«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy 2016-njy ýyl
7. Ulag we aragatnaşyk
12.01.2017
2016-njy ýyl ulag düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak we toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylan ýyly hökmünde eziz Watanymyzyň ýyl ýazgysyna girdi. Demir ýollarynyň we giň awtobanlaryň gurlan müňlerçe kilometrleri, şeýle hem taslamasy düzülýän ugurlary, bar bolan deňiz we howa menzilleriniň gurulmagy we hereket edýänleriniň durkunyň täzelenilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yklymyň möhüm söwda ýollarynyň kesişýän ýerinde Türkmenistanyň kuwwatly halkara üstaşyr-ulag merkeziniň döredilmegine aýdyň şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ulag toplumynyň onuň ähli pudaklarynyň maddy enjamlaýyn binýadyny çalt ösdürmäge we düýpli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biziň ýurdumyz aýratyn amatly geografik ýagdaýy eýeläp, sebit we yklym ähmiýetli möhüm logistik merkez hökmünde öz orunyny ynamly berkitmek bilen ählumumy bähbidiň hatyrasyna degişli ulgamda öz ägirt uly mümkinçiliklerini amala aşyrmaga çalyşýar.
Türkmenistanyň öňe sürýän netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek hakynda Rezolýusiýany kabul etmegi munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Dünýä döwletleriniň 85-si şol resminamanyň awtordaşlary bolup çykyş etdiler. Biziň ýurdumyzyň başyny başlan hem-de Milletler Bileleşiginiň derejesinde biragyzdan kabul edilen bu resminama halkara ulag meselelerine degişli ikinji resminama bolup durýar.
2014-nji ýylda şeýle resminamanyň yzysüre bu kararnamanyň kabul edilmegine ähli derejelerde we ençeme ugurlar boýunça geçirilýän işler ýardam etdi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň ady agzalan Kararnamalarynyň amala aşyrylmagy hem-de pudak edaralary tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli tabşyryklarynyň ýerine ýetirmek babatda 2016-njy ýylyň ýanwarynda sebit we halkara häsiýetli iri çäreleriň birnäçesiniň geçirilmegini göz öňünde tutýan meýilnama işlenip taýýarlanyldy, onda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata möhüm orun berilýär.
Mälim bolşy ýaly, gün tertibine ulag ulgamy ýaly strategik ugurda hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly meseleleri girizilen maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda noýabr aýynda geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Aşgabada BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun geldi.
Türkmenistanda şeýle ähmiýetli çäräniň geçirilmegi biziň ýurdumyzyň ýokary halkara abraýyna eýe bolandygyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden beýan eden hem-de ulag-aragatnaşyk pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirililen başlangyçlarynyň ählumumy ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Şol teklipleriň möhümdigi we zerurlygy aýdyňdyr, çünki ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolup, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna gös-göni täsir edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny amala aşyrmakda möhüm orun eýeleýär.
Degişli ugurda, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň
çäklerinde umumy tagallalary birleşdirmek işinde möhüm orun eýelemek bilen
Bitarap Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde iri düzüm
taslamalarynyň başyny başlaýar hem-de üstünlikli amala aşyryp, sebit we dünýä
derejesinde köp ugurly ulag düzümini döretmäge uly goşant goşýar.
Döwlet Baştutanymyzyň Maslahatda eden çykyşynyň barşynda belleýşi ýaly,
Türkmenistan BMG-niň derejesinde ulag meseleleri boýunça ählumumy gatnaşyklary
ýola goýmak başlangyjy bilen çykyş etmek bilen, häzir bu wezipäniň Durnukly
Ösüşiň Maksatlaryny ýerine ýetirmek bilen gös-göni bagly bolup durýandygyndan hem
ugur aldy. XXI asyrda Milletler Bileleşiginiň esasy wezipelerini çözmegi, tutuş
dünýäde millionlarça adamlara hyzmat etmegi, dünýä serişdelerini aýawly
saklamagy we artdyrmagy ugur edinýän döwrebap ulag arhitekturasyny döretmek
adamyň alyp barýan işi babatda halkara strategiýasynyň wezipesi bolup durýar.
Durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara ulag düzüminiň ösdürilmegi
döwletleriň we sebitleriň ulag-üstaşyr akymlaryna goşulmagy arkaly olaryň
ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň arasynda ösüş derejesinde hem-de olardan
ýaşaýan halklaryň durmuş derejesinde deň ölçegde bolmazlygy aradan aýyrmaga
gönükdirilendir.
Döwrebap ulag we üstaşyr düzümi döretmek, onuň çäklerini giňeltmek häzir diňe
ýük dolanyşygynyň möçberleriniň artmagyny, ýola sarp edilýän wagtyň, goşmaça
serişdeleriň we beýleki artykmaçlyklaryň kemelmegini däl-de, eýsem, täze iş
orunlarynyň döredilmegini, durmuş maksatly desgalaryň gurulmagyny aňladýar. Hut
adamlar, olaryň zerurlyklary hemişe ösüşiň ülçegi bolmalydyr diýip, Türkmenistanyň
Baştutany bu ýagdaýyň doly derejede ulag ulgamyna degişli bolup durýandygyny
belledi. Şunda döwrebap tehnologiýalary we öňdebaryjy dolandyryş çözgütleri
ornaşdyrmak arkaly ulag akymlarynyň we düzümiň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün
etmek ileri tutulýan ugur bolmaly.
Maslahatyň çäklerinde resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Mysal üçin,
Türkmenistan Transaziýa demir ýollary boýunça Hökümetara ylalaşygyna, Aziýa
awtomobil ýollary boýunça Hökümetara ylalaşygyna, Gury portlar hakynda
Hökümetara ylalaşygyna, Serhetlerde ýükleri barlamagyň şertlerini ylalaşmak
Hakynda halkara konwensiýa goşuldy.
Biziň ýurdumyz gazanylan ylalaşyklar hem-de gol çekilen resminamalar bilen
birlikde netijeli hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny artdyrmak, dünýä hojalyk
gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna goşulmak işinde ähmiýetli ädim ätdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan sebitiň ykrar edilen
ylalaşdyryjy we şonuň bilen birlikde iri ykdysady, işewürlik we medeni merkezi
hökmünde berkarar bolýar. Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri ählumumy ösüşiň
meýillerine hem-de gadymy türkmen topragynyň taryhy
wezipesini-siwilizasiýalaryň çatrygy bolup hyzmat etmek, şol sanda ýurduň
döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösmegi bilen baglylykda hyzmat etmek
wezipesini ýerine ýetirmek meýillerine gabat gelýär.
Ulag-üstaşyr ulgamyny döretmegiň ilkinji hatarynda demir ýol pudagy durýar. Ol
beýleki ugurlar bilen bir hatarda uly üstünlikleri gazandy. Munuň şeýledigine
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan
Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly aýdyň şaýatlyk edip, ol bir ýylda
ýükleriň 1012 million tonnasyny geçirmäge ukyplydyr.
2016-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistandan Eýrana tarap Sarahs demirýol
menziliniň üsti bilen synag konteýner otlusy geçdi, ol Hytaý Gazagystan
Türkmenistan Eýran ugry boýunça ilkinji gatnawy amala aşyrdy.
Ýanwar aýynyň ahyrynda Hytaý Halk Respublikasynyň iri senagat merkezi
Çžeszýan gündogar welaýatynyň Iu şäherinden ugran demirýol otlusy HHR-niň demirgazyk
günbataryndaky Sinszýan Uýgur awtonom etrabynda ýerleşen Alaşankou geçiriş
nokadyndan geçip, 5 günde 4 müň 491 kilometr aralygy geçdi. Soňra otly dört
gije-gündiziň dowamynda Gazagystanyň çäginden geçdi bu aralyk Türkmenistan
bilen serhede çenli 3 müň 417 kilometre barabardyr.
Bu transmilli ýoluň türkmen bölegi Serhetýaka menzilinden Sarahsa çenli uzalyp
gidýär. Bu aralyk 1 müň 156 kilometre deň bolup, ony geçmek üçin deslapdan iki
gün gerek bolar diýlip hasaplanyldy, ýene üç günden bolsa otly ahyrky nokadyna
Eýranyň paýtagty Tähran şäherine baryp ýetdi.
Şeýlelikde, Gazagystan Türkmenistan Eýran ýolunyň umumy uzynlygy 10 müň
kilometre golaý, ony geçmek üçin gerek bolan wagt bolsa iki hepdä golaý bolup,
ol ortaça alanyňda deňiz ýolundan iki esse tiz geçmäge mümkinçilik berýär.
Deňiz ýoluna 2530 gije-gündiz wagt gerek bolýar. Geçilýän ýoluň wagtynyň
ep-esli azalmagy ulag çykdajylarynyň ep-esli kemelmegini aňladýar, ýagny ýoluň
ykdysady peýdasy artýar.
Ykdysady bähbitden başga-da, Gazagystan Türkmenistan Eýran transmilli demir
ýoly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da berkitmegiň täsirli usuly
bolup durýar. Ýurtlaryň halkara bazarlaryna bökdençsiz we gysga ýol bilen
çykmagy, harytlary we hyzmatlary ygtybarly we durnukly iberilmegi häzir tutuş
dünýäde umumy ýagdaýa, sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň häsiýetine we ugruna,
ol ýa-da beýleki döwletleriň dünýä ösüşiniň özgertmelerine täsirini ýetirýär.
Türkmenistan Owganystan Täjigistan demirýoly hem Aziýa sebitiniň
döwletleriniň arasyndaky halkara ulag gatnawlarynda möhüm halka bolup, onuň
gurluşygyna 2013-nji ýylyň iýunynda badalga berildi.
2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda bolsa Ymamnazar demir ýol menzilinde
transmilli polat ýolunyň birinji nobatdakysyny-Aziýa halkara demirýol ulag
geçelgesini işe girizmek dabarasy boldy. Sebit ýollarynyň «altyn halkasyna»
öwrüljek täze Atamyrat Ymamnazar Akina ýolunyň işe girizilmegini
alamatlandyrýan dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani
gatnaşdylar.
Elbetde, bu demirýoluň ulanmaga berilmegi bilen iki döwletiň üstaşyr ulag
kuwwatyny netijeli amala aşyrmak üçin, olaryň halkara ykdysady gatnaşyklar
ulgamyna işjeň goşulmagy üçin täze mümkinçilikler dörär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan bu taslamasy ýurdumyzyň Demirýol
ulaglary ministrliginiň edara-kärhanalary tarapyndan amala aşyryldy. Uzynlygy
88 kilometr bolan demir ýoluň ugrunda uzynlygy 256 we 363 metr bolan iki sany
uly köpri hem-de 8 sany emeli desga guruldy. Gülüstan we Ymamnazar demirýol
wokzallary, täze menziller hem-de tehniki we durmuş maksatly möhüm desgalaryň
birnäçesi ulanmaga berildi. Çölüň ýowuz şertlerinde bu ýoly özleşdirmek üçin
köp tagalla we serişde zerur boldy, ätiýaçlyk we gapdal ýollary we beýlekiler
guruldy.
Ýurdumyzyň demir ýol gurluşykçylarynyň eýe bolan döwrebap tehnikalary we
enjamlary, işleriň sowatly we dessin guralmagy geljegi uly bolan taslamany
amala aşyrmagyň barşyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berdi.
Halkara demir ýollarynyň kuwwatyny artdyrmakdan başga-da, täze polat ýollar
içerki çäkleri hem sazlaşykly ösdürmäge ýardam edýär. Wagtyň görkezişi ýaly,
garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan demir ýollar Türkmenistanyň baýlyklaryny çalt
depginlerde özleşdirmäge we rejeli peýdalanmaga ýardam edip, ýurdumyzyň
sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde möhüm orun eýeledi.
Çöldäki ýerlere täze ýollar bilen birlikde suw we elektrik togy gelýär,
aragatnaşyk ulgamy çekilýär, ýaşaýyş jaýlary we durmuş desgalary gurulýar.
Türkmen hünärmenleri Ymamnazar menzilinden Owganystanyň çäginde ýerleşýän Akina
çenli demir ýoluny hem çekdiler.
Iki ýurduň depginli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de täze bilelikdäki
düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy owgan ykdysadyýetini has-da ösdürmäge,
iri durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge, şol sanda ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bilen bagly işleri çözmäge kuwwatly itergi berer, maýa goýumlaryň
çekilmegine ýardam eder, Owganystandaky ýagdaýlara oňyn täsir eder.
Täze ýoluň ulanmaga berilmegi «Günbatar Gündogar» we «Demirgazyk Günorta»
ugry boýunça aragatnaşygyň halkara ulgamyny döretmek babatda zerurdyr. Ol bütin
Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawynyň has oňaýly utgaşdyrylan ulgamynyň kemala
getirilmeginde aýratyn orun tutýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bu taslamasy
sebitiň syýasy ösüşi babatda-da möhümdir. Häzir halkara jemgyýetçiligi Merkezi
we Günorta Aziýada parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy
pugtalandyrmagyň bähbidine uly tagallalaryny gaýgyrmaýar.
Şunuň bilen baglylykda, bir bölegi Owganystanyň çäklerinden geçjek demir ýoluň
gurluşygy bu ýurduň Merkezi we Günorta Aziýanyň syýasy we ykdysady durmuşyna,
bu sebitleriň ösdürilmegine uly goşant goşmaga, ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň
dürli görnüşlerini giňeltmäge ukyply deňhukukly hyzmatdaş hökmünde goşulyşmagy
üçin möhüm ýagdaýa öwrüler.
Täze ugur boýunça Owganystana ugradylan ilkinji otly düzümi türkmen önümleri
ýüklenen 46 wagondan ybarat boldy: undan, bugdaýdan, sementden 10 wagon.
Beýleki ýükleriň hatarynda kükürt, karbamid bar.
2016-njy ýylyň başyndan Türkmenistandan Owganystana iberilen ýükleriň umumy
möçberi 1,4 million tonnadan gowrak boldy. Şolaryň 865,4 müň tonnasy nebit
önümleri, 310,7 müň tonnasy suwuklandyrylan gaz, 121,7 müň tonna bugdaý we
bugdaý uny, 18,2 müň tonna beýleki harytlardyr.
Atamyrat Ymamnazar Akina şahasy açylmazdan ozal, Türkmenistan bilen
Owganystanyň arasyndaky daşalýan ýükleriň ähli möçberi Serhetabat Turgundy
hem-de Kelif Termez Mazari Şarif demir ýol geçelgeleri boýunça
gatnadylýardy. Özi-de, bu ähli möçberiň 75 göterimini (559,8 müň tonna) türkmen
harytlary hem-de 25 göterimini (182,7 müň tonna) beýleki ýurtlaryň harytlary
emele getirýär. Görnüşi ýaly, täze ýoluň peýdasy örän aýdyň, ýöne onuň ähmiýeti
indi-indi görnüp başlaýar we ol bu ugra täze çäkleriň barha köp goşulyşyna görä
öz çäklerini giňelder.
Atamyrat Ymamnazar (Türkmenistan) Akina (Owganystan Yslam Respublikasy)
täze polat ýolunyň ulanmaga tabşyrylmagy mynasybetli «Aziýa halkara demir ýol
ulag geçelgesi: birinji tapgyr. Türkmenistan XXI asyryň geoykdysady kartasynda»
diýen at bilen owadan suratlar bilen bezelen ýörite neşiriň çykarylandygyny
bellemek gerek.
Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen neşir okyjylara Türkmenistanyň
Prezidentiniň ulag strategiýasy, bu ulgamda durmuşa geçirilýän milli
maksatnamalaryň hem-de iri taslamalaryň netijeleri, ýurduň ykdysady kuwwatynyň
artmagyna olaryň ýetirýän oňyn täsiri, onuň çäkleriniň depginli ösüşi we
gatnawlaryň dünýä ulgamlaryna goşulyşmagy barada seljerme berýän syny
hödürleýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tutuş ykdysadyýetiň düýpli
döwrebaplaşdyrylmagy amala aşyrylýan mahaly, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň
her bir pudagy uly wezipeleri çözýär. Demir ýol önümçilik düzümi hem täzeden
galkynyp başlady täze kärhanalar açyldy, häzirki zaman tehnologiýalary satyn
alyndy, hereket edýän düzüm bölümleri tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen
enjamlaşdyrylyp, olaryň kuwwaty ençeme esse artdy.
Ýörite Türkmenistan üçin taýýarlanan ýolagçy wagonlary döwrebap bezegi bilen
tapawutlanýar hem-de howa çalşyş ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa
aýratyn amatlylyk döredip, syýahat etmegi oňaýly we ýakymly edýär. Olarda şeýle
hem işgärleriň işlemegi üçin hemme şertler göz öňünde tutulypdyr.
Mysal üçin, 2016-njy ýylyň 7-nji aprelinde Demir ýol ulaglary ministrliginiň
ygtyýaryna Ukrainada öndürilen hem-de ýurdumyza hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda getirilen täze ýük wagonlarynyň
ilkinji tapgyry gelip gowuşdy. Olaryň hatarynda ýükleriň dürli görnüşlerini
daşamaga niýetlenen üsti ýapyk wagonlaryň 25-si hem-de ýarym wagonlaryň 25-si
bar. Umuman, degişli şertnama laýyklykda, ukrain öndürijilerden 750 (üsti ýapyk
wagonlaryň 375-si hem-de şonça möçberde ýarym wagonlar) wagon getiriler.
Awtoýol düzüminiň ösdürilişi barada aýdyp, awtomobil ýollaryny gurmak boýunça
täze taslamalaryň tutuş taryhymyzyň dowamynda şeýle giň gerim bilen heniz amala
aşyrylmandygyny nygtap bolar. Şunda toplumlaýyn işleriň çäklerinde
inženerçilik-aragatnaşyk ulgamlarynyň doly çalşyrylmagy, ýol hereketiniň
howpsuzlygynyň häzirki zaman ulgamynyň ornaşdyrylmagy, elektron maglumat beriş
serişdeleriniň, LED-monitorlarynyň we beýlekileriň gurnalmagy göz öňünde
tutuldy. Bularyň ählisi ulag akymlarynyň oňaýlyly bolmagyny üpjün etmäge hem-de
awtoulag serişdeleriniň barha artýan möçberlerini nazara alyp, ýol ulgamynyň
geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga, ýollarda howpsuzlyk derejesini artdyrmaga
mümkinçilik berýär.
Dünýä ölçegleri dürli sebitleri birleşdirýän çekilýän awtomobil ýollarynyň
esasy häsiýetnamasydyr. Şoňa laýyklykda, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň
(awtobanlaryň) gurluşygy alnyp barylýar. Ine, «Aşgabat Türkmenbaşy» täze uly
ýol «Aşgabat Daşoguz» awtoýolunyň 24-nji kilometrliginden başlanýar hem-de
Türkmenbaşy şäherinde tamamlanar.
Awtobanyň umumy uzynlygy 564 kilometre, giňligi her biriniň ini 15 metr bolup,
iki bölege bölünen 34,5 metre deň bolar. Ýoluň tutuş dowamynda barlag geçiriş
nokatlarynyň 9-syny, tehniki taýdan hyzmat ediş duralgalaryň 9-syny,
awtoulaglara ýangyç guýujy beketleriň 7-sini gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem
ulanyş hyzmatlary binalarynyň 5-sini, kempingleriň 3-sini, awtomobiller üçin
duralgalaryň 20-sini, jemgyýetçilik iýmiti nokatlaryny gurmak göz öňünde
tutulýar. Awtobanyň ugrunda ýol geçelgeleriniň 12-si, demir-beton köprüleriniň
12-si bina ediler. Ýoluň umumy beýikligi ýa-da dykyzlygy 1 metr 22 santimetre
deň bolar.
Giriş we çykyş ýerleriniň 9-sy göz öňünde tutulyp, olarda yşyklandyryş we radar
ulgamy gurnalar. Täze uly ýoluň tapawutly aýratynlygy onuň beýleki ulag ýollary
bilen kesişmeýändiginden ybaratdyr. Mundan başga-da, awtobanlarda pyýada
geçelgeleriň bolmagy gadagandyr bu ýol boýunça diňe ýola goýlan düzgünler
boýunça ygtyýar berilýän ýokary tizliklere çenli ýetmäge ukyply awtomobiller
hereket edip biler.
Şeýle awtobanlarda welosiped, moped sürmek, oba hojalyk tehnikalarynyň we ýük
ulaglarynyň hereket etmegi gadagan edilýär. Haýwanlaryň ýola çykmagynyň öňüni
almak üçin howpsuzlyk maksatlary bilen ýoluň bütin dowamynda germewler
gurnalar.
Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, ýurdumyzyň üstünden geçýän ýükleriň akymynyň
we möçberiniň her ýylda artmagyna garaşylýar.
Şular bilen bir hatarda, awtoulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak boýunça anyk çäreler görülýär. Häzirki günde bu ulgam dünýäniň
öňdebaryjy öndürijileriniň «Hyundai Universe Luxury», «Hyundai Universe
Noble», «Hyundai Super Aero City», «Iran Khodro», «Yutong ZK 6129H», «PAZ-32054»
häzirki zaman ulag serişdeleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Olar şäheriň içindäki
we halkara ugurlarda hereket edýär. Täze ugurlar işlenilýär we döredilýär.
Jemgyýetçilik ulaglaryny täzelemek hem-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we
myhmanlary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, 2017-nji ýylyň
sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň döwründe ýeňil
awtoulaglaryň takmynan 400-sini, kiçi awtobuslaryň 120-sini, möçberi boýunça
orta göwrümli awtobuslaryň 120-sini hem-de uly awtobuslaryň 100-sini
peýdalanmak meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan
çäreleriň ýörite Meýilnamasy işlenip düzüldi, Germaniýadan, Koreýa
Respublikasyndan, Eýrandan, Hytaýdan we Ýaponiýadan bolan häzirki zaman
awtomobil serişdelerini öňdebaryjy öndürijilerden gelip gowşan teklipler
öwrenildi. Bellenilen tertipde «Hyundai Elantra», HyundaiUnivrseLuxury«,
«HyundaiCounty» kysymly ýeňil awtomobilleri we awtobuslary satyn almak hakynda
mesele ylalaşyldy. Şeýle hem Awtomobil ulaglary ministrligi bilen «Hyundai»
korporasiýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda baglaşylan Ylalaşyga
laýyklykda, 2017-nji ýylda Yewro 4 ekologiýa ölçeglerine laýyk gelýän şäherçesi
awtobuslarynyň ortaça 500 birligini satyn almak göz öňünde tutulýar. Olaryň
4-si mümkinçilikleri çäkli bolan adamlara niýetlenendir. Bu ugurda Germaniýanyň
«AGT Buswermiyetung Deutschland» hem-de beýleki ýurtlaryň birnäçe kompaniýalary
bilen gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Aprelde Aşgabatda ulag, logistika we düzümler boýunça türkmen-koreý okuw
maslahaty geçirildi. Ol Awtomobil ulaglary ministrliginiň ýardam bermeginde
«Koreýa Respublikasy Merkezi Aziýa» forumynyň çäklerinde guraldy.
Duşuşyga Ykdysadyýet we ösüş, Awtomobil we Demir ýol ulaglary, Energetika,
Gurluşyk we binagärlik ministrlikleriniň, «Türkmenhowaýollary» döwlet milli
gullugynyň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.
Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulaglar ministriniň orunbasarynyň
baştutanlygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Bu wekiliýetiň düzümine Awtoýol
korporasiýasynyň, Ulag institutynyň hem-de «Hyundai Engineering Co., Ltd»,
«Daewoo International Corporation», «Doosan Heavy Industry» we beýleki iri
koreý kompaniýalarynyň wekilleri girdiler.
Okuw maslahatynyň barşynda bu ýere ýygnananlar durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň
2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamanyň esasy düzgünlerine ünsi çekdiler.
Şonda biziň ýurdumyz Ýewropa, Aziýa Ýuwaş umman hem-de Günorta Aziýa
ykdysady ulgamlaryň özara gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsi
hökmünde kesgitlenendir. Şoňa görä-de, ilatyň ulag hyzmatlaryna bolan
isleglerini doly kanagatlandyryp bilýän ulag-aragatnaşyk toplumynyň tiz
ösdürilmegi bu uzakmöhletli maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde
kesgitlenildi. Ýokarda agzalan resminamanyň esasy wezipeleri hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli
goşulyşmak, milli düzümleri has-da giňeltmek boýunça ulag syýasatyny durmuşa
geçirmekden ybaratdyr.
20-nji oktýabrda «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda ýolçularyň
Hökümetara geňeşiniň ulag we ýol hojalygy işgärleriniň kärdeşler
arkalaşyklarynyň halkara birleşigi bilen bilelikdäki XXXVIII mejlisi geçirildi.
Foruma GDA ýurtlarynyň ministrlikleriniň we ýol edaralarynyň ýolbaşçylary,
halkara guramalaryň wekilleri, Geňeşiň assosirlenen agzalary, ýurdumyzyň we
daşary ýurtlaryň degişli hünär ugurly edaralarynyň hünärmenleri hem-de bu
ulgamda işleýän bilermenler gatnaşdylar.
Geňeşiň maksady taslama düzmek, döwletara derejesindäki awtoýollaryň gurluşygy
we durkuny täzelemek ulgamynda işleri utgaşdyrmakdan, awtomobil ýollary
ulgamynyň tehnologiýa taýdan birligini üpjün etmekden, olaryň düzümlerini
ylalaşykly ösdürmekden ybaratdyr.
Mejlisiň gün tertibine ýollary ulanmagyň düzgünlerini işläp taýýarlamak, bu
ulgamda özara hasaplaşyklary geçirmegiň toplumlary, awtoýol pudagyna täze
tehnologiýalary we serişdeleri ornaşdyrmak baradaky we ençeme beýleki meseleler
girizildi. Awtoýollaryň ulanylmagy bilen üstaşyr-ulag geçelgelerini ösdürmegiň,
sebitde ýük daşalyşynyň möçberleriniň artdyrylmagynyň geljegi barada gyzyklanma
bildirilen pikir alyşmalar geçirildi.
Türkmenistanyň bu ulgamda maksada gönükdirilen işleri alyp baryp, innowasion
tehnologiýalardan ugur alýandygyny bellemek gerek. Şäher emele getiriji möhüm
ähmiýete eýe bolan iň döwrebap awtomobil ulag ýollary ulanmaga tabşyrylýar
olaryň ugrunda paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik desgalary guruldy we
gurulýar. Paýtagtymyzdaky ulag ýollaryny gurmak we abadanlaşdyrmak boýunça
tejribe ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde-de şeýle desgalar döredilende
peýdalanylýar.
Deňizde ýolagçy gatnadylyşynyň we ýük daşalyşynyň ösdürilmegine hem
Türkmenistan Merkezi Aziýa we Hazar giňişliginiň ýurtlarynyň ykdysady
aragatnaşyklaryň halkara ulgamyna doly möçberde goşulyşmagynyň möhüm şerti
hökmünde garaýar. Eýýäm häzirden Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menzili
sebitiň iri üstaşyr merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýär. Ýakyn ýyllarda bolsa
Hazar deňziniň kenarynda diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş Merkezi
Aziýanyň esasy «deňiz derwezeleri» diýen belent derejä laýyk gelýän ähli
ölçegler boýunça täze deňiz menzili peýda bolar.
Bu uly möçberli maýa goýum taslamasy umumy meýdany 230 müň inedördül metr bolan
awtomobil-ýolagçy ýük gämileriniň terminalynyň hem-de umumy meýdany 249 müň
inedördül metr bolan konteýner terminalynyň gurulmagyny göz öňünde tutýar.
Topluma umumy ýükleýiş terminaly, ürgün ýükleriň terminaly, polipropilen terminaly
hem-de 166 müň inedördül metr meýdanda ýerleşen gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş
zawody girýär. Zawodyň taslama kuwwaty hiliň halkara ölçeglerine kybap gelýän
häzirki zaman tehnologiki enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň
peýdalanylmagy bilen bir ýylda 46 gäminiň gurulmagyna niýetlenendir. Mundan
başga-da, bu ýokary tehnologik kärhana dürli häsiýetli (kuwwatlylygy: bir ýylda
2030 gämi) gämileri abatlamak boýunça işleriň doly tapgyryny ýerine ýetirmäge
ukyplydyr.
Zawodyň taslamasy IACS-yň (International Association Classification Societes)
halkara ölçegleriniň talaplaryna laýyklykda düzüldi. IACS deňizde gatnawlary
amala aşyrmagyň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ölçegleri we düzgünleri işläp
taýýarlamagy öz öňünde maksat edip goýýar. Dünýäniň söwda flotunyň tonnažynyň
90 göterimden gowragy IACS-a agza jemgyýetçiligiň toparynda durýar.
Gämi duralgalarynyň umumy uzynlygy 3 müň 800 metre barabar bolar. Duralga üçin
niýetlenen gidrotehniki desgalary gurmakdan başga-da, kenar düzümleriniň
köpsanly desgalaryny bina etmek meýilleşdirilýär. Olara, şeýle hem ulag
üpjünçiligi: umumy uzynlygy 3 müň 915 metr bolan estakada ýol aýrytlary bolan
awtoýollar hem-de umumy uzynlygy 29 müň 890 metr bolan demir ýollar girer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu taslama
diňe bir ykdysady we işewürlik esaslandyrmalary bilen çäklenmeýär.
Türkmenbaşydaky täze deňiz menzili geosyýasata düýpli täsirini ýetirip, ulag
ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň esasyny düzer hem-de sebitdäki we onuň çäklerinden
daşardaky ýagdaýlara özüniň oňyn täsirini ýetirer. Şeýle hem ol Ýewraziýa
giňişliginde durnuklylygyň we howpsuzlygyň wajyp şerti bolmak bilen, yklymda
syýasy gatnaşyklaryň ähli ulgamynyň durnuklylygynyň ýokarlanmagyna ýardam
berer.
Täze deňiz menzili Türkmenistanyň ykdysady taýdan öňe gitmegine, senagat we
ulag düzümleriniň ösüşine, täze iş orunlaryň döremegine goşmaça kuwwatly itergi
berer, şeýle hem iri maýa goýumlaryny çekmäge ýardam eder.
Halkara maliýe institutlarynyň gatnaşmagynda gämi abatlaýyş, gämi gurluşygy
binýatlaryny, ýolagçy awtomenzilini, logistika merkezini döretmegiň
taslamalarynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmalary geçirildi. Şunda, deňiz
flotunyň Merkezi ylmy-barlag instituty (Russiýa Federasiýasy) tarapyndan nebit
we nebit önümleriniň tehniki näsazlyklar sebäpli dökülmeginiň öňüni almak we
aradan aýyrmak boýunça meýilnama işlenip düzüldi. Hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa syýasatynyň ileri ugurlary nazara alnyp
işlenip taýýarlanan bu meýilnama nebitiň dökülmeginiň öňüni almak we aradan
aýyrmak boýunça çäreleri, bu çäreleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan, degişli
enjamlary we gämileri satyn almagy öz içine alýar.
Halkara ulag geçelgesiniň üstaşyr merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýän
Türkmenbaşy şäheriniň deňiz menziliniň üstünden biziň ýurdumyza senagat we oba
hojalyk enjamlary, awtoulag tehnikalary, metal önümleri, agaç serişdeleri,
mineral dökünler getirilýär, daşary ýurtlara bolsa polipropilen, koks we
beýleki nebit önümleri, himiýa senagatynyň önümleri äkidilýär. Duralganyň
üstünden geçýän ýük gatnawlary soňky ýyllarda üzül-kesil artdy.
Duralga hojalygynyň täze gämiler bilen yzygiderli üsti doldurylýar. Olaryň
arasynda «Alaja», «Kenar» nebit guýulýan tankerler, «Älem», «Jahan», «Seýil»,
«Gudrat» tirkeg gämileri, «Çarlak» atly uly ýolagçy gämisi, «Berkarar»,
«Bagtyýar» paromlary bar.
Häzirki wagtda «Berkarar» we «Bagtyýar» Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz
menzilinden hazarýaka döwletleriniň deňiz duralgalaryna yzygiderli ýolagçy we
ýük gatnawlaryny amala aşyrýar. Bu gatnawlaryň hereket etmegi Ýewropa
ýurtlaryndan Merkezi Aziýa, Orta we Uzak Gündogar ýurtlaryna ýük getirýän
awtoulaglaryň ýola ýitirýän wagtyny tygşytlamaga, şeýle hem haryt dolanyşygynyň
mukdaryny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Bu ädimleriň hemmesi «2020-nji ýyla çenli Türkmenbaşy halkara deňiz menzilini
we Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň baş meýilnamasynyň» yzygiderli
durmuşa geçirilýändiginiň güwänamasydyr.
Içerki hem-de halkara ýolagçy we ýük gatnawlarynda wajyp ähmiýete eýe bolan
ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak hem-de
tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň
göwrümli meýilnamalaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
«2012-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli
maksatnamasyna» laýyklykda paýtagtymyzda we welaýatlarda täze howa
menzilleriniň gurulmagy we ozal bar bolan howa menzilleriniň
döwrebaplaşdyrylmagy dowam edýär. Türkmenbaşy şäherinde häzirki zaman Halkara
howa menzili, Maryda ýolagçy terminaly we uçuş-gonuş zolagy hereket edýär.
Türkmenabat şäherinde dikeldilýän täze howa menzilini geljek ýylyň awgustynda
açmak göz öňünde tutulýar. Daşoguz şäheriniň howa menzilinde bolsa «Boeing
777200 LR» kysymly we beýleki uçarlary kabul etmäge mümkinçiligi bolan täze
uçuş-gonuş zolagy ulanylmaga berildi.
Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýat
awiasiýasyny döwrebaplaşdyrmak, şol sanda aeronawigasiýa hem-de ýolagçylara
hyzmat ediş ulgamynyň infrastrukturasynyň ösüşine täze tehnologiýalary
ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berýär. 17-nji sentýabrda hormatly
Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde Halkara howa menziliniň işe
girizilmegi muňa aýdyň mysal bolup durýar.
Merkezi Aziýada iň yly hem-de tehnologiýa taýdan enjamlaşdyrylyşy boýunça dünýä
ýüzünde iň bir öňdäki orunlary eýeleýän bu howa menzili 1200 gektara golaý
meýdany tutýar hem-de 100-den gowrak desgany özüne birikdirýär. Olaryň arasynda
esasy hem-de ikinji ýolagçy terminallary, howa gämilerine tehniki taýdan hyzmat
etmek üçin angarlar toplumy, okuw hem-de lukmançylyk merkezleri, ençeme beýleki
desgalar bar.
Ýylda 14 million ýolagçyny geçirmäge mümkinçiligi bolan baş terminal 190 müň
inedördül metrden gowrak meýdany tutýar. 3 milliondan gowrak ýolagçyny kabul
etmäge niýetlenen ikinji terminal bilen birlikde, bu häzirki zaman howa menzili
umuman, bir ýylyň dowamynda 17 million adama ýa-da her sagatda 2 müň ýolagça
hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Ýük terminaly boýunça 200 müň tonna ýük
geçer.
Täze howa menzilinde zerur bolan ähli infrastrukturalar bilen üpjün edilen,
uzynlygy 3 müň 800 metre barabar bolan iki sany uçuş-gonuş zolagy bar. Howa
hereketini dolandyryş gullugy öňdebaryjy nawigasiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Howa menzili dünýä derejesinde serwis hyzmaty bilen üpjün edip, uçarlaryň ähli
görnüşlerini kabul edip bilýär.
Hormatly Prezidentimiz açylyş dabarasynda paýtagtymyzyň täze howa menziliniň
işe girizilen gününiň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa
oýunlarynyň başlamagyna laýyk bir ýyl galan gününe gabat gelmegini hem-de bu
senäniň uly mazmuna eýedigini aýratyn nygtady. Çünki milli raýat awiasiýasynyň
işgärleri ýurdumyza geljek köpsanly myhmanlary Oýunlara gatnaşýanlary we
tomaşaçylary ilkinji bolup garşylarlar. Oýunlara taýýarlygyň çäklerinde
Aziadanyň geçirilýän mahalynda howa gatnawyny, şol sanda Aziýa sebitiniň
ýolagçylary üçin gatnawlaryň sanyny artdyrmak gerek bolar diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
2-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinden
amala aşyrylýan daşarky howa gatnawlarynyň çäklerini giňeltmek boýunça işleriň
zerurdygy barada aýdyp, täze Aşgabat Kazan howa gatnawynyň açylmagyny
makullady.
Kazana howa gatnawynyň ilkinji uçarynyň ýolagçylary hem-de türkmen howa
ýollarynyň wekiliýeti, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň ýolbaşçylary, geçen ýylyň sentýabrynda türkmen paýtagtynda
Halkara howa menziliniň dabaraly açylyşynda «Türkmenistan» awiakärhanasyna
berlen täze «Boeing 737800» uçary bilen ýola düşdiler.
Tatarstan Respublikasy bilen howa gatnawy ikitaraplaýyn türkmen-russiýa
gepleşikleriniň çäklerinde açylyp, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi bolmaga
hem-de döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam bermek
wezipesini göz öňünde tutýar.
29-njy iýunda Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline ilkinji gezek Ýewropanyň
iň iri kompaniýalarynyň biri bolan "Cargoluх Airlines International S. A.
" kompaniýasynyň ýük uçarynyň gonandygyny bellemek gerek. Munuň özi biziň
ýurdumyzyň halkara howa gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldýänliginiň
nobatdaky aýdyň güwänamasy boldy.
2015-nji ýylyň iýunyndan bäri Türkmenistan bilen Lýuksemburgyň arasynda howa
gatnawy boýunça degişli ylalaşyga laýyklykda «Cardoluх»
awiakompaniýasy tarapyndan Lýuksemburg Türkmenbaşy aralygy boýunça hepdede 8
gezek gatnaw ýerine ýetirilýär, 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndan bolsa hepde-de
amala aşyrylýan gatnawlaryň sany 10-a ýetirildi. Ynha, indi bolsa bu
kompaniýanyň ýük howa gatnawlarynyň sanawynyň hataryna türkmen paýtagty hem
girizildi.
Ýurdumyzyň howa gatnawlary ulgamynyň işgärleri yzygiderli halkara gatnawlarynyň
çäklerini giňeldýärler hem-de ozal bar bolan howa ýollarynda uçuşlaryň
ýygylygyny we gatnawlaryň möçberini artdyrýarlar. Häzirki wagtda
«Türkmenhowaýollary» nyşanly uçarlara Moskwanyň we Londonyň, Frankfurtyň we
Birmingemiň, Bangkokyň we Deliniň, Abu-Dabiniň hem-de Amritsaryň, Pekiniň hem
Stambulyň howa menzillerinde gabat gelmek mümkin. «Türkmenhowaýollary» Döwlet
milli gullugynyň wekilhanasy GDA-nyň ýene iki şäherinde Minskide (Belarus),
Almatada (Gazagystan) açyldy.
«Türkmenistan» kärhanasynyň uçarlary Pariže uçup başladylar. Geçen ýylyň
başynda Ankara (Türkiýe Respublikasy) hem-de Riga (Latwiýa) täze howa ýollary
açyldy. Ýakyn wagtlarda Eýran Yslam Respublikasyna hem-de Milan şäherine
(Italiýa) ýolagçy gatnawlaryny guramagyň meselelerine serediler. Öňdebaryjy
awiasiýa tehnikasyny, birinji nobatda bolsa «Boeing 777200» häzirki zaman
uçaryny ulanmak netijesinde ýurdumyzyň awiasiýa pudagynyň işgärlerinde halkara
gatnawlarynyň çäklerini ýene-de giňeltmäge mümkinçilik döredi.
Ahyrky netije-de biziň ulag ulgamlarymyz, hala ol awtomobil ýa-da demir ýol
ulaglary bolsun, hala-da howa ýa-da deňiz ýollarynyň ulaglary bolsun, tapawudy
ýok, olaryň hemmesi milli ykdysadyýetimiziň ösüşi üçin zerur bolan
durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegine, onuň eksport mümkinçiliklerini amala
aşyrmaga, halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge gulluk edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň logistika
maksatnamasynda aragatnaşygyň milli emeli hemra ulgamyny döretmäge aýratyn orun
berýär. 2015-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň ilkinji emeli hemrasynyň älem
giňişligine çykarylmagy, biziň ýurdumyzyň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk
döwründe hyzmatdaşlygyň aragatnaşyk köprülerini gurup, häzirki zaman dünýä
hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna işjeň goşulyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Pudak infrastrukturasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň hem-de
diwersifikasiýalaşdyrmagyň, iň öňdebaryjy enjamlary we täzeçilligi ulanmagyň
netijesinde ýurtda aragatnaşygyň köp ugurly ulgamy, telewideniýede we radioda
sanly alyp görkezmek we eşitdirmek üstünlikli hereket edýär, resminamalaryň
aýlanyşygynyň elektron ulgamy ornaşdyrylýar. Telefon beketleriniň ösen ulgamy
giň zolakly internete birikmegi we maglumatlary alyşmagy üpjün edýär. Ýurtda
transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek dowam etdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, sentýabr aýynda Aşgabatda geçen telearagatnaşyk,
telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we teleradio alyp görkeziş we
eşitdiriş enjamlarynyň «Türkmentel 2016» X Halkara sergisi hem-de onuň
çäklerinde geçen ylmy-amaly maslahat aýratyn kabul edilýär.
Bu halkara gözden geçirilişi ýurdumyzyň senagatynyň maglumatlar tehnologiýalary
we telearagatnaşyk boýunça üstünlikleriniň, bu ulgam boýunça ugurlaryň we
geljekki ösüş mümkinçilikleriniň aýdyň görkezijisi boldy. Maglumatlar
tehnologiýalary, telearagatnaşyk, telemetriýa hem-de ölçeg enjamlary, simsiz we
giň zolakly aragatnaşyk, ýokary hilli ses we wideo ýazgylary üçin enjamlar,
howa ýagdaýyny çaklamak, geçiriji önümler we onuň toplum esbaplary, aragatnaşyk
pudagynyň hyzmatlarynyň operatory, ýöriteleşdirilen tehnika, logistika we
beýlekiler ýaly bölümlerde iň täze işläp düzmeler görkezildi.
Türkmenistanyň aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» elektroaragatnaşyk
döwlet kompaniýasynyň hünärmenleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini çözüp, Türkmenistan Gazagystan,
Türkmenistan Özbegistan böleklerinde, şeýle hem Eýran bilen Owganystanyň
ýanaşyk ýerlerinde dykyz tolkunlaýyn multipleksirleme (DWDM) tehnologiýasynyň
binýadynda magistral süýüm optika ulgamyny döwrebaplaşdyrýarlar. Bu bolsa
telearagatnaşyk ulgamynyň mümkinçiligini onlarça esse atdyrar. Häzirki wagtda
Türkmenistan Gazagystan böleginde şeýle ulgam işe girizildi. Beýleki
seplemlerde bolsa taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Internet aragatnaşygynyň daşky ýaýlymy 2 esse artdy. Internet hyzmatlary ADSL
we Wi-Fi tehnologiýalary esasynda ýerine ýetirilýär. Welaýat we etrap
merkezlerinde NGN tehnologiýasy boýunça telefon awtomatlaryň täze görnüşleri
gurnalýar. Bu bolsa şol bir wagtda telefon internet aragatnaşygynyň
hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Diňe bir Aziýa sebitleriniň
däl-de Awstraliýanyň we Okeaniýanyň türgenleriniň gatnaşmagynda 2017-nji ýylda
Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde enjamlaryň täze
görnüşlerini satyn almak, daşky internet ýaýlymy giňeltmek, internetden
peýdalanýanlaryň sanyny artdyrmak boýunça maksatlaýyn işler alnyp barylýar.
Ilkinji türkmen emeli hemrasy uçurylandan soňra nobatdaky milli emeli hemrany
döretmek üçin tehniki gönükmeleri taýýarlamak hem tamamlandy. Bu emeli hemranyň
wezipesine Ýeri uzak aralykdan zondirleme usuly boýunça barlamak girýär.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň logistik strategiýasy ulag we aragatnaşyk
ulgamlarynyň ähli toplumlarynyň hil taýdan täze ösüşini, olaryň özara
gatnaşygyny hem-de haryt gatnawynyň hereketleriniň takyk sazlaşdyrylmagyny
kesgitleýär.
Häzirki döwür ylmyň we tehnikanyň okgunly ösýän döwri. Şonuň üçin hem häzirki
jemgyýeti telearagatnaşyksyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýigrimi birinji
asyr iňňän ýokary tizlikleriň hem-de yzy üzülmeýän maglumatlaryň döwri. Şonuň
üçin hem häzirki döwrüň maglumatlar giňişliginde telearagatnaşyk ulgamy
gitdigiçe ykjam ornaşýar.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa
geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasy we daşary syýasat
netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Ýewraziýa
yklymynda ulag-aragatnaşyk ýollaryny, şeýle hem tutuş dünýä ýüzünde
parahatçylyk, dostluk hem-de ylalaşyk köprülerini gurup, häzirki zaman dünýä
hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşýar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi