«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy 2016-njy ýyl
4. Nebitgaz toplumy
03.01.2017
Ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolan Türkmenistan häzirki döwürde dünýäniň kuwwatly nebitgaz düzümli döwletleriniň hataryna girýär. Geosyýasy we ykdysady taýdan amatly ýerleşmegi, ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça syýasatyň işjeň durmuşa geçirilmegi, energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän ugurlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi netijesinde soňky ýyllarda Türkmenistan ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hökmünde halkara derejesinde eýeleýän ornuny has-da berkitdi.
Ýurdumyzyň giň möçberli özgertmeler ýolunda gazanan üstünlikleri döwlet
Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly täzeçil syýasatynyň aýdyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň we döwletiň
durmuşynyň ähli ugurlaryny düýpli özgertmeler gurşap aldy. Bu babatda 2016-njy
ýylda hem guwandyryjy netijeler gazanyldy türkmen ykdysadyýetiniň durnukly
ösüşiniň depginleri saklanyp galdy, önümleriň ähli görnüşleriniň daşary
ýurtlara iberilýän möçberleri yzygiderli artdy, öňdebaryjy innowasion
tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze döwrebap önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek
boýunça işler üstünlikli dowam etdirildi. şu synymyzyň çäklerinde ýurdumyzyň
ýangyç-energetika toplumy bilen baglanyşykly möhüm wakalar barada durup
geçeris.
Geçen ýyl ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda döwlet hem-de halkara derejesinde uly
ähmiýete eýe bolan şanly wakalara hem-de ýokary görkezijilere baý boldy.
Türkmenistan energetika ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen,
energetika strategiýasynyň esasy ýörelgelerine laýyklykda goňşy döwletler bilen
hyzmatdaşlygy saklaýar. şeýlelikde, türkmen «mawy ýangyjy» Hytaý Halk
Respublikasyna hem-de Eýran Yslam Respublikasyna iberilýär. Türkmenistan
Owganystan Pakistan -Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ýokary depginde
alnyp barylýar.
Bu ägirt uly
halkara taslamanyň amala aşyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň
üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu strategiýa bolsa
nebitgaz toplumynyň ykdysady kuwwatyny hemmetaraplaýyn pugtalangyrmaga,
energiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de türkmen energiýa serişdeleriniň
Ýewraziýa yklymynyň iri bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen
ösdürmäge gönükdirilendir.
Ýakyn geljekde dünýäniň energetika kartasynda TOPH gaz geçirijisiniň peýda
bolmagy ählumumy energetika bazarynyň möçberinde möhüm wakanyň alamatlandyrýar
Türkmenistan esasy nebitgaz döwletleriniň arasynda ilkinji bolup «mawy
ýangyç» bilen üpjün etmekde taslama gatnaşyjy ýurtlaryň iri strategiki
hyzmatdaşlygynyň biri boldy. şunuň bilen baglylykda, halkara bilermenleriniň
baha bermegine görä, iri günorta-gündogar ýurtlarynyň, şol sanda Hindistanyň we
Pakistanyň ykdysadyýetleriniň ýokary depginlerde ösýändigini, diýmek, şu
bazarda tebigy gaza bolan islegiň ýylsaýyn artýandygyny bellemelidiris.
7-nji aprelde Türkmenistanyň paýtagtynda Türkmenistan Owganystan Pakistan
Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky,
24-nji mejlisi geçirildi.
«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «TAPI Pipeline
Company Limited» konsorsiumynyň agzalarynyň Maýa goýum ylalaşygyny ylalaşmak we
oňa gol çekmek mejlisiň esasy meseleleriniň biri boldy. Konsorsiumyň öňbaşçysy
hökmünde «Türkmengaz» döwlet konserni TOPH gaz geçirijisini gurmak,
maliýeleşdirmek, eýeçilik etmek hem-de ulanmak boýunça özara gatnaşyklara ýolbaşçylyk
eder.
Duşuşygyň barşynda taslama gatnaşyjylar we onuň Tranzaksion geňeşçisi
tarapyndan ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlar diňlenildi. Ýygnananlar
şeýle hem hukuk we tehniki meseleler bilen baglanyşykly möhüm meseleleri
ylalaşdylar we degişli çözgütleri kabul etdiler.
Ýygnananlar öz ýurtlarynyň bu gaz geçirijisiniň gurluşygynyň çalt amala
aşyrylmagyna hem-de türkmen tebigy gazynyň iberilmegine uly gyzyklanma
bildirýändiklerini tassyklap, ozal gazanylan, bilelikdäki işi işjeňleşdirmäge gönükdirilen
ylalaşyklar boýunça beýleki birnäçe meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Taslamanyň ilerledilmeginde möhüm tapgyry alamatlandyran Maýa goýum ylalaşygyna
gol çekildi.
Resminamada taslamanyň nobatdaky tapgyryny maliýeleşdirmek maksady bilen
TOPH-nyň paýdarlarynyň ilkibaşda ABş-nyň 200 million dollaryndan gowrak
möçberdäki goýumlary göz öňünde tutulýar. şeýlelikde, gazanylan ylalaşyk
taraplaryň ahyrky netijede dünýädäki iň iri energiýa serişdelerini iberijileriň
birini Günorta Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrmaga ýardam etjek gaz
geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy
bolup durýar. şol ýurtlarda ýangyç serişdelerine uly isleg bildirilýär.
Türkmen gazy Hindistanda we Pakistanda «mawy ýangyja» artýan islegleri
kanagatlandyrmaga ýardam eder. 2030-njy ýyla çenli şol ýurtlarda islegler iki
esse artyp biler. Mundan başga-da, ýangyjy üstaşyr geçirýän Owganystanyň
energiýa serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrar. Bangladeş hem bu
taslama gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. TOPH taslamasyny durmuşa
geçirilenden soň, Hindistan özüniň ilkinji transmilli gaz geçirijisine eýe
bolar.
Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýunda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň we Pakistanyň çäginde Türkmenistan
Owganystan Pakitstan Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň başlangyç
tapgyryny maliýeleşdirmek üçin 45 million dollardan gowrak serişdäni bölüp
bermek hakyndaky Karara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň degişli maliýe serişdelerini bölüp bermek hakynda kabul
eden çözgüdi bu «Türkmengaz» döwlet konserniniň we «Gail (India) Limited»
(Hindistan), «Inter state gas systems (Private) Limited» (Pakistan), «Afghan
Gas Enterprise (Owganystan), TAPI» Pipeline Company Limited" kompaniýalarynyň
we «Galkynysh Pipeline Company» ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň arasyndaky Maýa
goýum ylalaşygyna laýyklykda turbageçirijiniň gurluşygyna gönükdirilen ilkinji
serişdedir.
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda bu ägirt uly transkontinental energetika
geçirijisiniň gurluşygyna başlanmagy sebit möçberinde, şeýle hem Türkmenistanyň
energetika strategiýasyny mundan beýläk-de iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda
möhüm waka öwrüldi. Döwrebap ählumumy energiýa howpsuzlyk ulgamyny döretmek,
şol sanda türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny
kemala getirmek şol strategiýanyň möhüm meselesi bolup durýar.
Häzirki döwürde «Türkmengaz» we «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konsernleri
Owganystanyň serhedine çenli uzynlygy 214 kilometre barabar bolan
turbageçirijiniň türkmen böleginiň gurluşygyny alyp barýarlar.
Ägirt uly «Galkynyş» gaz käni täze energiýa geçirijisiniň serişdeler binýady
bolup hyzmat eder. Bu gaz känini abadanlaşdyrmagyň nobatdaky tapgyryna 2015-nji
ýylyň 13-nji dekabrynda belent mertebeli myhmanlaryň gatnaşmagynda badalga
berildi. Mälim bolşy ýaly, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde
«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan bu gaz känini abadanlaşdyrmagyň birinji
tapgyrynyň çäklerinde 2013-nji ýylda bu ýerde kuwwaty ýylda 30 milliard kub
metr harytlyk gaza eýe bolan zawodlar toplumy ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň
beýleki geljegi uly ýataklarynda hem netijeli işler alnyp barylýar. Tutuş
ýurdumyz boýunça gaz we gaz kondensat ýataklarynyň açylmagy hem muňa şaýatlyk
edýär.
Iri nebit we gaz gorlarynyň dünýä sanawyna girizilen Hazar deňziniň baý ýangyç
serişdeleriniň özleşdirilmegi hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýangyç-energetika syýasatynyň strategiki ugurlarynyň biridir.
Hut şu ýerde, deňiz ýalpaklygynda hem-de kenarýakasynda ýakyn onýyllyklaryň
dowamynda «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» çykarylýan möçberlerini ep-esli
artdyrmak göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigy gazy himiki taýdan gaýtadan işlemek boýunça
işler güýçli depginde alnyp barylýar Balkan welaýatynda polietilen we
polipropilen öndürýän hem-de Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzini
(GTG) öndürýän zawodlar gurulýar. Bu senagat desgasy dünýäde tebigy gazy
gaýtadan işlemegiň esasynda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa benzini
öndürýän ilkinji desga bolar. Ony 2018-nji ýylda ulanmaga bermek göz öňünde
tutulýar. Munuň özi 2 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik
berer.
Ýakyn geljekde gazy düýpli gaýtadan işlemek boýunça ýene-de birnäçe taslamalary
durmuşa geçirmäge girişmek meýilleşdirilýär.
Tebigy gazyň düzümindäki maddalary, ýagny metany, etany we beýlekileri himiki
taýdan gaýtadan işlemek, tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň tehnologiki
zynjyryny döretmek ägirt uly netijeleri berýär: gazy himiki usulda gaýtadan
işlemegiň derejesiniň ýokarlanmagy bilen alynýan himiki önümleriň bahasy hem
has ýokarlanýar. Döwlet Baştutanymyz ençeme gezek, şol sanda Ýaşulularyň
maslahatlarynda milli ykdysadyýetimiziň bu senagat pudagynda önümçiligi ösdürmegiň
wajypdygyny nygtady.
Geçen ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde
Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasy boýunça Maslahatyň 27-nji mejlisiniň
geçirilmegi möhüm wakalaryň biri boldy. Onuň netijeleri boýunça Türkmenistan
2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyk hökmünde yglan
edildi.
Munuň özi ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň,
hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasatynyň ählumumy
goldawa eýe bolýandygynyň hem-de hemişe işjeň orny eýeleýän we täze netijeli
çözgütleri gözlemäge gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň energetika
diplomatiýasynyň dünýäniň işewürler toparlarynyň hem-de bilermenler
jemgyýetçiliginiň arasynda uly seslenme döredýändiginiň nobatdaky aýdyň
subutnamasydyr. Halkara energetika hyzmatdaşlygy döwlet Baştutanymyzyň daşary
syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Mejlisiň işiniň barşynda Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak
Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklyk etmeginiň
özara bähbitli hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigini hem-de energetika
howpsuzlygy meseleleri boýunça düýpli gatnaşyklary ýola goýmaga, energetika
howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerine täze çemeleşmeleri
işläp taýýarlamaga gönükdirilen tagallalary birleşdirmek babatda öňde goýlan
maksatlara ýetmäge ýardam etjekdigini aýratyn nygtady.
Biziň ýurdumyz Energetika Hartiýasyny dörediji taraplaryň biridir we
Türkmenistanyň başlyklyk etmegi, ilkinji nobatda, halkara energetika
hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga, dünýä energetikasyny ösdürmegiň
wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin hil taýdan täze gepleşikler
meýdançasyny döretmäge, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny
başlan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli
Kararnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda ählumumy durnukly ösüşiň
möhüm şerti hökmünde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Dünýäniň onlarça ýurdy şol Kararnamalaryň awtordaşlary bolup çykyş etdi.
Türkmenistan bu halkara guramasynyň işine ýolbaşçylyk etmek bilen, özüniň ägirt
uly serişdeler kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmaga çalyşýar,
ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de energiýa
serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen
ösdürmek ýörelgelerine esaslanan syýasaty durmuşa geçirýär.
Energetika meseleleriniň ählumumy häsiýete eýe bolmagy energetika meselesini
türkmen diplomatiýasynyň binýatlaýyn ugurlarynyň hataryna çykardy. Halkara
energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde energiýa serişdelerini uly möçberli
iberýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň oňa gatnaşmagy bu diplomatiýanyň möhüm
ugurlarynyň birine öwrüldi.
Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnagyň nugtaýşy ýaly,
Türkmenistan dünýäde iň iri energetika kuwwatlyklarynyň birine eýe bolmak
bilen, adalatlylyk, önüm öndüriji hem-de üstaşyr geçiriji we sarp ediji
ýurtlaryň bähbitleriniň deňagramlylygyny berjaý etmek ýörelgeleri esasynda ýola
goýlan ählumumy energiýa howpsuzlygynyň durnukly ulgamyny döretmäge çalyşýar.
Özara bähbitli we uzakmöhletli hyzmatdaşlyga esaslanan hem-de bitewi ýörelgeler
we kadalar esasynda kemala getirilen energetika hyzmatdaşlygy dünýä
bileleşiginiň okgunly ösüşiniň girewidir.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda, ilkinji nobatda, özüne energiýa çeşmelerine
we olary eltmegiň serişdelerine howpsuz hem-de kepillendirilen elýeterlilik
meselelerini çözmegi birleşdirýän energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi
ählumumy häsiýete eýedir. Ol dünýäde umumy, şol sanda ekologiýa ýagdaýyna uly
täsir edýär. Energetika Hartiýasynyň mejlisleriniň yzygiderli geçirilmegi hem
muňa şaýatlyk edýär.
şunuň bilen baglylykda, köp şahaly turbageçiriji ulgamy döretmegiň hasabyna energiýa
serişdeleriniň eltilmegini üpjün etmäge ukyply ulag düzümini diwersifikasiýa
ýoly bilen ösdürmegiň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň strategiki ugry
bolup durýandygyny bellemelidiris. Bu strategiki ugruň durmuşa geçirilmegi diňe
bir energiýa serişdelerini iberýän, olary üstaşyr geçirýän we sarp edýän
ýurtlaryň arasynda däl, eýsem gyzyklanma bildirýän taraplaryň hem-de halkara
guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we Energetika Hartiýasynyň arasynda energetika
hyzmatdaşlygynyň toplumlaýyn ösdürilmegini göz öňünde tutýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň
mejlislerinde döwletimiziň garaýyşlaryny anyk beýan etdi. Energiýa
serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün
etmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk guralyny döretmek şol garaýyşlaryň
özenini düzýär. Türkmenistanyň bu mesele boýunça garaýyşlary dünýä
bileleşiginiň doly goldawyna mynasyp boldy. Munuň özi ýörite Kararnamalar bilen
berkidildi.
Ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli taslamalar
durmuşa geçirilende, halkara kadalaryň we ülňüleriň berk berjaý edilmegi
hökmany şert bolup durýar. şunda ekologiýa meselesi ileri tutulýan ugurlaryň
hatarynda çykyş etmelidir. şunuň bilen baglylykda, Türkmenistany Energetika
Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmek babatda ýurdumyzyň üstüne düşýän
jogapkärçilige ýokary derejede göz ýetirýär.
Türkmenistanyň Energetika Hartiýasyna başlyklyk etmeginiň dowamynda anyk
kesgitlenen şu ugurlara: taýyn önümi almak hem-de ony eksport etmek üçin
uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge; täzeden dikeldilýän energiýa
serişdelerini peýdalanmaga; energiýa serişdelerini howpsuz üstaşyr geçirmäge;
energiýanyň netijeliligini we energiýanyň tygşytlylygyny ýokarlandyrmaga;
energiýany ulanmagyň netijesinde daşky gurşawa täsiri peseltmäge; dünýäde
energiýa bolan ösen islegi kanagatlandyrmak maksady bilen, maýa goýumlary
höweslendirmäge hem-de Energetika Hartiýasyna agza ýurtlaryň maýa goýum
ýagdaýlaryny gowulandyrmaga; Hartiýanyň düzümine täze ýurtlaryny çekmäge
aýratyn üns berer.
Energetika ulgamynda giň we gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk XXI asyrda
dünýäde bolup geçýän durnukly hem-de öňdengörüjilikli ýagdaýlaryň esasy ölçegi
bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýşy ýaly,
energetika giňişliginiň häzirki zaman gurluşynyň geljegi, haýsy ýörelgelerde
dörediljekdigi, onuň howpsuzlygy we durnuklylygy bularyň hemmesi köp babatda
ählumumy ösüşiň umumy ugruny kesgitleýär. şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
energetika bazaryny göreşiň ýa-da bäsleşigiň meýdanyna öwürmek geçmişde
galmalydyr, şeýle çemeleşmeler häzirki zaman geosyýasy, ykdysady we durmuş
ýagdaýlaryna, senagat tehnologiýalarynyň ölçeglerine laýyk gelmelidir diýip
belleýär.
28-nji noýabrda Lebap welaýatynyň Ymamnazar demir ýol menzilinde transmilli
polat ýoluň Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysyny
ulanmaga bermek dabarasy boldy. Gatnawlaryň sebit ulgamynyň «altyn halkasyna»
öwrüljek Atamyrat Ymamnazar Akina täze ýoly işe girizmek dabarasyna
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam
Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz teleköpriniň kömegi bilen göni aragatnaşyk arkaly
adybir gümrük nokadynda gurlan, nebit önümleriniň kabul etmäge, saklamaga we
ugratmaga niýetlenen terminalyň işine ak pata berdi. Bellenilişi ýaly, 2015-nji
ýyl bilen deňeşdirilende, Türkmenistandan Owganystana dürli ýükleriň iberilýän
möçberi hem artdy. Bu görkeziji 2016-njy ýylda 1,4 million tonnadan gowraga
barabar boldy. Iberilen ýükleriň aglaba bölegi nebit önümlerinden hem-de
suwuklandyrylan gazdan ybaratdyr.
Döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy terminala gije-gündiziň dowamynda bir
wagtda nebit önümleriniň 540 müň tonnasyny ýa-da ýangyç serişdeleriniň 2 müň
tonnasyny kabul etmäge, saklamaga hem-de ugratmaga mümkinçilik berýär. Dabara
gatnaşyjylara monitorlarda demir ýol çeleklerinde terminala nebit önümleriniň
getirilişi, kabul edilişi, Owganystanyň serhedinde ýörite turbalar arkaly
berlişi, soňra bolsa ugratmak üçin ýöriteleşdirilen awtoulaglara ýüklenilişi
görkezildi.
8-nji noýabrda Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Sri Mohd Najib Tun Abdul
Razagyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ýangyç-energetika toplumynda
hyzmatdaşlyk etmek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň arasynda ileri
tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Malaýziýa syýasy-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda Türkmenistanyň möhüm
hem-de öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biridir. Malaýziýanyň iri «Petronas
Çarigali» kompaniýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk bu ulgamda ikitaraplaýyn
kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu kompaniýa ilkinjileriň
hatarynda Türkmenistanyň deňiz ýataklarynda işläp başlady.
«Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işini giňeltmek, şol sanda gaz
ulgamynda ýokary tehnologiýaly taslamalary amala aşyrmagyň hasabyna giňeltmek
üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Tehniki ugurly ýokary hünärli
hünärmenleri taýýarlamak bilelikdäki işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda
görkezildi.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda Halkara
nebit we gaz uniwersitetiniň, «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd»
kompaniýasynyň hem-de «PETRONAS» tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda Ähtnama
gol çekildi. Munuň özi bu ulgamdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge
kuwwatly itergi berer.
Geçen ýyl Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda
polipropilenden plýonka öndürmek boýunça sehiň gurluşygy tamamlandy. Häzirki
wagtda goýberiş-sazlaýyş işleri alnyp barylýar, ýakyn wagtda ony ulanmaga
bermek göz öňünde tutulýar. şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän
zawodynda ýokary oktanly benzinleri öndürýän desgany döwrebaplaşdyrmak işleri
tamamlandy. Bu işler çig mally rejeli ulanmaga, önümçilik ýitgilerini azaltmaga
we degişlilikde nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugynyň koeffisientini
ýokarlandyrmaga ýardam eder. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
talaplaryna laýyklykda bu desgalaryň ählisi hil we ekologiýa howpsuzlygynyň
kadalarynyň halkara görkezijileri nazara alnyp guruldy.
«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserni geçen ýyl durmuş maksatly desgalaryň
birnäçesini, şol sanda Aşgabady ösdürmegiň 14-nji nobatdakysynyň çäklerinde 66
öýli, dükanly 12 gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny amala aşyrdy we ulanmaga
berdi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejeli, 350
orunlyk «Gämi» myhmanhanasy guruldy. Onuň 3-13-nji gatlarynda 2 orunlyk
otaglaryň 120-si, ýokary derejeli «Delux» kysymly 4 orunlyk otaglaryň 18-sihem-de VIP derejeli 4 orunlyk otaglaryň 10-sy ýerleşdirildi. şeýle hem Awazada
3 million kub mertlik suw howdany guruldy, Aşgabatda bolsa nebitgaz pudagynyň Medeniişewürlik
merkezi ulanmaga berildi.
2016-njy ýylyň geologiýa-gözleg işleriniň netijeleri boýunça «Türkmengeologiýa»
döwlet korporasiýasy tarapyndan iki ýatak, bir gaz we bir gaz
kondensat-degişlilikde Çelekbaý we Halkabat ýataklary açyldy.
Çelekbaý ýatagy Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň çäginde ýerleşýär.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» müdirligi
tarapyndan burawlanan birinji guýudan 45114503 metr çuňlugy synagdan
geçirmegiň netijesinde gije-gündizdäki debiti 1 million kub metrden gowrak
tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Bu tebigy gor senagat derejesine degişlidir
we demirgazyk-günbatar ugurda Galkynyş käniniň gaz ýatakly zolagyny giňelder.
Halkabat ýatagy Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň çäginde ýerleşýär. Täze
ýatagyň meýdany 18,2 inedördül kilometre barabardyr. Düzümiň beýikligi 35
metrdir. Bu ýerde, 30703064 metr çuňlukda kükürtsiz gazyň 181 müň kub metrden
gowrak möçberdäki senagat akymy alyndy, ondaky kondensatyň möçberi 32 kub
metrden gowrakdyr.
Halkabat meýdançasynyň ozal ýüze çykarylan, häzirki wagtda işlenip geçilýän
Kükürtli, Babaarap we Kerwen gaz hem-de gazkondensat ýataklarynyň orta
böleginde ýerleşýändigini bellemek gerek. Gazyň düzüminde kükürdiň ýoklugy
hem-de gaz senagatynyň ösen düzüminiň golaýynda täze ýatagyň açylmagy bu ýatagy
ýakyn geljekde işe girizmäge mümkinçilik berer.
Her ýyl Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly pudaklaýyn
sergiler hem-de maslahatlar, Gaz kongresi, halkara maýa goýum we işewürler
forumlary dünýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň
kärhanalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändikleriniň
aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle duşuşyklaryň
geçirilmeginiň başyny başlap we goldap, bu forumlaryň ýurdumyzyň hünärmenleri
üçin öz mümkinçiliklerini görkezmek hem-de hyzmatdaşlary gözlemek babatda oňat
meýdança bolup hyzmat edýändigini belleýär. Dünýäniň iri energetika we
maşyngurluşyk kompaniýalary serginiň diwarlyklarynda iň soňky gazananlaryny
hem-de täze tehnologiýalaryny görkezýärler. Olaryň hatarynda ulag gaz
gatlaklaryny ýüze çykarmak, tebigy gazy çykarmak, arassalamak, taýýarlamak we
gaýtadan işlemek, dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak, uglewodorod serişdelerini
ibermek, gury ýerde hem-de deňizde senagat desgalaryny abadanlaşdyrmak,
kärhanalarda ekologiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça tehnologiýalar bar.
şeýle hem bu ýerde nebit we gaz guýularynyň netijeliligini ýokarlandyrmak
boýunça tehnologiýalar, dürli ölçeg enjamlary, turba we bu ulgamda ulanylýan
beýleki köpsanly önümler görkezilýär. Nebithimiýa we gazhimiýa ulgamlarynyň
gazanýan üstünlikleri hem giňden beýan edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda
bu ulgamlary ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Halkara ylmy maslahat oňa daşary ýurtlardan gatnaşýanlara ýurdumyzyň
ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary
işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollary we ulgamy mundan
beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň usullary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik
berýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gyzyklanmasy, ilkinji nobatda, milli
ykdysadyýetimiziň bu binýatlaýyn ulgamynda amala aşyrylýan düzümleýin
özgertmeleriň gerimi hem-de dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň
ýokary derejesi bilen şertlendirilendir.
Halkara gaz kongresi hem bu ulgamda işleýän hünärmenleriň arasynda uly
gyzyklanma döredýär. şeýle duşuşyklar özara gatnaşyklaryň has netijeli
ýollaryny gözlemek işinde möhüm orun eýeleýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara
enjamlary, döwrebap tehnologiýalary ibermek we hyzmatlary amala aşyrmak
ulgamynda hyzmatlaryny teklip etmäge hem-de türkmen kärdeşleri bilen göni
gepleşikleri geçirmäge ajaýyp mümkinçilikler döredilýär. Netijeli gepleşikler
bolsa geljekde Türkmenistanyň baý ýangyç-energiýa serişdelerini netijeli
özleşdirmäge hem-de rejeli ulanmaga gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalara
öwrülip biler.
Gaz kongresiniň mowzugy gaz pudagynyň meselelerini we ösüşiniň geljegini
şöhlelendirýär, sebitara energiýa üpjünçilik ulgamynda strategiki çözgütleri
işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Forumyň işewür maksatnamasynyň
çäklerinde köpsanly okuw maslahatlaryny hem-de tanyşdyryş çärelerini öz içine
alýan çäreler geçirilýär. Giň möçberli sergi bilen birlikde işewürlik
maksatnamasy ählumumy pudak forumy hökmünde kongresiň ähmiýetini has-da
artdyrýar.
şeýlelikde, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň okgunly ösmegi ýakyn
onýyllykda Türkmenistanyň diňe bir ýurduň bähbitleri üçin däl, eýsem, sebit we
dünýä möçberinde özüniň energiýa kuwwatyndan netijeli peýdalanyp, dünýä
bazarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyryljakdygy barada ynamly aýtmaga
mümkinçilik berýär. Mysal üçin, 2016-njy ýylyň 11 aýynyň netijeleri boýunça
nebitgaz toplumynyň kärhanalary tarapyndan maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça
meýilnama 154,5 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika strategiýasyny
yzygiderli durmuşa geçirmek bilen iri pudaklaýyn taslamalary amala aşyrmakda
ýurdumyzyň kärhanalaryna we hünärmenlerine uly ynam bildirýär. Häzirki wagtda
türkmen konsernleriniň önümçilik mümkinçilikleri, işgärleriň ýokary hünär
taýýarlygy hem-de milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly kuwwaty halkara derejeli,
giň möçberli we örän çylşyrymly tehniki taslamalary durmuşa geçirmäge
mümkinçilik berýär. Ýakyn geljekde türkmen hünärmenleriniň hem-de
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň mümkinçilikleriniň dünýäniň beýleki
ýurtlarynda hem gerek bolmagy gaty ähtimaldyr.
Bazar gatnaşyklaryň ösdürilmegi, oba hojalyk toplumyna maýa goýumlarynyň
möçberleriniň artdyrylmagy, Aziýa we Ýewropa ýurtlary bilen ykdysady
gatnaşyklaryň giňeldilmegi, haryt öndürijileriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige
ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy-bularyň ählisi Türkmenistanyň ýakyn ýyllar üçin
strategiki ösüşiniň esasy ugurlarydyr. Olar ýurdumyzyň dünýä ykdysady ulgamyna
ynamly goşulyşmagyna ýardam eder. Döwlet Baştutanymyz bu syýasaty yzygiderli
durmuşa geçirmek bilen, dürli derejedäki halkara duşuşyklarda türkmen tarapynyň
deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda giň we ysnyşykly
hyzmatdaşlyga taýýardygyny belleýär.
Halkara bileleşigi tarapyndan tassyklanan kadalara hem-de ýurdumyzda amala
aşyrylýan özgertmeleriň maksatlaryna we talaplaryna laýyk gelýän «Daşary ýurt
maýa goýumlary hakynda» hem-de «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň
täze Kanunlarynyň kabul edilmegi daşary ýurt maýalaryny çekmäge hem-de
öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Kanunlar milli we
daşary ýurt maýadarlary hem-de kompaniýalary üçin amatly şertleri we
kepillikleri döredýär, olaryň işini kadalaşdyrýar, nebitgaz ulgamynda köpugurly
halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň täzeçil pikirlenmäge hem-de uzakmöhletli wezipeleri
kesgitlemäge esaslanýan energetika syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde
ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryny tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak
boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurda dünýäniň esasy önüm
öndürijileri we nebitgaz enjamlaryny iberijileri bilen hyzmatdaşlyk
işjeňleşdirilýär. Ýangyç çig malyny çykarmak ulgamynda iň täze tehnologiýalary
we öňdebaryjy işläp taýýarlamalara aýratyn üns berilýär.
Häzirki wagtda günbatar ýurtlaryň kompaniýalary ýurdumyzyň nebitgaz senagaty
uly üns berýärler. Örän gysga döwrüň içinde türkmen hünärmenleri geologiki we
gidrodinamiki modelirlemegiň, üç ölçegli seýsmobarlaglaryň, gatlaklary
özleşdirmegiň we keseleýin burawlamagyň tehnologiýalaryny özleşdirdiler.
Geologiýanyň we geofizikanyň, nebitgaz ylmynyň we tejribesiniň ösüşinde
gazanylan üstünlikler, nebit we gaz senagatynyň täze tehnologiýalary, çuňňur
burawlamagyň tehniki mümkinçilikleri uly çuňlukda, çylşyrymly geologiki
şertlerde ýerleşen ýangyç ýataklaryny işläp taýýarlamakda giň mümkinçilikleri
açdy.
Kompýuter tehnologiýalarynyň uly kuwwaty üç ölçegli gidrodinamiki
modelirlemegiň hem-de nebit we gaz ýataklaryny işläp geçmegiň ähli
tapgyrlarynyň sazlaşykly alnyp barylmagynyň usullaryny ösdürmekde ep-esli
öňegidişlik gazanylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi.
Ýapgytlaýyn guýular nebitiň we gazyň çykarylyşynyň derejesini ep-esli
ýokarlandyrýan netijeli tehnologiýa bolup durýar. şeýle usul, ilkinji nobatda,
uglewodorod serişdeleriniň suwly ýataklardan almak üçin ulanylýar. Düýpli işler
nebit we gaz ýataklarynyň işläp geçmegiň adaty tehnologiýalaryndan ýataklary,
dolandyrmak tehnologiýalaryny, ýataklaryň uglewodorod ulgamyna täsir etmegiň
gurallaryny we usullaryny döretmäge geçmäge mümkinçilik berýär.
Nebit we gaz ylmy häzirki döwürde täze ösüşe eýe boldy. Munuň özi nebit we gaz
ýataklaryny gözlemek we işläp geçmek bilen baglanyşykly tutuş ulgamyň
kompýuterleşdirilmeginiň giň gerime eýe bolmagy, düýpli barlaglaryň
gazananlarynyň nebiti we gazy çykarmak we ibermek tehnologiýasyna
ornaşdyrylmagy bilen şertlendirilendir. Munuň özi bolsa nebit we gaz senagatyny
ösdürmegiň innowasion tapgyryna geçmäge şertleri döredýär. Döwletimiziň bu
babatda dünýäniň iri kompaniýalary hem-de ylmy merkezleri bilen üstünlikli
hyzmatdaşlyk edip, olaryň tejribesini öwrenýär, öz tejribesini paýlaşýar we
şeýlelikde, pudagyň geljegi üçin oňaýly şertleri döredýär.
Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli senagat maksatnamasy daşky gurşawy
goramak meseleleri bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyz halkara bileleşiginiň
bug gazlarynyň zyňyndysyny kemeltmek baradaky tagallalaryny goldamak bilen,
kem-kemden «ýaşyl» ykdysadyýete, senagatda, şol sanda nebitgaz,
elektroenergetika we ulag pudaklarynda ekologiýa taýdan howpsuz we serişdeleri
tygşytlaýjy tehnologiýalary, ulanmaga geçýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň
mejlislerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça Rio+20
maslahatynda, şeýle hem Ýaponiýada geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň
howpuny azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda hem-de Koreýa
Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda öňe süren başlangyçlary
bu ulgamda öňde durýan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. şol başlangyçlaryň
hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly
tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak, Araly halas etmek boýunça BMG-niň
ýörite maksatnamasyny, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak hem-de
Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygy üpjün etmek üçin täsirli
köptaraply gurallary döretmek baradaky teklipler bar. Hazar deňziniň täsin
biologiki toplumy, sözüň doly manysynda, tutuş adamzadyň gymmatlygy bolup
durýar.
Türkmenistan özüniň ägirt uly energetika kuwwatyny diňe bir milli bähbitler
üçin ulanman, eýsem dünýäniň halklarynyň ösüşiniň we abadançylygynyň, ählumumy
durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine ulanmaga taýýardyr.
Döwlet Baştutanymyzyň energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilmegini
diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de olary dünýä bazarlaryna eltmegiň
köpugurly ýollarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen oýlanyşykly
energetika strategiýasy hem hut şu maksatlara hyzmat edýär.
şeýlelikde, 2016-njy ýylda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary
tarapyndan pudagyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak boýunça möhüm işler amala
aşyryldy. Ýöne, öňümizdäki ýyllarda ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynyň işgärleri has
uly wezipeleri çözmeli bolarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow belleýär.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi