Biziň salgymyz: 744012, Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçesi, 143
Uniwersitet barada
S.A.Nyıazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ıurdumyzyň oba hojalyk toplumy üçin hünärmenleri taııarlaıan ıeke-täk ıokary okuw mekdebidir.
Ozalky oba hojalyk instituty 1930-njy ıylda esaslandyrylan. 1998-nji ıylda S.A.Nyıazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine öwrüldi.
Uniwersitetiň 6 fakultetiniň we 16 kafedrasynyň alymlary oba hojalygyny ösdürmegiň düıpli meselelerini işläp düzmäge işjeň gatnaşıarlar. Şol işleriň özenini Türkmenistanyň esasy baılygy bolan pagtanyň we dänäniň ıokary hasylyny almak üçin gowaçany we bugdaıy ösdürip ıetişdirmegiň täze tilsimaty; tohumçylyk; ıüpekçilik; mallaryň önümliligini ıokarlandyrmak we olaryň keselleriniň garşysyna göreşmek; suwy dolandyryş desgalarynyň, Garagum derıasynyň, "Altyn asyr" Türkmen kölüniň gurluşyny hem-de ulanylyşyny kämilleşdirmek; suwy tygşytly ulanmagyň ähmiıetli usullaryny önümçilige ornaşdyrmak; oba hojalyk tehnikalaryny ygtybarly ulanmak we olary aıawly saklamak; maldarçylyk we ekerançylyk önümlerini gaıtadan işlemek baradaky önümçilik üçin zerur ylmy-amaly teklipleri işläp düzıärler.
S.A.Nyıazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň düzümi
Jemi: 6 fakultet, 16 kafedra
Rektorlygyň ıanynda
- Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasy kafedrasy
- Kompıuter tehnologiıasy kafedrasy
Oba hojalyk tehnikalary fakulteti
- İokary derejeli tehnikalar kafedrasy
- Tehnologiki enjamlary abatlamak kafedrasy
Mirapçylyk we suw gurluşygy fakulteti
- Mirapçylyk kafedrasy
- Suw desgalarynyň gurluşygy kafedrasy
- İer serişdeleri kafedrasy
Pagtaçylyk fakulteti
- Pagtaçylyk kafedrasy
- Tutçylyk we pileçilik kafedrasy
Däneçilik fakulteti
- Däneçilik kafedrasy
- Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasy
Maldarçylyk fakulteti
- Mallary köpeltmek we idetmek kafedrasy
- Mallaryň keselini anyklamak we bejermek kafedrasy
Oba hojalyk önümlerini gaıtadan işlemek fakulteti
- Oba hojalyk önümlerini gaıtadan işlemek kafedrasy
- Tebigy süımleri egirmek kafedrasy
- Mata önümçiligi we tikinçilik kafedrasy