Şertleri we talaplary

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
RSS 
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Peýdaly baglanyşyklar
Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




«Ylymlar güni» mynasybetli sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiriljek «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşmagyň

ŞERTLERI

1. Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänleriň her biri maslahata diňe bir nutuk hödürläp biler we awtorlar ikiden köp bolmaly däldir. Işiň mazmuny özbaşdak ylmy-barlag häsiýetli we ady bilen kybapdaş bolmaly.

2. Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş maglumaty doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt):

Familiýasy

Ady


Atasynyň ady


Wezipesi


Alymlyk derejesi, ady


Işleýän ýeriniň doly ady


Işleýän ýeriniň salgysy (poçta indeksini hem görkezmeli)


Iş telefony


Nutugyň ady (baş harplar bilen ýazmaly däl)


Nutugyň tematiki ugry


Nutuk haýsy dilde taýýarlandy


3. Maslahata gatnaşmak üçin nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Nutugyň gysgaça beýany ylmy maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalar bolsa beýleki iki dilde bolmaly.

4. Maslahata ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriniň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly.

5. Maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylaryň nutuklarynyň annotasiýalarynyň türkmen we rus dillerine terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler.

6. Daşary ýurtly gatnaşyjylar maslahatda etjek çykyşlarynyň tekstini taýýarlamaly we Guramaçylyk toparyna ibermeli (5-10 minutlyk doklad).

7. Maslahata ýerli gatnaşyjylaryň ylmy işiniň gysgaça beýany we annotasiýalar awtoryň işleýän edarasynda seredilmeli we edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üsti bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna iberilmeli. Hata nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň elektron görnüşleri goşulmaly.

8. Iberilen resminamalaryň mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler.

9. Daşary ýurtly gatnaşyjylar ylmy işiň gysgaça beýanyny, annotasiýasyny we dokladyny elektron görnüşde aşakdaky elektron salgylaryna ýollamaly:

conference.tkm.june22@gmail.com, conference.tkm.june2022@sanly.tm

Nutuklaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän

TALAPLAR

1.Nutugyň gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210×297 mm) formatda 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly.

2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda — 2,0 sm, çep tarapda — 2,5 sm, sag tarapda — 1,5 sm. Oriýentasiýasy — «kitap» görnüşli,şrifti — Times New Roman, ölçegi — 14 pt, setir arasy — 1.

3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Bu ýagdaýda her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl, şrifti bolsa 14-den kiçI bolmaly däl.Nutugyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl.

4. Maslahata elektron görnüşde tabşyrylýan ähli materiallar diňe Microsoft Office Word formatynda kabul edilýär (*.doc we *.docx giňeltmesi bilen).

5.Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly:

— awtoryň ady, familiýasy setiriň merkezi boýunça deňlemek bilen 14‑lik şriftde goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli (Mysal üçin: Nurmyrat Ataýew (Türkmenistan));

— eger nutugyň iki awtory bar bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli;

— makalanyň ady baş harplar bilen 16‑lyk şriftde goýy gara görnüşde ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli;

— nutugyň gysgaça beýanynyň galan bölegini ýazmazdan ozal 1 setir goýbermeli.

6. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki formulalar degişli formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly.

7. Edebi çeşmelere salgylanmalar inedördül ýaýyň içinde sanlar bilen belgilenilýär: [1], [2], [3—5] we ş.m. Edebiýatlaryň sanawy işde salgylanylan tertipde, makalanyň gysgaça beýanynyň ahyrynda ýerleşdirilmeli, olaryň öň ýanyndan EDEBIÝATLAR diýen sözbaşy ýazylmaly.

8.Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär.

9. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işler kabul edilmeýär.

10.Iş tabşyrylandan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär.

11. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar.

12. Guramaçylyk toparynyň karary boýunça iş ylmy maslahata goýberilmän bilner.

Ünsberiň!

1. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin,çykyş edýän — Ataýew Nurmyrat Täçmyradowiç, faýlyň ady — «Ataýew N.T.tez.doc».

2. Hasaba alnyş görnüşleri nutugyň ähli awtorlary tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen ylmy maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşleri ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «reg» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, «Ataýew N.T.reg.doc»

3. Her bir nutugyň gysgaça beýany üçin aýratyn faýl döredilmeli we ylmy maslahatda çykyş edýäniň ady görkezilen elektron bukjada ýerleşdirilmeli. Mysal üçin, «Ataýew N.T.»

4. Faýllary arhiwirlemeli däl!

Makalanyň gysgaça beýanynyň nusgasy

AŞGABAT ŞÄHERINDE BOLMAGY MÜMKIN ÝERTITREMELERIŇ ULULYKLARYNA BAHA BERMEK

Koiçi Hasegawa (Ýaponiýa), Sergeý Abaseýew (Türkmenistan)

(Tekst:Times New Roman şrifti, ölçegi -14 pt, setir arasy — 1)

EDEBIÝATLAR

Guramaçylyk topary


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy