«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy 2016-njy ýyl
8. Gurluşyk we elektroenergetika ulgamy
17.01.2017
2016-njy ýyl ýurdumyzyň parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýän möhüm ähmiýetli wakalara baý boldy. Eziz Watanymyzyň şanly toýuna gabatlanyp açylan köp sanly täze desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has gowulandyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýasynyň aýdyň netijesidir.
Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, geljegi uly pudaklary, kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirilen netijeli maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek bu strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar. Öz nobatynda, ýokary maýa goýum işjeňligi ýurdumyzyň gurluşyk toplumynyň okgunly ösmegini şertlendirdi. Ýurdumyzyň gurluşyk kärhanalaryny toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, sebitleri sazlaşykly ösdürmek, döwrebap ulag düzümini döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalara işjeň gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen firmalary we kompaniýalary döwlet hem-de hususy kärhanalar edara binalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, iri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň taslamalaryny düzenlerinde hem-de olary guranlarynda, gurluşyk senagatynda dünýäniň gazananlaryny netijeli özleşdirip we ulanyp, daşary ýurtly firmalar bilen deň derejede bäsleşýärler.
Ileri tutulýan milli maksatnamalaryň hatarynda Aşgabat şäherinde amala aşyrylýan, şäher düzümini kemala getirmäge innowasion çemeleşmelere hem-de bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen şähergurluşyk maksatnamasy bar. Bu maksatnamanyň esasy maksady paýtagtymyzy sebitiň we dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň birine öwürmekden, raýatlarymyzyň netijeli zähmet çekmegi hem-de göwnejaý dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmekden ybaratdyr.
Häzirki wagtda Aşgabat Aziýa sebitiniň hakyky «merjenine» öwrüldi. Munuň özi ähli türkmenistanlylaryň hakyky buýsanjy bolup durýar. Her ýyl paýtagtymyzyň binagärlik toplumynyň üsti täze medeni-durmuş maksatly desgalar, edara binalary we beýleki desgalar bilen ýetirilýär. Ýurdumyzyň baş şäherinde belent ýaşaýyş jaýlarynyň köp sanlysyny özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlarynyň peýda bolmagy guwançly ýagdaýdyr. şäher ýaşaýjylarynyň dürli ulgamlarda hem-de pudaklarda zähmet çekýän adamlaryň maşgalalarynyň müňlerçesi jaý toýlaryny tutdy.
Paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde, Bitarap Türkmenistan we Garaşsyzlyk
şaýollarynyň hem-de Oguz han we G.Eziziow köçeleriniň arasynda peýda bolan täze
ýaşaýyş jaý toplumy munuň aýdyň subutnamasydyr. Watanymyzyň Garaşsyzlyk
baýramynyň öňüsyrasynda ulanmaga berlen bu toplumyň açylyş dabarasyna hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 14-nji nobatdakysynyň çäklerinde bu ýerde
jemi 1 müň 320 öýli kaşaň 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 23-si hem-de 160 orunlyk
çagalar bagy guruldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň birinji gatynda senagat we azyk
harytlary satylýan dükanlar bar. şunuň bilen birlikde, ýaşaýyş jaýlaryna
ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy, şol ýerde çagalaryň oýun meýdançalary, sport
bilen meşgullanmaga niýetlenen meýdançalar, köpçülikleýin-medeni çäreleriň we
dabaralaryň geçirilýän desgalary, awtoduralgalar peýda boldy. Gül aýmançalary,
ýaşyl otly meýdançalar döredildi, oturgyçlar hem-de köçeleri yşyklandyrmak üçin
niýetlenen çyralar gurnaldy.
Ýurdumyzyň aýry-aýry ministrlikleri we pudak edaralary Söwda we daşary
ykdysady aragatnaşyklar, Senagat, Daşary ýurt, Saglygy goraýyş we derman
senagaty, Oba we suw hojalygy, Gurluşyk we binagärlik ministrlikleri hem-de
Türkmenistanyň Merkezi banky, «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserni, Söwda-senagat
edarasy, Döwlet neşirýat gullugy, Aşgabat şäheriniň häkimligi,
«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugy, Döwlet haryt-çig mal biržasy täze
desgalaryň 13-siniň buýrujylary bolup çykyş etdiler. Binalaryň ýene-de 10-sy
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy hem-de öz serişdeleriniň
hasabyna guruldy. Olaryň ählisi diýen ýaly, ýurdumyzyň hususy kompaniýalary
tarapyndan bina edildi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz
ulgamynyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär.
2016-njy ýylyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň hatarynda Täze zaman ýaşaýyş
toplumynyň ulanmaga berilmegini görkezmek bolar. Ony gurmagyň üçünji
nobatdakysynyň çäklerinde paýtagtymyzyň Ruhabat etrabynda jemi 508 hojalyga
niýetlenen bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 443-si hem-de her biri 240
orunlyk çagalar baglarynyň 2-si we her biri 800 orunlyk umumybilim berýän orta
mekdepleriň hem 2-si azyk we senagat harytlarynyň dükany guruldy.
Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda hem täze binalar açyldy. Bu ýerde Aşgabat
şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça gurlan 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 8-si
ulanmaga berildi. Olaryň ikisi 54 öýden we altysy 36 öýden ybaratdyr. şol has
oňaýly öýler aşgabatly maşgalalaryň köpüsi üçin Täze ýyl baýramçylygyna ajaýyp
sowgat boldy.
Paýtagtymyzda gurlan beýleki desgalaryň hatarynda Morfologiýa merkezi, Halkara
newrologiýa merkezi, Jemgyýetçilik saglyk we iýmit merkezi hem-de Aýratyn
howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi bar. Bu döwrebap desgalaryň açylyş
dabaralaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Olaryň
ählisiniň halkara güwänamalaryna eýe bolandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Munuň özi Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejededigine
şaýatlyk edýär.
şunuň bilen birlikde, şäheriň ulag-aragatnaşyk, inžener-tehniki we ugurdaş
düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak hem mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işler
ýokary depginde alnyp barylýar. Bu ýerde eýýäm döwrebap ýollaryň, ýanýodalaryň,
ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň, ýolagçylar üçin niýetlenen duralgalaryň,
awtomobil köprüleriniň hem-de ýolaýrytlarynyň ençemesi ulanmaga berildi we
olaryň täzeleriniň gurluşygy üstünlikli dowam edýär.
Milli baýramçylyga Bitaraplyk gününe gabatlanylyp Aşgabatda «Zemin»,
«Ebedilik», «Jebislik», «Ösüş», «Erkanalyk», «Çemen» diýen binalar açyldy.
Paýtagtymyzyň durky täzelenen awtoulag ýollarynyň çatryklarynda gurlan täsin
heýkel kompozisiýalary ak mermerli türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbi bilen
aýratyn sazlaşyk döretdi. şeýle hem 400 we 240 orunlyk köp gatly awtoduralgalar
ulanmaga berildi.
Häzirki wagtda Aşgabadyň 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş
sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň taýýarlyk görýändigini hem aýratyn
bellemelidiris. Aziadanyň ýaryşlary paýtagtymyzda gurulýan Olimpiýa şäherjiginiň
döwrebap desgalarynda geçiriler. Bu ägirt uly sport toplumynda sebit hem-de
halkara derejeli iri ýaryşlary we bäsleşikleri geçirmek üçin ähli şertler göz
öňünde tutulandyr. şunuň bilen birlikde, ol türgenler üçin köpugurly
türgenleşik binýady hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça ussat türgenleri we
ýygyndy toparlary taýýarlamak üçin ajaýyp merkez bolar.
Ýubileý ýylynda ýurdumyzyň sebitlerinde hem täze desgalaryň ençemesi ulanmaga
berildi. Munuň özi tutuş türkmen topragyny, hatda iň alysdaky künjekleri hem
gurşap alan özgertmeleriň geriminiň örän giňdiginiň aýdyň subutnamasyna
öwrüldi.
şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň geçen ýylyň 26-njy
dekabrynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde belleýşi ýaly, 2016-njy ýylda
ýurdumyzda umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän 202 sany
desga işe girizildi. şol desgalaryň hatarynda Aşgabatdaky Halkara howa
menzilini, Türkmenistan -Owganystan Täjigistan demir ýolunyň öz güýjümiz
bilen gurlan birinji tapgyryny, Türkmenistan Owganystan Pakistan
Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň dowam etdirilmegini, Lebap
welaýatyndaky kuwwatly elektrik stansiýasyny, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar
uniwersitetiniň binalar toplumyny görkezmek bolar. Geçen ýyl ýurdumyz boýunça
umumy meýdany 1 million 700 müň inedördül metrden hem geçýän ýaşaýyş
jaýlarynyň, köp sanly çagalar baglarynyň, mekdepleriň, lukmançylyk edaralarynyň
we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda myhmanhanalaryň ulanylmaga berilmegi
aýratyn şatlyk duýgularyny döredýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň
we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça
2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasyny» iş ýüzünde
durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. Bu maksatnama raýatlarymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ilatynyň
döredijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almaklary üçin ähli şertleri
döretmäge gönükdirilendir.
Geçen ýyl bu maksatnamanyň çäklerinde 2436,1 million manat maýa goýum
serişdeleri özleşdirildi, 53 desga, 1211,6 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýy
guruldy, 907,4 kilometr inženerçilik ulgamlary, 3614 kilometr aragatnaşyk
ulgamlary çekildi. Häzirki wagtda durmuş-medeni maksatly desgalarynyň 58-siniň,
suw arassalaýjy desgalaryň 28-siniň gurluşygy alnyp barylýar, şeýle hem dürli
desgalarda inženerçilik ulgamlarynyň 1936,7 kilometri çekilýär, 808,2 inedördül
metr ýaşaýyş jaýlary gurulýar.
Täze obalar raýatlarymyzyň şäherlerdäki ýaly amatlyklaryň hözirini görüp
ýaşaýandyklarynyň, olar üçin oba ýerlerde has oňaýly şertleriň
döredilýändiginiň aýdyň subutnamalaryna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň
welaýatlaryna amala aşyran iş saparlarynyň barşynda şol obalaryň açylyş
dabaralaryna gatnaşdy.
Türkmen bedewiniň baýramynyň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň
«Kärizek» geňeşliginde gurlan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň hem-de
Aba Annaýew adyndaky häzirki zaman nusgalyk obasynyň açylyş dabarasy boldy.
Toplumyň işgärleri üçin 114 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş toplumy bina edildi. Bu
ýerde ähli amatlykly 4 we 5 otagly iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 57-si guruldy.
Öýlerde ýaşamak üçin ähli amatlyklar, şol sanda döwrebap durmuş tehnikasy
elektroplita, gap-gaç ýuwýan maşyn, sowadyjy bilen üpjün edilen oňaýly
aşhanalar göz öňünde tutuldy. Her bir öýüň howlusynda awtoulag goýulýan jaý
ýerleşýär. Meýdany 30 inedördül metre deň bolan mellek ýeri hem göz öňünde tutulandyr.
Mundan başga-da, obanyň çäginde durmuş maksatly beýleki desgalar çagalar
bagy, umumybilim berýän orta mekdep, düzüminde saglyk öýi, dükanlar, dellekhana
we beýleki bolan jemgyýetçilik merkezi guruldy.
Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda ýerleşen Bagtyýar zaman
obasynda bir gatly, dört otagly kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň 274-si hem-de iki
gatly, alty otagly jaýlaryň 226-sy guruldy. Olar jemi 500 maşgala
niýetlenendir. şeýle hem beýleki desgalaryň tutuş toplumy bina edildi.
Olaryň hatarynda ýerli häkimiýetiň edara binasy bar. Bu ýerde iş otaglary zerur
bolan enjamlar, kompýuter tehnikasy, degişli aragatnaşyk serişdeleri bilen
üpjün edildi. Oba saglyk öýi hem ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar bilen
enjamlaşdyryldy. Munuň özi bolsa oba ilatyna lukmançylyk hyzmatlarynyň köp
görnüşlerinden peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Onuň iki gatly binasynda
maşgala lukmanlarynyň, EKG, UZI, rentgenografiýa otaglary hem-de barlaghana,
lukmançylyk hyzmat edilýän otaglar we beýleki otaglar bar. Bu ýerde gündizki
stasionar we dermanhana işleýär.
Ajaýyp Medeniýet öýi hem oba ýaşaýjylarynyň ygtyýaryndadyr. Bu ýerde höwesjeň
döredijiligi ösdürmek, ilaty, şol sanda ýaşlary sungat dünýäsine çekmek,
halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmek üçin ähli şertler
döredildi. Medeni merkezde 200 orunlyk tomaşaçylar zaly, aýdym aýtmak we tans
etmek üçin niýetlenen otaglar, şekillendiriş sungaty studiýasy we beýlekiler
ýerleşýär.
Iki gektardan gowrak meýdanda ýerleşýän we dükanlaryň 113-sini, bazary hem-de
edara binasyny birleşdirýän «Miras» söwda merkezi alyjylara esasan hem
ýurdumyzda öndürilen azyk we senagat harytlarynyň köp görnüşlerini hödürleýär.
Obada gurlan «Döwletli» durmuş hyzmaty öýi, 500 orunlyk iki gatly «Toý mekany»
we 100 orunlyk garbanyşhana ilata hyzmat etmek babatda şäherdäki desgalardan
birjik-de pes durmaýar.
Bagtyýar zaman obasynyň körpe ýaşaýjylary üçin çagalar bagy hem-de mekdep
guruldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda gurulýan mekdep ýaşyna çenli çagalar
edaralary hem-de umumybilim berýän orta mekdepler hökmany suratda öňdebaryjy
tehnologiýalar, döwrebap multimediýa we interaktiw enjamlar bilen üpjün
edilýär. Munuň özi ýaş oba ýaşaýjylarynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine
ýardam edip, olaryň halkara ölçeglerine laýyklykda bilim almagy üçin ähli
mümkinçilikleri döredýär.
Mundan başga-da, täze obada ulgamlaýyn kabel hojalykly, 550 telefon belgili
aragatnaşyk edarasynyň binasy guruldy. Munuň özi ýaşaýjylaryň aragatnaşyk
hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. şeýle
hem degişli suwaryş, tehniki we kömekçi desgalar guruldy. Bu ýerde zerur bolan
ulag we inžener-tehniki kommunikasiýalar, şol sanda içerki awtomobil ýollary,
suw geçiriji, lagym hem-de elektrik geçiriji ulgamlar, gaz geçiriji çekildi.
Ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary düzülende oba durmuşynyň aýratynlyklary hem-de
türkmen maşgalalarynyň köpçagalylygy göz öňünde tutuldy. Her biri 16 sotok
meýdanda ýerleşen kaşaň, iki gatly kottejler giň we ýagty otaglaryň
birnäçesini, şol sanda çagalar üçin niýetlenen we oýun otaglaryny hem-de
döwrebap enjamlaşdyrylan aşhanalary, hammamlary we beýlekileri birleşdirýär.
Naýbaşy derejedäki şeýlei kottejleriň biriniň umumy meýdany 420 inedördül metre
golaýdyr.
Bir gatly kottej jaýlary hem ýaşamak üçin has oňaýlydyr. Olarda maşgalalaryň
ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin ajaýyp şertler döredildi.
Olaryň her birinde giň otaglaryň dördüsi (olaryň iň ulusynyň meýdany 42
inedördül metrden geçýär) hem-de beýleki otaglaryň birnäçesi, şol sanda
döwrebap durmuş tehnikasy bilen enjamlaşdyrylan aşhana bar. Jaýlaryň ählisinde
awtoulag üçin garažlar hem göz öňünde tutuldy.
2016-njy ýylyň iýul aýynda Lebap welaýatynda Berkarar zaman obasy açyldy. Bu
oba Garabekewül etrabynyň merkezinden 32 kilometr uzaklykda, «Zelili»
geňeşliginiň çäginde, 210 gektar meýdanda ýerleşýär. Bary-ýogy dört ýylyň
içinde bu çöllük meýdanda döwrebap oba peýda boldy. Görenleri haýran galdyrýan
bu oba täsin desgalaryň ençemesini, bagy-bossanlygy, giň köçeleri, owadan
çyraly elektrik geçiriji ulgamlary, köp sanly ýaşaýyş jaýlaryny we
durmuş-medeni maksatly desgalary birleşdirýär.
Giň möçberli taslamany durmuşa geçirmäge döwlet kärhanalary bilen bilelikde
hususy gurluşyk kärhanalary we firmalary hem işjeň gatnaşdylar. Hususan-da,
täze obanyň ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň
gurluşykçylary saldamly goşant goşdular. Olara bu ýerde 3, 4 we 5 otagly 600
ýaşaýyş jaýynyň ählisiniň hem-de çagalar bagynyň gurluşygy ynanyldy. Obadaky
desgalary gurmak işleri ýokary hilli ýerine ýetirildi. Ähli desgalarda
ýaşaýjylar üçin ýokary derejedäki amatlyklar döredildi. Ýaşaýyş jaýlarynyň giň
we ýagty otaglary ýylylyk saklamak hem-de ýer titremesine durnuklylyk babatda
zerur serişdeler bilen üpjün edildi.
Döwletimiziň täze obanyň ýaşaýjylary üçin gozgalmaýan emlägi karzlaşdyrmak
babatda uly ýeňillikleri döredendigini aýratyn bellemelidiris: täze jaýlara
göçüp baranlar ilkibaşda jaýyň bahasynyň ondan bir bölegini, galan bölegini
bolsa 30 ýylyň dowamynda töleýärler. Her bir maşgala 16 sotok mellek ýeri
bölünip berildi.
şeýle hem obada Medeniýet öýi, Bagt köşgi, metjit, geňeşligiň binasy,
aragatnaşyk edarasynyň binasy, köpugurly bazarly Söwda merkezi, Hyzmat ediş
öýi, azyk we senagat harytlaryny satýan dükanlaryň 4-si we beýleki desgalar
guruldy. Oba Saglyk öýünde müşderilere ýokary derejeli hyzmat etmek üçin ähli
şertler döredildi. Bu ýerde rentgen, hirurgiýa, stomatologiýa, terapewt
otaglary, UZI, EKG, barlaghana we beýleki otaglar bar.
Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen 640 orunlyk orta mekdepde interaktiw
multimediýa tagtaly okuw otaglary, şeýle hem lingafon, kompýuter otaglary
ýerleşýär. Bu ýerde oglanlaryň we gyzlaryň zähmet sapaklary üçin ýörite otaglar
bar. Okalga zally kitaphana, mejlisler zaly, naharhana, lukmançylyk otagy,
sport zaly hem-de açyk sport meýdançalary hem okuwçylaryň we mugallymlaryň
hyzmatyndadyr. Körpeleriň 280-sine niýetlenen çagalar bagynda kompýuter we
lingafon otaglary, döredijilik studiýalary, tomusky eýwanlar hem-de oýun
meýdançalary, ýumşak hem-de amatly mebeller ýerleşdirilen giň we ýagty
ýatakhanalar, sport we aýdym-saz zallary, naharhana, lukmançylyk otagy bar.
Täze obada ýol-inžener kommunikasiýalar meseleleri üstünlikli çözüldi, bu ýerde
suw geçiriji, lagym ulgamy, gaz geçiriji, elektrik geçiriji, asfalt ýollar
çekildi. şeýle hem transformator bekedi, suw arassalaýjy desgalar, ýangyna
garşy göreş edarasynyň binasy we beýlekiler guruldy.
Welaýatlary senagat taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki
wagta çenli 210 desganyň bina edilendigini, 110 desganyň bolsa gurluşyk
işleriniň alnyp barylýandygynyň bellemelidiris. Häzirki zaman kärhanalaryň işe
girizilmegi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, şeýle hem 18 müň 313
sany täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berdi.
Sebitlerde gurlan we ulanmaga berlen täze desgalaryň uly sanawynda Mary
welaýatyndaky döwrebap Döwletli zaman şäherçesi hem-de Ahal welaýatynyň Ak
bugdaý etrabyndaky Bereketli zaman şäherçesi, Türkmenabat şäherindäki 500 müň
tonna kükürt kislotasyny öndürýän önümçilik toplumy, Balkan welaýatynyň Serdar
şäherindäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi, Mary şäherindäki
«Bagtyýarlyk» seýilgähi hem-de ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar hem bar.
Balkanabatda döwlet Tugunyň belent sütüni üçin täze meýdança açyldy. Bu
desganyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ulanmaga berilmegi
halkymyzyň milletiň bitewiligini, mertebesini we mähriban Watana bolan
buýsanjyny özünde jemleýän mukaddes Döwlet tuguna bolan belent sarpasyny
alamatlandyrdy.
Nebitgaz toplumynyň buýurmasy esasynda Hazaryň kenaryndaky şypahana zolagynyň
çäginde gurlan bäş ýyldyzly «Gämi» myhmanhanasy, şeýle hem Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň «Ak ýelken» kottejler toplumy, ýaht-kluby we
ýurdumyzyň Merkezi bankynyň buýurmasy esasynda gurlan «Tolkun» kottejler
toplumy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň düzüminiň üstüni
ýetirdi. Kenar ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherinde Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy esasynda ýaşaýyş jaý toplumy
ulanmaga berildi.
şunuň bilen birlikde, birnäçe durmuş maksatly desgalaryň düýbi tutuldy. Olaryň
hatarynda deňiz ýakasyndaky syýahatçylyk zolagynda guruljak «Awaza» şypahanasy,
Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahana, Daşoguz we Türkmenabat şäherlerinde
iri ýaşaýyş jaý toplumlary bar.
Geçen ýylyň ýazynda Aşgabatda Halkara gurluşyk sergisiniň geçirilmegi we oňa
Russiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Hindistandan,
Türkiýeden, Gazagystandan, Ukrainadan we beýleki ýurtlardan iri firmalaryň
130-dan gowragynyň wekilleriniň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk
işleriniň geriminden habar berýär. Daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň sergä
uly üns bermegi geljegi uly we sazlaşykly ösýän türkmen bazaryna bolan ägirt
uly gyzyklanmalaryň subutnamasydyr.
Giň möçberli sergi gurluşyk serişdeleri, ýöriteleşdirilen tehnikalar we
enjamlar, ýol gurluşygyna we beýleki ugurlara degişli serişdeler görkezilýän
bölümlerden ybarat boldy. Serginiň myhmanlarynda we oňa gatnaşyjylarda täze
binagärlik taslamalary uly gyzyklanma döretdi. Gurulýan we gurulmagy teklip
edilýän edara binalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň we durmuş maksatly
desgalaryň taslamalary görkezildi. Sergi geljege nazar salmaga we täze
tehnologiýalar esasynda ýakyn geljekde şäherlerimiziň köçeleriniň näderejede
boljakdygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Awgust aýynda Aşgabatda «Türkmengurluşyk 2016» halkara sergisi geçirildi. Üç
günüň dowamynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezi senagat
ulgamyndaky hünärmenler üçin netijeli gepleşikler meýdançasyna öwrüldi.
Ykdysady gözden geçirilişe ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bölümleriniň 120-den
gowragy görkezildi. Olaryň hatarynda ABş-nyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň,
Fransiýanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň, Ispaniýanyň BAE-niň, Türkiýäniň,
Eýranyň, Wengriýanyň, Polşanyň, Gazagystanyň, Belarusuň, Ukrainanyň we beýleki
köp sanly ýurtlaryň iri gurluşyk kompaniýalary bar.
Gurluşyk bazarlarynyň wajyp meýillerine, innowasion tehnologiýalaryň ileri
tutulýan ugurlaryna üns berilmegi, şeýle hem Söwda-senagat edarasynyň, Gurluşyk
we binagärlik ministrliginiň hem-de «Türkmenawtoýollary» Döwlet konserniniň
guramagynda taýýarlanylan çäreleriň işewür maksatnamasy serginiň uly üstünlige
beslenmegini şertlendirdi.
Asylly däbe görä, serginiň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi»
atly maslahat geçirildi. Ol ýurdumyzyň gurluşyk ulgamy bazarynyň möhüm
ugurlaryny kesgitlemäge, milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk pudagynyň öňünde
durýan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen öňdebaryjy tehnologiýalaryň,
mahabat we ylmy çemeleşmeleriň işjeňleşmegini, hünär ulgamynyň
kämilleşdirilmegini şertlendirdi. şeýle hem köp sanly tanyşdyryş çäreleri,
duşuşyklar we geňeşler geçirildi. Olaryň barşynda bilelikdäki işiň esasy ugurlary
kesgitlendi hem-de täze gatnaşyklar ýola goýuldy we ýakyn geljek üçin
meýilnamalar bellenildi.
Düýpli gurluşyk we ýaşaýyş jaý gurluşygy bilen bir hatarda, ýerli çig malyň
binýadynda gurluşyk serişdeleriniň önümçilik pudagyna ägirt uly döwlet goldawy
berilýär. Bu ugur ilatyň iş bilen üpjünçilik meselelerini çözmekde,
welaýatlaryň ykdysadyýetiniň ösüşinde möhüm ugurlaryň biri hökmünde görülýär.
Häzirki döwürde pudagyň kärhanalary barha artýan gurluşyk bazaryna sement,
diwarlyk panelleri, armirlenen bloklary, keramzit, gurnama demir-beton
önümlerini, bişen kerpiçleri, diwarlyk beton daşlaryny, örtük plitalaryny we
beýlekileri ugradýar.
Ýerli çig mallaryň esasynda ýurdumyz üçin täze önümler bolan has inçe, aýratyn
berk bazalt süýümlerini we ondan taýýarlanýan ýylylyk saklaýjy hem-de kompozit
gurluşyk materiallaryny öndürýän kärhanalary döretmek işleri dowam edýär.
Bazalt süýüminden taýýarlanan önümler ekologiýa taýdan howpsuz we senagat
hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynda, nebit-gaz, awiasiýa, himiýa,
turba senagaty, awtomobil we maşyn gurluşygy, elektroenergetika, metallurgiýa
we oba hojalygy, gämi gurluşygy, nebithimiýa we beýleki pudaklarda giňden
ulanylýan önümleriň hataryna degişlidir.
şeýle hem Lebap welaýatynyň Magdanly şäherinde ýerleşýän «Türkmenmineral»
önümçilik birleşiginiň binýadynda döwrebap senagat kärhanalaryny döretmek
işleri alnyp barylýar. Onuň esasy işi kalsiý karbidini, gipsoangdrid
materialyny, döwlet kaustik dolomiti, dürli magdan däl gurluşyk serişdelerini,
şeýle hem himiýa senagaty üçin hlorlanan heki we azyk duzuny öndürmekden
ybaratdyr.
Ýurdumyz üçin täze senagat tehnologiýalarynyň hatarynda float usuly arkaly aýna
önümçiligi bar. Bu tehnologiýa aýna önümçiligi we Ahal welaýatynyň Gökdepe
etrabyndaky Owadandepede gurulýan zawodyň özi üçin esasy çig mal hökmünde
ulanylýan kwars çägesini öndürýän iri kärhanalar toplumynyň gurluşygynyň
taslamasynyň esasyny düzdi.
Ýurdumyzyň haryt öndürijilerini höweslendirmek, olaryň bähbidini goramak we
öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen,
2016-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe degişli
kararlara gol çekdi. Hususan-da, çäge-sement esasy bolan gury gurluşyk
garyndylaryny, kafel we keramiki plitalaryň ýelimini, şeýle hem izogamy
ýurdumyza getirmek üçin gümrük salgytlary kesgitlendi.
Ýene bir Karar ýerli gurluşyk kärhanalarynyň işiniň, şeýle hem ol döwlet
edaralarynyň we kärhanalarynyň daşary ýurtly şahsy taraplar bilen
Türkmenistanyň çäginde binalaryň we desgalaryň (aýratyn möhüm senagat
desgalaryndan başgasy) gurluşygy boýunça baglaşylýan şertnamalarda göz öňünde
tutulýan işleriň 80 göteriminiň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.
Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynda «Watan» Döwlet elektrik bekediniň
gurlup ulanmaga berilmegi geçen ýylyň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. Bu waka
mynasybetli guralan dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
gatnaşdy.
Ýyllyk kuwwaty 2 milliard kWt/sagat bolan Döwlet elektrik bekedi döwrebap
tehnologik desgalar toplumyndan ybaratdyr. ABş-nyň «General Electric» dünýä
belli köpugurly senagat düzüminiň gaz-turbina gurnamalary toplumyň esasyny
düzýär. Elektik bekedi ýokary ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýär we
dolulygyna kompýuterleşdirildi. Bu bolsa dolandyryş merkezinden tutuş
tehnologik işlere netijeli gözegçiligi üpjün edýär.
Täze desganyň inženerçilik-tehniki düzümini döretmekde ýüzlerçe hünärmenler,
inženerler, elektrikler, gurluşykçylar, jemagat hojalygynyň işgärleri zähmet
çekdiler. Kuwwatly kabeller, elektrik ulgamlary, suw geçirijiler we lagym
ulgamlary ýerasty inženerçilik ötüklerinden geçirildi. şeýlelikde, Döwlet
elektrik bekedi bellenilen möhletinden 5 aý ir ulanmaga berildi.
Pudagyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy eksporta, ilkinji nobatda bolsa degişli
düzümiň kemala gelýän ýeri bolan Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän
elektroenergiýanyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak üçin zerur
mümkinçilikleri üpjün edýär. Bu bolsa täze iş orunlarynyň açylmagyny, dostlukly
ýurtda parahatçylykly gurluşygyň ösdürilmegini we durnukly ýagdaýyň emele
gelmegini şertlendirer. Elektroenergiýanyň eksport edilýän beýleki geljegi uly
ugurlar, hususan-da, Pakistan we Täjigistan ýaly ugurlar has çynlakaý netijä
eýe bolýar. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz
geçirijisiniň gurluşygy ýaly möhüm taslama barada bellemek ýerlikli bolar. Bu
gaz geçirijiniň ugrunda elektrik geçiriji kuwwatly ulgamy gurmak zerurlygy ýüze
çykýar. Ol tutuş ugurdaky ähli düzümleýin desgalary elektrik energiýasy bilen
üpjün etmekden başga-da, ony Owganystanyň üsti bilen eksport etmek
mümkinçiligini ýüze çykarar.
Mundan başga-da, «Watan» elektrik bekediniň ulanmaga berilmegi Lebap welaýaty
üçin bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda, ulag, dokma we himiýa
senagatlarynda, oba hojalygynda, gurluşyk pudagynda durmuşa geçirilýän iri maýa
goýum taslamalaryň ýerine ýetirilmegi nukdaýnazaryndan has-da möhümdir.
2016-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäheriniň elektrik üpjünçiliginiň
ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamany durmuşa geçirmegiň
çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda
Energetika ministrliginiň «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň «Paýtagt»
dispetçer merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkez paýtagtymyzyň energiýa ulgamynyň
durnukly işine gözegçiligi amala aşyrmaga, elektroenergiýanyň akymyny netijeli
dolandyrmaga, zerur bolsa degişli enjamlary abatlamak boýunça alnyp barylýan
işleri utgaşdyrmaga, şeýle hem degişli energetika desgalarynyň bökdençsiz işini
üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Aşgabat şäheriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga
gönükdirilen taslama barada aýdylanda, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli
Kararyna laýyklykda, ol üç tapgyrda amala aşyryldy. şeýle hem onuň çäklerinde
paýtagtymyzda onlarça transformator podstansiýalary, şol sanda 220 kilowolt
kuwwaty bolan bäş sany «Aşgabat DES», «Dagly», «Olimp», «Abadan DES» we
«Gurtly» ýaly podstansiýalar, şeýle hem 110 kilowolt kuwwaty bolan 22 we 35
kilowolt kuwwaty bolan 29 transformator bekedi guruldy. şeýle hem 140
transformator we 10 kilowolt kuwwaty bolan paýlaýjy podstansiýalar bina edildi.
Paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde gurlan täze podstansiýalaryň hereket edýän
ulgamlaryna birikdirmäge niýetlenen elektrik geçirijileriň kabel liniýalary
hakynda hem aýtmaly. Olar ýörite aragatnaşyk ötükleri arkaly geçirildi. Bu
bolsa olaryň gowy saklanmagyny, ýer we gurluşyk işleri geçirilende, mehaniki
zyýan ýetirmeleriň öňüniň alynmagyny, şeýle hem elektrik ulgamlarynda ýokary
hilli abatlaýyş işleriniň geçirilmegini üpjün edýär. Elektrik geçirijileriň
kabel ulgamlarynyň çekilmegi hereket edýän howa elektrik geçirijilerini
aýyrmaga we ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbiniň gowulandyrylmagyna
şert döretdi.
Halkara sertifikatlary, şol sanda ABş-nyň «Trust» Ekologiýa howpsuzlyk
guramasynyň «Daşky gurşawa oňaýly täsiri bolan taslama üçin» Lihtenşteýniň
Uniwersitetiniň «Ygtybarly we bökdençsiz energiýa üpjünçiligi üçin»,
Awstriýanyň Energetika institutynyň «Energetikanyň netijeliligi üçin», şeýle
hem Ýewropanyň Halkara gatnaşyklary gaznasynyň «Energetika durnuklylygy üçin»
Sertifikatlary bu taslamanyň täzeçil usula we ýokary netijä eýedigini
alamatlandyrýar.
Paýtagtymyzda «General Electric» kompaniýasynyň edara ediş binasynyň gurluşygy
bu düzümiň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän möhüm energetika taslamalary boýunça
uzakmöhletleýin hyzmatdaşdygyny tassyklaýar. Onuň düzüminde iň häzirki zaman
enjamlary bilen enjamlaşdyrylýan okuw merkezi göz öňünde tutuldy.
Ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli toplumlaýyn senagatlaşdyrmak maksatnamasynyň
çäklerinde birnäçe iri senagat desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Bu
maksatnamany durmuşa geçirmek, şeýle hem elektroenergiýanyň eksport
möçberlerini ýokarlandyrmak üçin elektroenergetika ulgamynyň ösdürilmegi üpjün edilýär.
Tutuş halk hojalyk toplumynyň üstünlikli ösdürilmegi, şunlukda, dünýäniň
öňdebaryjy tejribeleriniň işjeň çekilmegi döwrebap energetika ulgamynyň
döredilmeginiň möhüm ugry bolup durýar.
Energiýa serişdeleriniň möçberleri boýunça Türkmenistan baý döwletleriň
biridir. Mälim bolşy ýaly, elektroenergiýanyň önümçiligi dünýäde iň girdejili
önümçilik hasaplanýar. şunlukda, bu möhüm pudaga gönükdirilýän maýa goýumlaryň
möçberleri artdyrylýar. Onuň netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň energetika
senagaty durnukly ýokary ösüş depginlerini gazanýar.
2016-njy ýylda Energetika ministrliginiň düzümleri boýunça öndürilen önümleriň,
ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi 1 milliard 99 million 900
müň manatdan gowrak boldy. Bu 2015-nji ýyldakydan 11,6 göterim köpdür. Hasabat
döwründe elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 105,8 göterime,
eksporta iberilmeginiň ösüş depgini bolsa 116,2 göterime deň boldy.
Pudaga täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagy, häzirki döwürde elektrik beketleri
üçin netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz ýangyçlaryň biri bolan tebigy gazyň
ägirt uly gorlary bu ulgamyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň netijeli çözgüdini
üpjün edýär. Marynyň Döwlet elektrik bekediniň çäginde ýurdumyzda ilkinji we
kuwwaty 1574 megewatt bolan garyşyk bug-gaz elektrik bekediniň gurluşygy
düzümiň mundan beýläk-de ösdürilmegini, elektroenergiýanyň eksport
mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny esasy ugur edinýän taslamadyr.
Ýylda 12,6 milliard kWt/sagat elektroenergiýa öndürmäge niýetlenen bu beket iň
täze inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalara degişlidir. Ýurdumyzda ozal
gurlan beketlerden tapawutlylykda, bu DES elektrik öndürmek üçin ýangyç
hökmünde diňe tebigy gazy däl, eýsem bugy hem ulanar. Degişlilikde, bu ýerde
ABş-nyň belli «General Electric» kompaniýasynyň öndüren 4 gaz we 2 bug
turbinalary oturdylar.
Mundan başga-da, «2013-2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň elektroenergetika
pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasyna» laýyklykda, kuwwaty 432 megewatt bolan
gazturbina elektrik bekedi Serdarabat etrabynda hem gurlar. Degişli şertnama
«Türkmenenergo» Döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Ýaponiýanyň
«Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň arasynda baglaşyldy.
Milli energetika pudagynyň ägirt uly mümkinçilikleri we dünýäniň işewür
toparlary, maýadarlary tarapyndan bilelikdäki taslamalaryň durmuşa
geçirilmegine bolan barha artýan gyzyklanmalar däp boýunça her ýylyň
sentýabrynda bellenilýän Energetika senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli
geçirilen Halkara sergide we «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň
esasy ugurlary» atly ylmy maslahatda has aýdyňlygy bilen äşgär boldy.
Dünýäniň 13 ýurdundan daşary ýurt kompaniýalarynyň 52-si bu sergä gatnaşdy.
Olaryň hatarynda ABş-nyň, Russiýanyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň,
Türkiýäniň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalary bar. Olaryň hatarynda
türkmen bazary üçin täze bolan kompaniýalaryň 40-dan gowragy bar. Olary
ýurdumyzda giň möçberli maýa goýum we energetika taslamalarynyň uly geljegi
gyzyklandyrýar. Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde geçirilen gözden
geçirilişiň barşynda birnäçe tanyşdyryş çäreleri, hyzmatdaşlaryň
mümkinçilikleri bilen tanyşmak, täze tehnologiýalary we enjamlary ulanmak,
pudaklaýyn düzümlerdäki öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütleri, serişdeleri
özleşdirmäge bolan döwrebap çemeleşmeleri ornaşdyrmak we ýurdumyzyň energetika
mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler boýunça netijeli pikir alyşmalara
utgaşyp gitdi.
Maslahatyň dowamynda içerki we halkara elektrik geçirijileriň gurluşygynyň iri
maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişine, gurluşyk we energetika
desgalaryny abatlamak babatda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna,
alternatiw energetikanyň ösdürilmegine, düýpli ylmyň gazananlarynyň esasynda
täzeçil energiýa ulgamlarynyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berlendigini
bellemeli.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň
13-nji ýanwarda geçirilen giňişleýin mejlisinde maksatnamalaýyn çykyşynda
belleýşi ýaly, ýetip gelen 2017-nji ýylda giň möçberli gurluşyk maksatnamasyny
durmuşa geçirmek wezipesi öňde durýar. Jemi 42 milliard 700 million manat maýa
goýum serişdelerini özleşdirmek, 873 desgany, şol sanda önümçilik maksatly 262
we durmuş maksatly 611 desgany, şol sanda hassahanalary, lukmançylyk merkezlerini
hem-de saglyk öýlerini, mekdebe çenli çagalar edaralaryny, orta mekdepleri,
medeniýet öýlerini gurmak meýilleşdirilýär.
şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna aýratyn üns berler, şunda döwlet
serişdeleriniň, şeýle hem hususy maýa goýum serişdeleriniň hasabyna ýaşaýyş
jaýlary gurlar, şeýle hem ýurdumyzyň elektrik energetika pudagynyň
ösdürilmegine uly serişdeler gönükdiriler. Täze elektrik stansiýalary gurmak,
bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak zerur bolup durýar, munuň özi goňşy
döwletlere iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga hem-de
içerki sarp edijileri bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
... Türkmenistan täze taryhynyň nobatdaky sahypasyny açyp, ösüşlere tarap
ynamly gadamyny dowam edýär. 2016-njy ýylyň wakalary Berkarar döwletimiziň
bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysyna ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesi,
ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, Watanymyzyň halkara abraýynyň belende
galmagyna, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagyna
gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilişi baradaky
täze sahypalaryny ýazmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi