Habarlar

Täze tehnologiýalar şäher gurluşygynda

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
RSS 

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Peýdaly baglanyşyklar
Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2022-03-22

"Altyn asyr" elektron gazeti

Täze tehnologiýalar şäher gurluşygynda

21.03.2022

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» innowasion toplumynda kiberfiziki ulgamlar fakultetiniň «Nanoelektronika we zatlaryň interneti» ylmy-önümçilik merkezi hereket edýär.

Bu ýerde diňe bir ylmy-taslama işleri taýýarlnylman, eýsem taslamalary önümçilige ornaşdyrmak işleri hem alnyp barylýar. Olaryň esasylarynyň biri bolsa «Akylly öý» ulgamydyr.

«Akylly» tehnologiýalara degişli «Akylly öý» ulgamy Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan ýaşaýyş jaýlarynda ornaşdyryldy. Bu binalaryň otaglarynda yşyklandyryş, ýyladyş, howa çalyşmak hem-de sowatmak, howpsuzlyk ulgamlaryna gözegçilik we olary dolandyrmak işleri doly awtomatlaşdyrylan.

«Akylly öý» ulgamynyň her bir elektrik enjamy el telefonynyň kömegi bilen dolandyrylýar. Munuň üçin ýörite işlenip taýýarlanylan programma üpjünçilgi üçin hasap açylyp, programma el telefonyna ýüklenilýär.

«Akylly» perdeler we tutular gün şöhlesini we ýylylygy has netijeli peýdalanmaga ýardam berýär. Ulgam gije-gündiziň dowamynda tebigy ýagtylandyrylyşyň derejesine görä perdeleri we tutulary awtomatiki usulda açýar we ýapýar. «Akylly öýlerdäki» «akylly rozetkalar», «akylly aýnalar» ýaly enjamlar hem bu ylmy önümçilik merkezinde işlenilip taýýarlanyldy.

Howpsuzlyk ulgamynyň möhüm wezipesi suw, gaz we elektrik togy bilen bagly näsazlyklar barada duýdurmakdan ybaratdyr. Bularyň ählisi howpsuz ýaşaýşyň hökmany şertleridir. Ulgamyň özi bu ýagdaýlaryň ýüze çykmagyny awtomatiki uşulda aradan aýryp, öý eýesine näsazlyklar barada habar berýär. Ulgam islendik näsazlyk ýüze çykanda ykjam telefona SMS habaryny, ses ýa-da jaň ugradýar. Geljekde täze öýlerde howpsuzlyk ulgamyna ýer yranmasyny ýaly tebigy hadysalar barada habar bermek mümkinçiligini girizmek hem göz öňünde tutulýar.

Köpçülikleýin ulanylýan zibil gutularnyň gigiena we sanitariýa taýdan arassa bolmagy üçin «Akylly zibil gutulary» ulgamy işlenip taýýarlandy.

Ylmy-önümçilik merkezleriniň talyp ýaşlarynyň işläp taýýarlan «Akylly öý» tehnologiýasy häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň ýaşaýyş jaylarynda we edara binalarynda ornaşdyrylýar.

Azady Myradow



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy