Makalar

KEREMLI TOPRAGYŇ NYGMATY

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
RSS 

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Peýdaly baglanyşyklar
Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



AKGOÝUNLY DÖWLETINIŇ MEŞHUR ALYMLARY

Taryha ser satsak, kuwwatly türkmen döwletlerinde ylym-bilimiň ýokary derejede ösdürilendigine göz ýetirmek bolýar. Türkmen döwletleriniň hökümdarlary ylmyň ösmegi üçin alymlary öz ýurduna çagyryp, howandarlyk edipdirler. Akgoýunly türkmen döwletiniň hökümdary Uzyn Hasanyň bu ugurda amala aşyran işleri hem muna aýdyn mysaldyr.

HANLAR HANY BAÝRAM HAN

Halkymyzyň baý taryhy medeni we ruhy mirasy bar, Milli Liderimiziň rowaçlandyran halypa-şägirtlik ýörelgesinden ugur alyp, buýsançly taryhymyzy, medeni, ruhy mirasymyzy öwrenip, ýaş nesil watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, geçmişimiziň gymmatlyklaryny olaryň kalbyna ornaşdyrmak mukaddes borjumyzdyr.

GEÇMIŞIŇ BUÝSANÇLY ÝAŇY

Türkmen topragynda dörän gadymy medeniýetleriň biri-de ekerançylyk medeniýetidir. Jemgyýetçilik aňynyň ösmegi bilen, ýaşaýşyň maddy esaslary hem döräpdir. Dagdan akan çeşme-çaýlar ekerançylygyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün edipdir. Kadaly we dogry suwarylan ýagdaýynda, ekerançylyk ýerlerinden, köp suw sarp etmezden, bol hasyl almak mümkinçiligi döräpdir.

Abusagyt Abylhaýyr Mäne babadan pata alan seljuklar

Türkmen halkynyňgogamantaryhy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp, Dünýätaryhynda öçmejek yz galdyrdy. Halkyň hakydasynda ebedi saklananbeýik şahsyýetler, parasatly akyldarlar we nusgawy şahyrlar milli buýsanjymyza öwrüldiler.

OL GÖRNÜKLI DILÇIDI

Häzirki wagtda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň düzümine goşulan, şol wagtky Herrikgala obasynda 1922-nji ýylda dünýä inip, 69 ýaşynyň içinde aradan çykan, manyly ömrüniň dowamynda ussat mugallym, meşhur alym hem-de ylmyň uly guramaçysy hökmünde özüni tanatmagy başaran Bäşim Çaryýarowyň durmuşda we ylymda geçen ýoly türkmen alymlary, esasan-da, ýaş ylmy işgärler üçin görelde alarlyk mekdepdir.

SANLY YKDYSADYÝET — INNOWASION ÖSÜŞ

Ýurdumyzyň innowasion ösüşinde bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek, döwletiň we hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek arkaly ykdysady kuwwaty has-da berkitmek hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen degişli işler geçirilýär.

«Paýhas çeşmesinden» damjalar

Pederlerimizdenmiras galan bu nakyl türkmen durmuşynda bedew atyň ornuny bütin aýdyňlygy bilen beýan edýär. Taryhyň uzakuzak heňňamlarynda bedew atlar türkmeniň uçar ganaty, aýagulagy, uzak ýolda ýoldaşy, wepadar dosty bolup gelipdir.

Golýazmalarda bedew waspy

Ýurdumyzda halkyň geçmiş mirasyny öwrenmekde we dikeltmekde uly işler alnyp barylýar. Golýazmalaryň, kitaplaryň gat-gat sahypalaryna siňen, gadymdan saklanyp galan taryhy we medeni mirasymyz giňden öwrenilýär.

«Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn!»

Döwletlilik meselesi jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklardan durýar. Ol gatnaşyklar durmuşyň ahlak, däp-dessur, edim-gylym, hukuk kadalary ýaly görnüşleriniň kömegi bilen düzgünleşdirilýär. Şularyň hemmesiniň özara baglanyşygy bolsa döwri, jemgyýeti häslýetlendirýär.

Durnukly durmuş-ykdysadyösüşiň strategik maksatnamasy

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurduň täze döwür üçin uzak möhletlik ösüş ýoluny aýdyňlaşdyrdy.

«Gol göterip pata bersen...»

Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa,..» atly kitabynyň 4-nji babyny «Halypa-şägirtlik däpleri» diýip atlandyrýar we ata-babalarymyzdan miras galan halypa-şägirtlik mekdebine «Uly mekdep», «ýokary derejeli ruhy-ahlak mekdebi» diýip baha berýär.

Gadymy däp-dessurlaryň dabaralanmasy

Adamzat taryhyrtda dörän baýramçylyklaryň iň gadymylarynyň biri Nowruz baýramydyr. Nowruzyň dabaraly bellenilmegi köpleriň kalbyny joşa getiripdir, oňa hemmeler sabyrsyz garaşypdyriar, çünki ol musulmanlaryň Täzeýyl baýramydyr.

TÜRKMENLERIŇ TARYHYNDA DÖWLET BAŞTUTANYNY SAÝLAMAK DÄPLERI

Taryhy çeşmelere ser salanyňda, gadymyýetde türkmen halkynyň I ýaşaýyş-durmuşyny demokratik ýörelgelere esaslanyp ýöredendigini görmek bolýar. Türkmenler häzirki Türkmenistanyň çäklerinde we Ýer togalagynyň dürli künjeklerinde milli ýörelgäniň düzgünleri esasynda, agzybirlikde ýaşapdyrlar, taryhda meşhurlyk gazanan döwletleri gurupdyrlar.

Maglumatlar we kiberhowpsuzlyk

«Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, müşderilere internet ulgamy arkaly menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Elbetde, sanly ulgam köp işleri ýeňilleşdirýär, ýerine ýetirilýän amallary tizleşdirýär we wagty tygşytlaýar.

TÜRKMEN ALABAÝY WE ARHEOLOGIK MIRAS

Türkmen alabaýy halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli mirasynyň ajaýyp nusgasy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asyly ýörelgelerini özünde jemleýän „türkmençiligiň“ batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr» diýip, bu jandara örän jaýdar häsiýetnama berýär.

«BU ÝOL TEJENE BARÝAR»

Taryhy tejribäni we häzirki zamanyň ösen tehnologiýasyny ösüşiň möhüm ugurlaryna öwren milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bolup geçýän özgerişler umumadamzat gymmatlyklarynda ileri tutulýan dünýägaraýşyň kämilliginiň, ýagny «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygaryň ynsan mertebesini sarpalamagyň durmuş hakykaty bilen döredijilik ýollarynyň utgaşdyrylmagynyň aýdyň nyşanydyr.

ALAJA SUNGATY

Hormatly Prezidentimiziň ruhy-medeni gymmatlyklary ösdürmek boýunça alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde türkmeniň medeniýeti, däp-dessurlary edebiýaty, sungaty dünýä derejesinde dabaralanýar.

HAZARÝAKA SEBITIŇ BALYKÇYLYK DÄP-DESSURLARY

Hormatly Prezidentimiz 13-nji ýanwarda ýurdumyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Hazaryň balyk awlanýan çägine baryp, bu ýerde balykçylar bilen duşuşdy hem-de balykçylyk hünäriniň aýratynlyklary, balykçylaryň i#