«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy 2016-njy ýyl
2. Maliýe-ykdysady ulgam
29.12.2016
Tamamlanyp barýan 2016-njy ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň nyşany astynda boldy. Döwletimiziň özbaşdak ösüş ýoluna düşmegi halkymyz üçin ykbal çözüji taryhy waka we dünýä bileleşigine oňyn täsirini ýetiren ýagdaýa öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Ýaşulular maslahatynyň mejlsinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, şu döwürde özygtyýarly Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen we hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk esaslandyrylan maksatnamalar durmuşa geçirildi. Ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyply milli modeli döredildi we ol üstünlikli hereket edýär.
2016-njy ýylyň görkezijileri oňyn özgertmeler syýasatyny alyp barmagy nazarlaýan ugruň netijelidigini nobatdaky gezek tassyklady. Çünki döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň baş maksady ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak bilen, Türkmenistanyň serişde, senagat, zähmet we aň-bilim mümkinçiliklerini köpugurly esasda ösdürmekden ybaratdyr.
şunuň bilen baglylykda, bazar ykdysadyýetiniň durmuş ulgamyna gönükdirilen
görnüşini ösdürmäge, kämil döwlet ulgamy bolan hereket ulgamyny tapgyrlaýyn
esasda döretmäge we netijeli telekeçiligi, döwrebap düzümi kemala getirmäge
aýratyn ähmiýet berilýär. şunuň bilen birlikde, tutuş ilatymyza durmuş
kepilliklerini üpjün etmek meseleleri öň hatarda durýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasynda bu ugurda anyk wezipeler kesgitlendi.
Işjeň maýa goýum syýasatyny geçirmek, dürli eýeçilikdäki döwrebap we dünýä
bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kärhanalary döretmek, olary iň
täze enjamlar bilen üpjün etmek, şeýle hem daşary ýurt maýalaryny çekmek, kiçi
we orta telekeçiligi höweslendirmek, olara goldaw bermek şol syýasatyň möhüm
ugry bolup durýar.
Bazar ýagdaýlarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşygyny göz öňünde tutýan
ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak konsepsiýasynyň bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn
esasda geçilýän şertlerde durmuşa geçirilmegi halk hojalygynyň ähli
pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün edýär. Pul karz bermek, maliýe we
salgyt-býujet pudaklarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan
toplumlaýyn çäreleriň örän uly ähmiýeti bardyr.
Munuň öz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi üçin ygtybarly
binýady döretdi. Bu ugurda kesgitlenen işler doly ýerine ýetirildi. Önümçiligiň
girdejililiginiň ýokarlanmagy, içerki bazarda uly islegden peýdalanýan we dünýä
bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň durnukly artmagy, ilatyň
maddy abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy, onuň durmuş goraglylygynyň
pugtalandyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Maliýe pudagynyň ösüşinde, salgyt-býujet we döwletimiziň baha syýasatynda
kadalaşdyryjy bolup durýan döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadynyň kemala
getirilmegi ykdysadyýetimizde gazanylýan ýokary netijeleriň baş şerti bolup
durýar. şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen
görnüşinde ykdysady we maliýe-karz ulgamy hakynda bölümiň girizilendigini
bellemeli.
Statistika maglumatlary ykdysadyýetimiziň ýagdaýyna anyk baha bermek üçin esasy
serişde bolup durýar. Hususan-da, 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler
Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň deslapky makroykdysady
görkezijilere laýyklykda aýdyşy ýaly, 2016-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüş
depgininiň 6,2 derejede bolmagyna garaşylýar.
Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň durnukly ösüşi, ilkinji nobatda,
ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklarynda goşmaça bahanyň ýokarlanmagy bilen
şertlendirilendir. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň deslapky
maglumatlaryna laýyklykda, tutuşlygyna alnanda, önüm öndürilişi geçen ýyl bilen
deňeşdirilende 3,4 göterim artdy.
Býujet ulgamynyň anyk düzülmegi ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşini emele
getirýär. şunuň bilen baglylykda, döwlet syýasatynda Döwlet býujetiniň
serişdelerini degişli maddalar arkaly paýlanmagyna aýratyn üns berilýär. Maliýe
serişdeleriniň netijeli dolandyrylmagy, ykdysady bähbitleriň goraglylygy
ykdysady gatnaşyklara degişli hukuk kadalaryny ulanmaga mümkinçilik berýär.
şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň düzgünleriniň netijeli
ulanylmagynyň ähmiýetlidigini bellemeli. Ol bu ulgamda ulanylýan halkara
tejribede özüniň bähbitlidigini görkezdi.
Bu ulgamyň tapgyrlaýyn esasda ornaşdyrylmagy pul serişdelerini kemala getirmek
ýagdaýynyň we olaryň ulanylyşynyň açyklygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär.
2016-njy ýylyň dowamynda Döwlet býujetini döretmekde köpugurly ykdysadyýetiň
ösüşi has-da ýokarlandy, senagatyň gaýtadan işleýän pudaklarynyň we olaryň
düzümleýin özgertmeleriniň möçberleri, kiçi we orta telekeçiligi döwlet
derejesinde höweslendirmek işleri has ýokarlandy.
Ilatyň durmuş üpjünçiligini, raýatlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň
goraglylygyny ýola goýmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup
durýar. Onuň baş maksady saglygy goraýyş, bilim, medeniýet we beýleki durmuş
hyzmatlaryny netijeli ösdürmek esasynda adam mümkinçiliklerini artdyrmak üçin
zerur şertleri döretmekden ybaratdyr. şeýlelikde, bu ulgamy maliýeleşdirmegiň
möçberleri şu ýylyň dowamynda 70 göterimden gowrak boldy.
Döwlet býujetinde zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmagyň, zähmet bazarynyň
meselelerini çözmegiň, raýatlaryň zähmete bolan konstitusion hukuklaryny
durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleriniň döredilmegine gönükdirilen çärelere möhüm
orun degişli bolup durýar. 2015-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda iş
üpjünçiligini we täze iş orunlaryny döretmek çärelerini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň,
şeýle hem ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde
ägirt uly işleriň bitirilýändigini bellemeli. Durmuşa geçirilýän giň möçberli
çäreler ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň
önümçilik kuwwatlyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Mundan başga-da, aýlyk haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp
haklaryny ýokarlandyrmak arkaly ilatyň durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak
möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň
Prezidentiniň Permanyna laýyklykda ýokarda agzalan tölegleriň möçberlerini 10
göterim artdyrmak bellenildi. Munuň özi durnukly makroykdysady ösüş we
adamlaryň abadan durmuşy üçin ygtybarly binýadyň döredilmegini şertlendirýär.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk haklarynyň möçberleriniň 2015-nji
ýyl bilen deňeşdirilende ortaça 9,4 göterim ýokarlanmagy munuň aýdyň
subutnamasydyr.
Salgyt ulgamy ykdysadyýeti döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň esasy maliýe-karz
guraly bolup durýar. Onuň kömegi bilen döwletimiz milli girdejileriň
paýlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Bu ulgamda durmuşa geçirilýän syýasat
ilkinji nobatda ýurdumyzyň pul serişdeleriniň toplanmagynyň, onuň netijeli
peýdalanmagyny höweslendirýän döwrebap ulgamyň kemala getirilmegine,
ykdysadyýetiň we jemgyýetiň bähbitleriniň sazlaşygynyň ýola goýulmagyna we onuň
geljekki ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanda hususy
pudagyň ösmegi bilen salgyt gullugynyň işi ýokarlandy. Täze önümçilik
kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi we dürli telekeçilik ugurlarynyň döredilmegi
salgyt binýadynyň giňeldilmegine, Döwlet býujetine gelip gowuşýan maliýe
serişdeleriniň möçberiniň artmagyna mümkinçilik berdi.
Ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap düzümi kemala getirmek bilen baglanyşykly
meseleler ykdysady syýasatyň möhüm ugurlary bolup durýar. şunuň bilen
baglylykda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň,
etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli
maksatnamasynyň» rejelenen görnüşiniň we her welaýatyň durmuş-ykdysady
ösüşiniň Maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan giň möçberli işleriň örän
uly ähmiýetiniň bardygyny bellemeli.
şol resminamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, her ýylda durnukly
önümçiligiň üpjün edilmegine, sebitleriň önümçilik, ykdysady, tehniki, durmuş,
hojalyk, ylym-bilim we tebigy serişdeler mümkinçilikleriniň ösdürilmegine ägirt
uly möçberdäki maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda,
hatda has çetki etraplarda möhüm we ykdysady taýdan zerur bolan düzümleýin
desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.
Ýokarda agzalan maksatnamanyň çäklerinde, şu ýylyň 11 aýynyň netijeleri boýunça
durmuş maksatly binalaryň 51-si, 3,9 müň kilometrden gowrak inženerçilik
ulgamy, 1 million inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary guruldy. Umuman, 2,2
milliard manat maýa serişdeleri özleşdirildi. şunuň bilen birlikde, sebitlerde
senagaty ösdürmegiň esasy ugrularyna laýyklykda giň möçberli gurluşyk işleri
alnyp barylýar. şeýlelikde, şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynyň dowamynda
desgalaryň 209-sy gurlup ulanylmaga berildi. Täze kärhanalaryň işe girizilmegi
netijesinde ýurdumyzyň içerki bazarlarynda haryt bolçulygy üpjün edildi we
goşmaça iş orunlary döredildi.
Bank pudagy ykdysadyýetimiziň möhüm ugry bolup durýar. Netijeli we dürs
usullaryň seçilip alynmagy bilen ýurdumyzyň banklary ykdysady ösüşiň baş
şertini emele getirýän işleri amala aşyrýarlar. Halk hojalyk toplumynyň ähli
pudaklarynyň ösüşine dahylly çäreler durmuşa geçirilýär we olaryň halkara
bazardaky orunlary pugtalanýar. Bu ulgamyň edaralarynyň işiniň baş maksady
milli pul birliginiň satyn alyjylyk ukybynyň we daşary ýurt puluna bolan
gatnaşygynyň durnuklylygyny üpjün etmekden, bank ulgamynyň işiniň sazlaşygyny,
ygtybarly we netijeli töleg ulgamyny ýola goýmakdan ybaratdyr.
«2011-2030-njy ýyllarda bank ulgamynyň ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň»
çäklerinde anyk işleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, häzirki döwürde karz
bermek, nagt däl hasaplaşyk we pul geçirimleri ýaly hyzmatlar ösdürildi. Bank
önümleriniň dürli görnüşlerini artdyrmak, ilata hödürlenýän hyzmatyň hilini
ýokarlandyrmak durmuşa geçirilýän çäreleriň esasyny düzýär.
Mundan başga-da, «mobil banking», «Internet-banking» ýaly hyzmatlaryň kömegi
bilen ony ulanyjylaryň islendik hyzmatlar we harytlar üçin töleg geçirip
bilmekleri üçin sanly tehnologiýa işjeň ornaşdyrylýar. Plastik kartlar ýaly
nagt däl hasaplaşyk ulgamy her bir raýatyň durmuş ulgamyna pugta ornady. «Altyn
Asyr» bank kartlarynyň ulanylmagy ilatymyz üçin pul dolanyşygyny ösdürmegiň
täze tapgyryny emele getirdi.
şunuň bilen baglylykda, hyzmatlaryň dünýä tejribesine laýyklykda, «VISA» we
«MasterCard» halkara töleg gulluklarynyň girizilmegi milli ykdysadyýetimiziň
dürli ugurlaryndan gelip gowuşýan býujet serişdeleriniň artmagyny, bank
ulgamynyň töleg ukyplylygy ýokarlanmagyny şertlendirýär we ol pes göterim
boýunça karz serişdelerini bermek üçin oňyn serişdeleri döredýär.
Ykdysadyýetiň pudaklaryna we kiçi telekeçilige karz serişdelerini bermek milli
bank ulgamynyň işine baha bermekde möhüm ýagdaýy emele getirýär. Döwrebap
ýokary tehnologiýaly senagat önümçilikleriniň we kuwwatlyklarynyň işe
girizilmegini ugur edinýän möhüm wezipeleriň çäklerinde ykdysadyýetimiziň
öňdebaryjy pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ýurdumyzyň banklarynyň tehniki we
tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda birnäçe toplumlaýyn çäreler
durmuşa geçirildi.
Ýurdumyzyň eksport ugruny nazarlaýan önümçiligini köpugurly esasda ösdürmek
maksady bilen, Döwlet daşary ykdysady iş banky gazhimiýa pudagyndaky
taslamalary durmuşa geçirmek we polietilen, polipropilen önümçiligi boýunça
toplumlaryň, kükürt kislotasyny öndürýän sehiň, tebigy gazdan benzin öndürýän
hem-de karbamid öndürýän zawodlaryň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin daşary
ýurtlardan serişdeleri çekmek çärelerine işjeň gatnaşýar.
şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 8-nji sentýabrynda Waşingtonda (ABş) Halkara
pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň güýzki mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň
Hökümeti bilen Yslam ösüş bankynyň arasynda TOPH gaz geçirijisiniň türkmen
böleginiň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmegi maksat edinýän Ylalaşyga
gol çekildi. Bu resminama laýyklykda, iri maliýe düzümi Türkmenistanyň
energetika syýasatynyň möhüm bölegi bolan we eksport ugurlaryny köpugurly
esasda ösdürmegi, energiýa göterijileriň dünýä bazarlaryna ygtybarly we howpsuz
eltilmeginiň üpjün edilmegini nazarlaýan möhüm taslamasynyň maliýeleşdirmegi
üçin ABş-nyň 700 million dollary möçberindäki karz serişdesini gönükdirdi.
Ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulýan şertlerinde
Ýewropanyň iri banklarynyň tejribesini öwrenmek, maliýe ulgamda dolandyryşyň
döwrebap usullaryny girizmek has-da derwaýys bolup durýar. Bank edaralarynyň
işinde öňdebaryjy abraýly maliýe guramalary, şol sanda Halkara pul gaznasy,
Bütindünýä bank topary, Halkara abatlaýyş we ösüş banky, Ýewropanyň abatlaýyş
we ösüş banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler bilen ýola
goýlan hyzmatdaşlygyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Bütindünýä ösüş bank topary ýurdumyzyň ozaldan gelýän we möhüm hyzmatdaşlarynyň
biri bolup durýar. Bu düzüm bilen saglygy goraýyş, ulag, dürli pudaklarda geňeş
hem-de tehnik goldaw maksatnamalary, milli statistika ulgamyny kämilleşdirmek
we maliýe monitoringi ýaly ugurlarda birnäçe taslamalar üstünlikli ýerine
ýetirildi. şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Hökümeti (Maliýe ministrligi)
we Bütindünýä bank topary bilen makroykdysadyýet we maliýe pudagy babatynda
tölegli geňeş hyzmatlaryny bermek hakyndaky ylalaşyga gol çekilmegi netijeli
ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi. Bu
resminama durmuş-ykdysady ösüşiň esasy maksatlary bilen baglanyşykly möhüm
wezipeleri çözmekde biziň döwletimize goldaw bermäge gönükdirilendir.
Germaniýanyň amanat kassalarynyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça Gaznasy
ýurdumyzyň bank işi boýunça möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. şunuň
bilen baglylykda, şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Merkezi banky bilen
Gaznanyň bilelikde guramagynda geçirilen «Bank işgärleriniň dual okuwyny
girizmek» sebitleýin okuw maslahatyny ýatlamaly.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen okuw maslahatyna
GFR-den, Gyrgyzystan Respublikasyndan we Täjigistan Respublikasyndan
wekiliýetler, ýurdumyzyň banklarynyň işgärleri gatnaşdylar. Onuň baş maksady
ýurdumyzyň we sebitiň döwletleriniň dünýä ykdysady giňişligine işjeň
goşulmagyny nazara almak bilen, bank ulgamyny mundan beýläk-de netijeli
ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri çözmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri
taýýarlamakdan ybaratdyr. Ýurdumyzda şeýle okuw maslahatynyň geçirilmegi
Türkmenistanyň halkara abraýynyň belende galýandygynyň, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdebaryjy maliýe düzümleri bilen işewür
gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirýän syýasatynyň ykrar
edilýändiginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri
bolan ýurdumyza uly gyzyklanma bildirýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Döwrüň talabyna, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna we milli kanunçylygyň
ugurlaryna, şol sanda bank ulgamyny kadalaşdyrýan düzgünlere laýyklykda alnyp
barylýan düýpli özgertmeler wezipelerine möhüm orun degişlidir. Soňky birnäçe
ýyllaryň dowamynda döwrüň we bu ugurdaky halkara ülňüleriniň ýagdaýlaryny
nazara almak bilen, kadalaşdyryş-hukuk resminamalar toplumy işlenip
taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda şu ýylyň oktýabrynda kabul edilen we goýum
goýujylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, bank ulgamyna bolan
ynamy berkitmäge gönükdirilen «Goýum goýujy şahsyýetleriň hökmany kepillikleri
hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bar.
şeýle hem ýurdumyzyň banklary tarapyndan raýatlaryň pul serişdelerini çekmek
boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Munuň özi islendik ýurduň milli
ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasy ugrudyr. Mälim bolşy ýaly, goýumlary saklamak
maliýe goraglylygyny döredýär we halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün
edýär. şunuň bilen baglylyk, bu ulgamyň kärhanalary tarapyndan ilat arasynda
pul serişdelerini netijeli peýdalanmak, şeýle hem maliýe sowatlylygyny
ýokarlandyrmak boýunça ýörite okuwlar guralýar. Munuň özi ýakyn geljekde
banklara has kämil goýum goýujylary çekmäge, şol bir wagtyň özünde
töwekgelçiligi peseltmäge mümkinçilik berer.
Gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça ýörite döwlet maksatnamasynyň
çäklerinde hem ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny bellemeli. şunuň bilen
baglylykda, ýurdumyzyň maliýe düzümlerinde hojalyk işleriniň gerimini giňeltmek
üçin jemgyýetiň pul serişdelerini jemlemäge gönükdirilen anyk işleri alyp
barmak wezipeleri durýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler, şol sanda döwlet
Baştutanymyzyň ätiýaçlandyryş ulgamynda we gymmatly kagyzlar bazaryndaky hünär
işini kämilleşdirmekde, şeýle hem döwlet gazna obligasiýalaryny çykarmak,
durmuşa geçirmek we üzmek ulgamyndaky işleri ygtyýarlylandyrmak hakyndaky
Düzgünnamany tassyklaýan Karara gol çekmegi, geljekde maliýeleşdirmegiň
çeşmelerini artdyrmaga, býujete goşmaça serişdeleriň çekilmegini üpjün etmäge.
önümçiligi döwrebaplaşdyrmak üçin maýa serişdeleriniň akymyny ýola goýmagy,
umuman, maliýe ulgamyny durnuklaşdyrmaga mümkinçilik berer.
Mälim bolşy ýaly, bazar gatnaşyklaryna geçilmekde ätiýaçlandyryş ulgamynyň
ösdürilmegi tutuş hojalyk guralynyň möhüm ugry bolup durýar. Häzirki döwürde
ýurdumyzyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy bu ugurda ýöriteleşen öňdebaryjy
halkara düzümler bilen bilelikde dürli pudaklaýyn töwekgelçiliklerden goraglary
üpjün edýän ätiýaçlandyryş maksatnamalaryny işläp taýýarlady.
şunuň bilen birlikde, daşary ýurt maýadarlaryny çekmek boýunça iri
kompaniýalaryň işi bilen baglanyşykly ýene bir ýagdaýy ýatlamaly. şahsy
taraplaryň emlägine hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň girizmegi we ýetirilen
zyýan üçin raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň
ätiýaçlandyryş ulgamynyň işini kämilleşdirmekde nobatdaky ädime öwrüldi.
Ykdysady, demografiýa, durmuş we ekologiýa ugurlarynda durnukly ösüşi üpjün
etmekde, şeýle hem halklaryň we döwletleriň häzirki jemgyýetde jemgyýetiň we
halkyň arasynda özara tanyşlyk söwdasy üçin häzirki jemgyýetde statistiki
maglumat esas bolup durýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek,
hemmetaraplaýyn esaslandyrylan dolandyryş çözgütlerini taýýarlamak boýunça
wezipeleriň toplumlaýyn esasda çözülmegine beýleki düzümler bilen bir hatarda
statistika gullugy ägirt uly goşant goşýar.
Ykdysadyýetiň yzygiderli ösüşinde milli önümleriň haryt dolanyşygyny öwrenmek
Institutyna möhüm orun degişlidir. Onuň işi çeýe mahabat we baha syýasatyny
döretmek, ýurdumyzyň önümleriniň köpugurly eksport mümkinçiliklerini döretmek
üçin daşary ýurtlaryň bazarlarynyň ýagdaýyna seljerme geçirmäge
gönükdirilendir.
Häzirki döwürde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik,
ýurdumyzyň eksporta niýetlenen harytlarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem
Türkmenistany senagat taýdan ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli
durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda täze önümçiligiň döremegine, daşary söwda
dolanyşygynda bar bolan oňyn ýörelgeleriň berkidilmegine, goşmaça iş
orunlarynyň döredilmegine, ilatyň pul girdejileriniň artmagyna, ykdysadyýetiň
hususy pudagynyň paýynyň ýokarlanmagyna we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
gatnaşyklaryň giňeldilmegine yzygiderli ýardam berilýär.
Öňdebaryjy pudaklaryň döwrebaplaşdyrylmagynda standartlaşdyrmaga möhüm orun
degişlidir. Ol halk hojalygyny meýilnamalaşdyrmak we dolandyrmak ulgamy bilen berk
baglanyşyklydyr. Döwletimiziň tehniki syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup
durýan standartlaşdyrmak ylmy we tehnikany sazlaşykly ösdürmek, önümçilige täze
tehnologiýalary ornaşdyrmak, bildirilen talaplara görä, öndürilýän önümleriň
hilini degişli derejede saklamak boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdinde
möhüm orun eýeleýär. Bu ulgamda alnyp barylýan işler bäsdeşlige ukyplylygy we
söwda gatnaşyklary ösdürmäge, raýatlaryň saglygyny we olaryň howpsuzlyk
derejesini ýokarlandyrmaga, öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň hilini
kämilleşdirmäge, söwda ulgamyndaky tehniki bökdençlikleriň öňüni almaga, sarp
edijileriň bähbitlerini, daşky gurşawy goramaga, ähli görnüşdäki serişdeleri tygşytlamaga
mümkinçilik berýär.
Hususy pudagyň ösdürilmegi milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn goldawy we
kiçi hem-de orta telekeçiligi höweslendirmäge gönükdirilen başlangyçlary soňky
ýyllarda bu pudagyň kuwwatly ösüşini şertlendirdi. Bu ugurda ýeňillikli karz
maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi has-da möhümdir.
Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk pudagynyň paýy
ýangyç-energetika toplumyny hasaba almanyňda jemi içerki önümiň 68 göterimine
barabardyr. Bu pudagyň kärhanalarynyň umumy sany 25 müňe ýetdi. Ýurdumyzyň
işewür düzümleriniň wekilleri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bir hatarla
gurluşykda we gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde amala aşyrylýan taslamalara
işjeň gatnaşýarlar. şol bir
wagtyň özünde ýurdumyzyň hususy kompaniýalary önümçilikde gazanylan serişdeleri
öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagyna gönükdirýärler we bazarda emele gelen
ýagdaýdan netijeli baş çykaryp, täze pudaklarda üstünlikli synaglary amala
aşyrýarlar.
Soňky ýyllarda Türkmenistan maýa goýum işjeňligi babatda ösüşiň täze derejesine
çykdy. Häzirki döwürde ýurdumyz dünýäniň işewür toparlary bilen gatnaşyklary
işjeňleşdirmek üçin zerur bolan mümkinçilikleriň ägirt uly gorlaryna eýedir. şu
ýylyň dowamynda daşary ýurtly maýadarlaryň netijeli işi üçin oňyn durmuş,
maliýe-ykdysady, hukuk tertibini kemala getirmek, milli ykdysadyýetimiziň maýa
goýum üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrmak, şol sanda degişli düzümi
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler netijeli dowam etdi.
şunuň bilen baglylykda. ýurdumyzyň maýa goýum ösüşi boýunça maksatnamalaryň
işlenip taýýarlanylmagyna we olaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýär.
şeýlelikde, uglewodorod serişdelerini çuňňur we toplumlaýyn gaýtadan işlemek
boýunça täze iri desgalar gurulýar, bilelikdäki eksporty ugur edinýän
kärhanalary döretmek, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny
tutýan önümçilikleri gurmak boýunça hemmetaraplaýyn işler alnyp barylýar.
Ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini we önümçilik pudaklarynyň
işjeňliginiň artdyrylmagyny ugur edinmek maýa goýum maksatnamasynyň häsiýetli
aýratynlygy bolup durýar.
2016-njy ýylda umumy bahasy ABş-nyň 5 milliard dollaryndan gowrak bolan 202
desganyň açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň hatarynda Aşgabatdaky
Halkara howa menzili, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýol geçelgesiniň
birinji nobatdakysy, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz
geçirijisiniň gurluşygynyň dowam etmegi, Lebap welaýatynda kuwwatly elektrik
bekediniň, paýtagtymyzda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar
uniwersitetiniň binalar toplumy bar.
şu ýyl ýaşaýyş jaýlary, köp sanly çagalar baglary, mekdepler, lukmançylyk
edaralary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda myhmanhanalar gulup,
ulanmaga berildi.
Ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda
amala aşyrylýan we ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen uzakmöhletleýin,
deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen syýasaty
işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Häzirki
döwürde Türkmenistan dünýäniň ýüzden gowrak döwleti bilen söwda gatnaşyklaryny
ösdürýär. Bilelikdäki taslamalaryň ykdysady taýdan netijeliligi, olaryň durmuş
taýdan ähmiýetliligi we ekologiýa babatda howpsuzlygy, anyk netijeleri gazanmak
üçin has peýdaly usullaryň tapylmagy özara gatnaşyklaryň esasyny düzýän
ýörelgelerdir.
Durmuş-ykdysady taýdan ösüş syýasatyny durmuşa geçirmek, ägirt uly tebigy
baýlyklary netijeli peýdalanmagyň we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň
hasabyna önümçilik pudaklarynyň ösüşini höweslendirmek arkaly Türkmenistan
ýurdumyza özüniň täze işläp taýýarlamalaryny, toplan tejribelerini we bilimini
gönükdirmäge taýýar dünýäniň işewür toparlary, iri kompaniýalary bilen
gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýär. Ägirt uly tebigy
serişdeleriň gorlarynyň, eksport we üstaşyr mümkinçilikleriniň bolmagy,
ykdysadyýetiň işjeň senagatlaşdyrylmagy, şeýle hem daşary ýurt maýalaryny çekmek
üçin amatly şertleriň we çeýe usullaryň bolmagy daşary ýurtly maýadarlaryň
geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga bolan
gyzyklanmalaryny ýokarlandyrýar. Daşary ýurtly maýadarlar we işewürler bilen
hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde
dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy
ösdürmäge çalyşýarlar.
şeýle hem Türkmenistanda edaralary we döwlet eýeçiligindäki desgalary
hususylaşdyrmak barada döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi daşary ýurtly
maýadarlaryň çekilmeginde möhüm orun eýeleýär.
şeýle hem ýurdumyzda we onuň daşynda işewürlik maslahatlaryň, Türkmenistanyň
Halkara maýa goýum forumlarynyň geçirilmegi gatnaşyklary ösdürmekde möhüm gural
bolup durýandygyny we onuň göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, özara haryt
dolanyşygynyň artdyrylmagyny şertlendirýändigini bellemeli. Her ýylda şeýle
çärelere dünýäniň onlarça döwletleriniň ýüzlerçe wekilleri gatnaşýarlar.
Dürli pudaklarda we ugurlarda dünýä bileleşigi bilen netijeli uzakmöhletleýin
gatnaşyklary ösdürmekde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara
toparlarynyň, ikitaraplaýyn işewür maslahatlaryň işine möhüm orun degişlidir.
şunda, degişli döwletara şertnamalary, ylalaşyklar baglanyşylýar.
Türkmenistanda her ýylda guralýan halkara pudaklaýyn sergiler sarp ediş
bazarlaryna ýurdumyzda öndürilýän harytlary ugratmak üçin netijeli meýdança
öwrülýär.
Umuman, 2016-njy ýylda maliýe-ykdysady ulgamda ýerine ýetirilen işleriň
jemlerini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňden
görüjilikli we oýlanyşykly özgertmeler syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ykdysady
kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça
işleriň üstünlikli ýerine ýetirilendigini ynam bilen bellese bolar.
Türkmenistan düýpli özgertmeleri, ähli pudaklardaky sazlaşykly ösüşi üpjün
edýän iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen ösüşleriň
belentliklerine tarap ynam gadam urýar.