«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy 2016-njy ýyl
10. Saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk
29.01.2017
Saglyk we raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri hakyndaky alada diňe bir döwlet maksatnamalarynda, Türkmenistanyň Kanunlarynda, lukmançylyk edaralarynyň, sport desgalarynyň giň möçberli gurluşygynda we şypahana, dynç alyş ulgamynyň ösdürilmeginde däl, eýsem, jemgyýetçilik durmuşynda, adamlaryň ruhy we medeni derejesiniň ýokarlanmagynda, milli ykdysadyýetimiziň ekologiýa taýdan ösüşinde öz beýanyny tapýar. Hut şu ýörelgeler we gymmatlyklar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasyny düzýär.
Ýurdumyzda ilatyň sagdynlygyny üpjün etmek, bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmek, syýahatçylyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek halkara gatnaşyklarynyň üsti bilen amal edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu möhüm üç strategik ugry Türkmenistan üçin wajyp hasaplanylýan «Aziada-2017-niň» taslamasynda bir bütewi görnüşi emele getirdi.
Hormatly Prezidentimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň Bitarap ýurdumyz üçin has-da ähmiýetlidigini belläp, bu oýunlaryň ilatyň bedenterbiýe hem-de sort bilen köpçülikleýin meşgullanmagy berk bedenli ýaş nesilleriň terbiýelenmegi we ýokary derejeli türgenleriň taýýarlanmagy üçin zerur şertleri üpjün etjekdigini nygtaýar. Aziada milli sporty dünýä derejesine çykarmakda möhüm orun eýeleýär. Hut şonuň üçin hem bu ugurda alnyp barylýan işleri milli däp-dessurlar we myhmansöýerlik ýörelgeleriniň biziň günlerimize ýetip gelen derejesiniň esasynda guramalydyr.
2016-njy ýyl üçin saglygy goraýyş,
sport we syýahatçylyk babatdaky teswirlemäni has ähmiýetli wakalardan başlamak
ýerlikli bolar.
5-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 500 günlük
dabaraly atly ýörişe badalga berdi. Ol Türkmenistanyň ähli sebitlerinden geçip,
Aziada-2017-niň açylýan gününde paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň baş
meýdançasynda tamamlanar. Bu waka bilen birlikde, Ýapyk binalarda we söweş
sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanjak senesiniň sanawy ýola goýuldy.
Dabaraly çäre 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawuna
girizilen we ady rowaýata öwrülen Parfiýa galasy bolan «Nusaý» döwlet
taryhy-medeni goraghanasynda geçirildi. Indi on ýyllyklaryň dowamynda bu taryhy
ýadygärlik diňe bir dünýäniň alymlarynyň däl, eýsem, köp sanly syýahatçylaryň
ünsüni özüne çekýär.
Geçen ýylyň maý aýynyň başlarynda Türkmenistana daşary ýurtly myhmanlaryň
ýüzlerçesi, şol sanda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň baştutany şeýh Ahmad Al Fahad Al
Sabah, Aziýa Olimpiýa Geňeşine agza ýurtlaryň, daşary ýurtlaryň iri habar beriş
serişdeleriniň birnäçesiniň wekilleri geldi.
Gadymy galanyň ýanynda gurnalan sahnalaşdyrylan çykyşlarda dabaranyň taryhy
pursatlary janlandy. Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş
etmek bilen, atly ýörişiň halkymyzyň baý medeni, milli mirasynyň,
däp-dessurlarynyň we häzirki döwürde ýeten derejesiniň hem-de gazanan
üstünlikleriniň aýdyň nyşanyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Bu ýerden Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny
we oýunlaryň alawuny göterip, 17 atly ýurdumyzyň ähli welaýatlary boýunça
dabaraly ýörişe rowana boldular. Atlylar her welaýatda 100 gün bolup, onuň
taryhy-medeni ýadygärliklerine we ajaýyp ýerlerine baryp görýärler. Dabaraly
atly ýörişiň geçişi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän telegepleşikler we
makalalar taýýarlanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip
taýýarlanylan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy
döwletimizi dünýäniň ýokary ykdysady görkezijileri we ilatyň aňrybaş
abadançylygy bolan kuwwatly ýurtlaryň hataryna çykarmak baradaky wezipeleri
goýýar. Şu maksat bilen amala aşyrylýan çäreler döwlet Baştutanymyzyň
ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny baş baýlyk hasaplaýan saglygy
goraýyş ulgamynda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň esasyny düzýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki zaman tehnologiýalaryny, täze
ylmy açyşlary, tutuş dünýäde keselleriň görnüşleriniň üýtgemegini nazara almak
bilen, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak
baradaky başlangyçlar oňyn işläp taýýarlamalaryň we täzeçil usullaryň esasynda
saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşini şertlendirdi.
2016-njy ýylda gurlup, ulanmaga berlen saglygy goraýyş desgalarynyň döwrebap
derejede enjamlaşdyrylyşy we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde iri bejeriş-öňüni
alyş edaralarynyň gurluşygy munuň aýdyň subutnamasydyr.
27-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deňiz ýakasyndaky
syýahatçylyk zolagynda «Awaza» döwrebap şypahananyň we Türkmenbaşy şäherinde
köpugurly hassahananyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Awazada gurulmagy meýilleşdirilen täze şypahana birbada 200 adamy kabul eder.
Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze lukmançylyk enjamlary bilen
üpjün ediljek ýöriteleşdirilen bölümler bejeriş-dikeldiş hyzmatlarynyň giň
ugurlaryna, dürli keselleri, şol sanda dem alyş ýollarynyň, daýanç-hereket
ugurlarynyň, nerw ýürek-damar ulgamlarynyň näsazlyklaryny anyklamaga
niýetlenendir.
Şypahanada fizioterapiýa, bejeriş bedenterbiýesi, rentgen, ultra ses
barlaglary, elektrokardiografiýa, elektroterapiýa, bejeriş owkalama otaglary,
kliniki barlaghana we beýlekiler hereket eder.
Dikeldiş merkeziniň birinji gatynda çagalar we ulular üçin howzy bolan
gidroterapiýa bölümi, deňiz we mineraly suwy bolan wannaly otag, parafin,
ozokerit, bejeriş ähmiýeti bolan palçyk hem-de Mollagara kölünden getirilen
dermanlyk palçyk bilen bejeriş ýola goýlar. Daýanç-hereket ugurlarynda
näsazlygy bolan näsaglar, şikesli ýa-da opeasiýa geçiren näsaglar üçin howza
girmek we ondan çykmak üçin ýöriteleşdirilen gurallar göz öňünde tutuldy. Olar
üçin ýaşaýyş otaglary, bejeriş gimnastikasy bolan zallar degişli derejede
enjamlaşdyrylar.
Taslamada saunasy we galoterapiýa otagy bolan SPA -salonlary göz öňünde
tutuldy. Otagyň içine ýörite köpgatly duz örtügi düşeler. Bu usul ýerasty duzly
gowaklaryň şertlerine laýyk gelýän mikrohowany döretmäge esaslanýar.
Şypahanada howa bejerişi, balneofizoterapiýa, iňňe refleksoterapiýa bilen bir
hatarda, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler ulanylýan fitoterapitýa
usulyna aýratyn ähmiýet berler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň
doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikler» atly
düýpli ylmy işinde köp ýüzýyllyklaryň dowamynda milli tejribede işjeň
peýdalanylýan dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklary beýan edilýär.
Mundan başga-da, näsaglaryň wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin tennis, bilýard
oýunlaryna niýetlenen sport zallary, çagalar üçin sport zaly bar. Toplumyň
çäginde açyk howuz, çaýhana, futbol, basketbol we tennis oýnamaga niýetlenen
sport meýdançalary ýerleşer. Şypahanany 2018-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga
bermek meýilleşdirildi.
Şeýle hem Awazada köpugurly sport toplumynyň gurulýandygyny bellemeli. Onuň
düzüminde sport oýunlary üçin arena, ýüzülýän howuzlar, şol sanda dürli
beýikliklerden bökmäge niýetlenen enjamlar, başa-baş söweş üçin niýetlenen
aýratyn bina, hokkeý we buzda figuralaýyn typmak üçin meýdança hem-de 2500
orunlyk tomaşa münberleri bolan iki gatly Buzly köşk bolar.
Täze hassahana barada aýdylanda bolsa, onuň düzümine iç keselleri bölümi,
hirurgiýa, akuşer, ginekologiýa, çaga hirurgiýasy, trawmotologiýa, urologiýa,
kardiologiýa, onkologiýa, ýiti zäherlenme we gemodializ ýaly ugurlar girer.
Mundan başga-da, bu ýerde fizioterapiýa, funksional anyklaýyş, tiz kömek, gan
banky, barlaghana, kislorod gurnamasy we beýlekiler göz öňünde tutuldy.
Türkmenabatda 836 orunlyk täze iri saglygy goraýyş merkezi gurulýar. Döwrebap,
köpugurly hassahananyň halkara ähmiýeti bolup, onda ýokary hünärli lukmanlaryň
işlemegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. 2016-njy ýylyň iýul aýynda döwlet
Baştutanymyz ýaşaýyş jaý toplumy bolan lukmançylyk şäherjiginiň gurluşygyna
badalga berdi.
Paýtagtymyzda giň möçberli lukmançylyk ulgamyny döretmek işleri dowam edýär.
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň bellenilýän senesi
bolan 21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda
Aşgabatda birbada dört desganyň açylyş dabarasy boldy. Olar Morfologiýa
merkezinden, Halkara newrologiýa merkezinden, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit
merkezinden hem-de Aýratyn howply keselleriň öňüni alyş merkezinden ybaratdyr.
Berzeňňide ýerleşýän we Halkara lukmançylyk merkezleri müdirliginiň düzümine
girýän Halkara newrologiýa merkezi ýurdumyzyň esasy ylmy-barlag we
bejeriş-anyklaýyş merkezi bolmak bilen, newrologiýa we garyşyk ugurlar boýunça
islendik wezipeleri çözmäge ukyplydyr.
Bu ýerde çagalarda we ulularda newrologiýa kesellerini bejermek üçin ähli zerur
şertler döredildi. Merkez birbada 120 näsagy kabul edip bilýär. Bölümleriň
hemmesi dünýä ölçeglerine kybap gelýän enjamlar, şol sanda magnit-rezonans
terapiýany, ultrases we beýleki bejeriş-anyklaýyş barlaglaryny geçmäge, beýni
gan aýlanyşynyň ýiti bozulmalaryny, arka beýniler kesellerini bejermäge
mümkinçilik berýän enjamlar bilen üpjün edildi.
Maslahat beriş-anyklaýyş bölüminiň hünärmenleri ýiti hroniki keseli, merkezi we
çetki nerw ulgamynyň keselleri bolan näsaglary barlamak hem-de olara ýokary
derejeli lukmançylyk kömegini bermek işlerini alyp bararlar.
Bu ýerde keseli takyk anyklamakdan başlap, näsaglaryň çalt sagalmagyny
kesgitleýän bejerginiň iň gowy ugruny kesgitlemek işleri başlanýar. Bölümde
newrologiýa we neýrohirurgiýa boýunça ýokary bilimli hünärmenler işleýär.
Otonewrolog lukmanyň otagynda beýni gan aýlanyşygynyň bozulmalarynyň,
neýroinfeksiýa hem-de beýleki patologiýalaryň dürli görnüşlerinde gulak nerwine
zeper ýetmäniň derejesini anyklamak we kesgitlemek üçin barlag (audiometriýa)
geçirilýär. Bu keseller gulaklarda sesiň bolmagy, eşitmegiň peselmegi, başyň
aýlanmagy ýaly ýagdaýlarda jemlenýär. Barlag geçirmek üçin ykjam kompýuterli
«SentieroAdvanset» («Happersberg» german kompaniýasy) enjamy hem-de eşidiş
enjamlaryny sazlamaga mümkinçilik berýän, programmalaşdyrýan enjamly «Maxi
Sound Shelter» audiometriki otagy niýetlenendir.
Nemes işläp düzüjileri bu ýerde oturdylan enjamlary adaty barlaglardan
başga-da, ýörite otonewrologik barlaglary: wideookulografiýa gözleriň
göreçleriniň hereketlerini grafiki hasaba almaga esaslanan; stroboskopiýa
-bogaza zeper ýetmeleri kesgitlemek usuly bolup, olar insult keselli hassalarda
newrologik anyklaýşy kesgitlemek üçin örän möhüm bolup durýar;
timpanometriýa-aralyk gulagyň newrologik we otolaringologiki patologiýasyny
anyklamak usuly; stabulometriýa -daýanç-hereket ediş, nerw ulgamy, westibulýar
we görüş seljerijiler tarapyndan bozulmalary kesgitlemek bolup durýar. Bu
usullaryň ulanylmagy çylşyrymly newrologik keselli hassalarda anyklaýyş
geçirmäge hem-de dikeldiş bejergisiniň netijeliligine gözegçiligi amala
aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Ýokary tehnologik german enjamlary bilen üpjün edilen oftalmolog göz
lukmanynyň otagynda gözüň içiniň damarlaryny barlamak, gözüň içki basyşyny
näsag üçin howpsuz usulda ölçemek üçin ähli mümkinçilikler bar. Ýörite abzal
kompýuter perimetri näsagyň gözüniň görşüni barlamak üçin niýetlenip, onuň
netijeleriniň kesgitlenmegi patologik keseliň ýagdaýy barada düşünje berýär.
Endoskopik barlaglar anyklaýyş bölüminde otaglaryň enjamlaşdyrylyşy ünsüňi
özüne çekýär. «Siemensiň» önümi bolan «Asuson S3000» ultrasesli köpugurly enjam
bir wagtyň özünde barlaglaryň üç görnüşini geçirmäge mümkinçilik berýär. Olar
reňkli şekili almak mümkinçiligi bilen kelle beýniniň böleklerinde takyklygyň
ýokary derejesini barlamakdan ybaratdyr. Şeýle hem ulgamyň serişdeleri adaty
doppler düzgünlerini (2D, 3D, 4D) peýdalanmagyň çäklerinden daşary çykmaga
hem-de damarlaryň gysylma derejesini, gan akyşynyň tizligini kesgitlemäge,
kelle beýnisini iýmitlendirýän uky we oňurga damarlarynda aterosklerotik
dykyzlygy ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.
«Siemensiň» öňdebaryjy tehnologiýalary ýüregiň bir urgusynyň dowamynda ýüregiň
üç ölçegli şekilini özgerdýän we döredýän tehnologiýaly ultrasesli skanerde
jemlenendir. Endoskopiýa otagy «FUJINON» ýapon şereketiniň abzallary bilen
üpjün edilip, olar Bluray/DVD görnüşde ýazgy geçirmäge we ýokary takyklykdaky
şekili almaga mümkinçilik berýär.
Rentgen anyklaýyş bölüminde magnit-rezonans tomografiýasy hem-de angiografiýasy
babatda innowasion tehnologiýalar hereket edýär.
Hususan-da, bu ýerde Türkmenistanda ilkinji gezek «Siemensiň» 3 Tesla magnit
meýdanly iň täze magnit-rezonans tomografy oturdyldy. Bu enjamyň birnäçe
aýratynlyklary bolup, has ownuk şekilleri görmeklikde mümkinçiligi iki esse
ýokary bolup, kelle beýni dokumasynyň üýtgemelerini, irki döwürdäki gan
ýetmezçilik, sowuklama, ownuk zeperlenme ojaklary, çylşyrymly damar kesellerini
has takyk anyklamakda ähmiýeti uludyr.
Bu enjam magnit meýdanynyň dartgynlylygynyň ýokarylygy sebäpli barlagy iki esse
tizleşdirilen ýagdaýda geçirmäge ukyplydyr. Mysal üçin, tutuş merkezi nerw
ulgamyny barlamak üçin 10 minutdan hem az wagt gerek bolýar.
Angiografiýa bölüminiň rentgen-endowaskulýar otagynda «Siemensiň» ýene-de bir
täsin enjamynyň täze angiografyň işi hereket edýär. Bu enjam ýurdumyzda
ilkinji gezek anyklaýyş gullugynyň ygtyýaryna gelip gowuşdy. Bu enjamyň kömegi
bilen, kelle beýni gan damarlaryny görmek we olara baha bermek bolýar. Ol
ýörite ulgama birigip, kelle beýniniň dokumalarynyň gan aýlanyşygynyň umumy
göwrümine baha bermek bolýar.
Şunuň ýaly köpugurly enjamyň ulanylmagy kelle beýniniň gan aýlanyşygynda ýiti
bozulmalara getirip biljek keselleri irki döwürde ýüze çykarmakda uly ähmiýete
eýe bolup durýar. Ahyrky netijede bu ýokary hilli bejerişiň täze netijeli
usullaryny işläp taýýarlamaga ýardam edýär.
Operasiýa bölümleriniň her birinde neýrohirurgiki operasiýalarynyň dowamynda
nerw damarlarynyň geçirijiligine we olaryň bitewüligine gözegçilik edip, ysmaz
ýaly gaýra üzülmeleriň hem-de beýleki newrologik bozulmalaryň öňüni almaga
ýardam berýän intraoperasion neýromonitoring ulgamy oturdyldy.
Hirurgiýada täze söz bolan «Siemensiň» «Cios Alpha» ykjam ulgamy entek dünýäniň
lukmançylyk tehnikalarynyň sanawyna girip ýetişmese-de, eýýäm biziň ýurdumyzda
ulanyp başlandy. Bu enjamyň kömegi bilen, operasiýa döwründe ýörite serişde
ulanmazdan, patologiki ojagyň damar üpjünçiliginiň ýerleşýän ýerini kynçylyksyz
tapyp, anyk kesgitläp bolýar. Ulgam uly synlaýyş meýdanly takyk şekili alyp
bilýär hem-de ýokary aralaşmak ukybyna eýedir, munuň özi dowamly we çylşyrymly
operasiýalar üçin örän möhümdir.
Fizioterapiýa bölüminde bar bolan enjamlaryň kömegi bilen insultdan soňky
ýagdaýda daýanç hereket ulgamynyň bozulmalary we hereket durnuksyzlygy bar
bolan näsaglarda dik ýagdaýda howpsuz durmagy, deňagramlylygy saklamagy hem-de
hereket sazlaşygy üçin maşklary geçirilip, näsagyň dikeldiş döwrüniň
gysgalmagyna getirýär.
Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi innowasion kärhana bolup, onuň işi
durmuş hem-de biologik şertleriň ilatyň saglygyna täsir etmegi, umuman,
ekologiýa taýdan arassa azyk tehnologiýalaryny we sagdyn iýmitlenmek kadalaryny
işläp taýýarlamagy babatda ylmybarlaglary geçirmäge gönükdirilendir.
Merkez döwrebap barlaghana hem-de lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi,
munuň özi onuň işinde amaly we ylmy-barlag hem-de tejribe-önümçilik
wezipelerini çözmek üçin öňdebaryjy usullary peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Merkeziň işiniň esasy ugurlary bioindikasiýa usullarynyň esasynda daşky gurşawa
gözegçilik etmekden, azyk önümlerine, şol sanda daşary döwletlerden ýurdumyza
getirilýän azyklyk harytlaryna yzygiderli gözegçilik etmekden, arassaçylyk
kadalaryny, kesellere garşy göreşmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan düzgünlerini
işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.
Binada aýratyn howply ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy göreşmek, azyk
önümlerini we olary gaplamak üçin serişdeleriň döwlet hasaba alyş, bazarlara
gözegçilik barlaghanasy, ýöriteleşdirilen azyk barlaghanalary, daşky gurşaw,
zähmet, jemagat we radiasion gigiýena, toksikologiýa, bakteriologiýa,
wirusologiýa, parazitologiýa, epidemiologiýa hem-de immuno biologik
serişdeleriniň merkezi ammary bolan immunologiýa bölümleri bar.
Merkeziň hünärmenleri azyk önümleriniň hili hem-de howpsuzlygy,
ekologiýa-biologiýa gurşawy, azyk önümleri we suw bilen bagly bolan keselleriň
öňüni almak babatda barlaglary geçirýärler, şeýle hem ýokanç keselleriň
çeşmelerini kesgitlemek üçin wiruslary, bakteriýalary hem-de parazitleri
öwrenýän ylymlaryň belli bir ugurlary boýunça işleri amala aşyrýarlar.
Bu edaranyň işe girizilmegi bilen döwrebap we ylmy-tehniki çemeleşmeler arkaly
«Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek
boýunça Aşgabat Jarnamasynda kesgitlenen wezipeleri 2014-2020-nji ýyllarda
ýerine ýetirmegiň milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn
iýmitlenmeginiň 2013-2017-nji ýyllar üçin milli maksatnamasyny» hem-de
«Türkmenistanda 2003-2020-nji ýyllar üçin ummun-öňüni alyş milli
maksatnamasyny» ýokary guramaçylykly amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler
açyldy.
Wiruslary öwreniş bölüminde oturdylan innowasion barlaghana enjamlary referens
barlaghanasy bilen bilelikde gysga wagtyň içinde wiruslary anyklamaga
mümkinçilik berýär, şeýle hem bu ýerde wiruslary howpsuz saklamak üçin
awtomatlaşdyrylan ulgamly biobank döredildi.
Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýurdumyzda ýokanç
wiruslaryň käbiriniň ýokdugyny ykrar etdi. Ynha, eýýäm ençeme ýyl bäri
ýurdumyzda gyzamyk we garamyk keselleriniň hasaba alnan ýagdaýlary bolmady.
Bularyň hemmesi saglygy goraýyş ulgamynda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda
yzygiderli geçirilýän işleriň netijesidir.
Soňky döwürde daşary ýurtlarda grippiň wiruslary özgerýär, keseli döredijileriň
täze görnüşleri peýda bolýar, olaryň tiz ýaýramak howpy emele gelýär. Täze
barlaghana bolsa ştammlary ýokary derejede we gysga wagtda kesgitlemek
mümkinçiliklerine eýedir.
Ozallar şeýle barlaglar köp wagty talap edýärdi. Häzirki döwürde öňdebaryjy
tehnologiýalar netijesinde olar awtomatik usulda tiz, ýokary hilli we anyk
ýagdaýda amala aşyrylýar. Germaniýanyň ugurdaş barlaghanalarynyň binýadynda
taýýarlyk geçen hünärmenler täze maglumatlar we programmalar esasynda alnan
maglumatlary işläp taýýarlaýarlar.
Şeýle hem täze merkeziň düzüminde waksina we immunobiologiýa serişdeler
ammarlary bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda işlenip düzülen «2003-2020-nji ýyla çenli döwür üçin immuno
öňüni alyş Milli maksatnamasynyň» çäklerinde, ýurdumyzda dürli agyr ýokanç
keselleriň öňi alyndy we birnäçe keseller düýbünden ýok edildi. Çagalara 11
kesele garşy ýokary hilli waksinalar bilen öňüni alyş sanjymlary mugt
geçirilýär.
Ýurdumyza gelýän sanjym we immunobiologiki serişdeleri «sowuklyk zynjyrynyň»
talaplaryny doly berjaý edip, ammara kabul etmek, saklamak we daşamak üçin ähli
zerur bolan şertler döredildi.
Morfologiýa merkezinde lýuminessent mikroskopiki hem-de immunogistohimiki
barlaglaryň usullarynyň ornaşdyrylmagy howply çişleriň antigenlerini
kesgitlemekde aýratyn orun eýeleýär. Munuň özi çiş kesellerini anyklamak işini
täze derejä çykarar. Morfologiki barlaglar keseli anyklamakda iň ygtybarly usul
hökmünde keseli bejeriş usulyny saýlap almaga ýardam berýär. Bu merkeziň okuw
düzümine Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Okuw-barlag bölümi girýär. Ol adam
anatomiýasy, topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasyndan,
patologo-anatomiýa hem-de kazyýet lukmançylygy hukuk kafedrasyndan ybaratdyr.
Talyplaryň sapaklary üçin bu ýerde adamyň anatomiki gurluşyny öwrenmek üçin 3D
ekranly interaktiw diseksion stollar bar.
Adamyň bedeniniň anatomiýasynyň anyk görkezilmegi hem-de nusgalaryň sany bu
enjamyň täsin aýratynlygy bolup durýar. Kuwwatly tehniki düzümi hem-de
programma üpjünçiligini özünde jemleýän bu önüm örän kämil tehnologiýany
hödürleýär.
Bogunlaryň hem-de muskullaryň hereketlerini, ýüregiň we gan damarlaryň işini,
aýry agzalary dürli ölçeglerde ulaldyp ýa-da kiçeldip, olary üç tekizlikde
böleklere bölüp, öýkeniň ýa-da bagryň her segmentiniň işini yzarlap syn edip
bolýar. Şeýle hem animasiýa görnüşinde bedeniň hereketini görkezmek bolýar.
Mundan başga-da, bu anatomiki, diseksion stolda agzalaryň käbir, dogabitdi
ýetmezçiliklerini modelirlemek hem-de olaryň mehanizimlerini öwrenmäge
mümkinçiligi bardyr.
Elektron mikroskopiýa barlaghanasynda elekrton -mikroskopiýa barlag usulynyň
esasynda işleýän enjam ornaşdyrylypdyr. Ol operasiýa wagtynda näsaglardan
anyklaýyş we bejeriş maksady bilen, içki agzalardan we dokumalardan has ýuka
kesimleri taýýarlap, öýjük derejesinde näsaglaryň kesellerini dogry we öz
wagtynda kesgitlemekde wajyp barlag usuly bolup durýar.
Häzirki döwürde bu barlag usuly onkomorfologiýada, wirusologiýada öýjükleri,
bakteriýalaryň we wiruslaryň has kiçi görüp bolmaýan öýjükleriň içki
gurluşlaryny öwrenmekde möhüm barlag usuly bolup durýar. Ol elekrton-mikroskopiýa
barlag usuly bilen onkomorfologiýada täze döremeleriň gistogenezini anyklamakda
ulanylýar, bu bolsa öz gezeginde onkologiki keselleri bejermekde we öňüni
almakda wajyp bolup durýar.
Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi, Jemgyýetçilik saglygy we
iýmit merkezi ýaly, ýurdumyzyň döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna
garşy göreş gullugynyň düzümini innowasion derejede ösdürmäge ýardam eder. Bu
merkeziň esasy maksady Türkmenistanyň çäginiň aýratyn howply karantin ýokançlaryň
getirilmeginden we ýaýradylmagyndan goramakdan ybaratdyr. Gorag işleri
ygtybarly we döwrebap usullar arkaly geçirilýär.
Bu ýerde oturdylan enjam innowasion tehnologiýalar esasynda işleýär.
Hünärmenler gen-molekulýar ylmynda iň soňky gazanylanlara esaslanyp, mikrop
öýjüginiň doly nukleotid yzygiderliligini kesgitleýär. Bu bolsa ýokanç keseli
döredijileriň näbelli görnüşleriniň genetiki gurluşyny anyklamaga ýa-da genomy
belli bolan ýokanç kesel döredijileriň genetiki aratapawudyny, gelip çykyşyny
we ýaýraýşyny seljermäge mümkinçilik berýär.
Geçen ýyllaryň iş tejribesinde barlaga getirilen nusgalar birnäçe günüň
dowamynda bakteriologiki usulda barlanyp, morfologiki taýdan kesgitlenilýärdi.
Häzirki wagtda bolsa täze merkezde, döwrebap enjamyň kömegi bilen, ýokanç kesel
döredijileriň nukleotid yzygiderliligini birnäçe sagadyň dowamynda kesgitläp
bolýar.
Şeýle-de bioinformatiki usullary ulanyp, mikroorganizmleriň täze genotiplerini
ýüze çykaryp we olar zerarly emele gelýän keselleriň öňüni almak boýunça netijeli
çäreleri işläp taýýarlamak mümkinçiligi döreýär.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň güni mynasybetli
paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralaryna nemes
professor-lukmanlary gatnaşdylar. Olar Türkmenistana ýygy-ýygydan gelmek bilen,
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu
ulgamda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilýändiginiň şaýady
bolýarlar.
Lukmançylyk bilermenleri we GFR-iň Ýewropa lukmançylygynda öňdebaryjy
hasaplanylýan iri ylmy-kliniki merkezleriniň hünärmenleri türkmen lukmanlary
bilen tejribe alyşmak, Ýewropanyň iň kämil anyklaýyş we bejeriş tejribesini
öwrenmek maksady bilen, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmelere işjeň
çekilýärler. Şeýle gatnaşyklarda ýokary tehnologiýaly täzeçil ýörelgeler
gürrüňdeşligiň esasyny düzýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň saglygy goraýyş
ulgamynyň öňünde goýýan wezipelerini üstünlikli çözmegiň möhüm şerti bolup
durýar.
2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda Germaniýanyň saglygy goraýyş Federal
ministrliginiň wekilleriniň, ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlaryny
taýýarlaýan iri kompaniýalaryň bilermenleriniň, şeýle hem GFR-iň dürli
şäherleriniň iri alym-professorlarynyň gatnaşmagynda VI Türkmen-german
lukmançylyk forumy geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan döwlet düzümleriniň we
ylmy-kliniki merkezleriň, şypahana-sagaldyş edaralarynyň ýolbaşçylary,
hünärmenleri, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary
gatnaşdylar. Saglygy goraýşyň dürli ulgamlarynda, hususan-da, süýji diabeti,
çagalarda we ulularda çiş kesellerini bejermekde, endokrinologiýa we
fizioterapiýa ulgamynda bar bolan işläp taýýarlamalarda ulanylýan netijeli
usullar barlaglar hem-de ýetilen sepgitler boýunça netijeli pikir alyşmalar
boldy.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna bejerişiň
täze usullary, tehnologiýalary we kämil enjamlar ornaşdyrylýar. Döwrebap
ylmy-kliniki erkezler, häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün edilen
bejeriş-öňüni alyş edaralary gurulýar.Ýeri gelende aýtsak, ornaşdyrylýan
enjamlaryň agramly bölegi bu ugurda öňdebaryjy hasaplanylýan GFR-de öndürilen
enjamlardyr. Netijeli hyzmatdaşlyk türkmen lukmanlaryna bejerişiň, öňüni
alyşyň, anyklaýşyň komisiýallaryny peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi
Ýewropanyň öňdebaryjy hünärmenleri bilen yzygiderli gatnaşyklary netijesinde
amal boldy.
20-22-nji iýulda Aşgabatda «Saglyk-2016» Halkara sergisi we ylmy maslahat
geçirildi. Sergä dünýäniň 42 ýurdundan lukmançylyk ulgamynyň dürli ugurlary
boýunça hünärmenler gatnaşdylar. Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak
edaralarynyň we şypahanalaryň diwarlyklary bilen bir hatarda bu ýerde
formasewtika önümlerini, lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini
öndürýän, saglygy goraýyş ulgamynda dürli hyzmatlary ýerine ýetirýän
kompaniýalaryň bölümleriniň 240-sy görkezildi. Ýewropa ýurtlaryndan bu sergä
126 kompaniýa gatnaşdy.
Gatnaşyjylaryň hatarynda, şeýle hem Sport baradaky döwlet komiteti,
Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti hem-de V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk
görmek boýunça ýerine ýetiriji komitet bar.
Myhmanlar köpçülik netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek barada
gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň Baştutanyna saglygy goraýyş
ulgamynda alyp barýan syýasatynyň netijelidigini bellediler. Bu syýasat
öňdebaryjy tehnologiýalary, iň täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalary
hem-de köpçülikleýin keselleriň öňüni alyş işlerini utgaşdyrýar,
bedenterbiýe-sagaldyş hereketi onuň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.
«Sagdynlyk we bagtyýarlyk» şygary astynda däp bolan sport we wagyz ediş
çäreleriniň biraýlygy 5-nji aprel 5-nji maý aralygynda geçirildi, onuň
maksatnamasynda onlarça ýaryşlar guraldy. Aziada-2017-niň maksatnamasyna
girizilen sport görnüşleri boýunça bäsleşiklere aýratyn üns berildi, olaryň
ýeňijileri geljekki Oýunlarda ýurdumyzyň sport abraýyny gorajak milli ýygyndy
toparlarymyzyň düzümine dalaşgärlerdir.
Paýtagtymyzda taý boksy boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionaty hem-de
sport tanslary boýunça ýurdumyzyň birinjiligi has täsirli ýaryşlaryň biri
boldy. Şeýle hem biraýlygyň çäklerinde Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda
atçylyk sporty (konkur) boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi. Mälim
bolşy ýaly, sportuň bu görnüşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmen milli göreşi bilen bir hatarda
Aziada-2017-ni maksatnamasyna girizildi.
Şeýlelikde, Oýunlaryň başlamagyna galan wagtyň dowamynda çapyksuwarlarymyz
sportuň bu görnüşi boýunça öz ussatlygyny has-da kämilleşdirmelidirler.
Atçapyşyklary gadymdan bäri türkmenlerde uly meşhurlyga eýedir, emma konkur
sportuň täze ýaýrap başlan görnüşi boýunça durýar. Şeýle-de bolsa türkmen
çapyksuwarlary tebigy taýdan çeýedirler we konkur boýunça hem oňat netijeleri
görkezerler.
2016-njy ýylyň aprel aýynda Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda döwlet
Baştutanymyzyň hem-de ýurdumyzda geçirilýän halkara çärelerine gatnaşýan köp
sanly daşary ýurt wekilleriniň gatnaşmagynda 600 tomaşaçy orunlyk täze konkur
boýunça manežiň açylyşy boldy. Bu atçylyk toplumynda her ýyl dünýäniň atçylyk
sportunyň hünärmenleri we bilermenleri ýygnanýarlar. Manežiň häzirkizaman sport
enjamlary bilen üpjün edilmegi bu ýerde halkara derejeli ýaryşlary geçirmäge
hem mümkinçilik berýär.
Maý aýynyň ahyrynda türkmen çapyksuwarlary konkur boýunça Bişkekde geçirilen
halkara ýaryşynda «Arkalaşygyň Kubogyna» mynasyp boldular. Ahalteke bedewlerine
ussatlyk bilen erk eden Milli atçylyk sport merkeziniň türgenleri iň gowy
netije görkezip, birinji we ikinji orunlary eýelediler.
Ýurdumyzda soňky wagtlarda sportuň bouling görnüşi hem meşhurlyga eýe bolýar.
2016-njy ýylyň aprel aýynda paýtagtymyzda bouling boýunça Türkmenistanyň
ilkinji çempionaty geçirildi.
Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde iri halkara bäsleşikleri: maý aýynda sambo
boýunça Aziýa çempionaty, iýunda milli göreş we guşakly göreş boýunça Aziýa
çempionatyny, sentýabr aýynda ýetginjekleriň arasynda tennis we ýeňil atletika
boýunça halkara ýaryşlary, noýabr aýynda basketboluň 3×3 görnüşi
boýunça halkara ýaryşy, dekabr aýynda bolsa žiu-žitsu boýunça Aziýa çempionaty
geçirildi. Ýaryşlaryň ählisinde ýurdumyzyň ýygyndy toparlary umumytoparlaýyn
hasapda birinji orunlary eýelediler. Ýeňijilere hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
2016-njy ýylda türkmen türgenleri daşary ýurtlarda 138 halkara ýaryşlaryna
gatnaşyp, jemi 643 medala 221 altyn, 196 kümüş we 226 bürünç medala eýe
boldular.
Ýaş türgenleri goldamak we höweslendirmek, sport ulgamyny ýokary derejeli
mugallym tälimçi hünärmenler hem-de beýleki zerur serişdeler bilen üpjün
etmek türkmen sportunyň dünýä abraýyny ýokarlandyrmak babatynda we Ýapyk
binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen
baglylykda alnyp barylýan işleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu
maksatlar bilen şeýle hem daşary ýurtly hünärmenler bilen hyzmatdaşlyk
ösdürilýär. Bu ugurda Aziada-2017-niň maksatnamasyna girýän sportuň 21 görnüşi
boýunça Milli federasiýalaryň we merkezleriň işjeňligi ýokarlanýar.
2016-njy ýyldan başlap her aýyň soňky ýekşenbesinde geçirilýän Aziada-2017-niň
Guramaçylyk komitetiniň mejlislerinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça
Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşy yzygiderli ýagdaýda ara alnyp
maslahatlaşylýar. Munuň özi V Aziýa oýunlarynyň Bwş meýilnamasynyň ähli
ugurlary boýunça taýýarlygyň üpjünçilik meselelerini has netijeli utgaşdyrmakda
we dessin çözmekde oňat mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzda Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak hem-de wagyz etmek maksady bilen
2016-njy ýylda halkara sport mediaforumlary guraldy. V Aziýa oýunlarynyň
«Saglyk. Ruhubelentlik. Dostluk» şygary, şeýle hem Aziada-2017-niň umumy
nyşany, resmi keşbi we Oýunlaryň tumary tassyklanyldy. V Aziýa oýunlarynyň
resmi Internet-saýty açyldy.
Oktýabr aýynda Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň
Indoneziýanyň Bali adasynda geçirilen Baş Assambleýasynda Aziada-2017-niň
tanyşdyrylyşy boldy.
Bu iş sapary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň media we sport
žurnalistikasy ulgamynda daşary ýurt tejribesini öwrenmek, «Aşgabat-2017»
taslamasyny wagyz etmek boýunça mahabat maglumat çärelerini giňeltmek hem-de bu
ugurda ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça beren
tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyryldy. Foruma Aziýa-Ýuwaş
Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň agzasy bolup durýan kompaniýalaryň we
beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň kompaniýalarynyň 200-sinden
gowragynyň wekilleri gatnaşdylar, bu çäre «Geljek üçin media» diýen şygar
astynda guralyp, Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça
V Aziýa oýunlary onda garalan esasy meseleleriň biri boldy.
Türkmenistanda diňe bir Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen oýunlar
däl-de, sportuň beýleki görnüşleri hem, şol sanda hokkeý, figuralaýyn typmak,
awto-moto sport hem işjeň ösdürilýär. 14-nji aprelde hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň Awtosport merkezi
toplumyna girýän täze sport desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerde
motosport boýunça türgenleşikleri we ýaryşlary geçirmek üçin ýörite meýdança
guruldy we enjamlaşdyryldy. Bu çäre ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň, şol
sanda tehniik görnüşleriniň wagyz edilmegine we ösdürilmegine ileri tutulýan
ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Aprel aýynda «Volkicar» we «Alfa Romeo» awto mobillerinde IIM-niň kubogy ugrunda bäsleşikler we
ýurdumyzda ilkinji gezek «kwadrosikil» derejeli motosport boýunça ýaryşar
geçirildi.
«Sagdynlyk we bagtyýarlyk» biraýlygynyň çäklerinde şeýle hem Derweze-Gökdepe
ugry boýunça awtomobil ýörişi guraldy. Bularyň ählisi ýurdumyzda sport tehniki
görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin oňyn şertleri emele
getirýär.
Türkmenistanda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak ulgamy döwrebaplaşdyrylýar
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli
sport we syýahatçylyk institutynda täze fakultet açylar, onda ylmy esasda
Olimpiýa çempionlaryny ýetişdirmek boýunça işler geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimizde saglyn durmuş ýörelgeleriniň
ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde çemeleşmegiň nusgasyny görkezmek bilen
köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty
höweslendirmek we ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamyny we şypahana-sagaldyş düzümleriniň
kämilleşdirmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen
baglylykda. döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegine
hem aýratyn üns berýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň tebigy-dikeldiş we taryhy-medeni desgalaryň giň
toplumy syýahatçylygy söýýänler üçin açykdyr: bular «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagyny, meşhur şypahanalary, Nusaýyň, Dehistanyň, Köneürgenjiň, Köýtendagyň,
Gadymy Merwiň meşhur ýadygärliklerini, şeýle hem şeýle bir meşhur bolmadyk,
emma jahankeşdeler üçin gyzyklanma döredýän beýleki künjekleri öz içine alýar.
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly türkmen halkynyň taryhy-medeni
mirasyna häzirki döwrüň nukdaý nazaryndan baha bermäge mümkinçilik açdy.
2016-njy ýylda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti ýurdumyzyň
taryhy we tebigy künjeklerini giňden wagyz etmek esasynda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerinden ugur alyp
içki syýahatçylygy ösdürmek boýunça işleri güýçlendirdi.
Syýahatçylyk ulgamyna täze desgalary girizmek maksady bilen 2016-njy ýylyň
aprel aýynda döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň hünärmenleri we
terjimeçileri üçin gönüden-göni Parzdepe ýadygärliginde okuw maslahaty guraldy.
Olaryň öňünde Milli golýazmalar institutynyň we Ylymlar akademiýasynyň
Arheologiýa we etnografiýa institutynyň ylmy işgärleri çykyş etdiler.
«Türkmensyýahat» döwlet kärhanasy tarapyndan Köýtendagyň ajaýyp künjeklerine,
bu täsin mekanyň baryp bolýan gowaklaryna yzygiderli gezelençler guraldy.
Çagalaryň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek döwlet syýasatynyň möhüm
wezipeleriniň biri bolup durýar, muňa sport-sagaldyş syýahatçylygy ýardam
berýär Jahankeşdeligiň bu görnüşleri has netijeli sagaldyş tehnologiýalaryna
degişlidir we ägirt uly ruhy-ahlak ähmiýete eýedir.
Mysal üçin, şunuň ýaly terbiýeçilik işleri Serdar şäheriniň golaýyndaky
«Dürdäne» sagaldyş merkezinde guralan «Ýaşajyk syýahatçylar» gurnagynda
geçirilýär. Bu çagalar sagaldyş merkezi mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç
alşynyň başlanýan wagty −25-nji maýda açyldy. Şol gün hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar şäherjiginiň körpelerini gutlamaga geldi.
Täze sagaldyş merkezi 5 müň inedördül meýdanda ýerleşip, her çylşykda çagalaryň
300-sini kabul etmäge niýetlenendir. Bu ýerde amatly ýaşaýyş toplumyndan
başga-da, körpeleriň netijeli dynç almagy, aň-paýhas we döredijilik ukyplaryny
ösdürmegi üçin ähli şertler döredilendir.
Ýurdumyzyň syýahatçylygynda gazanylan görkezijiler içerki jahankeşdeligiň
ösýändigine hem-de döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň hyzmatlarynyň
möçberlerini artýandygyna şaýatlyk edýär.
Umuman syýahatçylyk barada aýdylanda, ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerden
başga-da, soňky döwürde Hazaryň kenar ýakasy, Awazanyň täze şypahana ugurlary
uly gyzyklanma eýe bolýar. Bu zolagyň uly geljegini we ösüşini nazara almak
bilen daşary ýurt syýahatçylyk kärhanalarynyň köpüsi oňa deňiz, kenarýaka dynç
alşy we ýahta syýahatçylygynyň dünýä merkezleriniň biri hökmünde garaýarlar.
2016-njy ýylyň awgust aýynda bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Ak ýelken» kottežler toplumynyň, şeýle hem
«Tolkun» kottež şäherjigini öz içine alýan ýahta-klubunyň açylyşy boldy. Täze
ýahta -klubunyň ýanynda okuw merkezi hem hereket edýär, bu ýerde hünärmenleriň
ýolbaşçylygynda serfingiň, daýwingiň, suw skuterlerini, gidrosikilleri,
ýelkenli gämileri we karterleri dolandyrmagyň tilsimlerini özleşdirmek
mümkindir.
Awazada açylan ikinji ýahta kluby hem derejesi boýunça Hazar deňziniň türkmen
kenarynda açylyş ilkinji ýahta klubunda, şeýle hem daşary ýurt ýahta
klublaryndan hem kem däldir. Geljekde onuň binýadynda windsorfing ýa-da ýelkeni
gämilerde iri ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik bar. Emma esasy zat işjeň dynç
alşyň netijeli görnüşi bolan höwesjeň deňizde ýüzüşler, ýahtalarda gezelençler
bolup durýar.
Syýahatçylyk ugurlarynyň mazmun taýdan baýlaşdyrylmagy bilen bir hatarda
pudakda hyzmat medeniýetiniň ýokarlandyrylmagy boýunça hem işler dowam edýär.
Bu maksat bilen Awazada şypahana zolagynyň myhmanlar toplumynyň işgärleri üçin
yzygiderli ýagdaýda okuwlar guralýar. Bu çäreler olar üçin özboluşly synag
bolup hyzmat ediş derejesi boýunça iň gowy myhmanhana adyny almak ugrunda
geçirilýän hünär bäsleşiginde üstünlik gazanmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle hem köpugurly türkmen-german hyzmatdaşlygynyň çäklerinde işewürlik
gatnaşyklary ösdürilýär, hususan-da, ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ýolbaşçy
düzüminiň hünärmenleri Berlinde okuw saparynda boldular. Germaniýanyň
paýtagtynda geçirilen okuwlaryň maksady syýahatçylygy ösdürmekde dolandyryş
başarnyklary ýokarlandyrmak ýurdumyzyň içinde syýahatçylygy guramak üçin
durnukly we netijeli şertleri döretmegiň usullaryny kämilleşdirmek, türkmen
halkynyň tebigy we taryhy-medeni mirasyna ünsi çekmek bolup durýar.
Daşary ýurtlarda milli syýahatçylyk pudagyny wagyz etmegiň netijeli
görnüşleriniň biri hem ýurdumyzyň wekilleriniň halkara sergi çärelerine
gatnaşmaklarydyr, olarda tanyşdyryş çärelerinden başga-da, işewürlik
duşuşyklary we gepleşikler meýilleşdirilýär.
2016-njy ýylda Türkmenistanyň wekiliýetleri daşary ýurtlarda geçirilýän
syýahatçylyk ýarmarkalarynyň birnäçesine gatnaşdylar. Olaryň hatarynda
Awstriýanyň meşhur Ferien Messe Wien" syýahatçylyk sergisi bar, oňa gatnaşmak
üçin Wena 55 ýurtdan 530 wekil ýygnandy. Türkmenistanyň syýahatçylyk
mümkinçilikleriniň giň toplumlary, esasynda ýewropalylar üçin täsin bolan
Garagum çölüne, Ýaňgalanyň täsin künjeklerine we ýurdumyzyň beýleki meşhur
tebigy ýerlerine hödürlenýän ugurlar bu pudagyň işgärlerinde we sergä gelip
görýänlerde uly gyzyklanma döretdi.
Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçirilen «HITUR-2016» halkara
syýahatçylyk sergisinde hem Türkmenistanyň diwarlygy görkezildi. Sergä dünýäniň
165 ýurdunda 10 müňe golaý kompaniýanyň wekilleri gatnaşdylar. Serginiň işlän
döwründe Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň ispaniýaly we
portugaliýaly kärdeşleri bilen işewür gepleşikleri geçirildi, duşuşyklaryň
käbirinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pesmi taýdan berkidýän ylalaşyklar
gazanyldy.
Finlýandiýanyň paýtagty Helsink şäherinde geçirilen halkara syýahatçylyk
sergisine gatnaşan 70 ýurduň diwarlyklarynyň hatarynda Türkmenistanyň
syýahatçylyk ugurlary hem görkezildi, şunda ýurdumyzda belli wakalara borçlanyp
guralýan syýahatçylyk hyzmatlary hem hödürlendi. Helsinki şäherinden Orta Aziýa
çenli 12 günlük syýahatçylyk boýunça bilelikdäki taslama aýratyn gyzyklanma
döretdi, onuň çäklerinde jahankeşdeler ak merkezrli şäher hökmünde Ginnesiň
rekordlar kitabyna giren Aşgabada we Mary şäherine baryp görerler.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň paýtagty Berlinde geçirilen ITB Berlin 2016
Halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşyjylar hem Türkmenistanyň syýahatçylyk
ugurlaryna gyzyklanma bildirdiler, bu sergide dünýäniň dürli 89 ýurdundan 10
müňden gowrak kompaniýa öz hyzmatlaryny hödürlediler.
Mundan başga-da, ýazda, Nowruz we Türkmen bedewiniň baýramy geçirilýän
günlerinde 52 ýurduň syýahatçylyk pudagynyň agentlikleri hem-de kompaniýalary,
hünärmenleri üçin Türkmenistan boýunça maglumat beriş-tanyşdyryş gezelenji
guraldy.
Ýewropadan, Aziýadan we Amerikadan hünärmenler türkmen halkynyň gadymy
däp-dessurlaryny açyp görkezýän köp öwüşginli baýramçylyk şüweleňlerine
gatnaşyp, halk döredijiliginiň ajaýyp dünýäsine aralaşmaga hem-de milli
aşpezlik sungatynyň tagamyny dadyp görmäge mümkinçilik aldylar. Olar
Türkmenistany baý taryhy mirasyň watany hökmünde açyp görkezýän täsin we
gaýtalanmajak tebigat, medeni hem-de zehinli we zähmetsöýer halkymyzyň gaýnap
joşýan häzirki durmuşy bilen tanyşmaga ýardam berýän gezelençleri-de amala
aşyrdylar.
Myhmanlar gyzykly syýahatçylyk ugurlaryndan başga-da, ýurdumyzyň myhmanhanalar
düzüminiň, hyzmatlar ulgamynyň derejesi bilen içgin tanşyp, hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Diýarymyzda bolup
geçýän düýpli özgertmeleriň haýran galdyryjy netijelerini gözleri bilen
gördüler.
27-29-njy sentýabr aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda nobatdaky
«Syýahatçylyk we jahankeşdelik» atly halkara sergi geçirildi, onuň çäklerinde
bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan maslahat hem
guraldy. Pudagyň hünärmenleriniň däp bolan duşuşygy Bütindünýä syýahatçylyk
gününe gabatlanylyp, Hazar deňziniň kenarynda geçirilýär, oňa 22 ýurduň
-Russiýanyň, Hytaýyň, ABŞ-nyň, Rolşanyň, Belgiýanyň, Ysraýylyň, Iordaniýanyň,
Türkiýäniň, Eýranyň, Hindistanyň, Latwiýanyň, Estoniýanyň, Belarusuň,
Gruziýanyň, Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň wekiliýetleri gatnaşdylar.
Olar milli syýahatçylyk agentlikleriniň, ugurdaş döwlet edaralarynyň, guramalarynyň
hem-de kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleridir, şypahana, sagaldyş
ulgamynyň, syýahatçylyk pudagynyň, myhmanhana we ätiýaçlandyryş işewürliginiň
işgärleridir, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr.
Türkmenistanyň syýahatçylyk toplumynyň kuwwaty esasynda halkara hyzmatdaşlygyny
ösdürmegiň ägirt uly geljegini 68 kompaniýanyň gatnaşmagynda geçirilen sergi
hem görkezildi. Hyzmatdaşlyk we täze teklipleriň mümkinçiliklerini aýdyň açyp
görkezen gözden geçirilişe ýurdumyzyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň
düzümleri we hususy kärhanalary, daşary ýurtly hyzmatdaş kompaniýalar
gatnaşdylar, daşary ýurtly kärdeşler bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge
uly höwes bildirdiler.
Sergi Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy, bu çärä
gatnaşyjylar syýahatçylyk hem-de myhmansöýerlik babatynda iň möhüm we iň täze
meýiller, dynç alşyň dürli görnüşlerini guramak, medeni wagyz hem-de aň
ýetiriş-ülkäni öwreniş işleri barada maglumat aldylar.
Sergide guralan pikir alyşmalar bu pudagyň ösdürilmegine dürli çemeleşmeleri
beýan etmäge, pudakda amala aşyrylan üstünlikli işleriň netijeleri görkezmäge
we Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygynyň
has netijeli usullaryna garamaga kömek etdi.
Aziada-2017-niň işlenip taýýarlanylýan medeni maksatnamasy ýurdumyzyň
syýahatçylyk kuwwatynyň doly açylyp görkezilmegine, arheologiýa we binagärlik
ýadygärliklerimize, gaýtalanmajak tebigy, taryhy hem-de rowaýaty
künjeklerimize, şeýle hem ýurdumyzyň muzeýlerine, teatrlaryna, sergi zallaryna
üns çekilmegine gönükdirilen ýene bir iri taslama bolup durýar. Bu maksatnamada
etnografiýa we folklor mirasy, halk senetçiligi, häzirki zaman amaly-haşam
sungaty bilen tanyşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.
2016-njy ýylyň 4-nji martynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen Türkmenistanyň
Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti medeniýet ulgamynyň guramalarynyň we
edaralarynyň ulgamyna girizildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Medeniýet
ministrliginiň we Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň täze gatnaşyklar
esasynda işlemegi, olaryň has-da ýakyn hyzmatdaşlykda hereket etmegi üçin
şertleri döredýär, ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerine gelip görýän
jahankeşdeleri işjeň çekmegiň hasabyna syýahatçylyk pudagynyň depginli
ösdürilmegine ýardam berýär. Beýleki bir tarapdan munuň özi türkmen halkynyň
medeni mirasyny bütin dünýäde wagyz edilmegini giňeltmäge mümkinçilik berer.
Muňa Medeniýet ministrliginiň taryhy ýerleri we ýadygärlikleri döwlet
tarapyndan goramak babatynda ornuny pugtalandyrýan ýene bir çözgüt mysal bolup
biler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda,
medeni mirasyň desgalaryny, ýurdumyzyň gozgalmaýan taryhy ýadygärliklerini
goramak maksady bilen, belli bir çäkleri abadanlaşdyrmak boýunça gurluşyk ýa-da
beýleki işler diňe Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň makullmagynda
geçirmäge rugsat berilýär.
Täze düzgün Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän medeni mirasyň desgalaryny
goramak babatynda gözegçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, olary
has içgin öwrenmäge we syýahatçylyk dolanyşygyna giňden çekmek arkaly işjeň
wagyz etmäge ýardam berer.
Şeýlelikde, bu geçirilýän çäreler hem-de döwlet Baştutanymyzyň şahsy
howandarlygy netijesinde syýahatçylyk pudagy möhüm ugurlaryň birine öwrülýär,
halkara hyzmatdaşlygy üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunda hormatly
Prezidentimiz tarapyndan syýahatçylyk ulgamyna milli ykdysadyýetimizi
ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň depginlerini çaltlandymagyň, çig mala
esaslanmaýan önümçiligi ugur edinýän hem-de eksporta ugrukdyrylan ykdysadyýeti
kemala getirmegiň kuwwatly guraly hökmünde uly orun berilýär, munuň özi
Türkmenistanyň dünýäniň has bäsdeşlige ukyply ýurtlarynyň hataryna girmegine
ýol açýar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi