Habarlar

Syýahat we gözegçilik üçin elektron kartalar

Baş sahypaYlymlar akademiýasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ýaz  Atgarma
RSS 

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Peýdaly baglanyşyklar
Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2022-03-29

"Altyn asyr" elektron gazeti

Syýahat we gözegçilik üçin elektron kartalar

28.03.2022

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Geografik maglumatlar ulgamy barlaghanasynda geografik maglumatlar ulgamy ulanylyp, sanly tematiki kartalaryň birnäçesi işlenilip taýýarlanyldy.

Hususan-da, döwrebap sanly tehnologiýalardan, maglumatlar gorundan we uzak aralykdan barlaglardan peýdalanylyp, Türkmenbaşy şäheriniň we „Awaza” milli syýahartçylyk zolagynyň awtomobil ýol görkeziji kartrasy döredildi. Döwrebap sanly karta „Garmin” awtonawigasiýa ulgamynda, şeýle hem ykjam enjamlarda (smartfonlarda we planşetlerde) synaglardan üstünlikli geçdi.

Tehnologiýalar merkeziniň ylmy işgärleri Türkmenistanyň çägi üçin awtonawigasiýa ulgamlarynyň kartografiýa üpjünçiligi usulýetini ulanyp, karta döretmek boýunça wezipäni çözdüler. Bu usulýet ilkinji maglumatlary ýygnamagy we işlemegi, kartanyň esasy desgalarynyň, düzümleriniň we gerekli nokatlarynyň ýagdaýynyň yzygiderli üýtgeýşini göz öňünde tutýan wideo şekilde hasaba alnyşynyň maglumatlaryny yzygiderli çalyşmagy öz içine alýar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň arheologik ýadygärlikleriniň interaktiw kartasy taýýarlanylanda-da bu usullardan peýdalanyldy. Karta orta asyrlara we has gadymy döwürlere degişli ýadygärlikler barada gürrüň berýär. Ol karta hakda maglumatly internet sahypalary, arheologik ýadygärlikleriň sanawy we beýany, interaktiw karta we habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilen görnüşinde taýýarlanandyr.

Sanly interaktiw karta ýadygärligiň adyny, ýerleşýän welaýatyny, etrabyny, dörän döwrüni, golaýyndaky ilatly ýer bilen aralygyny, Türkmenistanyň ilatly ýerlerini we serhetdeş döwletlerini, derýalary, kölleri, gara, demir ýollary, Beýik Ýüpek ýolunyň ugruny, ýerleşýän ýerini we älem hemrasyndan alnan suratly şekillerini görkezýär.

Karta onuň ulaldylýan/kiçeldilýän şekili, ady boýunda binany gözlemek ýaly wezipeler goşulandyr. Käbir ýadygärlikleriň 3D nusgasy bolup, olar salgylar boýunça aýry goşundylarda açylýar.

GMU tehnologiýasy ulanylyp „Altyn asyr” Türkmen kölüniň we öri meýdanlarynyň ösümlikleriniň, şeýle hem şu sebitiň we Hazarýaka pesliginiň ösümlikeriniň we topragynyň köpderejeli monitoringiniň netijeleriniň kartasy taýýarlanyldy. Ösümlikler kartasy düzülende GMU we uzak aralykdan zondirlemek ýaly döwrebap tehnolgoýalar ulanyldy.

NDVI ösümlikleriň ýagdaýyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Ol öri meýdanlaryndaky ösümlikleriň ýagdaýyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Netijede, onda näçe gara mal bakyp boljakdygy anyklandy. Bu bolsa tutuş ýylyň dowamynda öri meýdanalrynyň otunyň ýagdaýyny bilmäge we mallary örülerde ýerleşdirmegi meýilleşdirmäge mümkiniçk berýär. Häzirki wagtda merkeziň işgärleri suwarylýan ýerleriň agrohimiki ýagdaýna toplumlaýyn baha bermegiň kartografiýa üpjünçilgi we ýurduň öri meýdanlarynyň köpugurly monitoringini guramak boýunda ylmy hem-de hojalyk hasaplaşykly işleriň birnäçesini alyp barýarlar.

Wladimir Komarow



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy