![]() |
![]() | ![]() Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň göçme Umumy ýygnagyndan |
|
||||||
| ![]() |
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() 2010-01-21 Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň göçme Umumy ýygnagy geçirildi, ol milletiň Lideri tarapyndan türkmen alymlarynyň öňünde goýlan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meselelerine bagyşlandy. Göçme ýygnaga hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, görnükli alymlar, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlary, doktorantlary, aspirantlary we talyplary gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň öňünde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň meseleleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede geçirilen giňişleýin mejlisinde milletiň Lideri tarapyndan ýene öňe sürüldi. Hökümetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Ylymlar akademiýasynyň bölümleriniň işiniň ýagdaýyna we geljegine dahylly öňe sürlen konstruktiw bellikler we teklipler ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginde gyzgyn seslenme tapdy, şoňa görä-de, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň şu günki geçirilen göçme mejlisi döwlet Baştutany tarapyndan başlanan düýpli gürrüňiň logiki dowamy boldy. Mejlisiň barşynda täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň ylmy edaralarynyň öňünde milli ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga tarap alnan strategiki ugry durmuşa geçirmek boýunça goýlan derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem Ylymlar akademiýasynyň işiniň guramaçylyk meselelerine seredildi. Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň kuwwaty we gülläp ösüşi, ozaly bilen, ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşiniň derejesi, halkyň intellektual derejesi bilen kesgitlenýär. Ylym-progresiň esasy guralydyr, şonsuz ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi mümkin däldir türkmen döwletiniň Baştutanynyň bu sözleri şu günki çykyşlaryň ählisiniň özenini düzdi. Ýurdumyzda ylmy-barlag işini işeňňirleşdirmeli, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny döwletiň hem halkyň hyzmatyna goýmaly, ýokary hünärli ýaş hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamaly, halkara ylmy hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam etmeli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen alymlarynyň öňünde hut şeýle wezipeleri goýdy, şoňa görä-de biziň wezipämiz olary päk ýürekden ýerine ýetirmekden ybaratdyr diýip, çykyş edenler nygtadylar. Umumy ýygnagyň çözgüdi boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine we habarçy agzalygyna: ÝU.Hekimow -akademiklige, G.Mezilow, R.Esedulaýew, T.Annagulyýew habarçy agzalyga saýlanyldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli wezipelerine: G.Mezilow-prezidenti, ÝU.Hekimow-baş alym kätibi, R.Esedulaýew fizika-matematika, himiýa, geologiýa we tehniki ylymlar müdirliginiň akademik kätibi, T.Annagulyýew -lukmançylyk, biologiýa we oba hojalyk ylymlary müdirliginiň akademik kätibi wezipelerine saýlanyldylar. Umumy ýygnagyň çözgüdi esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň täze agzalygyna we degişli wezipelerine saýlananlar tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleniler. Mejlise gatnaşyjylar ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda döwlet Baştutanynyň täzeçillik syýasatyna goldaw bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň göçme Umumy ýygnagy geçirildi, ol milletiň Lideri tarapyndan türkmen alymlarynyň öňünde goýlan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meselelerine bagyşlandy. Göçme ýygnaga hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, görnükli alymlar, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlary, doktorantlary, aspirantlary we talyplary gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň öňünde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň meseleleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede geçirilen giňişleýin mejlisinde milletiň Lideri tarapyndan ýene öňe sürüldi. Hökümetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Ylymlar akademiýasynyň bölümleriniň işiniň ýagdaýyna we geljegine dahylly öňe sürlen konstruktiw bellikler we teklipler ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginde gyzgyn seslenme tapdy, şoňa görä-de, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň şu günki geçirilen göçme mejlisi döwlet Baştutany tarapyndan başlanan düýpli gürrüňiň logiki dowamy boldy. Mejlisiň barşynda täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň ylmy edaralarynyň öňünde milli ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga tarap alnan strategiki ugry durmuşa geçirmek boýunça goýlan derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem Ylymlar akademiýasynyň işiniň guramaçylyk meselelerine seredildi. Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň kuwwaty we gülläp ösüşi, ozaly bilen, ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşiniň derejesi, halkyň intellektual derejesi bilen kesgitlenýär. Ylym-progresiň esasy guralydyr, şonsuz ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi mümkin däldir türkmen döwletiniň Baştutanynyň bu sözleri şu günki çykyşlaryň ählisiniň özenini düzdi. Ýurdumyzda ylmy-barlag işini işeňňirleşdirmeli, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny döwletiň hem halkyň hyzmatyna goýmaly, ýokary hünärli ýaş hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamaly, halkara ylmy hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam etmeli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen alymlarynyň öňünde hut şeýle wezipeleri goýdy, şoňa görä-de biziň wezipämiz olary päk ýürekden ýerine ýetirmekden ybaratdyr diýip, çykyş edenler nygtadylar. Umumy ýygnagyň çözgüdi boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine we habarçy agzalygyna: ÝU.Hekimow -akademiklige, G.Mezilow, R.Esedulaýew, T.Annagulyýew habarçy agzalyga saýlanyldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli wezipelerine: G.Mezilow-prezidenti, ÝU.Hekimow-baş alym kätibi, R.Esedulaýew fizika-matematika, himiýa, geologiýa we tehniki ylymlar müdirliginiň akademik kätibi, T.Annagulyýew -lukmançylyk, biologiýa we oba hojalyk ylymlary müdirliginiň akademik kätibi wezipelerine saýlanyldylar. Umumy ýygnagyň çözgüdi esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň täze agzalygyna we degişli wezipelerine saýlananlar tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleniler. Mejlise gatnaşyjylar ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda döwlet Baştutanynyň täzeçillik syýasatyna goldaw bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Türkmen Döwlet habarlar gullugy
|
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |