Salgysy: Türkmenistan, köç. 1984 (Puşkin köç., jaý 22). Tel: 39-86-11
Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-ýylyň Baýdak aýynyň 7-den çykaran N1403 belgili karary esasynda Aşgabat Döwlet konserwatoriýasy Türkmen milli konserwatoriýasy diýip ady üýtgedilen (Buýruk N 95-L 1993-ýylyň Alp-Arslan aýynyň 6-dan).
Gurluşy:
Konserwatoriýa 4-fakultetden, 15-kafedradan, rektoratdan, hat-habar bölüminden, okuw bölüminden, ylmy-konsert bölüminden, işgärler we ýörite bölüminden, hojalyk bölüminden, hasaphanadan, saz mirasy öwreniş ylmy merkezden, akustiki laboratoriýadan, tehniki serişdelerini öwrenmek laboratoriýasyndan,milli saz gurallaryny dikeltmek we ulanmak laboratoriýadan, kitaphanadan, golýazmalar sektoryndan ybaratdyr.
Esasy ylmy ugurlary:
Konserwatoriýanyň ylmy ugurlary: milli saz däplerini saklamak we ösdürmek, dünýä saz medeniýetiniň tejribesini öwrenmek we ony konserwatoriýanyň biliminde we ýerine ýetirijilik işinde ornaşdyrmak.