«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti
Türkmenistan 10 ýyl bäri Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda abadançylykda ýaşaýar we ösýär
29.06.2017
2007-nji
ýylyň 11-nji fewralynda türkmen halky giň bäsdeşlik esasynda geçirilen döwlet
Baştutanynyň ählihalk demokratik saýlawlarynyň barşynda täze döwrüň syýasatçysy
Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlady. Bu waka türkmen
döwletiniň taryhyndaky täze döwrüň başlangyjy hökmünde ýurdumyzyň taryhyna
altyn harplar bilen ýazyldy.
On ýyl: 2007 2017-nji ýyllar... Bu iki senäniň arasynda täze zawodlaryň,
fabrikleriň, mekdepleriň, hassahanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, muzeýleriň hem-de
kitaphanalaryň müňlerçesi, şol döwrüň içinde gurlan awtomobil ýollarynyň we
polat ýollarynyň, turbageçirijileriň onlarça müň kilometri, Türkmenistanda
öndürilen, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň ýüzlerçe hem-de
millionlarça tonnalary, asyryň iri taslamalaryna goýlan milliardlarça maýa
goýumlary ýatyr. Bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary
netijesinde bagtly durmuşa eýe bolan ýurdumyzyň keşbini düýpli özgertdi.
2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň
nobatdaky saýlawlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Mälikgulyýewiç
Berdimuhamedow öz bäsdeşlerinden ep-esli arany açyp, ynamly ýeňiş gazandy.
Milli Liderimize raýatlarymyzyň 97,69 göterimi ses berdi. Döwlet Baştutanynyň
saýlawlarynyň jemleri halkymyzyň öz milli Liderine we onuň geçirýän döwlet
ugruna uly ynamynyň aýdyň beýany bolup hyzmat edýär.
Milli Liderimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipesini
öňde goýmak bilen, täze döwlet ideologiýasynyň berkarar bolmagyna aýratyn
ähmiýet berýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar bolsa onuň esasyny düzdi.
Ýurdumyzda bazar ykdysadyýetiniň durmuş ugurly nusgasy kemala gelip, şahsy
eýeçiligiň ähmiýeti we orny ýokarlandy, erkin bäsleşik ýörelgelerine esaslanan
telekeçilik işi üçin binýatlyk şertler döredildi. Aýlyk iş haklarynyň,
pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň her ýyl 10 göterim
artdyrylmagy durmuş abadançylygynyň hem-de adam mümkinçilikleri üçin şertleri
döretmegiň görkezijileri bolup durýar, 2012-nji ýylda bolsa Türkmenistan Bütindünýä
banky tarapyndan ortaça derejeden ýokary girdejili ýurt hökmünde ykrar edildi.
Türkmenistanyň raýatlygynyň kanunlar tarapyndan kepillendirilen konstitusion
hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi täze eýýamyň möhüm alamatydyr.
2007-nji ýylda bäsleşik esasynda, 2017-nji ýyldan başlap bolsa, üç syýasy
partiýanyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilmegi
jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmagyň möhüm ugurlarynyň biri boldy.
Döwletimiz oba zähmetkeşlerine hemmetaraplaýyn goldaw bermek bilen, obasenagat
toplumynyň önümçilik düzümini täze tehnikalar bilen üpjün etmäge we
döwrebaplaşdyrmaga ägirt uly maýa goýum serişdelerini gönükdirdi. Döwlet
strategiýasy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän un öndürýän zawodlary
hem-de maldarçylyk toplumlaryny, ýyladyşhana hojalyklaryny, zawodlary we
fabrikleri gurmaga gönükdirildi. Olarda azyk önümleriniň örän köp görnüşleri
çörek-bulka, unaş, et we süýt önümleri, ösümlik ýagynyň, peýnirleriň,
şöhlatlaryň dürli görnüşleri öndürilýär.
Türkmenistan özüniň baş maksadyna ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek
maksadyna ýetmek bilen çäklenmän, eýsem, 2011-nji ýylda ilkinji gezek gallany
eksport edýän ýurtlaryň hataryna girdi. 2015-nji ýylda Birleşen Milletler
Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) biziň ýurdumyzyň üstünligini
belledi. Türkmenistan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazanan
üstünlikleri üçin ýörite baýraga mynasyp boldy.
Ýurdumyzyň we aýry-aýry sebitleriň ykdysady taýdan okgunly ösüşini hem-de doly
hukukly we özara bähbitli hyzmatdaş hökmünde dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň
goşulyşmagyny üpjün etmek üçin täze düzümleýin senagat syýasatynyň işlenip
taýýarlanylmagy strategiki ähmiýete eýe boldy. Diwersifikasiýalaşdyrmak we
döwrebaplaşdyrmak Türkmenistan üçin strategiki ugurlara öwrüldi. Transmilli
ulag kommunikasiýalaryny döretmek, täze ýataklary özleşdirmek hem-de
uglewodorod we mineral serişdeleri dünýä bazarlaryna çykarmak arkaly ýurdumyzyň
geosyýasy ýagdaýyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça netijeli işler
başlandy.
Döwleti dolandyryş ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak meselesi hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze ykdysady strategiýasynyň esasy
ugurlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda senagaty
düzümleýin ösdürmegiň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.
Olar bar bolan önümçilikleriň durkuny täzelemäge hem-de innowasion
önümçilikleri döretmäge gönükdirildi. Şunda diňe bir ýangyç-energetika toplumy
däl, eýsem, çig mal ulgamy bilen bagly bolmadyk ulag we aragatnaşyk ulgamlary
hem ileri tutulýan ugurlaryň hataryna goşuldy. Gaýtadan
işleýän senagatyň çäklerinde himiýa senagaty we gurluşyk materiallary senagaty
möhüm orun eýeledi.
Ýurdumyzda çykarylýan tebigy gazyň eksport ugurlarynyň köp şahalylyk
ýörelgelerine eýermek bilen, döwletimiz gysga döwrüň içinde Türkmenistan-Hytaý
gaz geçirijisi hem-de Türkmenistandan Eýrana (Döwletabat-Sarahs-Hangeran) gaz
geçirijisiniň ikinji şahasy arkaly özüniň uglewodorod serişdelerini ibermegiň
daşarky ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy başardy. Türkmenistan
Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy iri
maýa goýum taslamasyna öwrüldi. Bu taslama 2010-njy ýylyň dekabrynda, Aşgabatda
geçirilen üçtaraplaýyn Sammitiň barşynda iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlandy.
Şol Sammitiň netijeleri boýunça degişli hökümetara ylalaşygyna gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiziň gaz pudagyny ösdürmek baradaky syýasatynyň ýene-de bir
ugry gaz ýataklarynyň halkalaýyn ulgamyny döretmek, gazyň eksport akymlarynyň
täze ugurlarynyň döredilmegini çaltlaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Döwlet
Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça 2011-nji ýylda Gündogar-Günbatar gaz
geçirijisiniň gurluşygy başlandy, onuň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda
tamamlandy. Gaz geçirijisiniň uzynlygy 800 kilometre golaýdyr we ýyllyk kuwwaty
30 milliard kub metr tebigy gazy ibermäge niýetlenendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösen ulag düzümini kemala
getirmek we halkara ulag geçelgelerini döretmek wezipesini öňde goýdy.
Türkmenbaşy şäherinde gurulýan Halkara deňiz porty logistika ulgamyny
ösdürmegiň möhüm bölegi bolar.
Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy ýaly taslamalaryň
işjeň durmuşa geçirilmegi Demirgazyk-Günorta we Günbatar-Gündogar esasy halkara
ugurlary boýunça ýurdumyzyň ulag ulgamynyň üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmaga
gönükdirilendir.
«Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Perman hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilkinji gol çeken resminamasy boldy.
Bilim ulgamynda özgertmeler, milli Liderimiziň pikirine görä, ýokary okuw
mekdeplerinde talyplaryň sanyny artdyrmagy, halkara derejeli hünärmenleri
taýýarlamagy, öwrenilýän sapaklaryň sanyny artdyrmagy hem-de täze hünärleri
açmagy talap edýärdi.
Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň sany artdy: 2007-nji ýylda 17 sany bolan
bolsa, 2016-njy ýylda olaryň sany 24-e ýetdi. Ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň umumy sany 10 ýylyň içinde iki esseden
gowrak artdy: 2007-nji ýylda 17 müňden 2016/2017-nji okuw ýylynda 38 müň
birlige çenli ýokarlandy.
Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işleri häzirki maglumatlar
jemgyýetiň meýillerine laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen
ýola goýlan däp, ýagny 1-nji sentýabrda birinji synpa barýan çagalaryň döwlet
Baştutanymyzdan kompýuterleri sowgat almagy bu babatda nysga alarlyk bolup
durýar.
Häzir ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy giň gerime eýe boldy. Ýaşaýyş
jaýlarynyň gurluşygyna hem-de jemagat hojalygyna gönükdirilýän maýa goýumlary
10 ýylyň içinde 18 esseden hem gowrak ýokarlandy. Eger 2007-nöi ýylda bu
görkeziji 0,8 milliard manat bolan bolsa, 2016-njy ýylda ol 14,7 milliard
manada deň boldy.
2007-nji ýylyň 17-nji dekabrynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň
we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça
2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» kabul edildi. 2007-nji
ýyldan 2014-nji ýyllar aralygynda durmuş maksatly desgalaryň 832-si bina
edildi, ýaşaýyş jaýlarynyň 4,5 million inedördül metri ulanmaga berildi.
Maksatnamanyň rejelenen görnüşi 2015-2020-nji ýyllary gurşap alýar. Onuň
çäklerinde desgalaryň ýene-de 500-den gowragyny, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň 3
million inedördül metre golaýyny gurmak meýilleşdirildi.
Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdrümegiň maksatnamasynda ilaty durmuş
taýdan goramak syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi. Ýurdumyzyň
ilatynyň durmuş derejesi 2030-njy ýyla Ýewropa ölçeglerine ýakynlaşmalydyr,
Türkmenistan bolsa adam mümkinçilikleriniň ösüşi boýunça has ýokary derejeli
döwletleriň hataryna girmelidir. Munuň üçin ýurdumyzda zerur bolan ähli şertler
bar: Milli Liderimiziň syýasy erk-islegi, döredilen ykdysady kuwwat, hemişelik
däpler hem-de işjeň durmuş syýasaty.
Milli Liderimiz bitaraplyk syýasatynyň yzygiderliligini üpjün edip, dünýä we
sebit meselelerini çözmekde Türkmenistanyň abraýyny hem-de ornuny ýokary
galdyrdy. Şunda ýurdumyzyň daşary strategiýasy ykdysady netijeliligi hem-de
milli maksatlaryň we bähbitleriň ileri tutulmagyny ugur edinýän pragmatik ugur
bolmagynda galýar.
Döwlet Baştutanymyzyň ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek
meseleleri boýunça ugrunyň netijeliligi we yzygiderliligi energetika ulgamynda
aýdyň ýüze çykýar. Döwrebap ählumumy meýilleriň çuňňur we toplumlaýyn
seljermesine esaslanmak bilen, milli Liderimiz halkara bileleşigine energetika
giňişliginde gatnaşyklaryň düýbünden täze nusgasyny döretmegi teklip etdi.
...Garaşsyz Bitarap Türkmenistan 10 ýyl bäri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýaşaýar we ösýär. Geçilen ýyllaryň we
gazanylan üstünlikleriň belentliginden garamak bilen biz milli Liderimiziň
saýlap alan hem-de halkymyzyň goldan strategik ugrunyň Türkmenistany ösüşiň
täze ýoluna çykarandygyny buýsanç bilen aýdýarys. Bularyň hemmesi-hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen 10 ýylyň içinde alyp baran
tutanýerli we köpugurly işleriniň aýdyň netijesi bolup, Gahryman Arkadagymyz
tutuş dünýä bileleşiginiň öňünde milli bähbitleri häzirki döwrüň wehimlerinden
goraýar.
Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)