Habarlar

>Ylmy işläp taýýarlamalar — önümçilige: elektron resminama dolanyşygy we awtomatlaşdyrylan çözgütler

Baş sahypaYlymlar akademiýasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ýaz  Atgarma
RSS 

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Peýdaly baglanyşyklar
Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2022-02-19

"Altyn asyr" elektron gazeti

Ylmy işläp taýýarlamalar — önümçilige: elektron resminama dolanyşygy we awtomatlaşdyrylan çözgütler

18.02.2022

Bu gün biz Türkmenistanyň YA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň maglumatlar howpsuzlygy we kommunikasiýa tehnologiýalary barlaghanasynyň hünärmenleriniň işi barada gürrüň etmekçi, olar ýurdumyzyň dürli edaralaryna Elektron resminama dolansygy ulgamyny (ERDU) girizýärler.

Tehnologiýalar merkeziniň maglumatlar howpsuzlygy we kommunikasiýa tehnologiýalary barlaghanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar intitutynyň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň içerki ulgamynda elektron resminama dolanyşygy ulgamyny işläp taýýarladylar hem-de ornaşdyrdylar. Bu edaralaryň resminamalary elektron serişdeleri, üpjünçiligi we mümkinçilikleri ulanmaga esaslanýan maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary binýadynda elektron görnüşde alyşmagy üpjün etdi.

„Sanly” düzüm 2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň we „Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň tassyklan „Elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň tehniki işiniň” talaplaryna laýyklykda ornaşdyryldy. Ol durmuş tapgyrynyň ähli: döretmek, rejelemek, saklamak tapgyrlarynda resminamalary dolandyrmak üçin ulgamda gurallaryň ähli toplumynyň bolmagyny göz öňünde tutýar. Şeýle hem ol resminamalaryň ugruny, galyberse-de, gözleg, derejeleşdirmek we ş.m. binýatlaýyn wezipeleri goldaýar.

Ony işläp taýýarlanlaryň pikirine görä, bu programma üpjünçiligi ylmy ulgamy ýurdumyzyň bitewi elektron resminama dolanyşygy ulgamyna goşmaga ýardam eder.

Türkmenistanyň YA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň maglumatlar howpsuzlygy we kommunikasiýa tehnologiýalary barlaghanasy „Türkmenaragatnaşyk” agentliginden kiberhowpsuzlygy pudagynda iş alyp barmaga degişli resminama aldy. Bu resminamanyň çäklerinde hünärmenler elektron resminama dolanyşygy ulgamyndan başga-da, web-saýtlary (adaty we ýörite), ykjam goşundylary, IT-maslahatlary döretmek boýunça iş alyp barýarlar, awtomatlaşdyrylan çözgütleri işläp taýýarlaýarlar, serwerleri sazlaýarlar we kiberhowpsuzlygy ulgamynda hyzmatlaryň beýleki görnüşlerini ýerine ýetirýärler.

Hususan-da, hünärmenler www.scitech.gov.tm domen ady bilen Tehnologiýalar merkeziniň web-saýtyny işläp taýýarladylar, onda Merkeziň alyp barýan ylmy işleri we bu ýerde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlar barada maglumatlar yzygiderli ýerleşdirilýär.

Hünärmenler oba hojalygyny awtomatlaşdyrmagyň usulyny işläp taýýarladylar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň şertlerinde teledolandyryş enjamlary üçin maglumatlary alyşmagyň guralyny döretmek maksady bilen hünärmenler „Ygtybarly teledolandyryş enjamyny işläp taýýarlamak” ugrundan iş alyp barýar.

Wladimir Komarow



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy