![]() |
![]() | ![]() «Türkmenistanda energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň meseleleri» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara |
|
||||||
| ![]() |
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() 2010-02-24 Hormatly ylmy maslahata gatnaşyjylar! Sizi «Türkmenistanda energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň meseleleri» atly halkara ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halkara ylmy maslahatda jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda umumadamzat, Hormatly myhmanlar! Adamzadyň durmuşy ylym we bilim bilen aýrylmaz baglydyr. Ylym we bilim ynsanyýetiň goşa ganatydyr, bagtyýar ýaşaýşynyň gözbaşydyr. Asudalygyň, parahatçylygyň we agzybirligiň Diýary hökmünde giňden tanalýan Türkmenistan bu gün täze Galkynyşyň we beýik özgertmeleriň täze taryhy eýýamyna gadam basdy. Biz ylmy ösdürmegiň, ony dünýä derejesine çykarmagyň möhüm şertleri hökmünde ýurdumyzyň ylym ulgamynyň kanunçylyk, maddy-tehniki binýatlaryny yzygiderli pugtalandyrdyk, ylmyň esasy ugurlaryny we wezipelerini kadalaşdyryjy Hormatly alymlar! Biz milli baýlyklarymyz bolan energetika serişdelerimiziň ägirt uly gorlaryny dünýä bazarlaryna çykarmak bilen, ykdysadyýetimize, serişde tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz iň täze tehnologiýalary ornaşdyrýarys, adamzadyň durmuşyna ymykly aralaşan, dünýäniň durnukly ykdysady ösüşine uly goşant goşýan Biz «geljegiň energetikasy» adyny alan alternatiw energetikany milli ýangyç energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde saýlap aldyk. Geçen ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzüminde «Gün» institutyny döretmegimiz, şeýle hem goşmaça energiýa çeşmelerini, ýagny, Günüň, ýeliň, gyzgyn suwlaryň, biogazlaryň energiýalarynyň giňden ulanylmagyny ýola goýmak baradaky başlangyçlarymyz Türkmenistanyň ylym ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky uly ähmiýetli ädimleriniň biri boldy. Hormatly ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri! Alternatiw energetikanyň mümkinçilikleri Günüň, ýeliň, suwuň, geo we gidrotermal ýylylygyň, biogazyň we beýleki tebigy çeşmeleriň energiýalaryny peýdalanmaga gönükdirilen täze, ekologik taýdan arassa ýokary tehnologiýalary işläp taýýarlamak ylmyň möhüm wezipeleridir. Bu wezipeleri diňe bir ýurduň içerki tagallalary bilen häzirki zaman talaplaryna laýyk çözmek asla mümkin däldir. Hut şundan ugur alyp, biz ylym syýasatymyzyň iň möhüm bölegine -düýnäniň esasy ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýäris. Türkmenistanyň elektrik energiýasyny ýeterlik mukdarda öndürýändigine garamazdan, elektrik geçiriji ulgamlary eltmesi kyn ýerler öri meýdanlary, nebit we gaz ýataklary bar. Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösüşleriň Hormatly alymlar! Eziz dostlar! Sizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ylmy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka öwrüljek «Türkmenistanda energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň meseleleri» atly halkara ylmy maslahatyň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size ylmy Türkmenistanyň Prezidenti |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |