![]() |
![]() | ![]() TALAPLAR |
|
||
| ![]() ![]() ![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
||||||||||||||||||||||||||||||
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň işine gatnaşmak üçin materiallaryň resmileşdirilmegine bildirilýän TALAPLARTürmenistanyň Prezidentiniň Guramaçy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus. Hasaba almakMaslahatyň işine gatnaşmak üçin maslahata gatnaşyjynyň hasaba alnyş görnüşini doldurmaly we çykyşyň tezisi we annotasiýasy bilen birlikde Guramaçylyk toparyna ibermeli. Çykyşyň tezisi maslahatyň iş diliniň haýsy hem bolsa birinde, annotasiýalar beýleki iki dilde, hasaba alnyş görnüş türkmen dilinde bolmaly. Maslahata gatnaşyjynyň hasaba alnyş görnüşiTürkmenistanly alymlar üçin (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt, türkmen dilinde doldurmaly)
Çykyşlaryň tezislerini we annotasiýalaryny resmileşdirmeklige bildirilýän umumy talaplarÇykyşlaryň tezislerini we annotasiýalaryny resmileşdirilende aşakdaky talaplary berjaý etmeli: 1. Çykyşyň tezisiniň möçberi A4 (210×297 mm) formatda, 1,5 sahypadan geçmeli däldir, çykyşyň annotasiýasynyň möçberi A4 formatda 0,5 sahypadan ybarat bolmalydyr. 2. Çykyşyň we annotasiýanyň tezisleri adaty Arial şrif bilen ýazylýar we bir faýlda saklanýar we aşakdaky görnüşde bolmaly: awtoryň (awtorlaryň) familiýasy, ady (dolulygyna), ylmy derejesi, ylmy ady, ýaýyň içinde döwletiň ady görkezilýär (mysal üçin: Ataýew Nurmyrat Täçmyradowiç, ylymlaryň doktory, professor (Türkmenistan), sahypanyň merkezi boýunça deňlemek bilen çykyşyň ady baş harplar bilen sahypanyň merkezi boýunça deňlemek bilen adaty ylmy maslahatda çykyş edýäniň ady, familiýasy, atasynyň ady (eger çykyş edýäniň birnäça çykyşy bar bolsa hökman görkezilmeli) çykyşyň adyndan soňra tezisleriň tekstiniň galan bölegini yazmazdan ozal 1 setir goýbermeli. 3. Tezisleriň we annotasiýalaryň esasy mazmuny Arial 14 ölçegdäki adaty şrift bilen ýazylýar we sahypanyň ini boýunça deňlenilýär. Her setirbaşy aýrybaşga ýazylýar. Setirleriň arasy birmeňzeş bolmalydyr. Matematiki formulalar kompýuterde degişli formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmalydyr. Sahypa ölçegi: ýokarsy we aşagy 2,0 sm, çep tarapyndan 2,5 sm, sag tarapyndan 1,5 sm. 4. Edebiýatyň sanaw tertibi olaryň ýazgyda ýerleşdirilen tertibinde ähli edebiýatlara salgylanylyp berilmelidir. Edebi çeşmeleriň salgylanmalary çykyşyň ýazgysynda kwadrat ýaýyň içinde sanlar bilen belgilenýär: [1], [2], 5. Çykyşlaryň tezisleriniň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenmeýär. 6. Tezisler bir dilde iberilende, hökmany tertipde beýleki iki dillerde annotasiýalary berilýär. Annotasiýanyň iňlis dilindäki redaksiýasyny awtorlar ýokary okuw mekdepleriniň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly. 7. Diňe ýazuw görnüşinde bermeklige mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda şekilleriň, formulalaryň we görkezgiçleriň bolmagyna rugsat edilýär. Bu ýagdaýda her bir obýekt sahypada görkezilen ölçegden ýokary geçmeli däldir, şrifti 14 pt az bolmaly däldir. Tezisiň umumy göwrümi, şekilleri, formulalary we görkezgiçleri bilen birlikde A4 formatdaky 2 sahypadan geçmeli däldir. 8. Çykyşyň tezisleri diňe Word dokumentiň formatynda kabul edilýär. (doc. giňeldilmegi bilen). 9. Tezislere düzedişler we goşundylar girizmeklik kabul edilmeýär. Tezisler guramaçylyk komitetiniň karary boýunça aýrylyp bilner. Gelen resminamalar yzyna gaýtarylmaýar.Tezisleri, hasaba alnyş görnüşleri we beýleki materiallary ibermekHasaba alnyş görnüşler, tezisler we annotasiýalar çykyş edýäniň iş ýerinde seredilýär we edaranyň ýolbaşçysynyň goly çekilen haty bilen ugradylýar. Hata hökmany suratda hasaba alnyş görnüşiň, tezisiň we annotasiýanyň elektron görnüşi goşulmalydyr. Çykyşyň tezisleri we annotasiýalary Guramaçylyk toparyna Faýllary arhiwirlemeli däl! Üns beriň! 1. Çykyşlaryň tezisleri üçun faýllar awtoryň adyny, atasynyň adyny, familiýasyny, Faýllar her bir çykyş üçin dörediýär we «Tezisler» diýen papka salynýar. 2. Hasaba alnyş görnüş üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «has» diýen harplary özünde jemlemelidir. Meselem: «Ataýew N.T. has.doc» Faýllar her bir awtor üçin dokladlara bölünmän döredilýär (awtordaş) we «Hasgörnüşleri» papkasyna salynýar. 3. «Tezisler» we «Hasgörnüşler» papkalar edaranyň ady berlen papka salynýar. Guramaçylyk topary |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |