«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy 2016-njy ýyl
3. Senagat pudagy
02.01.2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna ulgamlaýyn we tapgyrlaýyn geçilmegi ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly toplumlaýyn wezipeleriň çözgüdi bilen utgaşdyrylýar. Ol ýokary tehnologiýaly önümçilik düzüminiň döredilmegini, ösüşiň gaýtadan işleýän ulgamyna geçilmegini, baý tebigy serişdelerimiziň binýadynda bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň artdyrylmagyny ugur edinýär.
Bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, önümçiligiň köpugurly esasda
ösdürilmegine, onuň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň senagat
taýdan ösüşiniň dürli ugurlaryna gönükdirilýän iri maýa goýum serişdeleriniň
özleşdirilmegine we önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna kuwwatly itergi
berdi. Önümçiligiň doly awtomatlaşdyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalaryň
ornaşdyrylmagyna, olaryň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň
önümçiligi boýunça kärhanalaryň döredilmegine we ýurdumyzyň eksport
mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
2016-njy ýyl döwlet baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen
amala aşyrylýan senagat syýasatyny durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm tapgyra
öwrüldi. Gurluşyk serişdeleriniň, himiýa senagatynyň, dokma we haly önümleri
boýunça önümçilik kuwwatlyklary ýokary hilli önümleriň möçberlerini artdyrmak,
pudaklaýyn düzümleriň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak we sazlaşykly ösüşi üpjün
etmek häsiýetine eýe boldy. Ýurdumyz üçin täze hasaplanylýan dag-magdan we
metallurgiýa pudaklarynyň esasy goýuldy. Elektrik we dürli gurallaryň
önümçiliginiň pudagy emele gelýär. Balygy gaýtadan işleýän senagat
ykdysadyýetdäki ornuny has-da pugtalandyrdy.
Mälim bolşy ýaly, täzeçil usullara esaslanýan gaýtadan işleýän önümçiligiň giň
ulgamyny döretmek, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply harytlaryň
önümçiligini pugtalandyrmak boýunça möhüm wezipeler Türkmenistanda daşary
ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik baradaky Döwlet
maksatnamasynda we ýurdumyzda öndürilýän eksport harytlarynyň möçberlerini
artdyrmak boýunça 2015-nji ýylda kabul edilen Döwlet maksatnamasynda
kesgitlendi. Bu maksatnamalaryň çäklerinde 110-dan gowrak taslamany durmuşa
geçirmek, şol sanda dokma, gurluşyk, himiýa we durmuş senagatyna degişli, şeýle
hem ýerli çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň köp görnüşleri boýunça
döwrebap kärhanalary gurmak meýilleşdirildi.
Ýurdumyzda bar bolan çig mal serişdeleriniň dürli görnüşlerini toplumlaýyn
esasda gaýtadan işlemäge gönükdirilen täze kärhanalaryň ulanmaga berilmegi
geljekde ykdysady ösüş üçin pugta binýadyň emele gelmegini, ýurdumyzyň sarp
ediş bazarynda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegini, halk hojalygy toplumynyň
degişli pudaklaryny senagatlaşdyrmagyň esasynda eksport mümkinçilikleriň artdyrylmagyny
şertlendirýär.
Häzirki döwürde gurluşyk serişdeleri senagaty pudagy ykdysady ösüşiň daşary
ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan esasy ugurlaryň biri bolup
durýar. Ýurdumyzyň işjeň esasda senagatlaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli
ýokarlanmagyny nazarlaýan durmuş syýasatynyň wezipelerine we maksatlaryna laýyk
gelýär. Şeýlelikde, «Türkmendemirbetonönümleri» önümçilik birleşiginiň
kärhanalary gurluşyk bazaryna diwarlyk panelleri, armirlenen bloklary,
keramziti, gurnama demirbeton önümlerini, bişen kerpiçi, diwarlyk beton
daşlaryny, örtük plitalaryny we başgalaryny ugradýar.
Sement önümçiligi pudagyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Uly isleg
bildirilýän sementiň önümçiligine gönükdirilen iri kärhanalaryň ulanmaga
berilmegi häzirki döwürde tutuş ýurdumyzda alnyp barylýan iri möçberli
gurluşyklary bu önüm bilen üpjün etmek wezipesini doly berjaý etdi. Geljekki
meýilnamalary nazara almak bilen, 2016-njy ýylda telekeçi düzümleriň
gatnaşmagynda sebitlerde ýyllyk kuwwaty 300 müň tonna semente barabar bolan
kärhanalary gurmak hakyndaky çözgüt kabul edildi.
Bu ulgamdaky önümçilik görkezijileri kanagatlanarlydyr. 2016-njy ýylyň
ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň, öndürilen önümleriň we
hyzmatlaryň möçberleri boýunça meýilnama 111,5 göterime deň boldy. Şunlukda,
demirbeton gurnamalarynyň önümçiliginiň ösüş depgini 7,0 göterim, keramzitiňki
bolsa 0,6 göterim boldy.
Geçen ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda döwrebap enjamlar bilen üpjün
edilen, izogama we folgaizola ýaly örtük serişdeleriniň önümçiligi boýunça täze
senagat toplumy ulanmaga tabşyryldy. Önümçiligiň 96,5 göterimi ýerli çig
mallary peýdalanmaga esaslanýan kärhananyň taslama kuwwaty ýylda 10 million
inedördül metr önümlere barabardyr. Ýurdumyz üçin täze pudakda ýokary hil
ülňülerine laýyk gelýän we içerki bazaryň isleglerini doly kanagatlandyrýan
gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi alnyp barylýar.
Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonkonstruksiýa» zawodynda ýylda keramiki we
kafel plitalaryny oturtmak üçin ýelim garyndylarynyň 4 müň tonnasyna barabar
kuwwaty bolan we ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen toplumyň
ulanylmaga berilmegi bu pudakdaky möhüm ädimdir. 2015-nji ýylda şeýle önümleriň
12 müň tonnasynyň öndürilmegi bilen öndüren hususy kärhanalaryň önümçilik
mümkinçiliklerini nazara almak bilen, içerki bazaryň sarp edýän 14 müň tonna
önümini üpjün etmek we ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň islegini kanagatlandyrmak
wezipesi çözüldi.
Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna
laýyklykda ýerli çig mallaryň esasynda ýurdumyz üçin täze önüm bolan ýylylyk
saklaýan hem-de kompozit gurluşyk serişdeleri öndürilýän has inçe bazalt
süýümleriniň önümçiligini döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu
önüm diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem uly islegden
peýdalanýar.
Bazalt süýümi ýokary berklik derejesi bolan önümdir. Ol polatdan 2,5 esse, aýna
süýüminden bolsa 1,5 esse berkdir. Onuň ýeňilligi, ýokary we pes howa
şertlerine, şeýle hem poslama, dürli himiki serişdelerine garşy durnuklylygy
ýokarydyr. Bazalt süýüminiň esasynda taýýarlanylýan ses geçirmeýän we ýylylyk
saklaýan serişdeleriň ulanyş möhleti 100 ýyldan hem gowrakdyr. Häzirki döwürde
bu önüm ähli ugurlarda giňden peýdalanylýar.
Aýratyn-da olar senagat we durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda, nebitgaz,
awiasiýa, himiýa, turba senagatynda, awtomobil we maşyn gurluşygynda,
elektroenergetikada, metallurgiýada, oba hojalygynda, gämi gurluşygynda,
nebithimiýa ulgamynda we beýleki pudaklarda ulanylýar. Şunlukda, bazalt
süýüminden taýýarlanylan önümler ekologiýa taýdan howpsuz derejä degişlidir we
onuň önümçiligi dünýäniň köp ýurtlarynda işjeň ösdürilýär.
Aýna önümçiligi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we uly
eksport geljegi bolan möhüm ugurlaryň biridir. Float usulyndaky aýna önümçiligi
ýurdumyz üçin täze görnüşli senagat tehnologiýalarynyň biri bolup durýar. Ahal
welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde aýna önümçiligi üçin esasy çig mal
hökmünde ulanylýan kwars çägeleriň önümçiligi boýunça iri kärhanalar toplumynda
hem şu tehnologiýa ulanylar. Bu önümçiligiň gurluşygyna 2015-nji ýylda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda badalga
berildi.
Onuň ýyllyk kuwwaty 7,2 million inedördül metr aýna barabar bolup, onda aýna
önümleriniň 7 görnüşi, şol sanda açyk, reňkli, lominirlenen we taplanan 4
millimetr galyňlykdaky aýnanyň önümçiligi ýola goýlar. Olar penjireleri, aýna
paketleri, şeýle hem açyk we reňkli dürli görnüşdäki, şol sanda 0,3 litrden 3
litr möçberi bolan aýna gaplarynyň 85 million birligini öndürmäge
niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde lukmançylyk serişdeleri üçin flakonlar
öndüriler. Bu kärhananyň ulanylmaga berilmegi degişli önümleriň daşary
ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmaga we geljekde onuň eksport ugruny
ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Şeýle hem Lebap welaýatynyň Magdanly şäherinde ýerleşýän «Türkmenmineral»
önümçilik birleşiginiň binýadynda döwrebap senagat kärhanalaryny döretmek
işleri alnyp barylýar. Kalsiý karbidiniň, gipsoangdrit materialynyň, döwlen
kaustik dolomitiň, dürli magdan däl gurluşyk serişdeleriniň, şeýle hem himiýa
senagaty üçin hlorlanan hekiň we azyk duzunyň önümçiligi onuň esasy ugurlary
bolup durýar. «Magdanly gurluşyk materiallary» pudaklaýyn kärhananyň binýadynda
«Milli önüm» hususy kärhana bilen bilelikde ýylda 100 müň tonna gips, gipsiň
esasynda gury gurluşyk garyndylarynyň 250 müň tonnasyny we 12 million inedördül
metr gipsokarton öndürmäge niýetlenen «Hilli gurluşyk önümleri» önümçilik
desgasyny açmak meýilleşdirilýär.
Gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere
ýerli hususy kärhanalary çekmek bilen Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda
keramiki plitalary we faýans önümlerini öndürýän kärhananyň, ýokary hilli
alýumin önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak
meýilleşdirilýär. Bu kärhanalaryň önümleri ýurdumyzyň gurluşyk serişdeleri
bazarynyň bolçulygyny, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini şertlendirer.
Ýurdumyzyň tutuş halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmagyň barşynda pudagyň
mundan beýläk-de berkidilmegine gönükdirilen möhüm himiýa önümçilikleriniň giň
möçberli gurluşygyna badalga berildi. Ozal hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak
we tehnologiýa taýdan enjamlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ägirt uly çig mal serişdelerine,
döredilýän ýokary tehnologiýaly düzümiň mümkinçiliklerine daýanýan himiýa
senagatynyň eksport kuwwatlyklary artýar.
«Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň kärhanalary boýunça 2016-njy ýylyň 11 aýynda
önümçilik kuwwatlyklarynyň ösüşi 15 göterimden artdy. Şol sanda
mineral dökünleriň ösüşi 3,1 göterime, sulfat natriniňki 154,8 göterime deň boldy.
Ýurdumyzda we tutuş dünýäde azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň barşynda mineral
dökünleriniň önümçiligini ýokarlandyrmak himiýa senagatynyň ösüşiniň esasy
ugurlarynyň birine öwrüldi. Täze kärhanalaryň işe girizilmeginiň we ozal
hereket edýän desgalary täzeçil usulda döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna bu pudak
ägirt uly ykdysady girdeji getirer.
Türkmenistanda tebigy gazyň ägirt uly gorlarynyň bolmagy ýurdumyzyň gazhimiýa
pudagynyň ösmeginiň möhüm şertini emele getirýän önümçilikde esasy çig malyň
üpjünçiligini ýola goýar. Mary şäherindäki karbamid we ammiak önümçiligi
boýunça zawodlar toplumy möhüm desgalaryň biridir. Häzirki döwürde
«Tejenkarbamid» we «Marykarbamid» ýaly hereket edýän desgalaryň önümleriniň
umumy möçberlerini nazara alanyňda ol ýurdumyzyň agrar pudagynyň azot
dökünlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, ýylda 450
müň tonna çenli döküniň eksport edilmeginiň durnukly ulgamyny kemala getirýär.
«Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli
maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde Balkan welaýatynyň Garabogaz
şäherinde ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna barabar karbamid önümçiligi
bolan täze kärhana hut şu maksada gulluk eder.
«Türkmenhimiýa» Döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corparation»
kompaniýasynyň we Türkiýäniň «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň düzümine
girýän «Gap Inşaat» gurluşyk kompaniýasynyň esasynda döredilen konsorsium bilen
baglaşylan şertnama laýyklykda uly taslama durmuşa geçirilýär. Ammiak önümçiligi
kärhanasy Daniýanyň «Haldor Topse AS» kompaniýasynyň tehnologiýalary bilen
enjamlaşdyrylar. Ol bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonna, ýylda bolsa
karbamid önümçiligi üçin möhüm çig mal bolan ammiagyň 660 müň tonnasyny
öndürmäge mümkinçilik berer. Umuman kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 3500
tonna, ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid öndüriler. Ol dünýä
bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümdir.
2016-njy ýylyň iýul aýynda Türkmenabat himiýa zawodynda ýylda 500 müň tonna
kükürt kislotasynyň önümçiligi boýunça bölümiň açylmagy bu pudakda halkara
hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. Bu waka
Türkmenistanyň ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini doly möçberde
özleşdirmegi esasy ugur edinýän ykdysady syýasatyny üstünlikli durmuşa
geçirmegiň ýolundaky möhüm ädimi alamatlandyrdy.
2013-nji ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan resmi saparynyň barşynda gol çekilen
ylalaşyklaryň we şertnamalaryň toplumy bu taslam girizildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenabadyň himiýa zawody pudagyň öňdebaryjy kärhanalarynyň
we ýurdumyzda fosfor dökünlerini öndürýän ýeke-täk düzümiň biri bolup durýar.
Fosfor dökünlerini öndürmekde örän möhüm hem-de zerur serişdäniň önümçiligi
täze kärhananyň uly geljeginiň bardygyny we onuň girdejili boljakdygyny äşgär
edýär. Onuň taslama kuwwaty diňe bir ýurdumyzyň içerki bazarlaryny ýokary hilli
kükürt kislotasy bilen üpjün etmän, eýsem önümiň uly bölegini eksporta
ugratmaga mümkinçilik berýär. Kükürt kislotasy metallurgiýa ulgamynda magdany
dargytmak, nebit önümlerini arassalamak tehnologiýasynda ulanylýar.
Kärhananyň tehnologiýa ulgamy doly awtomatlaşdyryldy we ol ähli ekologiýa
howpsuzlygynyň, daşky gurşawy goramagyň ülňülerine laýyk derejede amala
aşyrylýar.
Täze kärhanalar toplumyna edara ediş binasy, önümçilik bölümi, suwy himiki
arassalamak bölümi, her biri taýýar kükürt kislotasynyň 5 müň tonnasyny
saklamaga niýetlenen 4 sany rezerwuar, 20 müň tonna kükürde niýetlenen serişde
ammary, her biri arassalanan we arassalanmadyk suwuk kükürdiň 3 müň tonnasyny
saklamak üçin iki ammar girýär. Taýýar önümleri sarp edijilere ugradýan
tehnologiýa ulgamy birbada 5 gaba hyzmat etmek ulgamy bilen enjamlaşdyryldy.
Ýakyn geljekde Türkmenabadyň himiýa zawodynda hem kükürt kislotasyna bolan
gyzyklanma has ýokarlanar. Pudagy ösdürmegiň meýilnamasynda ýylda 300 müň tonna
ýokary hilli konsentrirlenen fosfor dökünleriniň önümçiligi boýunça täze
toplumyň gurluşygy göz öňünde tutuldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda
ilkinji we tutuş Merkezi Aziýa sebitinde iri kaliý duzlarynyň ýataklaryny
özleşdirmek boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy özüniň möçberi
we ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk maýa goýum taslamasydyr. Onuň durmuşa
geçirilmegi bilen ýokary hilli mineral dökünleriň önümçilik möçberleri has-da
artar.
Kaliý duzlary kaliý dökünleriniň önümçiliginde we oba hojalygynda uly islegden
peýdalanýan flotasion usul bilen hlorly kaliniň gaýtadan işlenilmeginde uly
islegden peýdalanýar. Onuň ulanylmagy oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň
ýokarlanmagyny, olaryň dürli howa şertlerine, kesellere we zyýan berijilere
durnuklylygyny ýokarlandyrýar.
Geologiýa barlaglarynyň maglumatlaryna görä, Lebap welaýatynyň Köýtendag
etrabynda ýerleşýän Garlyk käninde çig kaliý duzlarynyň gorlary 2 milliard
tonnadan gowrakdyr. Bu ýerde ägirt uly senagat merkezi emele gelýär. Onda milli
ykdysadyýetimiz üçin täze bolan dag-magdan senagatyny döretmäge girişildi. Bu
käniň işlenip taýýarlanylmagy we onuň çäginde kaliý duzlaryny çykarmak hem-de
baýlaşdyrmak boýunça kärhananyň gurulmagy önümiň bu görnüşini eksport etmek
üçin ägirt uly mümkinçiligi bolan ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösdürilmeginde
täze sahypany açar.
Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygynyň möhüm taslamasyny «Belgorhimprom» Açyk paýdarlar jemgyýetiniň
hünärmenleri türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde amala aşyrýarlar. Kaliý
dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplum ýylda 1 million
400 müň tonna önüme niýetlenendir.
100 gektardan gowrak meýdany bolan bu gurluşyk häzirki döwürde tamamlaýjy
tapgyrda alnyp barylýar. Ony 2017-nji ýylyň mart aýynda ulanmaga bermek
meýilleşdirildi. Toplumy taslama kuwwatyna çykarmak üçin ýylda 7 million
tonnadan gowrak magdan çykarmak we gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar. Önümli
gatlaklaryň açylmagy bilen olar iki dik şahta sütünleri bilen çykarylar. Olaryň
gurluşygy çylşyrymly ýagdaýlary özünde jemleýän örän netijeli tehnologik iş
hasaplanylýar. Geljekde senagat toplumy oba hojalyk pudagyny ekologiýa taýdan
arassa kaliý dökünleri bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem her ýylda bu
gymmatly önümiň 1 million tonnadan gowragyny eksport etmäge mümkinçilik berer.
Baý çig mal serişdeleriniň bolmagy Türkmenistana ýody, bromy we beýleki himiýa
önümleriniň köp görnüşlerini öndürýän iri ýurtlaryň hataryna goşulmaga
mümkinçilik berer. Balkan welaýatynda ägirt uly gory bolan iri känler bar. Ol
ýerde hereket edýän «Hazar», «Balkanabat» we «Bereket» kärhanalary her ýylda
570 müň tonnadan gowrak ýod öndürýärler. Türkmenistan ýoduň önümçiliginiň
möçberleri boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan
sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamasynyň çäklerinde tehniki
ýody, bromy we olaryň önümçilik desgalaryny gurmak boýunça birnäçe täze
desgalary bina etmek meýilleşdirildi. Bu desgalaryň gurulmagy bilen öndürilýän
tehniki ýoduň möçberleri has-da artar.
Hazar deňziniň demirgazyk tarapynda ýerleşýän Garabogazköl aýlagy dünýäde
tebigy şertlerde sulfat natrisiniň we beýleki gymmatly duzly minerallaryň
kristallaşmagynyň emele gelýän künjekleriniň az sanlylarynyň biridir. Häzirki
döwürde baý ýataklary işläp taýýarlamak çärelerini «Garabogazsulfat» önümçilik
birleşigi alyp barýar. Onuň sulfat natrisi, magnisi, hlorly magnisi öndürýän
bölümleri hereket edýär.
Garabogazköl aýlagynda gidromineral serişdeleri bilelikde toplumlaýyn
özleşdirmek, taslamalaryň durmuşa geçirilmegine öňdebaryjy tejribeleri we
enjamlary çekmek maksady bilen dünýä belli kompaniýalar bilen 2016-njy ýylda
geçirilen işewür gepleşikleriniň esasyny düzdi.
Şeýle hem, Balkanabat şäheriniň töwereklerinde kaustik sodanyň, suwuk hloruň we
hlorly önümleriň önümçiligi boýunça senagat desgalaryny gurmak
meýilleşdirilýär.
Himiýa pudagynyň çig mal we önümçilik mümkinçilikleriniň doly herekete
girizilmegi azyk bolçulygyny üpjün etmek, içerki bazarlary uly islegden
peýdalanýan ýokary hilli harytlar bilen doldurmak wezipeleriniň oňyn
çözülmegine mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
2016-njy ýylda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» pudaklaýyn
kärhanasynyň binýadynda 40 müň tonna ýodlanan azyk duzunyň we 2500 tonna gerdek
görnüşindäki tehniki duzuň önümçiligi boýunça täze bölümi gurmak hakyndaky
Kararynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemeli. Bu himiýa kärhanasy ýurdumyzda
şeýle önümleri öndürmek boýunça oňyn tejribe toplady. Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrabyndaky tükeniksiz duz gorlary bolan Guwly kölüniň tebigy käni
önümçiligiň çig mal binýady bolup durýar. Täze senagat kärhanasynyň işe
girizilmegi pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna kuwwatly itergi
berer.
Ýurdumyzyň dokma senagatyny ösdürmek milli ykdysadyýetimiziň strategiýasynyň
esasy ugry bolup durýar. Türkmenistanyň çig mal ugradyjy ýurt bolanyndan
dünýäde iri önüm öndüriji we taýýar önümleri eksport ediji ýurt derejesine
geçmegi boýunça öňde goýlan döwlet wezipeleriniň üstünlikli durmuşa
geçirilmeginde hut şu pudaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Häzirki döwürde onuň kuwwaty ýurdumyzda öndürilýän pagta süýüminiň ýarsyna
golaýyny gaýtadan işlemäge, ýylda nah-mata ýüplükleriniň 118 müň tonnasyny,
matalaryň 178 million inedördül metrini, trikotaž matalaryň 11 müň tonnasyny,
tüýjümek matalaryň 7,2 müň tonnasyny we 100 million sany tikinçilik we dokma
önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi içerki sarp edijileriň
isleglerinden has ýokarydyr. Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň 70
göterimi eksporta ugradylýar. Ol önümler ekologiýa taýdan arassalygy,
tehnologik hili we göze gelüwliligi bilen daşary ýurt sarp edijilerini özüne
çekýär.
Kärhanalaryň diňe bir tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy däl, eýsem tehnologik
ulgamyň netijeliligi dokma senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.
Dokma ulgamy boýunça birnäçe iri senagat düzümleri «Çig mal-taýýar önümler»
ýörelgesiniň çäklerinde hereket edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň
döwrebaplaşdyrylmagy, oňa ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi
ugrundaky tagallalary netijesinde ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümçilik
kuwwaty ýokary depginlerde ösdürilýär. Häzirki döwürde pudagyň dürli görnüşli
önümleriň önümçiligi boýunça 67 kärhanasy hereket edýär. Ýurdumyzda öndürilýän
pagtanyň 70 göterimini gaýtadan işlemek boýunça uzakmöhletleýin esasda
önümçilik düzümlerini pugtalandyrmak işleri dowam edýär.
Şeýle hem pudakda möhüm ugurdaş wezipeler amala aşyrylýar. Munuň özi içerki
bazarlary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler bilen
üpjün etmekden, eksport kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmakdan we halkara güwälere
laýyk gelýän harytlaryň önümçiligini artdyrmakdan ybaratdyr. 2016-njy ýylda
paýtagtymyzdaky nah-mata toplumynda ýyllyk kuwwaty 2 million 500 müň jübüt
jorap öndürmäge niýetlenen seh ulanmaga berildi. Şeýle hem Aşgabadyň Modalar
öýüniň binýadynda ýylda 23 müň örme harytlar boýunça trikotaž bölümi, Aşgabadyň
dokma toplumynyň binýadynda ýylda 5 müň tonna regenirlenen süýüm bolan dokma
garyndylaryny gaýtadan işleýän zawod işe girizildi.
Kakanyň pagta egriji fabriginde Türkmenistan üçin täze bolan ýylda egrilen
ýüplükleriň 1 müň 300 tonnasyny öndürýän sehiň gurluşygy batly depginlerde
alnyp barylýar.
Şeýlelikde, 2016-njy ýylyň 11 aýynda kärhanalar boýunça önümçilik meýilnamasy
108,2 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 1,2 göterime deň boldy.
Tikinçilik we trikotaž önümleriniň önümçiliginiň ösüşi 1,3 göterim, trikotaž
matalaryň önümçiliginiň ösüşi 2,9 göterim derejesinde boldy.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik maksatnamasynyň
çäklerinde Ruhabadyň dokma toplumynda ilat arasynda uly islegden peýdalanýan
emeli ýüpekden taýýarlanylan ýokary hilli we dürli görnüşli ştapel matalarynyň
önümçiligi ýola goýuldy. Şeýle hem geçen ýylda täzeçil tehnologiýalaryň
toplumlaýyn peýdalanylmagynda täze gabardin, kanwas, dürli geýimleriň
tikinçiligi üçin laýkr goşulan gabardin önümçiligi ýola goýuldy. Şu matalardan
Türkmenbaşy adyndaky Jinsi toplumynda «Bedew» milli nyşanly ýokary hilli erkek
kişileriň jalbarlarynyň önümçiligi ýola goýuldy.
Pudagyň kärhanalarynyň işiniň esasy ugry ýurdumyzda bedenterbiýäni we ýokary
netijeli sporty ösdürmek baradaky döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň
çäklerinde lybaslary taýýarlamak bolup durýar. Sport baradaky döwlet komiteti
bilen alnyp barylýan gatnaşyklar bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň
üstünlikli ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Onuň çäklerinde türkmen
türgenleriniň iri milli we halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy üçin degişli
nyşanlary we milli aýratynlyklary bolan gelşikli geýimleri taýýarlamak baradaky
ýörite buýurmalar ýerine ýetirilýär.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan
tassyklanylan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda
geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary bolan lybaslary we degişli
serişdeleri, sportuň dürli görnüşleri üçin milli lybaslary taýýarlamak boýunça
ägirt uly işler alnyp barylýar. Milli ýygyndy toparlarymyz, meýletin
ýardamçylar we degişli işgärler üçin ýurdumyzda taýýarlanylýan lybaslarda milli
bezeg aýratynlyklary bilen häzirki zaman ýörelgeleri utgaşdyrylýar.
Bu önümleriň nah we garyşyk matalardan, şol sanda Ruhabadyň dokma toplumynda
öndürilen ştapel matalaryndan, Gypjagyň, Gökdepäniň dokma toplumlarynda,
paýtagtymyzyň «Aşgabatdokma» we «Türkmenbaşydokma», Jins toplumlarynda, şeýle
hem «Ahal», «Bahar», «Bezeg» tikin fabriklerinde degişli nyşanlar bilen
lybaslaryň taýýarlanylýandygyny bellemeli.
Ýüpekçiligiň ösdürilmegi halkymyzyň durmuşynda gadymy döwürlerden bäri möhüm
orun eýeläpdir. Häzirki döwürde ýurdumyzda onuň ösdürilmegine ähmiýet berilýär.
Pudagy depginli ösdürmek maksady bilen, işlenip taýýarlanylan çäreler pileden
ýokary hilli ýüpekleriň önümçiliginiň artdyrylmagyna, ýüpekden taýýarlanylýan
we daşary ýurt sarp edijileriniň uly gyzyklanma bildirýän matalarynyň köp
möçberiniň öndürilmegine gönükdirilendir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän maksatnamalaýyn syýasaty netijesinde milli
mirasymyzy goramaga we ösdürmäge, halyçylyk pudagynynyň işini kämilleşdirmäge,
halkymyzyň ruhy we maddy medeniýetiniň gadymy däplerini ösdürmäge döwlet
tarapyndan uly goldaw berilýär.
Ajaýyp çeper senetkärçiligi giňden wagyz etmek, ajaýyp gözelligi bolan gadymy
matalaryň nusgasyny saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň
önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Türkmenistanda ozal hereket edýän
fabrikleriň we önümçilik sehleriniň binýadynda täze bölümler açylýar we ozal
bar bolanlarynyň durky täzelenýär. Olarda netijeli zähmet we ussat halyçylaryň
döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredilýär.
Türkmen halyçylarynyň el halylaryny dokamak boýunça milli däplerine daşary
ýurtlaryň bu sungatyň muşdaklarynyň gyzyklanmalarynyň yzygiderli artýandygyny
bellemeli. Ýurdumyzda türkmen halysyna bagyşlanyp her ýylda geçirilýän Halkara
sergisine we maslahatyna daşary ýurtly alymlaryň, öňdebaryjy hünärmenleriň,
meşhur haly öndürijileriň, işewürleriň, belli söwda kompaniýalarynyň
ýolbaşçylarynyň işjeň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Paýtagtymyzda iri
haly forumy däp boýunça her ýylda Türkmen halysynyň baýramçylygy mynasybetli
geçirilýär.
Häzirki döwürde «Türkmenhaly» Döwlet birleşigi ýurdumyz boýunça çeper halyçylyk
kärhanalarynyň uly toplumyny, şeýle hem ýüňi ilkinji gezek gaýtadan işleýän,
egirýän we boýag edýän ýöriteleşdirilen düzümleri özünde jemleýär.
2014-nji ýyldan bäri geçen döwürde Marynyň ýüňi ilkinji gezek gaýtadan işleýän
fabriginde ýylda 4 müň tonna ýuwulan ýüňi taýýarlaýan täze önümçilik bölümi işe
girizildi. Onuň önüminiň ondan bir bölegi pudagyň ýüň egirýän fabrikleriniň
isleglerini doly kanagatlandyrýar. Önümiň bir bölegi içerki bazara, beýleki bir
bölegi bolsa daşary ýurtlara ugradylýar. Şunlukda, ýurdumyzyň telekeçileri
milli halyçylyk işini ösdürmek, bazarlary owadan hem-de ýokary hilli önümler
bilen üpjün etmek mümkinçiligine eýe boldular. Halylar ýaşaýyş jaýlarynyň bolşy
ýaly, edara-binalarynyň, kärhanalaryň, durmuş-ykdysady maksatly desgalaryň
çeper bezegine öwrüldi.
Milli nagyş işleri bilen häzirki zaman ýörelgeleri esasynda öndürilýän
önümleriň möçberleri mundan beýläk-de artdyrmak, pudagyň kärhanalarynyň
önümçiligini ýokarlandyrmak üçin saryja tohumyndaky goýunlaryň ýazky ýüňleri
möhüm serişde bolup durýar. Olar aýratyn berkligi we ýüplükleriň çeýeligi bilen
tapawutlanýar. «Argaç» ýüň egirme fabrigi şu ugur boýunça ýöriteleşdirilen
kärhana bolup durýar. Onuň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmagy netijesinde
kärhana «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň halyçylyk kärhanalaryny arassa
ýüňleriň ýüplügi bilen doly möçberde üpjün edýär.
Ýurdumyzda iri Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň önümçilik binýady
giňeldilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna
laýyklykda, Lebap welaýatynda hereket edýän kärhananyň düýpli
döwrebaplaşdyrylmagynyň barşynda goşmaça täze önümçilik sehi gurulýar. Desganyň
işe girizilmegi bilen arassa ýüň ýüplükden dokalýan haly önümleriniň möçberleri
häzirki wagtdakysyndan her ýylda 1500 inedördül metr artdyrylar. Şeýle hem bu
ýerde äpet halylary dokamak göz öňünde tutulýar. Munuň üçin kärhananyň
ussahanalarynda has kämilleşdirilen we halyçylaryň zähmetini ýeňilleşdirýän
degişli gurnamalar işlenip taýýarlanylýar.
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwaty halylaryň
hem-de el haly önümleriniň öndürilişini meýilnama laýyklykda artdyrmaga
gönükdirilendir. Olaryň arasynda, täze gurulýan edara binalaryny hem-de dürli
maksatly desgalary bezemek üçin uly döwlet buýurmalary boýunça, şeýle hem
içerki bazaryň hem-de bu sungatyň daşary ýurtly muşdaklarynyň örän kän
isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýerine ýetirilen owadanlyk hem-de çeperçilik
taýdan ajaýyp nusgalyk önümler bar.
Şunlukda, 2016-njy ýylyň ýanwaryndan noýabryna çenli Döwlet birleşiginiň haly
kärhanalarynda 39 müň 447 inedördül metr haly we haly önümleri dokaldy. Bu
döwürde öndürilen önümleriň umumy möçberi boýunça meýilnama görkezijileri 109,0
göterim derejesinde ýerine ýetirilip, öňki ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende
4,6 göterim ýokary ösüş depgini üpjün edildi.
2016-njy ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzyň Abadan etrabynda, hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda haly we haly önümleriniň
senagat önümçiligi boýunça täze iri kärhananyň, «Abadan haly» açyk görnüşli
paýdarlar jemgyýetiniň açylyşy boldy. Bu şanly waka milli ykdysadyýetimiziň
nobatdaky ähmiýetli sepgide çykmagyny, gaýtadan işleýän senagat pudagynda
döwüriň talap edýän täze pudagynyň döremegini alamatlandyrýar. Soňky ýyllaryň
dowamynda bu ugurda durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge
ýurdumyzyň telekeçileriniň işjeň gatnaşmaklary mynasybetli hil taýdan täze
derejä çykmak üçin uly kuwwatlyklar döredildi.
Toplum esasy bölüm bolan-haly dokaýyş bölümini, taýýar haryt önümine çenli
işläp taýýarlaýyş bölümçesini, çig mal polipropilen we akril ýüplükleriniň
önümçiligi boýunça iki bölümçäni, şeýle hem türkmen el halylaryny taýýarlamak
boýunça bölümçäni öz içine alýar. Maşyn bölümlerinde öňdebaryjy daşary ýurtly
öndürijileriň iň täze tehnologiýalary guralandyr. Olar kärhana
awtomatlaşdyrylan usulda ýylda 800 müň metr haly we haly önümlerini öndürmäge
mümkinçilik berýär. Kärhana doly taslama kuwwadyna eýe bolandan soň bu ýerde
500 täze iş orunlary dörediler.
Täze halyçylyk kärhanasynyň tapawutly hem-de kanunalaýyk aýratynlygy hem
türkmen el halysynyň önümçiligi hem-de halk senetçiliginiň önümleri bolan keçe
hem palas dokamak boýunça bölüm bolup durýar. türkmen halkynyň gadymdan gelýän
senetleriniň inçe syrlaryny aýap saklamak, el işleriniň ajaýyp önümlerini
döretmek, bu milli baýlyga belent sarpa goýýan, bu sungata özüniň «Janly
rowaýat» hem-de «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitaplaryny bagyşlan hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döwlet syýasatynyň esasy
ugurlarynyň biri hökmünde ýokary göterildi. Mirasa sarpa goýmak, Watany
özgertmek ýyly halkymyzyň däp-dessurlarynyň dowamat dowam edýänligi, olaryň
ösdürilýänligi aýratyn äheňe eýe boldy.
Ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň tutuşlygyna, mundan beýläk hem batly
depginler bilen ösmegi üçin milli elektron senagatynyň gürrüňsiz uly ähmiýeti
bardyr. Ýurdumyzyň senagaty üçin täze bolan bu ulgamyň ösüşine ýurtda elektron
enjamlarynyň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça kärhanalary döretmegiň Döwlet
maksatnamasy güýçli itergi berdi.
Täze maksatnama bäsdeşlige ukyply, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen,
serişde we energiýa tygşytlaýjy elektron we elektrotehniki pudaklary döretmäge,
içerki hem daşarky bazarlar üçin harytlary öndürmäge gönükdirilendir. Ýarym
geçirijili bölekleri, Gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwrüji bölekleri,
elektron serişdelerini, awtomatika elementlerini, yşyklandyryş enjamlaryny, şol
sanda LED-çyralaryny, elektrik energiýasynyň sarp edilişini ölçeýän elektron
abzallary we beýlekileri öndürýän kiçi kärhanalary döretmek göz öňünde
tutulýar.
Elektrik paýlaýjy enjamlary, yşyklandyryş enjamlaryny öndürmek üçin kiçi
kärhanalaryň ulgamyny döretmek maksady bilen Senagat ministrliginiň
«Türkmenmaşyngurluşyk» Döwlet konserni bilen «Sowatly gurluşyk» hojalyk
jemgyýeti tarapyndan «Elektron ylhamy» atly ýöriteleşdirilen Hojalyk jemgyýeti
döredildi. Kärhananyň binalarynyň birinde 63 kBA kuwwatlylykdan 1000 kBA
kuwwatlylyga çenli transformator beketleriniň toplumynyň önümçiligi eýýämden
başlandy.
Awtomatika elementleriniň önümçiligi ýene bir ugurdyr. Bu maksat üçin Döwlet
konserni hem-de «Tehniki serişdeleriň serwisi» Hojalyk jemgyýeti bilelikde
«Senagat tehnologiýalary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretdiler.
Hususan-da bu ýerde «touch screen» maglumat electron tablolary, şeýle hem gün
energiýasy bilen awtomatiki usulda işleýän köçe salgyny görkezijileri öndürmegi
ýola goýmak göz öňünde tutulýar. «Jahan elektronik» hususy kärhana bilen
bilelikdäki beýleki bir kärhananyň, «Elektronik senagaty» kärhanasynyň işe
girizilmegi bilen häzirki zaman elekroenjamlaryň beýleki görnüşlerini hem
öndürmäge mümkinçilik dörär.
Mundan başga-da Aşgabadyň elektrotehniki zawodynda elektrik hasaplaýjylary
ýygnamak boýunça täze önümçilik bölümini açmak göz öňünde tutulýar. Bu ýerde bu
önümiň ilkinji nusgalary eýýämden ýygnaldy, geljekde bolsa yzygiderli önümçilik
ýola goýlar.
Uly maýa goýumlary gönükdirilýän balyk senagatynyň ösdürilmegi milli ykdysadyýetimiziň
eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de azyk ulgamyny pugtalandyrmaga
ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu
pudagyň ösdürilmegine ilkinji derejeli üns berilýär. Soňky ýyllarda pudagyň
hojalyk kärhanalarynyň hil taýdan täzelenmegi hem-de enjamlaşdyrylmagy, täzeçil
tehnologiýalar esasynda täze iri senagat kärhanalarynyň döredilmegi netijesinde
balyk tutulmagynyň möçberi yzygiderli artýar, şeýle hem balyklary emeli usulda
ýetişdirmäge hem-de howdanlardaky balyklary köpeltmäge, balyk önümleriniň giň
görnüşli önümçiligini artdyrmaga we ýokary hilli gaýtadan işlemäge gönükdirilen
çäreleriň netijeliligi ýokarlanýar.
Şunlukda, ýurdumyzyň balykçylyk gämileriniň üstüniň täze üç sany balyk
doňduryjy gämiler bolan, her biriniň sowadyjylyk kuwwaty 100 tonna barabar
bolan «Bereket», «Balykçy» hem-de"Garlawaç" gämileri bilen doldurylmagy
netijesinde Hazar deňzinde hem balyk tutulyşy ep-esli artdy. Şunuň bilen
baglylykda «Balkanbalyk» Döwlet kärhanasy tarapyndan öndürilýän önümleriň
görnüşlerini artdyrmaga hem mümkinçilik döredi.
Şunlukda, 2016-njy ýylyň 10 aýynyň netijeleri boýunça Hazar deňzinde balyk
tutulyşynyň möçberi 20 esse artdy. Ýylyň 11 aýynyň dowamynda bolsa Balyk
hojalygy Döwlet komitetiniň kärhanalary tarapyndan balyk önümleriniň
öndürilişiniň umumy ösüşi 22,6 göterime barabar boldy, şol sanda balyk tutmak
boýunça 23,7 göterim ösüş gazanyldy.
Pudagyň üstünlikli ösüşi Türkmenbaşy etrap merkezinde Merkezi Aziýa sebitinde
iň iri kärhananyň, bekre balyklary ýetişdirmek, gara işbil we balyk önümleri
toplumyň -ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Hazar balyk»
açyk paýdarlar jemgyýetiniň açylmagy bilen hem baglanyşyklydyr.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde bekre
balyklaryny emeli ýol bilen ýetişdirmek we balyk önümlerini öndürmek boýunça
ýene bir önümçilik toplumynyň gurluşygy baradaky çözgüt içerki bazary doly
üpjün etmek maksady bilen ýokary hilli balyk önümleriniň mukdaryny hem-de
görnüşlerini mundan beýläk hem artdyrmak wezipesi bilen şertlendirilendir.
Soňky ýyllarda Lebap welaýatynda hem-de Mary şäherinde işe girizilen balyk
önümlerini saklamak üçin niýetlenen täze desgalar, gaýtadan işleýji pudaklaryň
toplumlaýyn ösüşiniň hem-de ýokary hilli azyk önümleriniň öndürilişiniň
çäklerinde balyk senagatynyň depginli ösmegine gulluk eder.
Şeýlelikde, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan
üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň halk hojalygy toplumyny toplumlaýyn
senagatlaşdyrmak strategiýasynda, gaýtadan işleýji senagatyň gazanan
üstünlikleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň
ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň aýdyň mysaly bolup durýar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi