«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy 2016-njy ýyl
9. Obasenagat toplumy
18.01.2017
Syn berilýän 2016-njy ýyl hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bäsdeşlige ukyply obasenagat toplumyny döretmäge, azyk howpsuzlygyny hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen agrar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň täze subutnamalaryny äşgär etdi. Geçen ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.
Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlarynyň biridir. Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen, çuňňur oýlanyşykly strategiýa oba hojalygynyň okgunly ösdürilmegine ýardam edýär.
Obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan dolandyrmagyň esasy wezipeleriniň hatarynda oba hojalygynyň düzümleýin üýtgedilip gurulmagyny üpjün etmek, onuň pudaklarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, obada täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, dürli hojalyk ulgamlary üçin bäsdeşlige ukyply ýagdaýy döretmek, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny ösdürmek, innowasiýalary, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, menejmentiň hem-de marketingiň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak, oba ýerlerinde durmuş meselelerini çözmek we beýleki wezipeler bar.
Obasenagat toplumyny netijeli dolandyrmak ulgamyny döretmek agrar syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Hususan-da, şu maksat bilen 2016-njy ýylyň ýanwarynda degişli ministrlikleri, birleşikleri, ylmy-barlag institutlaryny hem-de beýleki pudaklaýyn düzümleri üýtgedip gurmak işi amala aşyryldy. Olaryň binýadynda Oba we suw hojalyk ministrligi, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Türkmenistanyň Döwlet komiteti, Oba we suw hojalyk ministrliginiň Oba hojalyk ylmy-barlag instituty döredildi.
Tapgyrlaýyn amala aşyrylýan oba hojalyk özgertmeleriniň barşynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ulgamlaýyn çäreler, ykdysady, salgyt we hukuk gurallarynyň netijeli ulanylmagy diňe bir hil däl, eýsem, mukdar babatda hem uly netijeleri gazanmaga mümkinçilik berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň sentýabrynda bolan Ýaşulularyň maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda belleýşi ýaly, 2016-njy ýylda ýygnalan ak bugdaýyň möçberi 1 million 600 müň tonnadan geçdi. Bu bolsa 1991-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 8 essä golaý köpdür. Häzirki döwürde Türkmenistan bugdaýy we uny daşary ýurtlara ýerleýän ýurda öwrüldi. Pagtanyň her ýylda öndürilýän möçberi hem 1 million 100 müň tonnadan geçdi.
Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 13-nji ýanwarynda geçirilen, 2016-njy ýylyň
jemini jemlän giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlara laýyklykda, tutuş
obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň artyş depgini, geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 104,9 göterime barabar boldy. Şunda
Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça 106,1 göterim, Daşky gurşawy goramak we
ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 113,2 göterim, Azyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 100,5 göterim, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi
boýunça 125,6 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Ýurdumyzyň oba hojalygynyň ähli ulgamlarynda diýen ýaly oňyn iş netijeleri
gazanylýar. Öndürilen şaly, 2015-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, iki essä golaý
artdy, kartoşka 31,1 göterim, bakja önümleri 13,6 göterim, gök önümler 7
göterim artdy. Etiň öndürilişi, mallaryň baş sany, ýumurtganyň hem-de miwäniň
öndürilişi durnukly artdy. Şunuň bilen birlikde, miwe-gök önüm konserwleri 18,5
göterim, un 7,3 göterim, çörek önümleri 1,9 göterim, ýarma 19,7 göterim artdy.
Oba hojalyk toplumyna degişli ministrlik we pudak edaralary tarapyndan maýa
goýumlaryny özleşdirmegiň ýyllyk meýilnamasy 124,6 göterim ýerine ýetirildi.
Ýokary hasyl oba hojalyk önümçiligini ösdürmegiň, gowaçanyň we däne ekinleriniň
netijeli sortlaryny ulanmagyň, döwrebap agrotehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna
üpjün edilýär. Şunuň bilen birlikde, tarp ýerler işjeň özleşdirilýär.
Geçen ýylda ekerançylar güýzlük bugdaýyň ekişini öz möhletinde tamamlap,
geljekki hasylyň ygtybarly binýadyny tutdular. 760 müň gektar meýdana güýzlük
bugdaý ekildi. 2017-nji ýylda daýhanlar şol meýdandan 1 million 600 müň tonna
galla öndürmelidirler. Ahal welaýatynda 450 müň tonna, Mary welaýatynda 380 müň
tonna, Lebap welaýatynda 350 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 300 müň tonna we
Balkan welaýatynda 120 müň tonna bugdaý öndüriler.
Oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmagyň derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar.
Döwlet tarapyndan meýdan işleriniň has oňaýly agrotehniki möhletlerde
geçirilmegini üpjün etmek üçin ýeterlik derejede oba hojalyk tehnikasy satyn
alynýar. Dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň «Case», «New Holland», «John
Deere», «CLAAS» kompaniýalarynyň we beýlekileriň galla we pagta ýygýan
kombaýnlary, traktorlaryň dürli görnüşleri we beýleki tehnikalar we enjamlar
mehanizatorlaryň ygtyýaryndadyr.
Geçen ýylyň dekabrynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol
çekip, Oba we suw hojalyk ministrligine oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny,
läbik sorujylary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş
serişdelerini 2017-2020-nji ýyllarda 3 tapgyrda Türkmenistana getirmek şertinde
satyn almak barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Umax Trade GmbH»
kompaniýasy bilen şertnamalary, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de
olar üçin ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada Şweýsariýa
Konfederasiýasynyň «John Deere International GmbH» kompaniýasy bilen şertnama
baglaşmaga ygtyýar berdi.
Öz işini tamamlan «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň ygtyýarynda duran
«Belarus» kysymly traktorlaryň 6 müň 446-synyň hem-de tirkeg oba hojalyk
enjamlarynyň 10 müň 334-siniň daýhan birleşiklerine berlendigini
bellemelidiris.
Döwletimiziň maliýe tarapdan goldaw bermegi, şol sanda ýer üçin ujypsyzja
tölegleriň göz öňünde tutulmagy, salgyt salmakdan doly boşadylmagy oba
zähmetkeşleri üçin uly kömek bolup durýar. Tehnikalara hyzmat etmek, tohumlar,
mineral dökünler, suw bilen üpjün etmek işleri we hyzmatlaryň beýleki
görnüşleri kärendeçilere hem-de daýhan birleşiklerine ýeňillikli şertlerde
amala aşyrylýar. Mundan başga-da, oba hojalyk taslamalaryny ýeňillikli
karzlaşdyrmak ulgamy giňden ulanylýar. Olary durmuşa geçirmek üçin
ministrliklere, pudak edaralaryna, edaralara we kärhanalara, Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna hem-de daýhan hojalyklaryna zerur bolan
ýer bölekleri bölünip berilýär.
Oba hojalygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek maksady bilen netijeli
çäreler görülýär. Gallaçylyk we pagtaçylyk bilen birlikde häzirki wagtda
ýurdumyzda maldarçylyk, guşçulyk, gök ekerançylyk, bagçylyk, üzümdarçylyk,
bakjaçylyk, balaryçylyk we oba hojalygynyň beýleki görnüşleri işjeň ösdürilýär.
Oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň zerurlygy sebäpli,
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygyny
senagatlaşdyrmak, çig maly gaýtadan işleýän hem-de şunuň esasynda ýokary hilli
önümleriň köp görnüşlerini çykarýan döwrebap obasenagat kärhanalaryny döretmek
wezipesini öňe sürdi. Bu babatda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy
2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy», şeýle
hem daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek we
Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksportunyň möçberini artdyrmak boýunça
Döwlet maksatnamalary uly ähmiýete eýedir. Bu maksatnamalary durmuşa geçirmäge
ykdysadyýetiň hususy ulgamy işjeň çekilýär. Hususy ulgamyň oba hojalygyndaky
paýy eýýäm 90 göterimden geçýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesi tarapyndan 2016-njy ýylda 1,3 milliard manatlyk oba
hojalyk hem-de azyk önümleri öndürildi. Munuň özi 2015-nji ýyldakydan 68,1
göterim köpdür.
Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynda iri un üweýän, maldarçylyk
we guşçulyk toplumlary guruldy we bu ugurdaky işler giň gerimde dowam
etdirilýär. Hususan-da, hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylda gol çeken
Kararlaryna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý hem-de Tejen etraplarynda,
Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda we Mary welaýatynyň Garagum etrabynda
her biriniň kuwwaty ýylda 200 tonna önüme barabar bolan täze maldarçylyk
toplumlary gurulýar. Täze desgalar Azyk senagaty döwlet birleşiginiň buýurmasy
boýunça bina edilýär, olary 2018-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga bermek
meýilleşdirilýär.
Ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini öndürmek, hatda gyşyna hem bu önümler
bilen ýurdumyzyň ýaşaýjylaryny üpjün etmek obasenagat toplumyny ösdürmegiň
«ýyladyşhana» ugrunyň esasy wezipeleriniň biridir. Döwletimiz bu ugry goldamak
bilen, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň
öndürilişini artdyrmak, ekerançylygyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak,
oba öý hojalyklaryna netijeli kömek bermek hem-de wagtyň geçmegi bilen gök
önümleri goňşy ýurtlara ibermek üçin oňaýly şertleri döredýär.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde şäherleriň we obalaryň ilatyny ýylyň bütin
dowamynda ter gök önümler bilen üpjün etmäge ukyply ýyladyşhanalaryň gurluşygy
ýaýbaňlandyryldy. Olary şeýle işewürlik taslamalarynyň amatlylygyna hem-de
olaryň ykdysady taýdan netijeliligine ýokary baha beren ýerli telekeçiler
gurýarlar. Bölek söwda nokatlary hem-de jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary hem
ter we ýokary hilli önümlere uly isleg bildirýärler. Hemişelik işleýän
ýyladyşhana hojalygy ýylyň tutuş dowamynda uly girdeji almaga mümkinçilik
berýär.
Et, süýt, gök-miwe önümleriniň aýawly saklanylmagyny üpjün etmek üçin hemme
ýerde degişli düzüm döredilýär. Dekabr aýynda Daşoguz şäherinde 3 müň tonna gök
we miwe önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammar ulanmaga berildi. Täze
desga Azyk senagaty döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça guruldy hem-de
Ýewropanyň esasy önüm öndürijileriniň ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün
edildi.
Ammarda ulanylýan kompýuterleşdirilen sowadyjy ulgam ammarlarda goýlan gök
önümleriň we miweleriň görnüşlerine baglylykda, sowadyjylaryň içinde howanyň
oňaýly temperaturasyna we çyglylygyna takyk gözegçilik eder. Ammarlar
awtomatlaşdyrylan wentilýasiýalar ulgamy bilen üpjün edildi, munuň özi harytlyk
görnüşi we önümleriň hilini uzak wagt saklamaga mümkinçilik berýär.
Desganyň esasy bölegi sowadyjylaryň 23-sinden ybaratdyr. Binada önümleri seçmek
we gaplamak üçin awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň üçüsi oturdyldy. Ammar otaglary
gök önümleri we miweleri saklamak üçin ýörite gaplar bilen üpjün edildi.
Alyjylara ibermek üçin bu ýerde dürli ýük göterijiligi bolan elektrokar ýük
ýükleýjiler we awtorefrižeratorlar bar.
Pagta ýurdumyzyň ekerançylygynyň möhüm ekini bolup, ony türkmen topragynda
ösdürip ýetişdirmegiň gadymdan gözbaş alýan däpleri bar. «Ak altyny» öndürmek
we gaýtadan işlemek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
obasenagat syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Toplumda geljegi uly
bolan bu pudagyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, ekerançylygyň medeniýetini
ýokarlandyrmaga sebitleriň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen işlenip
taýýarlanylan pagtany ösdürip ýetişdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan
usullaryny peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen birlikde, tiz ýetişýändigi, hasyllylygy we ýokary hilli süýümi
bilen tapawutlanýan gowaçanyň täze etraplaşdyrylan sortlaryny döretmek,
seçgiçilik babatda işler ýaýbaňlandyryldy. Pagta arassalaýjy kärhanalarda
saýlama tohumy taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Munuň özi türkmen eksportunyň
gymmatly bölegi hem-de dokma pudagynyň kärhanalary üçin esasy çig mal bolup
durýan «ak altynyň» öndürilýän möçberini artdyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.
Bu pudagyň önümlere dünýä döwletleriniň köpüsinde uly isleg bildirilip,
Türkmenistanyň meşhur harytlyk nyşanyna öwrüldi.
Geçen ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda geçirilen Türkmenistanyň pagta önümleriniň
VI Halkara sergi-ýarmarkasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
başlangyçlary boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeleriň üstünlikli amala
aşyrylmagy netijesinde pudakda gazanylan ýokary netijeleri ähli aýdyňlygy bilen
görkezdi. Bu sergi ýurdumyzyň Oba we suw hojalygy ministrligi, Döwlet haryt-çig
mal biržasy hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
Bu ykdysady sergä döwletleriň 30-dan gowragyndan, Russiýadan, ABŞ-dan,
Hytaýdan, Germaniýadan, Beýik Britaniýadan, Italiýadan, Şweýsariýadan,
Ýaponiýadan, Singapurdan, Hindistandan, Bangladeşden, Eýrandan, Türkiýeden,
Gazagystandan, Özbegistandan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan kompaniýalaryň
70-den gowragynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda öňden gelýän
hyzmatdaşlar, iri oba hojalyk tehnikalaryny öndürijiler, pagtaçylar hem-de
gaýtadan işleýän kärhanalar üçin ýöriteleşdirilen enjamlary öndürijiler,
ösümlikleri zyýan berijilerden goraýan himiýa serişdeleriniň, şeýle hem
dökünleriň we biogoşundylaryň dürli görnüşlerini getirýänler bar. Foruma bolan uly
gyzyklanma döwletimiziň obasenagat toplumynyň artan kuwwaty, amatly maýa goýum
ýagdaýy, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna okgunly
goşulmagy, onuň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy bilen
şertlendirilendir.
Serginiň çäklerinde «Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary» atly
halkara maslahat geçirildi. Ol pagtaçylyk pudagyny ösdürmegiň möhüm
meselelerine, dünýäniň pagta bazarynyň meýillerine, obasenagat toplumynyň
netijeliliginiň we öndürijiliginiň artmagyna hem-de bu ugurlarda halkara
hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine bagyşlandy. Şeýle hem «ak altyny» iberijileriň
we alyjylaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Türkmen çakyr öndürijileri nobatdaky gezek ýokary ussatlygyny tassyklap, öz
sylaglarynyň üstüni «Ýalta. Altyn Grifon-2016» halkara bäsleşiginiň
baýraklarynyň we medallarynyň täze tapgyry bilen ýetirdi. Russiýanyň Ylymlar
akademiýasynyň üzümçilik we çakyr önümçiligi baradaky Ählirussiýa milli
ylmy-barlag institutynyň binýadynda iýul aýynda geçirilen bäsleşige dünýäniň 7
ýurdundan 53 kärhananyň önümleriniň 202-si gatnaşdy. Türkmenistan önümleriniň 8
görnüşi bilen tanyşdyrdy, olaryň hemmesi ýokary sylaglara mynasyp boldy.
«Gran pri» Kubogynyň ikisine «Prezident» konýagy, «Ýasmansalyk» desert çakyry
hem-de altyn medallaryň altysyna «Köpetdag» nyşanly çakyr, «Galkan» aragy,
«Türkmen» balzamy, «Şanly diýar» we «Gara üzüm» desert çakyrlary,
«Türkmenistan» likýory mynasyp bolup, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet
birleşiginiň çakyr öndürýän kärhanalarynyň önümlerine abraýly emin agzalarynyň
beren ýokary bahasynyň, şeýle hem onuň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň
aýdyň subutnamasy boldy.
Ýeri gelende ýatlasak, Türkmenistan «Ýalta. Altyn Grifon» bäsleşiginiň, şeýle
hem Moskwada we Sankt-Peterburgda, Fransiýada geçirilýän şunuň ýaly
bäsleşikleriň ýeňijileriniň hataryna girýär.
Biziň çakyr öndürijilerimiziň köp sanly ýeňişleriniň diňe ýurdumyzyň önüm
öndürijileriniň ussatlygynyň däl-de, eýsem, Türkmenistanda ösdürilip
ýetişdirilýän üzümiň ýokary hiliniň netijesi bolup durýandygyny bellemek gerek.
Çünki türkmen çakyrlarynyň ajaýyp çemenini we tagamyny emele getirmekde tebigy
çig-mal esasy orun eýeleýär.
Çakyr önümçiligi Azyk senagaty döwlet birleşiginiň köp ugurly işinde bir ugur
bolup, onuň kärhanalary tarapyndan önümleriň dürli görnüşleriniň ýüzlerçesi
çykarylýar. Önümçilik kuwwatlyklarynyň artmagy netijesinde et-süýt önümleriniň
hem möçberi ýylsaýyn ýokarlanýar, olaryň görnüşleri artýar. Azyk senagaty
döwlet birleşiginiň düzümine ýokary hilli agyz suwuny öndürýän zawodlar hem
girýär. Ýerli çig maly, şol sanda buýan köküni, ýandagy we beýleki dermanlyk
ösümlikleri peýdalanmak bilen, alkogolsyz içgileriň çykarylyşy durnukly artýar.
«Ruhubelent» zawody hakyky şireli suwlary öndürmek bilen, öz tomat ekinzarlygyna,
alma, şetdaly, nar ýaly baglaryna eýe bolup durýar.
Geçen ýyl milli parlament tarapyndan möhüm kadalaşdyryjy-hukuk resminamalarynyň
birnäçesi kabul edildi. Olaryň hatarynda «Azyk howpsuzlygy hakynda»
Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi bolup, ol bu pudakda ýurduň
syýasatynyň döwletiň ykdysady howpsuzlygynyň esasy bölegi bolan döwlet
syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär, şeýle hem raýatlarymyzyň saglyga we
doly bahaly iýmitlenmegine bolan hukuklaryny amala aşyrmagynyň hukuk esaslaryny
belleýär. Obasenagat toplumynyň ösmegi «Ösümlikleri goramak hakynda»
Türkmenistanyň Kanunyny hem işläp taýýarlamak zerurlygyny şertlendirdi.
Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
ýöredýän syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň ileri tutulýan maksatlary
hem-de wezipeleri, ilkinji nobatda bolsa, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy
we howpsuzlygy üpjün etmek, geçen ýylyň güýzünde BMG-niň Durnukly ösüş boýunça
sammitinde kabul edilen «Ösüş babatda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün
tertibini» amala aşyrmak boýunça wezipeler bilen gös-göni baglydyr.
Munuň şeýledigine döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň
mejlislerinde, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda, şeýle hem
BMG-niň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Ýaponiýada
geçirilen III Bütindünýä maslahatynda hem-de Koreýa Respublikasyndan geçirilen
VII Bütindünýä suw forumynda öňe süren başlangyçlary aýdyň şaýatlyk edýär.
Olaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly
tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw Strategiýasyny işläp
taýýarlamak baradaky teklipler we beýlekiler bar.
Mälim bolşy ýaly, obasenagat toplumynyň ösmegi köp babatda ýer we suw
serişdeleriniň oýlanyşykly peýdalanylmagyna bagly bolýar. Biziň ýurdumyzda
suwarymly ekerançylyk üçin dürli gidrodesgalary gurmak we ulanmaga bermek
meselelerinde uly tejribe toplanyldy, suwdan peýdalanmagyň öňdebaryjy we
tygşytlaýjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. Çünki suw hojalyk taslamalaryny
amala aşyrmakda gazanylan üstünlikler netijesinde gurak ýerlerde oba
ekinleriniň önümçiligi öz netijeliligini görkezip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny
üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Garagum çölünde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy dünýäniň suw
serişdelerini aýawly saklamak we daşky gurşawy goramak bilen bagly bolan
ählumumy meseleleri çözmäge Türkmenistanyň uly goşandynyň aýdyň mysallarynyň
biridir. Meýdanlarda ýygnanan ýerasty suwlary öz wagtynda sowmaga, ýerleriň
ýagdaýyny gowulandyrmaga, topragyň şorlamagynyň öňüni almaga, ýerleriň
hasyllylygyny ýokarlandyrmaga hem-de ýerasty suwlary ikilenç peýdalanmaga
gönükdirilen bu giň gerimli taslama çölüň howasyny ýumşatmaga hem-de diňe biziň
ýurdumyzda däl-de, eýsem tutuş Orta Aziýa sebitinde ekologik ýagdaýy
gowulandyrmaga mümkinçilik berer.
«Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş
maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda suw serişdelerini rejeli peýdalanmak
hem-de Garagum derýasynyň suw geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça
2015-2020-nji ýyllar üçin işleriň maksatnamasynyň» çäklerinde iri maýa goýum
taslamalary amala aşyrylýar.
Geçen ýyl Ahal welaýatynyň Altyn asyr we Kaka etraplarynda ekin dolanyşygyna
girizilen 25 müň gektara golaý ýerleri suwaryş suwy bilen üpjün etmäge
gönükdirilen suw hojalyk toplumy ulanmaga berildi. Ol Garagum derýasyndan suw
alýan hem-de oba hojalyk ekinlerine suwuň zerur bolan möçberini berýän dürli
gidrotehniki desgalary öz içine alýar.
2007-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan «Türkmenistanyň Suw kodeksi» güýje girdi.
Milli parlament tarapyndan bu kadalaşdyryjy-hukuk namasynyň işlenip
taýýarlanylmagy we kabul edilmegi ýurdumyzyň suw serişdelerini rejeli
peýdalanmak we aýawly saklamak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek, oba hojalyk
önümçiligini sazlaşykly ösdürmegiň durnukly şerti hökmünde suwarymly ýerleriň
netijeliligini artdyrmak, bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň
bereketli hasyllaryny durnukly almagyň, obasenagat toplumynyň kuwwatyny amala
aşyrmagyň möhüm şerti hökmünde suwarymly ekerançylygyň netijeliligini
ýokarlandyrmak boýunça nobatdaky möhüm ädimdir.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Birleşen Milletler
Guramasynyň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly maksatnamasynyň 21-nji
maslahatynyň çäklerinde 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda gatnaşyjy ýurtlar
tarapyndan goldanylan «Pariž ylalaşygyna» gol çekildi.
«Atmosfera howasyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ol
atmosfera howasyny hapalaýjy maddalaryň bölünip çykmalaryndan goramagyň hukuk
we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün
etmäge, hojalyk we beýleki işleriň daşky gurşawa we ilatyň saglygyna ýaramaz
täsiriniň öňüni almaga gönükdirilendir.
Aral deňzini halas etmäge degişli meseleleri aýratyn bellemek gerek. Ýurdumyzda
bolşy ýaly, umuman, sebitde hem ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, bu ugurda
giň netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça öňdengörüjilikli tebigaty
goraýyş syýasatyny durmuşa geçirip, Türkmenistan Aral bilen baglanyşykly hem-de
Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) howandarlygynda geçirilýän
halkara maksatnamalara we çärelere işjeň gatnaşýar.
Geçen ýylyň maý aýynda Aşgabatda 2015-2016-njy ýyllarda Durnukly ösüş boýunça
halkara toparda ýurdumyzyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň daşky
gurşawy goramak we Ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti tarapyndan guralan
Araly halas etmegiň halkara gaznasyny Durnukly ösdürmek boýunça halkara toparyň
nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleri, iri halkara guramalaryň
Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Ýerine ýetiriji komitetiniň,
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM), BMG-niň daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasynyň
(ÝUNEP), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit
merkeziniň, BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, BMG-niň
Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa
merkeziniň (MA SEM), BMG-niň Ramsar Konwensiýasynyň Sekretariatynyň, Ykdysady
hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ), Bütindünýä bankynyň wekilleri
we beýlekiler gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibi milli tebigaty goraýyş strategiýalarynyň, halkara
ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen
baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny özünde jemledi. Olar ilatyň Aralyň
ýakasynda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmäge, suw we beýleki tebigy
serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmaga, bag ekilişini amala aşyrmaga hem-de
sebitiň çölleşmeginiň öňüni almaga, biologik köpdürlüligi gorap saklamaga,
ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga we
şuňa meňzeşlere gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, 2017-2019-njy ýyllarda ýurdumyzyň
Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly
meseleler boýunça iş topary döredildi. Oba we suw hojalygy ministrligi
tarapyndan Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Araly halas
etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmegi boýunça Konsepsiýasynyň taslamasy
işlenip düzüldi.
Döwlet tebigaty goraýyş syýasatynda Türkmenistanyň uzakmöhletleýin Milli tokaý
maksatnamasyna möhüm orun berilýär. Onuň amala aşyrylmagyna ýurdumyzyň ähli ilaty
diýen ýaly çekilendir. Ýaş bag nahallarynyň el bilen döredilen giňişligi,
baglyklar, seýilgähler onlarça müň gektar meýdana ýaýylyp gitdi. Bary-ýogy
birnäçe ýylyň içinde paýtagtymyzyň hem-de onuň töwerekleriniň, welaýat we etrap
merkezleriniň şäher we tebigy gurşawy tanalmaz derejede özgerdi. Ýurdumyzy
Demirgazykdan Günorta we Günbatardan Gündogara kesip geçýän awtomobil we demir
ýollarynyň ugrunda gök bag zolaklary uzalyp gidýär. Derýalaryň we kanallaryň,
dünýä derejeli şypahana bolan, eýýäm özüniň täsin tebigy künjekleri bilen
meşhur «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy kemala getirilýän Hazaryň ekologiýa
taýdan arassa kenar ýakasy gök lybasa beslenýär.
2016-njy ýylyň bagy-bossanlyga büreýiş möwsüminiň barşynda jemi baglaryň we
üzüm nahallarynyň 3 million düýbi oturdyldy. Birnäçe ýyldan olar arassa howa we
salkynlyk berýän goýy kölegeli baglyga öwrüler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy
goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň buýurmasy bilen, Ahal
welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda bezeg baglarynyň nahallaryny we gülleri ösdürip
ýetişdirmek boýunça ýyladyşhananyň gurluşygy alnyp barylýar. Desganyň umumy
meýdany 10 gektara barabardyr. Ýyladyşhanany 2017-nji ýylyň oktýabrynda
ulanmaga tabşyrmak maksat edinilýär.
Aşgabatda geçen ýylyň martynda geçirilen Söwda-senagat edarasy hem-de
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan Gülçülik we bagçylyk
boýunça halkara sergi döredijilik ylhamynyň we gözelligiň baýramçylygyna
öwrüldi. Ýöriteleşdirilen gözden geçiriliş ýurdumyzyň ösümlikçilik pudagynyň
ösüşindäki üstünlikleri, bagy-bossanlyga büremek ulgamynda gazanylanlary, bezeg
gülleriniň we nahallarynyň giň görnüşlerini ösdürip ýetişdirmegiň häzirki zaman
tehnologiýalaryny, ösümlik dünýäsini öwrenmekde, landşaft dizaýninde täze
çemeleşmeleri görkezdi.
Sergi gatnaşyjylaryň köp sanlysyny özüne çekdi. Olaryň arasynda daşky gurşawy
goramak boýunça, jemagat hojalygy, oba we suw hojalygy, söwda we
daşary-ykdysady aragatnaşyklar, Zenanlar birleşigi hem-de Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça düzümler bar. Ykdysady
hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýän daşary
ýurtlaryň iri assosiasiýalarynyň we kompaniýalarynyň 16-synyň, şol sanda
Fransiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan we beýlekilerden wekiller sergä
bezeg gülçüligi, bagçylyk hem-de ýyladyşhana hojalygyny gurnamak ulgamynda öz
teklipleri we täze işläp taýýarlamalary bilen geldiler. Forumyň barşynda işewür
gatnaşyklary berkitmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen,
duşuşyklar we tanyşdyrylyş çäreleri geçirildi.
Ýene-de bir wajyp mesele obanyň wagyz edilmegidir. Şunda «Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji
ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» ýolgörkeziji
bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, bu maksatnamanyň esasy ugurlary ýaşaýyş
jaýlaryny gurmakdan, ulag we aragatnaşyk düzümlerini, saglygy goraýyş, bilim,
medeniýet ulgamlaryny, kiçi telekeçiligi ösdürmekden, sebitleriň ykdysady
ösüşiniň hereketlendirijisi hökmünde täze obasenagat kärhanalaryny döretmek
boýunça maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginden ybaratdyr.
2016-njy ýylyň aýratyn ähmiýetli wakalarynyň hatarynda ýurdumyzyň dürli
künjeklerinde gurlup, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan täze obalar
bar.
Bary-ýogy üç ýylyň içinde Mary etrabynyň Jemgyýet geňeşligindäki tarp ýerlerde
ak öwüşginli binalary we gök baglyklary bolan döwrebap ilatly nokat peýda
boldy. Döwletli zaman şäherçesiniň umumy meýdany 100 gektara barabardyr.
Taslamada amatlyklaryň doly toplumy bolan bir gatly öýleriň 284-si göz öňünde
tutuldy. Olaryň hersi bir maşgalanyň ýaşamagyna niýetlenendir. 320 orunlyk
ajaýyp mekdep, Medeniýet öýi, Saglyk öýi, çagalar bagy oba adamlarynyň
buýsanjydyr. Şeýle hem oba Hyzmat ediş öýi, 500 orunlyk iki gatly «Toý mekany»
şäherdäki şonuň ýaly desgalardan kem däldir. Mundan başga-da, bu ýerde
Geňeşligiň binasy hem-de 500-den gowrak belgisi bolan awtomatlaşdyrylan telefon
beketli aragatnaşyk bölümi bina edildi, poçta, öýjükli, geçirijili we Internet
aragatnaşygynyň hyzmatlary hödürlenilýär. Bazar, azyk we senagat harytlaryny
satmaga niýetlenen birnäçe dükanlar ýerli ýaşaýjylaryň hyzmatyndadyr. Şeýle hem
çörek we çörek önümlerini öndürýän, et we süýt önümlerini gaýtadan işleýän
kärhana, ýangyna garşy göreşmek boýunça depo bar.
Daşoguz welaýatynda açylan Bagtyýar zaman täze obasy Daşoguz şäheriniň
golaýynda 144 gektar meýdanda ýerleşdi. Onda hiç bir babatda şäheriňkiden kem
durmaýan zerur bolan düzümleriň hemmesi döredildi. Bu hem geň däldir, çünki
ýaşamagyň oňaýlylyk derejesi boýunça şäher şertleriniňkä şunuň ýaly has doly
ýakynlaşdyrylmagy täze türkmen obasyna bildirilýän esasy talaplaryň biridir.
Täze nusgaly bu obada, umuman, 500 maşgala niýetlenen bir gatly 4 otagly
öýleriň 274-sini hem-de ähli amatlyklary bolan kottej görnüşli iki gatly 6
otagly ýaşaýyş jaýlarynyň 226-syny özünde jemleýän dürli ähmiýetli köp sanly
desgalar göz öňünde tutulandyr. Mundan başga-da, bu ýerde ýerli dolandyryş
edarasynyň binasy, mekdep, çagalar bagy, saglyk, medeniýet we hyzmat ediş
öýleri, telefon bekedi, «Toý mekany», Söwda merkezi, birnäçe dükanlar guruldy.
Obada şeýle hem täze metjit bina edildi.
Lebap welaýatynda Garabekewül etrabynyň «Zelili» geňeşliginde Berkarar zaman
diýen häzirki zaman nusgaly şäherçe açyldy. 600 hojalyga niýetlenen bu täze oba
Türkmenabat-Atamyrat awtomobil we demir ýollarynyň aralygynda, etrap merkezinden
32 kilometrlikde 210 gektar meýdana ýaýylyp gidýär. Ýokary amatlygy bolan 3, 4
we 5 otagly öýleriň 600-siniň ählisinde diwarlar birýarym kerpiç galyňlygynda
örülendir. Bu bolsa ýokary seýsmiki durnuklylygy hem-de ýylylygyň oňat
saklanmagyny we daşarky seslerden goralmagyny üpjün edýär.
Mysal üçin, 4 otagly öýüň umumy meýdany 132 inedördül metrden gowrakdyr. Bu
ýerde Medeniýet öýi, durmuş toýlaryny tutmak üçin 500 orunlyk zaly bolan «Bagt
öýi», metjit guruldy. Obada şeýle hem 640 orunlyk mekdep, 280 orunlyk çagalar
bagy, dermanhanasy bolan saglyk öýi, Geňeşligiň binasy, 650 nokatlyk
awtomatlaşdyrylan telefon bekedi bolan aragatnaşyk binasy, köpugurly bazary
bolan söwda merkezi, Hyzmat ediş öýi, azyk we senagat harytlaryny satýan 4
dükan bina edildi.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan Bereketli zaman obasy döwlet
Baştutanymyzyň döredijilik syýasatynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň
ýene-de bir aýdyň mysalyna öwrüldi. Şol syýasatyň esasy ileri tutulýan ugry
halkymyzyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadançylygy
baradaky hemmetaraplaýyn aladadan ybaratdyr. 400 hojalyga niýetlenen oba
Köpetdagyň eteginde Aşgabat-Mary awtomobil ýolunyň ýanynda ýaýylyp gidýär. Bu
ýerde bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-si, çagalar bagy we umumy bilim berýän
orta mekdep, Saglyk öýi, Medeniýet öýi we Hyzmat ediş öýi, bazary bolan Söwda
merkezi, şeýle hem çörek önümlerini we alkogolsyz içgileri öndürýän kärhana,
azyk harytlarynyň dükany, aragatnaşyk bölümi, «Toý mekany» we metjit bina
edildi.
Döwlet tarapyndan welaýatlarda häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümlerini
döretmäge bölünip berilýän uly möçberli serişdeler eýýäm oňyn netijesini
berýär. Olar yhlaslary bilen gülläp ösüş we bereket döredýän oba
zähmetkeşleriniň, daýhanlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Sebitleýin maýa goýum syýasaty obany ýaşlar hem-de ähli ýaşaýjylar üçin
özüneçekiji etmäge, öz işewürligiňi alyp barmaga, bu ýerde uly, köp çagaly
maşgalalaryň döremegine we berkemegine gönükdirilendir.
Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat
toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň obada işlemegiň täze usullarynyň giňden
ornaşdyrylmagynyň hasabyna üstünlikli çözülýändigini nygtap bolar.
Ekerançylaryň yhlasly zähmetleriniň netijeleri biziň agzybir we jebis
halkymyzyň bereketli saçaklarynyň hemişe bezegi, gün-günden kuwwatlanýan
Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň, gadymy we baky juwan türkmen
topragynyň baýlygynyň egsilmez çeşmesi bolupdy we bolar.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi