«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy 2016-njy ýyl
1. «Açyk gapylar» we oňyn bitaraplyk syýasaty
27.12.2016
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramçylygy dabaralandyrylan şanly 2016-njy ýyl tamamlanyp barýar. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen bu ýyl ýatdan çykmajak wakalara, beýik işlere we rowaç tutumlara baý boldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar. Bu ýylyň her bir güni ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokary galýandygyny, ykdysady kuwwatynyň durnukly ösýändigini, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny we milletiň ruhy taýdan galkynýandygyny alamatlandyrýan täze wakalara, anyk maglumatlara beslendi.
Tamamlanyp barýan ýylda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan parahatçylyk dörediji ýurt hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyryp, dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny has-da berkitdi. Şu geçen on iki aýyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary döwletleriň, abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň ýokary ýolbaşçylar, dünýäniň işewür toparlary bilen köp sanly duşuşyklary geçirendigini bellemeli.
Ýurdumyzyň hökümet wekiliýeti daşary ýurt saparlarynyň 8-sini amala aşyrdy. Daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň Türkmenistana on sapary bellige alyndy. Geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýakyn we uzak ýurtlar bilen syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryny berkitmegi üçin täze mümkinçilikleri açýan ikitaraplaýyn resminamalaryň 136-syna gol çekildi we wajyp ylalaşyklar gazanyldy.
Daşary ýurtlaryň dürli derejedäki wekiliýetleriniň Türkmenistana guraýan saparlarynyň yzygiderli artmagy, syýasy geňeşmeleriň, hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň, şeýle hem halkara maslahatlarynyň, forumlaryň, okuw maslahatlarynyň we beýleki bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Şeýlelikde, şu ýylyň başyndan bäri Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriniň 29-sy, hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň 16-sy, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda sebit boýunça goňşy döwletler, Ýewropa Bileleşiginiň, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň, Orta we Ýakyn Gündogaryň, Ýewropanyň we Amerikanyň ýurtlary bilen bilelikde guralan dürli çäreleriň 178-si geçirildi.
Ikitaraplaýyn hökümetara gatnaşyklar bilen bir hatarda, Türkmenistan iri
halkara guramalary bolan BMG, ÝHHG, ŞHG, GDA, Goşulyşmazlyk hereketi, Yslam
Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen köpugurly
gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär.
Ýurdumyzyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň
başlyklygyna saýlanylmagy şanly waka öwrüldi. Munuň özi Türkmenistanyň halkara
giňişligindäki ýokary abraýyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň halkara energetika hyzmatdaşlygyny esasy ugur edinýän oňyn
daşary syýasatynyň giň goldawa eýe bolýandygyny alamatlandyrdy.
Noýabr aýynyň aýagynda Tokioda geçirilen Energetika Hartiýasynyň
Konferensiýasynyň 27-nji mejlisinde bu iri halkara guramasynyň Baş sekretary
Urban Rusnak Türkmenistanyň başlyklygynyň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň
ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine we tutuşlygyna alnanda energetika
howpsuzlygy hem-de durnukly ösüş meseleleri boýunça ählumumy gatnaşyklaryň ýola
goýulmagyny şertlendirjekdigine ynam bildirdi. Mälim bolşy ýaly, döwlet
Baştutanymyz ýakynda Karara gol çekip, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda
ýurdumyzyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklygy bilen
baglanyşykly halkara çärelerini geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti döretdi
we onuň düzümini tassyklady.
Birleşen Milletler Guramasynyň öňdebaryjy agentlikleri we ýöriteleşdirilen
düzümleri bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny
we şeýle bolmagynda galýandygyny bellemeli. «Açyk gapylar» we giň halkara
hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly Türkmenistan soňky ýyllarda ählumumy howpsuzlyk
ulgamynyň pugta binýadyny döretmekde möhüm orun eýeleýän bu iri halkara
guramasy bilen netijeli hem-de özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek bilen saýlap
alyn ýoluna yzygiderli eýerýär.
Köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek we pugtalandyrmak ugrundaky
meýiller häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdine mynasyp goşant
bolup durýar. Munuň özi dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar.
Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisine
wise-başlyklyga, şeýle hem birbada BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň üç
toparyna 2017-2020-njy ýyllar üçin ösüş maksady bilen ylym we tehnika boýunça
toparyň, 2016-2020-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş boýunça toparynyň we
2017-2021-nji ýyllarda Durmuş ösüşi toparynyň düzümine saýlanmagy munuň aýdyň
subutnamasydyr.
Bu möhüm düzümlere agza bolmak Türkmenistana toplanan tejribeleri we ýetilen
sepgitleri alyşmak, özüniň parahatçylyk söýüjilik we döredijilik
kuwwatlyklaryny BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetilmegine gönükdirmek
mümkinçiliklerini berýär. Ýurdumyz BMG-niň netijeli halkara gatnaşyklaryny ýola
goýmak, dünýäniň dürli döwletleriniň we sebitleriniň durnukly ösüş ýagdaýyna
ýygjam goşulmagyny, halklaryň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün
etmek ýörelgelerine gönükdirilen bilelikdäki çözgütleriň kabul edilmegine işjeň
gatnaşýar.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary bolan BMG-niň
öňdebaryjy agentlikleri, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş
maksatnamasy, BMG-niň Çagalar gaznasy we BMG-niň ilat gaznasy bilen bilelikde
alyp barýan işleriniň anyk netije berýändigini bellemeli. Munuň özi
2016-2020-nji ýyllarda bäşýyllyk döwre niýetlenen Türkmenistanda adam hukuklary
babatda Hereketleriň milli meýilnamasyndan, Türkmenistanyň Hökümetiniň we
ÝUNISEF-iň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýurt maksatnamasynyň Hereketler
meýilnamasyndan we 2016-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
tassyklan Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda
hyzmatdaşlyk boýunça Ýurt maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasyndan ybaratdyr.
Diňe soňky on ylyň dowamynda, 2005-2009-njy ýyllar we 2010-2015-nji ýyllar üçin
degişli Çarçuwaly maksatnamalaryň çäklerinde ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň,
daşky gurşawy goramagyň ösdürilmegine, hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegine,
ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyklaryň
işjeňleşdirilmegine gönükdirilen taslamalaryň 264-si durmuşa geçirildi.
Türkmenistanyň ugurdaş döwlet kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we
Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatda işleýän düzümleriniň gatnaşmagynda şu
ýylyň aprel aýynda ýurdumyzyň Hökümetiniň we BMG-niň arasynda 2016-2020-nji
ýyllar üçin döwründe hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen gatnaşyklaryň
bäşýyllyk täze Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekildi. Ol Türkmenistany 2011
2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna, şeýle
hem geçen ýylyň sentýabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde
kabul edilen 2016-2030-njy ýyllar üçin Durnukly Ösüş Maksatlaryna doly laýyk
gelýär.
Aşgabatda BMG-niň wekilhanasynyň täze binasynyň ulanylmaga berilmegi
Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky özara peýdaly
hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. Täze binanyň
açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden
çykyşynda belleýşi ýaly, bu waka bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa
geçirilmegini, abraýly halkara düzümleri tarapyndan döwletimize goldaw
berilýändigini we ynanylýandygyny alamatlandyrýan ýörelgeleri esasy ugur
edinýän köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde täze tapgyry emele
getirýän, şeýle hem Türkmenistanyň häzirkizamanyň möhüm meselelerini çözmäge
gönükdirilen halkara başlangyçlaryny öňe sürýändigini äşgär edýän wakadyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden Garaşsyz, Bitarap
Türkmenistan möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Soňra olar BMG-niň Baş Assambleýasynyň
Kararnamalary bilen berkidilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly
üstaşyr geçirilmegi hem-de onuň durnukly ösüşi hem-de halkara hyzmatdaşlygyny
üpjün etmekdäki orny» we "Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün
etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny"çözgütleri emele getirdi. Bu möhüm
resminamalar gyzyklanma bildirilýän halkara gatnaşyklarynyň dünýä
ykdysadyýetiniň möhüm pudaklary bolan we ählumumy ösüşiň wajyp şertini emele
getirýän ugurlardaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini
emele getirdi. Şeýlelikde, Aşgabatda şu ýylyň noýabrynda BMG-niň
howandarlygynda geçirilen we ýylyň möhüm wakasyna öwrülen Durnukly ulag ulgamy
boýunça birinji ählumumy maslahatyň çäklerinde guralan pikir alyşmalar has-da netijeli
boldy.
Gün tertibine ulag ulgamy ýaly möhüm ugurdaky hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly
meseleler girizilen wekilçilikli halkara maslahatyna dünýäniň onlarça
döwletlerinden döwlet Baştutanlarynyň, hökümet we parlament ýolbaşçylarynyň,
şeýle hem halkara guramalaryň, düzümleriň, Birleşen Milletler Guramasynyň we
onuň öňdebaryjy Toparlarynyň, Ýöriteleşdirilen edaralarynyň, şeýle hem
ÝHHG-niň, YHG-niň, ŞHG-niň, GDA-nyň, Ýewropa toparynyň we beýleki abraýly
halkara guramalaryň, şeýle hem maliýe düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagy bu
maslahatyň ähmiýetini äşgär edýär. BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň çykyşynda
belleýşi ýaly, bu halkara maslahaty dünýäde durmuş şertleriniň
gowulandyrylmagynda, geljekki nesilleriň sazlaşykly ösüşinde möhüm şerti emele
getirýän ulag ulgamynyň durnukly ösüşine ünsümizi jemlemäge mümkinçilik berýär.
BMG-niň howandarlygynda geçirilen maslahat, onda Aşgabat beýannamasynyň kabul
edilmegi amaly ähmiýetli waka öwrüldi. Geçirilen gepleşikler döwletleriň
arasyndaky özara düşünişmek gatnaşyklaryň ösdürilmegini, garaýyşlaryň
ýakynlaşdyrylmagyny şertlendirdi we bu möhüm ulgamdaky özara gatnaşykaryň
amatly guralyny we görnüşlerini işläp taýýarlamak üçin möhüm şertleri emele
getirdi. Maslahatyň çäklerinde we kompaniýalaryň ulag ulgamy boýunça
mümkinçilikleri, täze taslamalar görkezildi we hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň
berkemegini, Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna
goşulyşmagyny şertlendirýän resminamalara gol çekildi.
Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň çäklerinde ýokary derejedäki
Türkmenistanda ösüşiň merkezleşdirilen dolandyryşynyň durmuşa geçirilmegi: gün
tertibiniň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk 2030-yň düzümi we esaslary"
ýaly ýokary derejedäki çäreler hem-de ulag boýunça işewür-maslahat geçirildi.
Olarda durnukly ulag ulgamynyň konsepsiýasynyň esasy ugurlary ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren we ählumumy
parahatçylyk esaslarynyň berkidilmegine, özara peýdaly ylalaşygyň gazanylmagyna
we dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary tutuş
dünýäde, ilkinji nobatda bolsa sebit boýunça goňşy döwletlerde giň goldawa
mynasyp bolýar. Maslahata Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň
birinji orunbasary Askar Mamin, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň
birinji orunbasary Rustam Azimow, Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministriniň
birinji orunbasary Muhammedkaliý Abulgaziýew we Täjigistan Respublikasynyň
Premýer-ministriniň orunbasary Azim Ibrohim ýaly belent mertebeli myhmanlar
Türkmenistanyň ulag ulgamy babatdaky başlangyçlarynyň möhümdigini nygtadylar we
goňşy ýurtlaryň bu ugurdaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge
taýýardygyny aýtdylar. Şeýle hem olar Aşgabat maslahatynyň netijeleriniň möhüm
düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmäge
hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.
Ählumumy maslahatyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň birnäçe möhüm duşuşyklary geçirendigini, şol sanda Awstriýa Respublikasynyň
Milli Geňeşiniň ikinji Prezidenti Karlhaýns Kopf we Gruziýanyň Prezidenti
Georgiý Margwelaşwili, şeýle hem iri halkara we sebitleýin guramalaryň,
hususan-da, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary
Lamberto Zanniýer, Awtomobil ulaglary Halkara birleşiginiň Prezidenti Umberto
de Pretto, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Raşid Alimow bilen
duşuşyklary geçirendigini bellemeli.
Türkmenistanyň ulag-üstaşyr ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn
ösdürmek baradaky başlangyçlary goňşy döwletleriň we tutuş Aziýa sebitiniň
ýurtlarynyň ösüş talaplaryny nazara almak bilen, döwletleriň deňeçer milli
bähbitlerini ugur edinýän taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen
baglanyşykly ýörelgeleriň berkidilýändiginiň subutnamasydyr. Bu ýerde gürrüň
Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysy bolan Atamyrat Ymamnazar
Akina demir ýolunyň gurluşygy barada barýar. 28-nji noýabrda ulanmaga berlen
bu demir ýol geçelgesiniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti
Mohammad Aşraf Gani gatnaşdy. Biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça amala
aşyrylýan we sebitleýin hem-de ählumumy gatnaşyklaryň ösdürilmegine
gönükdirilen iri möçberli taslamanyň ägirt uly durmuş-ykdysady netije
berjekdigine we Aziýa ulag geçelgesiniň geljekde Hytaýyň köp şahaly demir ýol
ulgamyna we onuň üsti bilen bolsa Aziýa Ýuwaş umman sebitiniň çalt ösýän
döwletlerine çykjakdygyna garaşylýar.
Owganystanda Akina demir ýol bekediniň açylyş dabarasynyň çäklerinde Owganystan
Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowa iki goňşy halklaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk
gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant ägirt uly şahsy goşandy üçin öz ýurdunyň
ýokary sylagy bolan «Gazy Mohammad Akbar Han» döwlet medalyny gowşurdy.
Bu möhüm gurluşyk Türkmenistanyň sebit boýunça goňşy döwletler bilen netijeli
hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerine aýratyn üns berýändigini äşgär edýär.
Ýurdumyzy goňşy döwletler bilen diňe bir geografik taýdan ýakynlyk, taryhy
kökler, medeniýetleriň we däp-dessurlaryň umumylygy däl, eýsem özara ykdysady
bähbit we ikitaraplaýyn gyzyklanmalara laýyk gelýän täze bilelikdäki
taslamalaryň durmuşa geçirilmegine bolan taýýarlyk baglanyşdyrýar. Bir ýyl
mundan ozal badalga berlen we türkmen tebigy gazyny Günorta Aziýanyň iri
ýurtlaryna uzakmöhletleýin esasda ugratmaga gönükdirilen
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň
taslamasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Onuň durmuşa geçirilmegine Pakistan möhüm
hyzmatdaş hökmünde gatnaşýar. 2016-njy ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýurtda resmi saparda bolandygyny bellemeli.
Iki ýurduň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze
derejä çykdy. Şunda energetika, ulag, oba hojalygy, saglygy goraýyş we beýleki
möhüm ugurlarda gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Türkmenistanyň
Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden Pakistan Yslam Respublikasy
ýurdumyzyň durmuşa geçirýän hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny we hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durnuklylyk, abadançylyk esaslarynyň
berkidilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny işjeň goldaýar.
Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisinde ilkinji gezek
Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ugruna eýermäge bolan ygrarlylygynyň mälim
edilendigini bellemeli. Ýurdumyz bu derejä Milletler Bileleşiginiň ykrar
etmeginde eýe boldy. Pakistan ilkinjileriň hatarynda bu başlangyjy diňe bir
goldamak bilen çäklenmän, eýsem, BMG-niň 1995-nji ýyldaky degişli kararnamasyna
awtordaşlaryň bri hökmünde çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostlukly döwletiň Baştutany
Mamnun Huseýn hem-de Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif bilen
Yslamabatda geçiren gepleşikleriniň çäklerinde soňky ýyllarda ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli
ösdürmegiň ugurlary hakynda netijeli pikir alşylmalary boldy. Taraplar
gazanylan hem-de resminamalar toplumy bilen berkidilen ylalaşyklaryň
Türkmenistan bilen Pakistanyň we olaryň halklarynyň arasynda syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary ähli görnüşler boýunça mundan
beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge ýardam berjekdigine pugta ynam
bildirdiler.
Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimize Pakistan Yslam Respublikasynyň
«Kaýd-i-Azam» uniwersitetiniň «Syýasy ylymlarynyň hormatly doktory» diýen ylmy
dereje berildi. Bu dereje döwlet Baştutanymyza türkmen we pakistan halklarynyň
arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant goşandy we
ylym-bilim ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren
hyzmatlary üçin berildi.
Hormatly Prezidentimiz hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri
Pakistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ulag-aragatnaşyk ulgamyny
döretmek boýunça uly geljegi bolan taslamalaryň tanyşdyryş çäresine
gatnaşdylar. Bu taslamada Türkmenistan özüniň geografik taýdan amatly
ýerleşmegi we çäginde tutuş Ýewraziýa yklymy üçin ulag-üstaşyr geçelgeleriniň
logistik merkezini döredýändigi bilen däl, eýsem, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitara ulag geçelgelerini döretmek boýunça
BMG-niň derejesinde oňyn başlangyçlary öňe sürýändigi babatda has-da möhüm orun
eýeleýändigi bellemeli. Iki döwletiň geosyýasy hem-de geoykdysady ýagdaýyny
nazara almak bilen Türkmenistan we Pakistan howa ugurlary, awtomobil we demir
ýollary ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilen
çözgütleri kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistana resmi saparyna
gabatlanyp, iki ýurduň döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň wekilleriniň
gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirildi. Onda döwletara gatnaşyklaryny ähli
ugurlar boýunça çuňlaşdyrmaga hem-de giňeltmäge bolan ikitaraplaýyn meýiller
mälim edildi.
Köpasyrlyk dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň hemmetaraplaýyn
berkidilmegi sebitleýin we ählumumy howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň häzirki
döwürdäki wajyp şerti bolup durýar hem-de özygtyýarly Türkmenistanyň daşary
syýasatynyň möhüm ugruny emele getirýär. Şeýlelikde, şu ýylyň iýun aýynda
hormatly Prezidentimiz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň
Baştutanlarynyň Daşkentde geçirilen 15-nji ýubileý Geňeşiniň hormatly myhman
hökmünde gatnaşdy. ŞHG-niň sammitinde döwlet Baştutanymyz özüniň daşary ýurtly
kärdeşleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary gurady.
Mälim bolşy ýaly, 40-dan gowrak halkara düzümleriniň doly hukukly agzasy bolan
ýurdumyz iri halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň
hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Dünýäniň syýasy we
ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmaga uly gyzyklanma bildirýän döwletimiz
agzasy däl halkara guramalarynyň birnäçesiniň ýokary derejede geçirilýän
mejlislerine işjeň gatnaşýar. Olaryň biri hem Şahnaý Hyzmatdaşlyk Guramasydyr.
Guramanyň baş wezipesi ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi
üpjün etmekde, ykdysady hyzmatdaşlygy, deňhukukly, ynanyşmak we birek-birege
hormatly goýmak esasynda ýola goýulýan ylmy we medeni gatnaşyklary ýola goýmak
boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyny esasy ugur edinýär.
Döwlet Baştutanymyzyň sammitinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, ŞHG bilen hyzmatdaşlyk
ýurdumyzyň ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine, iri halkara
düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin möhüm şertleriň döredilmegine
gönükdirilen daşary syýasatynyň wajyp ugry bolup durýar. «Türkmenistan ŞHG-nyň
mümkinçilikleri sebitleýin howpsuzlygyň pugta binýadyny saklamak,
gapma-garşylyklaryň öňüni almak, olaryň çözgüdiniň ýeke-täk kabul ederlik
serişdesi hökmünde gepleşikleri tassyklamak üçin ulanylmalydyr» diýip, hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede geçirilen duşuşykda
belledi we ýurdumyzyň bu gurama bilen möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde
gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardygyny mälim etdi.
2016-njy ýyl Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy, şol sanda onuň sebitleri, iri
senagat, ylym-bilim hem-de medeni merkezleri bolan Tatarystan Respublikasy,
Astrahan we Swerdlow oblastlary, Sankt-Peterburg şäheri hem-de beýleki
sebitleri bilen möhüm gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleri açdy. Netijeli
gatnaşyklaryň ýola goýulmagy dürli çäreleriň, şl sanda bilelikdäki işewür
maslahatlarynyň, özara medeni çäreler bolan döredijilik festiwallarynyň,
forumlaryň we sergileriň yzygiderli geçirilmegine oňyn täsir edýär.
Ikitaraplaýyn esasda Medeniýet günleriniň guralmagy däp bolan gatnaşyklaryň
çuňlaşdyrylmagyny şertlendirýär. Şeýlelikde, şu ýylyň awgust aýynda Russiýa
Federasiýasynyň Moskwa we Wladimir şäherlerinde türkmen-rus gatnaşyklarynyň
berkidilmeginde, iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagynda, olaryň baý
taryhy-medeni mirasynyň wagyz edilmeginde möhüm bolan Türkmenistanyň Medeniýet
günleri uly üstünliklere beslendi.
Mälim bolşy ýaly, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň
arasynda şu ýylyň 1-nji noýabrynda Soçi şäherinde geçirilen gepleşikleriň
barşynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary kesgitlendi. Ýokary
derejedäki nobatdaky duşuşykda iki ýurduň däp bolan dostluk, hoşniýetli
goňşuçylyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygy,
ikitaraplaýyn gyzyklanmalara laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn
ösdürmäge bolan meýiller tassyklanyldy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini onuň ýola goýulmagynyň
indiki ýylda 25 ýyllygynyň bellenjekdigini kanagatlanma bilen nygtap, iki
döwletiň Baştutanlary türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp
maslahatlaşdylar we onuň wajyp ugurlaryny kesgitlediler. Bellenilişi ýaly,
häzirki döwrüň möhüm meselelerine hem-de wehimlerine bolan garaýyşlarynyň
meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini äşgär etmek bilen, Türkmenistan we Russiýa
abraýly halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerindäki işjeň
gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Russiýa tarapy ýurdumyzyň sebitde
parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm orun
eýeleýän hemişelik bitaraplyk derejesini, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki wekilçilikli
maslahatlaryň münberlerinden öňe süren döredijilikli başlangyçlaryny goldaýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, ýurdumyz ykdysady we ynsanperwer
gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga täze anyk çemeleşmeleri öňe sürmek bilen, açyk we
deňhukukly esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmalaryny iş ýüzünde
tassyk edýär. Şu ýylyň ahyrynda Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler
ministriniň orunbasary Grigoriý Karasiniň Türkmenistana bolan saparynyň
çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň 2017-nji ýylda GDA başlyklyk etmeginiň
konsepsiýasy görkezildi. Onuň çäginde GDA-nyň halkara gurama hökmündäki
utgaşdyryjy wezipesini işjeňleşdirmek, onuň dünýäniň syýasy giňişligindäki
abraýyny pugtalandyrmak, Arkalaşygyň düzümleriniň we guramalarynyň işiniň
netijeliligini ýokarlandyrmak, goşulyşmak ýagdaýyna we dürli ugurlardaky özara
peýdaly hyzmatdaşlyga ýardam bermek ýaly möhüm wezipeler bar.
Goňşy ýurtlar, şol sanda Hazarýaka döwletler bilen özara peýdaly gatnaşyklary
ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biri bolup durýar. Ýurdumyz Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady
gatnaşyklarynyň köpugurly esasda ösdürilmeginiň, Ýewraziýanyň sazlaşykly ösýän
geosyýasy we ykdysady merkezleriniň biri bolan Hazar sebitiniň ägirt uly
tebigy-çig mal, energetika, senagat, ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň doly
durmuşa geçirilmeginiň tarapdary bolup durýar.
Şeýlelikde, sebitiň döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üstüniň
ýetirilmegine gönükdirilen täze resminamalarynyň taslamalarynyň taýýarlanylmagy
şu ýylyň noýabrynda geçirilen Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we
Türkmenistan ýaly bäş Hazarýaka döwletleriniň doly ygtyýarly wekilleriniň
duşuşygynyň esasy meselesi boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň noýabrynda Baku şäherinde geçirilen Hazarýaka
döwletleriň baştutanlarynyň III Sammitinde öňe süren teklipleriniň esasynda
Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini saklamak we olary netijeli
peýdalanmak, şeýle hem Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak
hem-de ony aradan aýyrmak boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyklara gol
çekildi. Döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde Hazar deňziniň
gidrometeorologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk işlenip
taýýarlanyldy we kabul edildi.
2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka
döwletleriniň Baştutanlarynyň IV sammitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow şertnamalaýyn-hukuk, söwda-ykdysady we ulag ulgamlaryndaky
hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça umumy tagallalary artdyrmak hakyndaky teklibi
öňe sürdi.
Ýakyn üç ýylyň dowamynda ýurdumyz Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna
başlyklyk eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýörite Karara gol
çekip, iş toparynyň düzümini tassyklady. Degişli ministrliklere Türkmenistanyň
bu gazna başlyklyk etmegi boýunça konsepsiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamak
tabşyryldy.
Şu ýylyň maý aýynda Minskide Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen
Aleksandr Lukaşenkonyň ýokary derejede geçiren duşuşygy türkmen-belarus
gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Hukuk
binýadynyň giňeldilmegine we Türkmenistan bilen Belarusuň durmuş-ykdysady
ösüşiniň möhüm ugurlaryny nazara alyp, netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek
üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirilen resminamalar toplumyna gol
çekilmegi bar bolan mümkinçiliklere we iki dostlukly halkyň bähbidine laýyk
gelýän gatnaşyklaryň köpugurly guralyny döretmäge bolan gyzyklanmalary äşgär
etdi. 12-nji maýda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aleksandr
Lukaşenkonyň gatnaşmagynda dostlukly ýurduň paýtagtynda Türkmenistanyň
Ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Şol günlerde Minskide Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Onuň
dowamynda şäheriň ilaty we myhmanlar türkmen halkynyň döredijilik dessurlary,
baý medeni mirasy, ýurdumyzyň amaly-haşam sungaty we muzeý gymmatlyklary bilen
ýakyndan tanyşdylar.
Soňky ýyllarda ýurdumyz arap dünýäsiniň ýurtlary bilen hemmetaraplaýyn
gatnaşyklary işjeň ösdürýär. 7-nji martda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza ilkinji resmi sapary bilen gelen Katar
Döwletiniň Emiri şeýh Tamin ben Hamad Al-Tani bilen geçiren gepleşikleri munuň
aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda diplomatik
gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýokary
derejede geçirilen duşuşyk deňhukukly we özara peýdaly esasda ýola goýulýan
döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypany ýazdy.
Gepleşikleriň barşynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara
türkmen-katar toparynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky ylalaşyga geldiler we
onuň işiniň netijeli özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
pugtalandyryljakdygyna we onuň köpugurly esasda ösdürilmegine
şertlendiriljekdigine ynam bildirdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary
derejä eýedigini belläp, iki ýurduň döwlet Baştutanlary halkara syýasatynyň
meselelerine taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşdigini, häzirkizamanyň möhüm
meseleleriniň çözgüdine umumy işjeň çemeleşmeleriň bardygyny, munuň özi
parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde möhümdigini
nygtadylar.
Şu ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Saud Arabystany Patyşalygyna resmi
sapary amala aşyrdy. Er-Riýad şäherinde ýokary derejede geçirilen duşuşygyň
çäklerinde iki ýurduň Baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar
ulgamlardaky türkmen-saud hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem özara gyzyklanma
bildirilýän halkara syýasatynyň möhüm ugurlary bilen baglanyşykly meseleler
toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Deňhukukly we birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar
Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky häzirki hyzmatdaşlygyň
häsiýetli aýratynlygydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
2007-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde ilkinji daşary
ýurt saparyny hut şu ýurda amala aşyrmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň dostlukly
ýurduň hökümet agzalary we işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren
gepleşikleriniň barşynda kabul edilen çözgütleriň yzygiderli durmuşa
geçirilmegine gönükdirilen resminamalar toplumyna gol çekilmegi iki ýurduň
döwletara gatnaşyklaryny köpugurly esasda ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny
äşgär edýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Er-Riýad» gazetine beren interwýusynda belleýşi ýaly,
iki halkyň birek-birege bolan gatnaşyklarynyň ýokary derejesi, olaryň
ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň we garaýyşlarynyň ýakynlygy özara peýdaly
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugta binýadyny emele getirýär. Bu bolsa
hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary yzygiderli ýola
goýmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz we ýurdumyzyň hökümet
wekiliýetiniň agzalarynyň Mekge şäherindäki tutuş yslam dünýäsiniň merkezi
hasaplanylýan mukaddes Käbä zyýarat etmegi bu taryhy sapara özboluşly ruhy
galkynyş eçildi.
Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Onuň Alyhezreti Saud Arabystanynyň patyşasy
Salman ben Abdulaziz Al Saudyň 2-nji maýdan 3-nji maýa geçilýän gijede hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üçin Allanyň öýi hasaplanylýan mukaddes
Käbäniň gapysyny açyp, mukaddesligiň içinde namaz okamak üçin mümkinçilik
döretmegi aýratyn bellärliklidir. Munuň özi örän seýrek gabat gelýän ýagdaýdyr.
Bu bolsa şol ýurtda biziň halkymyza, döwletimize we hut hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowa goýulýan çäksiz hormatyň nobatdaky subutnamasydyr.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz saparyň çäklerinde musulman dünýäsi üçin mukaddes
hasaplanylýan Medine şäherine bardy. Şol ýerde yslamy esaslandyryjy Muhammet
Pygamber ýaşapdyr we jaýlanypdyr. Bu gadymy şäher adamzat taryhynda musulman
döwletiniň ilkinji sallançagy hasaplanylýar. Hut şu ýerden yslam tutuş dünýä
ýaýrap, özbaşdak din derejesine eýe bolýar.
Şu ýylyň noýabr aýynda Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas
Türkmenistana ilkinji resmi sapar bilen geldi. Özygtyýarly Türkmenistan
dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, hususan-da,
Palestina bilen deňhukukly, dostluk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn
ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýär. Aşgabat duşuşygy 1992-nji ýylyň ýaz
aýyndan başlap, iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlan
pursatyndan bäri çärýek asyryň dowamynda sazlaşykly ösýän özara peýdaly we
köpugurly gatnaşyklaryň täze tapgyryny emele getirdi.
Paýtagtymyzda geçirilen gepleşikleriň gün tertibine dürli ugurlardaky iki
ýurduň gatnaşyklaryna degişli meseleleriň köp sanlysy girizildi. Ähli gazanylan
ylalaşyklar gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalarda öz beýanyny tapdy we ol
taraplaryň söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmek üçin
ygtybarly binýat bolup durýan syýasy gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge
taraplaryň meýillerini özünde jemledi.
Türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Mahmud
Abbas häzirki döwürde Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýeleýän Garaşsyz,
Bitarap Türkmenistana gelip görmek üçin döredilen mümkinçilige örän şatdygyny
nygtady. Bellenilişi ýaly, tutuş dünýäde bolşy ýaly, Palestinada hem häzirki
döwürde düýpli oňyn özgertmeler ýola bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň
sazlaşykly ösüşine uly gyzyklanma bilen syn edýärler we hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän hem-de beýleki döwletler üçin
nusgalyk bolup durýan bitaraplyk, daşary syýasat esaslaryna daýanýan
parahatçylyk söýüjilik syýasatyna ýokary baha berýärler.
Prezident Mahmud Abbasyň ýurdumyza resmi saparyna gabatlanyp, Palestina
Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň açylyş dabarasy boldy. Dostlukly
ýurduň diplomatik wekilhanasynyň açylmagy iki döwletiň arasyndaky özara
düşünişmek we ynanyşmak esaslaryna daýanýan ylalaşyklaryň özboluşly beýanyna
öwrüldi we ol ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça netijeli
gatnaşyklar üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwletara
ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi.
Häzirki döwürde Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda we daşary-ykdysady
işinde möhüm ugur hasaplaýan Aziýa-Ýuwaş umman sebiti bilen hyzmatdaşlygyň
ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň şu ýylyň noýabrynda Malaýziýa bolan resmi saparynyň barşynda
geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler munuň aýdyň subutnamasydyr.
Malaýziýa Türkmenistanyň söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlary boýunça
ähmiýetli we öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biridir. Malaýziýanyň iri «Petronas
Çarigali» kompaniýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk bar bolan ikitaraplaýyn
mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň nusgasydyr. Bu kompaniýa Türkmenistanyň
deňiz känlerinde ilkinjileriň biri hökmünde işe başlady. Iki ýurduň arasyndaky
ynanyşmak gatnaşyklary diňe bir hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça
ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem halkara
giňişliginde, ilkinji nobatda bolsa abraýly halkara guramalarynyň we sebitleýin
düzümleriň binýadynda özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirýär.
Şeýlelikde, Aziýada ynanyşmak çärelerini berkitmek, sebitde halkara-hukuk
kadalarynyň we BMG-niň degişli kararnamalarynyň esasynda döwletleriň arasyndaky
gatnaşyklary okgunly ösdürmek üçin sebitde pugta syýasy hem-de hukuk
şertleriniň döredilmegi türkmen-malaýziýa syýasy gatnaşyklarynyň möhüm ugry
bolup duýar. Geçirilen gepleşikleriň ýokary netijeli bolandygyny belläp,
taraplaryň iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, birnäçe
möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ygrarlydygyny tassykladylar.
Şu ýylda Türkmenistan Ýewropa ugruny daşary syýasatynyň üýtgewsiz tapgyrydygyny
äşgär etdi we Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlary tarapyndan biziň döwletimize
bolan uly gyzyklanmalar beýan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň şu ýylyň awgust aýynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň
bolan iş saparynyň barşynda bu ýurduň ýokary ýolbaşçysy bilen bolan duşuşygynda
möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Saparyň maksatnamasyna birnäçe möhüm duşuşyklar we
gepleşikler girizildi. Döwlet Baştutanymyzyň GFR-iň Federal Kansleri Angela
Merkel bilen geçiren gepleşikleri soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynyň
işjeňleşdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Gatnaşyklaryň
ösdürilmegi däp bolan hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin we özara peýdaly häsiýete
eýe bolmagyny şertlendirýär.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary döwlet
Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Germaniýanyň degişli ministrlikleriniň
we pudak edaralarynyň, iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary
geçirdiler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary
bilen GFR-iň hyzmatdaş kompaniýalarynyň arasynda ähtnamalaryň we ylalaşyklaryň
13-sine gol çekildi. Şol resminamalara hormatly Prezidentimiziň iş saparynyň
çäklerinde 29-njy awgustda Berlin şäherinde geçirilen türkmen-german işewürler
forumynyň barşynda gol çekildi. Bu işewür duşuşygyň baş maksady ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlyga täze çemeleşmeleri kesgitlemekden we ylalaşmakdan, söwda-ykdysady
we işewür we ylmy-tehniki gatnaşyklaryň has bähbitli ugurlaryny kesgitlemekden
ybarat boldy.
Şeýlelikde, hemişelik oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli
goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolan Türkmenistan 2016-njy ýylda özüniň
halkara giňişligindäki abraýyny belende göterdi. Hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz özüniň Bitaraplyk
derejesine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, mundan beýläk-de diňe bir milli
ýörelgelere däl, eýsem, dünýä bileleşiginiň bähbidine, parahatçylygyň,
howpsuzlygyň we abadançylygyň ählumumy maksatlaryna kybap gelýän dostluk hem-de
giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegi baş maksat
edinýär.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi