Aspirantlar, doktorantlar bilen ylmy-amaly maslahat geçirilidi

2026-njy ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň mejlisler jaýynda  “Berkarar Watanymyzda ylmyň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmakda ylmy işgärleriň orny” atly aspirantlaryň, doktorantlaryň we alymlyk derejelerine dalaşgärleriň ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Ylmy maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy- barlag institutlarynyň aspirantlary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerniň aspirantlary, doktorantlary we dalaşgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda aspiratlar, doktorantlar özleriniň alyp barýan dissertasiýa işleriniň ylmy netijeleri boýunça pikir alyşdylar we Hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, akademiki ylmyň maddy-tehniki we işgärler binýadyny pugtalandyrmak, ýaş alymlaryň mynasyp neslini kemala getirmek ugrunda edýän ýadawsyz tagallalary üçin çäksiz alkyş aýtdylar.