Salgysy:
744001, Türkmenistan, Aşgabat ş., Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 243.
Tel.: 36 25 40, faks: 36 24 56.
Iinstitutyň gurluşy:
«Sport» we "Syýahatçylyk«fakultetleri;
8 sany kafedralar:
- «Dünýä tejribesini öwreniş»,
- «Sportuň medisina we biologiki taýdan üpjünçiligi»,
- «Sportuň nazaryýeti we biomehanika»,
- «Atçylyk sporty, gimnastika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek»,
- «Türkmen milli we sport oýunlary»,
- «Göreş we başa-baş tutluşyk»,
- «Syýahatçylyk täjirçiligini guramak we dolandyrmak»,
- «Myhmanhana we syýahatçylyk hyzmatlarynyň ýörite menejmenti».
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyna «Bedenterbiýäniň, sport täliminiň, sagaldyş we uýgunlaşmak işleriniň nazaryýeti we usulyýeti» 13.00.04 hünäri boýunça aspirantura açyldy; kandidatlyk dissertasiýanyň temalary tassyklanyldy: olaryň biri ýokary synp mekdep okuwçylarynyň sagdyn keşbiniň kemala gelmegine bagyşlanan, ikinjisi milli göreşde ýokary derejeli türgenleriň taýýarlygy barada. Şeýle-de ylmy-barlamhanasynyň meseleleri bilen baglanyşykly ylmy merkezi açmaklyk meýilleşdirilýär. Sport fakultetindäki ylmy-barlag işleri adamyň bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketleriniň esasy pedagogiki, mediki-biologiki kanunalaýyklygyny öwrenmek bilen baglanyşykly. Syýahatçylyk fakultetiniň syýahatçylyk pudagynyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmagyň ylmy esaslary barlanylýar.
Ylmy-barlaglaryň netijeleri barada ylmy maslahatlarda çykyşlar guralýar, şol çykyşlar bolsa makalalar ýygyndylarynda we ylmy žurnallarda neşir edilýär.