Soňky ýyllarda dünýäniň köp ýurtlarynda alymlar okgunly ösüşe eýe bolan adaty däl çeşmelerden alynýan alternatiw energiýasynyň önümçiligini we ulanylmagyny «geljegiň energetikasy» diýip atlandyrýarlar.
Şu gün Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň, ylmyň, meýilleşdirmegiň bilimiň hilini ýokarlandyrmakda ornuna bagyşlanan bilermenleriň halkara forumy öz işini dowam etdirdi.
Üstümizdäki ýylyň Bitaraplyk aýynyň 8-nde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 12 ýyllygyna we talyp ýaşlaryň gününe bagyşlap “Täze Galkynyş döwri we türkmen diliniň hem edebiýatynyň ösüş ýollary” ady bilen ylmy maslahat geçdi.
2007-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 6-synda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeş, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Umumymilli "Galkynyş" hereketi bilen bilelikde Türkmenistanyň baky Bitaraplyk baýramynyň 12 ýyllygy we Talyp ýaşlaryň güni mynasybetli "Täze Galkynyş döwründe Türkmenistanyň ylym ulgamyndaky özgerişler" atly alymlaryň, syýasatçylaryň, hünärjggnleriň, professor mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň ylmy maslahatyny geçirdiler.
AŞGABAT, Sanjar aýynyň 19-y (TDH). Şu gün paýtagtymyzda NATO-nyň Ylym baradaky ko mitetiniň "Täze eýýamyň Ýüpek ýoly" taslamasynyň Geňeşiniň XVI mejüsi hem-de Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tehniki hünärmenleriniň VI duşuşygy açyldy. Halkara forumy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeş tarapyndan guraldy, Onuň işine Kawkaz, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň ylym-bilim ulgamlarynyň wekilieri, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, Daniýadan, Norwegiýadan, Belgiýadan, Slowakiýadan, Türkiýeden, Polşadan, Gollandiýadan, Russiýadan, Belarusdan informasion-kommunikasiýa tehnologiýalary babatda hünärmenler, Ýewraziýa uniwersitetlerinden alymlar, Türkmenistanyň ylym-bilim uigamyna birikdirilen hyzmatdaş guramalaryň wekilleri gatnaşýar.
2007-nji ýólóň Sanjar àýónóň 19-22 aralygynda Aşgabat şäherinde Demirgazyk Atlantik Şertnama Guramasynyň Ylym maksatnamasynyn "Òäzå eýýamyň ýüpek ýoly" taslamasynyň Geňeşiniň 16-njy we Kawkaz hem-de Merkezi Àziýà ylym-bilim torlarynyň Internet teklipleri boýunça guramasynyň 6- njy maslahatlary geçirilýär.
Sözlük Türkmenistanyň Milli ýaragly güýçleriniň düzgünnamalaryna, taktika, atyş, nyzam taýýarlygyna, Raýat goranyşyna, harby tehnika, söweş sungatyna, harby gullukçylaryň gündelik hajatlaryna we ş.m. degişli 5000 çemesi sözlük makalalaryny öz içine alýar.
2007-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 12-sinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşi Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen bilelikde "Ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň girewidir" atly ylmy maslahatda nutuklar görnüşinde oba hojalyk ugrunda soňraky ýyllarda işlenip taýýarlanan ylmy barlaglaryň netijeleri tanyşdyryldy.
2007-nji ýylyň Nowruz aýynyň 19-ynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşde Türkmenistanyň XX Halk Maslahatynda garaljak meselelere bagyşlanan maslahat bolup geçdi.
2007-nji ýylyň Nowruz aýynyň 16-synda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň mejlishanasynda "Gadymy Oguz iline Nowruz gelipdir" atly temadan folklor bäsleşigi bolup geçdi.
2007-nji ýylyň Nowruz aýynyň 8-inde Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň mejlisler zalynda Birleşen Arap Emirlerikleriniň "Juma Al-Majid" medeni miras merkeziniň ýolbaşçysy Juma Al-Majid bilen duşuşyk bolup, oňa Türkmenistanda zähmet çekýän ylmy işgärler gatnaşdylar
Türkmen döwlet lukmançylyk inztitutynyň immunolog-alymlary holesistitleriň anyklamasyna we bu patologiýada derman otlaryň gaýnatmasynyň ulanylmagynyň netijeliliginiň kesgitlemesine baş-bütin täze immunologiki çemeleşmäni işläp düzdüler.
Kardiologiýa ylmy-kliniki merkeziniň işgärleri ýokanç endokarditiň kriterilerini we ony anyklamak we bejermek üçin täze çemeleşmeleri işläp düzdüler. Munuň netijesinde bolsa 8090% çenli näsaglar gutulyp çykýar.
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy barlaglary Türkmenistanda soňky 10 ýylyň içinde öýken raky keselliligiň 7,6-dan 4,1 çneli, ölümliligiň bolsa 7,1-den 3,9 çenli azalmagyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdiler.
Gurbansoltan eje adyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goramak ylmy-kliniki merkeziniň işgärleri ýüze çykarylan garyn-içege traktynyň ýokarky bölekleriniň bozulmalarynyň we çagalaryň giň ýaýran allergiki keslelleriniň kliniki-morfologiki we immunologiki aýratynlyklarynyň esasynda toplumlaýyn terapiýanyň tertibini işläp düzdüler we ornaşdyrdylar.