Türkmen topragynda dörän gadymy medeniýetleriň biri-de ekerançylyk medeniýetidir. Jemgyýetçilik aňynyň ösmegi bilen, ýaşaýşyň maddy esaslary hem döräpdir. Dagdan akan çeşme-çaýlar ekerançylygyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün edipdir. Kadaly we dogry suwarylan ýagdaýynda, ekerançylyk ýerlerinden, köp suw sarp etmezden, bol hasyl almak mümkinçiligi döräpdir.
Şu günler ak bazarlarymyzdaky berekedi görseň, gözüň dokunýar. Tekjelerde rejelenip goýlan gök-bakja ekinleriniň, dürii miweleriň deňinden biparh geçip bolmaýar. Aýratyn-da, behişdi nygmat bolan türkmen gawunynyň hoşboý ysy çar ýana bark urýar. Onsoň, biýarasynda bala öwrülýän uçmahy gawunlaryň diňe keremli türkmen topragynda bitýändigi baradaky hakykat kalbyňda uly buýsanç duýgusyny döredýär.
Häzirki wagtda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň düzümine goşulan, şol wagtky Herrikgala obasynda 1922-nji ýylda dünýä inip, 69 ýaşynyň içinde aradan çykan, manyly ömrüniň dowamynda ussat mugallym, meşhur alym hem-de ylmyň uly guramaçysy hökmünde özüni tanatmagy başaran Bäşim Çaryýarowyň durmuşda we ylymda geçen ýoly türkmen alymlary, esasan-da, ýaş ylmy işgärler üçin görelde alarlyk mekdepdir.
Ýurdumyzyň innowasion ösüşinde bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek, döwletiň we hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek arkaly ykdysady kuwwaty has-da berkitmek hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen degişli işler geçirilýär.
Pederlerimizdenmiras galan bu nakyl türkmen durmuşynda bedew atyň ornuny bütin aýdyňlygy bilen beýan edýär. Taryhyň uzakuzak heňňamlarynda bedew atlar türkmeniň uçar ganaty, aýagulagy, uzak ýolda ýoldaşy, wepadar dosty bolup gelipdir.
Ýurdumyzda halkyň geçmiş mirasyny öwrenmekde we dikeltmekde uly işler alnyp barylýar. Golýazmalaryň, kitaplaryň gat-gat sahypalaryna siňen, gadymdan saklanyp galan taryhy we medeni mirasymyz giňden öwrenilýär.
Döwletlilik meselesi jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklardan durýar. Ol gatnaşyklar durmuşyň ahlak, däp-dessur, edim-gylym, hukuk kadalary ýaly görnüşleriniň kömegi bilen düzgünleşdirilýär. Şularyň hemmesiniň özara baglanyşygy bolsa döwri, jemgyýeti häslýetlendirýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 20222052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurduň täze döwür üçin uzak möhletlik ösüş ýoluny aýdyňlaşdyrdy.
Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa,..» atly kitabynyň 4-nji babyny «Halypa-şägirtlik däpleri» diýip atlandyrýar we ata-babalarymyzdan miras galan halypa-şägirtlik mekdebine «Uly mekdep», «ýokary derejeli ruhy-ahlak mekdebi» diýip baha berýär.
Adamzat taryhyrtda dörän baýramçylyklaryň iň gadymylarynyň biri Nowruz baýramydyr. Nowruzyň dabaraly bellenilmegi köpleriň kalbyny joşa getiripdir, oňa hemmeler sabyrsyz garaşypdyriar, çünki ol musulmanlaryň Täzeýyl baýramydyr.
Taryhy çeşmelere ser salanyňda, gadymyýetde türkmen halkynyň I ýaşaýyş-durmuşyny demokratik ýörelgelere esaslanyp ýöredendigini görmek bolýar. Türkmenler häzirki Türkmenistanyň çäklerinde we Ýer togalagynyň dürli künjeklerinde milli ýörelgäniň düzgünleri esasynda, agzybirlikde ýaşapdyrlar, taryhda meşhurlyk gazanan döwletleri gurupdyrlar.
«Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, müşderilere internet ulgamy arkaly menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Elbetde, sanly ulgam köp işleri ýeňilleşdirýär, ýerine ýetirilýän amallary tizleşdirýär we wagty tygşytlaýar.
Türkmen alabaýy halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli mirasynyň ajaýyp nusgasy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asyly ýörelgelerini özünde jemleýän türkmençiligiň batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr» diýip, bu jandara örän jaýdar häsiýetnama berýär.
Taryhy tejribäni we häzirki zamanyň ösen tehnologiýasyny ösüşiň möhüm ugurlaryna öwren milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bolup geçýän özgerişler umumadamzat gymmatlyklarynda ileri tutulýan dünýägaraýşyň kämilliginiň, ýagny «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygaryň ynsan mertebesini sarpalamagyň durmuş hakykaty bilen döredijilik ýollarynyň utgaşdyrylmagynyň aýdyň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň ruhy-medeni gymmatlyklary ösdürmek boýunça alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde türkmeniň medeniýeti, däp-dessurlary edebiýaty, sungaty dünýä derejesinde dabaralanýar.
Hormatly Prezidentimiz 13-nji ýanwarda ýurdumyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Hazaryň balyk awlanýan çägine baryp, bu ýerde balykçylar bilen duşuşdy hem-de balykçylyk hünäriniň aýratynlyklary, balykçylaryň iş we durmuş şertleri bilen gyzyklandy.
Halkymyzyň köňül arzuwyndan hasyl bolan «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan täze, 2022-nji ýyly garşylaýan pursatlarymyzda hormatly Prezidentimiziň «Jan Watanym Türkmenistan!» atly ajaýyp goşgusyny halkymyza sowgat bermegi Türkmenistan döwletimiziň bagtyýar raýatlarynyň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşdy.
Berkarar döwletimiziň bastyýariyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşlerden-ösüşlere barýan eziz Diýarymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 2021-nji ýyl öz ornuny «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýyla berdi.
Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, edebiýatymyzda ozal görülmedik täze ugur-millilige ýugrulan edebiýat döredi. Şol bir wagtyň özünde türkmen edebiýatynyň beýik şahsyýetleriniň täzeçe, hemmetaraplaýyn öwrenilmeginde täze ädimler ädildi.
Geçmişde halklary jebisleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň bir şahasy Amul şäheriniň üstünden Beçip, onuň ykdysady we medeni ösüşine ýardam beripdir. Orta asyr ýazuw çeşmeleri, arheologik gazuwagtaryş işleriniň netijeleri Amulyň döreýiş taryhynyň gönüden-göni Amyderýa bilen baglanyşyklydygyna güwä geçýär.
Merdana türkmen serkerdesi, hakyky Watan ogly Jelaleddin Menguberdiden söz açylanda, şahyr Seýitnazar Seýdiniň:
Alym Arkadagymyz: «Döredijiligiň biserhetligi ussatlaryň ýeten belentliginde açylýar» diýip belleýär. Munuň aýdyň mysalyna türkmeniň dana Magtymgulusynyň döredijiliginde göz ýetirmek boýar.
Döwlet derejesinde tutulýan toýlar, şanly baýramçylyklar ösen jemgyýetiň derejesine laýyk kaşaňtygy bilen göwün göteriji dabaralara beslenýär, şonuň bilen birlikde, olara milli äheň hem çaýylýar.
Halk döredijiliginiň beýleki görnüşlerinde bolşy ýaly, nakyllardyr atalar sözleri hem köp nusgaly bolýar. Ýagny şol bir manyny berýän nakyl ýa-da atalar sözi her ýerde birhiliräk aýdylýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Türkmençilikde agzybirlik öýüň baş döwletidir. Agzybirlik maşgaladaky terbiýäniň özenini düzýär.
Ençeme asyrlaryň dowamynda türkmen zenanlary haly-palas dokamagyň, keçe salmagyň inçe syrlaryny, gaýma gaýap, keşde çekmegiň özboluşly tilsimlerini örän aýawly saklap, biziň günlerimize ýetiripdir. Her bir el işiniň özboluşiy dünýäsi bar.
Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy, taryhy ýadygärlikleri öwrenmek, gorap we aýap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda alyp barýan işieri dünýä nusgalykdyr. Mähriban Arkadagymyzyň ylham joşgunyndan dörän «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserini okanyňda, geçmişe gaýybana syýahat eden ýaly bolýarsyň.
Hormatly Prezidentimiziň yzysiderli tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maddy gymmatlyklarymyz biien bir hatarda ruhy mirasymyzy, şunda ruhy gymmatlyklarymyzyň gözbaşy bolan golýazma çeşmelerini, halk döredijilik eserlerini, rowaýatlary toplamak, ylmy esasda töwerekleýin öwrenmek, neşir etmek, geljekki nesiller üçin aýap saklamak babatda ägirt uly işler edilýär.
Durmuşyň ähli ugurlarynda aýalaryň erkekler bilen deň hatarda hukuklara, mümkinçilikiere, jogapkärçilikiere eýe bolmagy babatdaky garaýyş türkmen jemgyýetiniň taryhyň çuňlugyndan gözbaş alýan asylly ýörelgeleriniň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň alymlaryň öňünde goýýan wezipelerinden ugur alyp, türkmen taryhçylary halkymyzyň geçmişini, arheologiýa gymmatlyklaryny, etnografiýa, antropologiýa meselelerini öwrenmekde degişli işleri durmuşa geçirýärler.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Türkmenistan geografiýa taýdan Günbataryň we Gündogaryň köp ýurtlaryny özüne birikdiren bu ymgyr uly ýoluň çatrygynda ýerleşipdir» diýip belleýär.
Türkmen topragy aýdyjydyr bagşylary, söz ussatlaryny dünýä beren toprakdyr. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň biri-de, mukaddes türkmen topragyny, onuň ajaýyp tebigatyny, merdana halkymyzyň nusgalyk däp-dessurlaryny şygyrlarynda wasp eden Baýram şahyrdyr.
Bugdaýyň gözüňi gamaşdyryp barýan tyllaýy şuglasynyň ýaýlyp ýatan giňişligi keremli topragyň bereket desterhanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby şeýle buýsançly jümleler bilen başlanýar: «Eziz il-halkym! Asmandan arkaly Zeminde zynatty ajaýyp Watanymyzyň taryhynyň beýik eýýamyna gadam basdyk.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnoiogiýaiar uniwersitetiniň Umumy we amaiy bioiogiýa instituty yimyň bioiogiýa ugruny ösdürmek, tebigy baýiykiar boian ösümiik we haýwanat dünýäsini düýpii öwrenmek üçin ýöriteleşdirilen y/my edara boiup durýar.
Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa döredijilikli çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň içinden halypa-şägirtlik mekdebi eriş-argaç bolup geçýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýariyk döwründe hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň baý milli mirasynyň çuňňur öwrenilmegine, halkymyza ýetirilmegine, onuň aýawly saklanylmagyna aýratyn üns berýär. Şol ünsüň netijesinde bu gün ata-babatarymyzdan miras galan maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär.
Şäherteriň döreýşidir ösüşiniň özboluşly aýratynlyklary bar. Bu meselede Beýik Ýüpek ýolunyň täsiri hem uly bolupdyr. Kerwen ýollarynyň ugrunda söwdanyň we hünärmentçilisiň ösmegi-de şäherleriň döremesiniň şertleriniň biridir.
Türkmen halky her bir besenen zadynyň şanyna toý tutýar. Her toýuň hem özüne mahsus düzsün-kadalary, edim-sylymlary bolýar.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy bütin adamzadyň taryhynda iň ýowuz harby çaknyşyklaryň biri hökmünde gaidy. Bu ýowuz uruşda dürli milletleriň wekilieri biien birlikde, türkmen haikynyň merdana oguiiary hem faşizme garşy el-ele berip söweşdiier.
Hormatly Prezldentimiz «Turkmenistan Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Haýsy asyr, haýsy zaman parhy ýok, adamlar mydama parahat durmuşy isläpdirter, parahat durmuş halkiara rahatlyk hem ösüş, bagt hem eşret beripdir, Parahatçylyga söýgi, abadan ýaşaýyş halkiaryň arasyndaky dost-doganlygyň pugtalanmagyna itergi beripdir» diýmek bilen, türkmen halkynyň taryhyň ähli döwürlerinde-de parahatçylygyň tarapdary bolandygyny anyk mysallar arkaly delillendirýär.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklar taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.
Türkmen edebiýatynda Baýram han Türkmeniň şygyrlary uly orun tutýar.
Hormatly Prezidentimiziň geçmişde uly yz goýan taryhy şahsyýetierimiziň ömür ýoluny, olaryň goýup giden ruhy we ündew mirasyny çuňňur öwrenip, ýaş nesle ýetirmek baradaky sargytlaryna eýerilip, ýurdumyzda uly işier bitirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň Berkarardöwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan haik bähbitli başlangyçiary Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde halkymyzyň gözbaşyny ençeme ýüzýyllyklardan alyp gaýdýan şöhratly taryhyny, beýik akyldarlarynyň, meşhur şahsyýetleriniň, görnükli serkerdeleriniň ömür ýoluny, gymmatly edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikier döredilýär.
Nowruzyň getmegi bilen tebigat jana geiip, ynsan kaibynda joşgun emeie getiiýär. Her ýyi bahar aýynda beiieniiýän Nowruz baýramy ir zamaniardan gözbaş aiýar.
Irki döwürde Nowruzda ýazlaga çykan gelin-gyzlar, ýaş ýigitler döwre gurap tans edip, tüýtätin aýdypdyrlar.
Adamzat taryhynda nusgalyk işleri, ylmy-edebi mirasy bilen nesillere nusgalyk yz goýan beýik şahsyýetler barmak büküp sanardan köp. Şolaryň biri hem diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem gündogarda hem günbatarda köpgyraňly ylmy-ensiklopedik işleri, edebi-çeper eserleri bilen meşhurlyga eýe bolan lukman, pelsepeçi, şahyr Abu Aly ibn Sinadyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda ylym ulgamyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Adamyň bäş barmagynyň deň bolmaýşy ýaly, her kimin durmuş ýoly hem dürlidürli. Gömükli alym Allaberdi Nuryýewiň ylym alemine aralaşmagynda hem özboluşly aýratynlyk bar.
Türkmen topragy ähli döwürlerde hem jahankeşdeleriň, syýahatçylaryň ünsüni özüne çekip gelipdir.
Bereketli türkmen topragy, Garagum sährasy, türkmen halkynyň ajaýyp milli häsiýetleri, mertligi, myhmansöýerligi hakdaky gymmatly maglumatlar gadymy rim we grek taryhçylary Gerodotyň, Strabonyň, Ptolemeýiň, ...
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek arkaly ekologiýa abadançylygyny we daşky gurşawyň goraglylygyny yzygiderli gowulan-dyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan wajyp ugurlarynyň biridir.
Ýurdumyzda döwlet derejesinde geçirilýän saglygy goraýyş we öňüni alyş çäreleri netijesinde raýatlaryň sagdyn durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilendigi guwandyryjy hakykatdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasaty netijesinde gözellikde, ýyndamlykda, gaýduwsyzlykda deňsiz-taýsyz bedewlerimiziň şan-şöhraty günsaýyn belende galýar, ussat seýislerimize döwlet derejesinde uly sarpa goýulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary hem içeri syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ýakyn-u-alysdaky ýurtlar bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy we bimöçber aladalary bilen «Türkmenistan rowaçlygyň Watany» ýylynda medeni mirasymyzy ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we döwrebap röwüşde dikeltmek işleri giň gerimde alnyp barylýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her birgüni hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda täze-täze üstünliklere, rowaçlyklara beslenýär.
Täze ýylyň ilkinji suni, ilkinji sagady, ilkinji minutlary rowaçlyklara beslenip geldi. Ýylyň ilkinji güni dünýä inen taýçanagyň altynsow reňkem, sakar tagmasydyr sekilem, taýçanaga ömrüniň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň nazar salmagam döwletlilikden nyşan.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýan ägirt uly işlerin netijesinde innowasiýalara esaslanýan we senagat taýdan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde uly üstünlikler gazanylýar.
Hormatly Prezidentimlz Türkmenistanyň Minlstrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisinde ýurdumyzyň ylym ulgamynyň işinin alnyp barlyşy bilen içsin gyzyklanyp, degişli ýolbaşçylara bu ulgamda işleriň täzeçe guralmagyna, iň täze usultärleri, hususanda, sanly ykdysadyýeti, täze innowasiýalary we nano tehnologiýalary ornaşdyrmakda, tebigaty öwrenişde ösüşiň täze belentliklerine ýetmekde ünsi has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň Döwlet medeniýet merkezine baryp, Döwlet kitaphanasynyň işini ösdürmek hem-de ony giňeltmek barada beren gymmatly maslahatlary ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi babatynda möhümdir.
Milli Liderimizin belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň köpasyrlyk tejribesi özara gatnaşyklaryň medeniýetinde, medeniýetlerin özara gatnaşygynda jemlenendir.
XI asyrda Mahmyt Kaşgarly (10081105) tarapyndan ýazylan türkmen diliniň iň gadymy sözlügi bolan «Diwany lügat at-türk» atly ensiklopediki sözlük türki halklaryň etnografiýasy, folklýory, geografiýasy, däp-dessurlary, adatlary, nakyllary, tagamlary, baýramçylyklary, ýaraglary, lukmançylyk adalgalary ýaly köp sanly tematikany özünde jemleýän ajaýyp eserdir.
Ýurdumyzda her ýyl bellenilip geçilýän Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül çemenli baryp, Watan gahrymanlarymyzyň belent ruhunyň öňünde tagzym etmek, indi arzyly hem asylly däbe öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň aprelinden oktýabr aýy aralygynda Germaniýanyň paýtagty Berliniň Täze muzeýinde «Margiana Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy» atly sergi geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň: «Goňşy we beýleki döwletler bilen özara bähbitli, dostlukly gatnaşyklarymyz gün-günden ösýär» diýip parasatly bellemegi, Türkmenistanyň söwdada, ykdysadyýetde, syýasatda we medeni gatnaşyklarda dünýäniň ençeme ýurtlary bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklarynyň ýylsaýyn ýokarlanýandygyny aňladýar.
Beýik Seljukly döwletiniň meşhur weziri Nyzamalmülk «Syýasatnama» atly eserinde hökümdarlar barada şeýle diýýär: «Hökmigüýçli her döwürde bir adamy saýlap alyp, onuň şan-şöhratyny arşa çykarýar, oňa şalyk derejesini eçilýär.
Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty netijesinde, halkymyzyň mizemez agzybirligi dünýä ýaýyýar.
Halkymyz iňňän gadymy döwürlerden bäri ylma, bilime uly sarpa goýup gelýän halklaryň biri.
Halkara forum GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň guramagynda geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň milli mirasyny öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga uly üns berilýär.
Halkymyz gyz çagalara at dakanlarynda elmydama owadan atlary saýlamaga çalyşýarlar.
Berkarar diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny özgertmek, ösdürmek, innowasiýalary giňden durmuşa ornaşdyrmak meselesi döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Hormatly Prizidetimiz geçen hepdäniň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi hakynda durup, diýarymyzyň uzak ýaşly raýatlary barada mähirli sözleri aýtdy.
Türkmenler gadym wagtlardan bäri baýdaga aýratyn sarpa goýupdyrlar. «Baýdak» häzirki wagta çenli dilimizde işjeň ulanylyp gelnen gadymy türkmen sözüdir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş milli maksatnamasyna laýyklykda döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklary, şol sanda deňiz we derýa ulaglar ulgamy hem döwrebaplaşdyrylýar, kämilleşdirilýär we dünýä ylmynyň soňky gazanan innowasion tehnologiýalarynyň esasynda ösdürilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkymyzyň milli medenýetine, mirasyna uly üns berilýär.
Türkmen halky ylym-bilime hemişe belent sarpa goýup gelen halklaryň biri.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň, şol sanda ylym we bilim ulgamynyň has-da kämilleşmegine, rowaçlanmagyna, onuň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegine giň ýol açyldy.
Türkmen bagşylary joşup aýdym aýdanlarynda aýdymyň öz şygyr bentleri bilen ugurdaş manyly sanamalary hem özlerinden goşup goýberýärler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmeniň ruhy kämilligini, düşünje sagdynlygyny asyrlar boýy üpjün edip gelen milli mirasymyz çuňňur öwrenilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda ýurdumyzda gowaça ekişi 2018-nji ýylyň 23-nji martynda Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda, 28-nji martda bolsa Daşoguz welaýatynda abraýly ýaşulularyň ak pata bermegi bilen badalga aldy.
Ata Watanymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýar.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan döwletimizde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler bilen baglanyşykly taryhy ähmiýetli wakalar boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ulgamynda-da giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Dünýä taryhynyň gatlaryna ösen medeniýetiň, sungatyň mekany bolup giren Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerinde geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylar ylmy esasda öwrenilýär.
Soňky ýyllarda TYA-nyň Arheologiýa we etnografiýa instituty tarapyndan Nusaý Ürgenç kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen Paryzdepe, Şährihaýbar ýaly ýadygärliklerde alnyp barylýan işler bellärliklidir.
Gyzgynlygyndan hemem gyzyl burçuň ajysyndan ýaňa agzyňy ýakyp barýan unaş sowuklamanyň, dümewiň bire-bir emi.
TYA-nyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynda hem ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligini artdyrmak, olary gorap saklamak boýunça işler ylmy esasda alnyp barylýar.
Türkmen milli göreşi medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri göreş sungaty bilen içgin gyzyklanyp gelipdir.
Halyçylyk sungaty uzak heňňamlarda timarlanyp, gitdigiçe owadanlanyp, türkmeni dünýä ýüzüne tanadyp gelen milli guwanjymyzdyr, halkyň ýüzüniň tuwagydyr.
Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.
Ýurdumyzda ylym-bilime, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda, alymlaryň işine itergi bermek, türkmen ylmynyň taze binýadyny tutmak boýun-ça düýpli işler amala aşyrylýar.
Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.
Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.
Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.
Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.
Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.
Halkymyz «It geldi gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.
Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.
«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.
Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler
döredilip, binalar gurlupdyr.
Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň
töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we
ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.
Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň
nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.
Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.
Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.
Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.
Häzirki döwürde iň wajyp meseleleriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplumynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.
Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.
Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.
Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.
Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.
Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.
Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.
Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10—11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.
Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.
Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.
Türkmenistan gazeti,
2021-07-13
TÜRKMEN KÜLALÇYLYGY
Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasynyň kökleri taryhyň çuňlugyna siňip gidýär. Aziýanyň merkezinde, kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşen bu gadymy topragyň özboluşly medeniýeti diňe bir saklanyp galmak bilen hem çäklenmän, ol özara medenigatnaşykiar, täsirlenmeler arkaly baýlaşdy we medeni taýdan ýakynlaşmalaryň barşynda düýpii ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistan geçmiş taryhymyza şaýatlyk edýän gadymy ýadygärliklere baý ýurtdur. Ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän uly şäherleriniň biri hem Şähryslamdyr. Orta asyrlarda Täk Ýazyr ady bilen belli bolan şäheriň biziň günlerimize gelip ýeten durky Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň merkezinden 20 km demirgazykdaky düzlükde ýerleşýär.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Şähryslamda alnyp barlan arheologik barlaglar ýazyrlaryň diňe bir çarwa halklaryň medeniýetiniň däl, eýsem, şäher medeniýetiniň ösüşinde hem saldamly goşantlarynyň bolandygyny ykrar edýär» diýip ýazýar.
Şähryslamda düýpli gazuw-barlag işleri geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda taryh ylymlarynyň doktory, akademik Ýegen Atagarryýewiň ýolbaşçylygynda alnyp baryldy. Barlagyň netijeleri makalalarda, monografiýalarda beýan edildi. 2017-nji ýyldan bäri bolsa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Allaguly Berdiýewiň ýolbaşçylygynda giňişleýin gazuwbarlag işleri geçirilip öwrenilýär.
Bu taryhy ýadygärligiň mäkäm gala diwarlary, goranyş diňleriniň köplügi şäher ilatynyň öz mekanynyň ykjam goragyna uly ähmiýet berendigini äşgär edýär. Şäheriň esasy bölegini tutýan ýaşaýyş jaýlary bir-birine ýakyn ýerleşip, şäheriň daşky diwaryna sepleşipdir. Şähryslamdan ýüze çykarylan keramika we kerpiç bişirilen ýörite peçler, demir we mis eredilen küreler, humdanlar, ýaşaýyş toplumlary, binalar bu şäheriň Beýik Ýüpek ýolunyň iri söwda-senetçilik hem-de medeni merkezleriniň biri bolandygyna şaýatlyk edýär.
Orta asyrlarda senetçiligiň ösmegi bilen ilatyň ykdysadyýetiniň we medeniýetiniň ösmeginde uly orna eýe bolan metal işlemek, çüýşe önümlerini ýasamak, aýratyn hem, külalçylyk önümçiligi ýokary, sungat derejesine ýetirilipdir. Hemme ýadygärliklerde bolşy ýaly, Şähryslamda hem geçirilen gazuw işleriniň netijesinde ýüze çykarylan tapyndylaryň esasy bölegi keramika önümleridir. Taryhy golýazmalar bilen bir hatarda keramika önümleri, hatda olaryň bölekleri hem geçmişiň hadysalaryny dikeltmäge ýardam berýär.
Günorta Türkmenistanyň keramika önümçiliginiň gadymdan gelýän nusgalary bar. Keramika önümleriniň ýadygärligiň senesini takyklamakda hem ähmiýeti uludyr. Türkmenistanyň çäklerinde ilkinji nagyşlar keramikanyň ýüzünde peýda bolýar. Keramikany nagyşlamak bu adamzadyň çeperçilik taýdan beýik açyşlarynyň biridir, ony zerurlygy bilen köp halklar ulanypdyrlar. Türkmen nagyşlarynyň başlangyjy neolit ýa-da Jeýtun medeniýeti zamanyna, kämilleşen döwri bolsa daş-mis eneolit, Änew medeniýeti zamanyna degişlidir. Bu däpleriň dowamatynda gadymy küýzegärçilik önümleriniň bezegi bolan «tegbent», «üzülmez», «gyýak», «dogajyk», «siňirme», «islimi», «goçak» ýaly milli nagyşlar häzir has kämilieşip, giňden ulanylýar.
Şähryslamyň günbatar eteginde senetçilik we hünärmentçilik toplumlary bolup, ol ýerde küýzegärleriň ussahanalarynyň bolandygy aýan edildi. Ussahanalaryň her birinde külalçylyk önümlerini ýasamak üçin niýetlenen 1-2 sany otag we 34 sany küre bolupdyr. Toýundan ýasalan gaplary bişirilýän peçler gönüburç we tegelek görnüşli bolupdyr. Şähryslamyň günbatarynda peçleriň 34-siniň bolandygy anyklandy. Olaryň 7-si tegelek, galany gönüburçludyr. Alymlaryň çaklamalaryna görä, gönüburç peçlerde syrçasyz, tegeleklerinde bolsa syrçaly gaplar bişirilipdir.
Peçlerde we olaryň töwereginde külalçylyk önümlerini bişirmek üçin ulanylan, toýundan ýasalyp, bişirilen kömekçi esbaplar hem ýüze çykarylýar. Olardan «sipaýa» diýlip atlandyrylan, üç aýaklyja esbap syrçaly gaplaryň bir-birine degip zaýalanmazlygy üçin, olaryň arasynda goýlup bişirilýär. Şeýle usulda bişirilen gaplaryň içiniň üç ýerinde syrçanyň gopan ýeri, sipaýanyň yzy galýan pursatlary hem köp duş gelýär. Ondan başga-da ujy ýiti, dürli möçberde oklaw görnüşinde ýasalan esbap golçalar we küýzeler bişirilende, düňderip goýmak üçin ulanylypdyr, şeýle edilende, gaplaryň içine howur oňat ýaýrap, endigan bişmegine ýardam edipdir.
Şähryslamda syrçasyz we syrçaly keramiki önümler köp mukdarda ýüze çykaryldy. Syrçalanmadyk keramika hum, küýze, okara, tabak we başga dürli görnüşli gaplardan ybarat. Syrçalanan gaplar naharhana gaplary we bezeg esbaby görnüşinde ulanylypdyr.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň çäklerinde syrçanyň oýlanyp tapylmagy VIII asyra degişli hasaplanýar, emma giňden ýaýrap başlan döwri IX asyrdyr. Ilki aşgarly, soň düzüminde gurşun garyndyly we dürli himikijisimler goşulyp, has kämilleşip, dürli reňkli syrça oýlanyp tapylypdyr. Ol XI-XII asyrlarda özüniň ýokary derejesine ýetipdir. Syrçaly keramika diňe bir öz döwrüniň ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň ýokary bolandygyny aňlatman, eýsem, syrçaly gaplardaky bezegleri we nagyşlary synlap, olaryň diňe bir ökde küýzegär bolman, ussat nakgaş derejesinde bolandyklaryna göz ýetirýärsiň. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň çäklerinde soňky ýyllarda geçirilýän arheologik ylmy-barlaglaryň netijesinde we bezegini beýleki ýadygärliklerdäki gaplar bilen deňeşdirmek seljermesi hem alnyp barylýar.
Dürli reňkli palçyklardan ýasalan gaplar syrçalanmazdan öň olaryň syrçalanjak ýerine «angob» diýlip atlandyrylýan ergin çalynýar. Ol ergin hem toprakdan ýasalýar, ýöne gap ýasalan toprakdan has açyk reňkli we oňat eýlenen, suwuk bulamak görnüşinde bolýar. Ak reňkli topraga kwars çägesini goşup, degirmen daşynda üwäp, keramika oňat ýelmeşmegi üçin ýelimli garyndy goşup, angob ýasapdyrlar. Ergin käseleriň, tabaklaryň, okaralaryň içine we erňeginiň daş ýüzüne çalnypdyr. Küýzeleriň bolsa daşyna we erňeginiň iç ýüzüne çalynýar. Guran gaplara angob ergini çalnandan hem-de ýene guradylandan soň, onuň üsti ýylmanak we suw geçirmezek bolýar. Şeýle hem gaplar syrçalanmazdan öň, açyk reňkli angobuň ýüzünde gara, goňur, gök reňkler bilen nagyşlananda görnükli bolýar.
Orta asyrlaryň keramikasyndaky syrçalar dury-reňksiz, ýaşyl, mawy, gök we goňur reňklidirler. Ýaşyl we we gabyň içindäki azyk önümleriniň zaýalanmaýanlygy bilen tapawutlanýar.
Şähryslamdan ululy-kiçili käselerdir okaralaryň, tabaklaryň iç ýüzi, kähalatlarda daş ýüzi, dürli nagyşlar bilen bezelen we syrçalanan gap bölekleri ýüze çykaryldy. Olarda geometrik, ösümlik, epigrafik, abstrakt nagyşlar, zoomorf ýada haýwanlar, guşlar, balyklar we seýrek ýagdaýda adam şekilleri suratlandyrylypdyr. Gaplaryň bölekleriniň, esasan, iň galyň ýeri bolan düýplerinde bezeglerdir nagyşlar has oňat saklanypdyr.
Şakäsäniň düýbünde bir-biriniň yzyna düşüp, ýöräp barýan iki sany bedew atyň şekili aýratyn ünse mynasypdyr. Olaryň öňde barýanynyň diňe artky aýaklary, guýrugy, yzky atyň bolsa öň aýaklary, boýny we aşak eglip duran kellesi saklanyp galypdyr. Olar goýy-goňur we melewşe-gyzgylt reňklerde çekilipdir.
Şekilleriň düşegi bolsa sarymtyl-ýaşyl reňkli tebigy ösümliklere meňzedilen abstrakt zolaklardan ybarat. Gapdaky şekiller türkmenleriň bu gözel jandarlara bolan ägirt uly söýgüsiniň hem-de hormatynyň aýdyň mysalydyr.
XII-XIII asyrlarda, tutuş Orta Aziýada bolşy ýaly, Türkmenistanyň arheologik ýadygärliklerinde, şol sanda Şähryslamyň syrçaly gaplarynda hem tüweleýiň hereketini ýadyňa salýan kompozisiýalar köp duşýar. Şeýle görnüşli nusgalaryň nagyşlarynyň arasynda balygyň şekili çekilen kompozisiýalar az däl. Açyk gabyň böleginiň düýbünde, ýaşylymtyl mawy reňkli syrçanyň aşagynda gara reňk bilen inedördül çyzylyp, içinde dört sany, bir-biriniň yzyndan ýüzüp barýan balyk şekilleri bar. Olar sagdan çepe, ortadaky tegelegiň töweregi boýunça onuň daşyndan aýlanýan görnüşde hereket edýär. Inedördül çyzyklaryň daşynda gülläp oturan ösümligiň şekili çekilipdir. Merkezde içi nokat bilen doldurylan tegelek şekil suw çüwdürimini ýadyňa salýar. Umuman, 2-nji suratda kompozisiýada gülzarlygyň içinde ýerleşen dörtburç görnüşli, içi çüwdürimli howzuň içinde ýüzüp ýören balyklaryň şekillendirilen bolmagy ähtimaldyr. Şeýle kompozisiýaly ýene bir keramika böleginde sekiz sany äpet balyk merkezde şekillendirilen nokadyň daşyndan sagdan çepe garşy hereket edýän görnüşde, gök reňkde şekillendirilipdir. Keramika mawy reňkde syrçalanyp, dury suwy alamatlandyrýar. Gabyň ýüzünde sipaýanyň yzlary oňat görünýär.
Balyk şekilli gaplary synlap, şähryslamly küýzegärleriň balykly bol suwy arzuwlandyklaryny aňmak bolýar, çünki dagyň çeşmelerinden keramiki turbalar bilen Şähryslama getirilen suwuň gymmatynyň näderejede boljakdygy aýdyňdyr. Oňa Şähryslamda soňky ýyllarda üsti açylan suw ýygnalyp saklanýan ýapyk howuz sardob hem güwä geçýär. Şeýle-de gazuw-barlag işleriniň netiJesinde Şähryslamda ýaşaýşyň orta asyrlarda ýokary derejede bolandygy aýan edildi. Bu bolsa şäherde açyk howuzlaryň bolup, olarda balyklaryň ýüzen bolmagynyň ähtimaldygyny aýtmaga esas döredýär.
Şähryslamdan tapylan gaplaryň köpüsinde guşlaryň dürli görnüşleriniň şekilleri-de suratlandyrylypdyr. Açyk, sarymtyl-ak reňkde, angoblanyp, reňksiz, dury syrça örtülen gabyň içinde bir-biriniň garşysynda duran iki gotanyň suraty gök reňkde şekillendirilipdir. Syrçasynyň oňat saklanyp galmandygy onuň pes hilli, aşgarly bolanlygyndandyr.
Ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen keramikadan taýýarlanan diwar bezeginiň böleginde tawus guşuň aýdyň şekili bar. Onuň tegelek gözleri, uzyn boýny, ýeňsesinde konus görnüşli kekeji we boýnunyň daşyna halkalaýyn aýlanan uzyn guýrugy saklanyp galypdyr. Bu täsin guşuň güberçek görnüşli şekili ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir. Şeýle ajaýyp guşlaryň şekilleri külalçy ussanyň içki dünýäsiniň baýdygyny görkezýär.
Guş şekilleri Orta Aziýa halklarynyň orta asyrlara degişli ýadygärliklerinden ýüze çykarylýan syrçaly keramikanyň köpüsinde saglygyň, bagtyň alamaty hökmündedir.
Şähryslamyň küýzegärleriniň ýasan dürli görnüşli keramiki önümleri diňe bir nagyş bezegleri bilen tapawutlanman, eýsem, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň suratlandyrylmagy şol döwrüň şekillendiriş sungatynyň belli bir kämilleşen derejesini aýan edýär. IX-XII asyrlarda keramika önümleri ýokary çeperçilik duýgulary bilen ýerine ýetirilip, ilatyň tebigata bolan söýgüsini, estetiki isleglerini kanagatlandyran bolmagy ähtimaldyr.
Keramika önümleriniň toplanylmagy olary tehnologik, çeperçilik taýdan öwrenmäge mümkinçilik berýär. Netijede, Şähryslamyň külalçylarynyň keramikany ýasamakda, reňk, nagyş, şekil we syrça bilen bezemekde ýokary derejelere ýetendiklerine göz ýetirýäris.
Eger-de ozal toýundan ýasalan keramika öý hojalygy üçin gap hökmünde we bina bezegleri bolup hyzmat eden bolsa, häzirki döwürde olary muzeýleriň, sergi zallarynyň ekspozisiýasynyň,jaýlaryň,jemgyýetçilik binalarynyň çeper bezegleri hökmünde synlamak mümkin.
Şähryslamda geljekde alnyp baryljak arheologik gazuw-barlag işleri Günorta Türkmenistanyň çeperçilik keramikasyny giňden öwrenmeklige we täze maglumatlary toplamaklyga ýardam eder.
Nurgözel BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Taryh we arheologiýa inslilulynyň baş ylmy işgäri,
sungaly öwreniş ylymlarynyň kandidaty.