Habarlar



"Ylym we tehnika milli ykdysadyýetin ganatydyr"

Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow
Baş sahypa
RSS 
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Peýdaly baglanyşyklar
Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw





13 | 12 | 11 | 10 | 9 | 8 | 7 | 6 | 5 | 4 | 3 | 2 | 1 |

Täze tehnologiýlar halkyň hyzmatynda

2022-03-16

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» innowasion toplumynda geçirilýän baýramçylyk sergilerinde görkezilen «Akylly ýol yşygy» we «Akylly awtoduralga» uniwersitetiň mugallymlary hem-de talyplary bilen bilelikde işlenilip taýýarlanyldy.


Ylmy işläp taýýarlamalar önümçilige

2022-03-10

Türkmenistanyň YA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň täze maddalaryň sintezi barlaghanasy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) bilen baglaşan şertnamasynyň çäklerinde ýaglaryň çalgy, motor, dizel, senagat we beýleki görnüşleriniň öndürilişiniň tehnologiýasyny işläp taýýarlaýar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ýol bitumyny öndürýän enjamyndan alynýan wakum-gaz-ýag fraksiýasyndan binýatlyk ýaglaryň kompenentini almak boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.


>Ylmy işläp taýýarlamalar önümçilige: elektron resminama dolanyşygy we awtomatlaşdyrylan çözgütler

2022-02-19

Bu gün biz Türkmenistanyň YA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň maglumatlar howpsuzlygy we kommunikasiýa tehnologiýalary barlaghanasynyň hünärmenleriniň işi barada gürrüň etmekçi, olar ýurdumyzyň dürli edaralaryna Elektron resminama dolansygy ulgamyny (ERDU) girizýärler.


Ylmy işläp taýýarlamalar önümçilige: buýan toşaply bulkajyklar we mineral suwy

2022-02-18

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasy ylmy ugurlaryň birnäçesini birleşdirýän, şol sanda biomaglumatlar tehnologiýalary babatda barlaglar geçirýär. Barlaghananyň işi ýurdumyzyň azyk bolçulygyna gönükdirilendir.


Ýerli çig maldan öndürildi

2022-02-11

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň işgärleri ýerli çig maldan kalsiý nitratynyň tetragidratyny almagyň usulyny işläp düzdüler.


Ýaşlar arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler bäsleşigi yglan edildi

2022-01-23

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýaşlar arasynda her ýyl geçirýän ylmy işler bäsleşigi yglan edildi.


Tehnologiýa merkezi: hojalyk hasaplaşygy esasynda ylmy barlaglar

2022-01-11

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologýialar merkeziniň laboratoriýalarynyň onusy täze ýyldan işi ýöretmegiň hojalyk hasaplaşygy usulyna geçdi.


Ýurdumyzyň ösüşlerine alymlaryň ylmy goşundy

2021-12-14

Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktorlarynyň we kandidatlarynyň dissertasiýalaryny goran alymlaryň uly toparyna diplom gowşurmak dabarasy geçirildi.


Arheolog zenan

2021-12-11

Bäşimowa Nurgözel ýaşlygyndan zähmetsöýer ýaşlaryň biri bolup, ol Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň haly bölümini tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetine okuwa girýär.


GARAŞSYZLYK — BAGTYMYZ HEM BUÝSANJYMYZ

2021-12-01

28-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitinde bu guramanyň sylaglaryna mynasyp bolanlar yglan edildi. Düýn «Garagum» otelinde ýurdumyzyň meşhur taryhçy alymy ýazgylyç Orazgylyjowa «Taryh, medeniýet, edebiýat we şekiliendiriş sungaty» ugry boýunça abraýly sylag dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.


Türkmen dili — döwlet dili

2021-10-30

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynyň çapdan çykyp, okyjylar köpçüligine ýetirilmegi baýramçylyk şatlygymyzy has-da goşalandyrdy.


Gadymy Amulyň tapyndylary

2021-10-28

Amul häzirki Türkmenabadyň eteginde ýerleşýän uly orta asyr şäheridir. Amulyň geografik ýerleşişini Orta Amyderýanyň Kelif, Zemm, Nawidah we Farap ýaly beýleki dört şäheriniňki ýaly, amatly güzer ýeri kesgitläpdir.


Halkara ylmy hyzmatdaşlygy osdurip

2021-10-27

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryna innowasiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.


BIOTEHNOLOGIÝALAR — GELJEGI ULY UGUR

2021-10-22

Berkarar döwtetimiziň bagtyýariyk döwründe milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakda hem-de ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2021-08-26

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň alyp barýan işleriniň netijelerine we bu ugurda öňde durýan ilkinji derejeli wezipelere garaldy.

13 | 12 | 11 | 10 | 9 | 8 | 7 | 6 | 5 | 4 | 3 | 2 | 1 |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy