Salgysy:
Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 31-nji jaýy.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby instituty 1993-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda döredildi.
Gurluşy: Harby institutda 14 kafedra bar.
Harby institutda ylymlaryń doktorynyń 2-si, ylymlaryň kandidatynyń 10-usy zähmet çekýär.
2008-nji ýylda institutyń mugallymlary tarapyndan okuw kitaplarynyń 11-isi, okuw-usulyýet gollanmalarynyń 208-isi taýýarlanyldy. Serkerdeler, mugallymlar we talyplar metbugatda çykyş etmek üçin 112 makala taýýarladylar.
Harby institutyň merkezi okuw kitaphanasy ýurdumyzda we dünýä ylym ulgamynda çap edilýän okuw, çeper edebiýatlary bilen üpjün edilýär.