary öz alyp barýan ylmy işlerinde alnan täze netijeler barada çykyş etdiler.

2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynyň ikinji ýarymynda ylmy maslahat öz işini tegelek stollarda dowam etdirdi.

  1. Himiýa, nanotehnologiýa we täze materiallar atly tegelek stola hytaý tarapyndan 9, türkmen tarapyndan 4 alym gatnaşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
  2. Biotehnologiýalar, innowasion agrotehnologiýalar atly tegelek stola hytaý tarapyndan 16, türkmen tarapyndan 5 alym gatnaşyp, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, ekologiýa, farmasewtika ugurlary boýunça çykyşlar diňlenildi we ikitaraplaýyn pikir alşyldy.
  3. Seýsmologiýa we geologiýa atly tegelek stola hytaý tarapyndan 3, türkmen tarapyndan 2 alym gatnaşdy we seýsmologiýa we geologiýa ulgamlaryna degişli çykyşlar diňlenildi hem-de bu ugurlarda Hytaýda we Türkmenistanda alnyp barylýan işler, usulyýetler barada pikir alşyldy.
  4. Habar beriş-kommunikasiýa ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary atly tegelek stola hytaý tarapyndan 10, türkmen tarapyndan 11 alym we hünärmen gatnaşyp, emeli aňa, maglumatlary goramak, kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça çykyşlar diňlenildi, olary döwrebap ulanmaklygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
  5.  Adaty energogeçirijiler we alternatiw energiýa çeşmeleri atly tegelek stola hytaý tarapyndan 8, türkmen tarapyndan 4 alym gatnaşdy we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine degişli çykyşlar diňlenildi hem-de wodorod we «ýaşyl» energiýalary ulanmagyň tehnologiýalary boýunça pikir alşyldy.

VI. Lukmançylykda we farmakologiýada ýokary tehnologiýalar atly tegelek stola hytaý tarapyndan 7, türkmen tarapyndan 2 alym gatnaşdy we adaty hytaý lukmançylygy, derman serişdelerini öndürmegiň meseleleri boýunça çykyşlar diňlenildi hem-de bu ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň meselelri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Günüň ahyrynda tegelek stol öz işini tamamlady.

Seýlelikde, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Kiçi komitetiniň üçünji mejlisiniň hem-de «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornasdyrmagyň meseleleri» atly IV türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň gün tertibinde göz öňünde tutulan ähli meseleler doly ýerine ýetirildi.