Talaplar

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
RSS 
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Peýdaly baglanyşyklar
Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




«Beýik Galkynyşlar eýýamynda ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatynyň işine gatnaşmak üçin materiallaryň resmileşdirilmegine bildirilýän

TALAPLAR

Türmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 6-njy noýabryndaky Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2010-njy ýylyň 12-14- nji iýun aralygynda «Beýik Galynyşlar eýýamynda ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahaty geçirilýär.

Maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.

Guramaçy — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.

Hasaba almak

Maslahatyň işine gatnaşmak üçin maslahata gatnaşyjynyň hasaba alnyş görnüşini doldurmaly we çykyşyň tezisi hem-de annotasiýasy bilen birlikde guramaçylyk toparyna ibermeli.

Maslahata gatnaşyjynyň hasaba alnyş görnüşi

Familiýasy

Ady

Atasynyň ady

Wezipesi

Alymlyk derejesi, ady

Gurama (doly ady)

Guramanyň salgysy (poçta indeksi bilen bilelikde)

Iş telefony

(kody)

Faks

(kody)

E-mail

Çykyşyň ady

Çykyş haýsy dilde taýýarlandy

Zerur tehniki serişdeler (haýsylardygyny görkezmeli)

Gelýän senesi

Gidýän senesi

Çykyşlaryň tezislerini we annotasiýalaryny resmileşdirmeklige bildirilýän umumy talaplar

Çykyşlaryň tezislerini we annotasiýalaryny resmileşdirilende aşakdaky talaplary berjaý etmeli:

1. Çykyşyň tezisiniň möçberi A4 (210×297 mm) formatda, 1,5 sahypadan geçmeli däldir, çykyşyň annotasiýasynyň möçberi A4 formatda 0,5 sahypadan ybarat bolmalydyr.

2. Faýl setirleýin aşakdaky görnüşde bolmalydyr.

2.1. Çykyşyň tezisleri üçin:

  • awtoryň (awtorlaryň) familiýasy, ady (dolulygyna), ylmy derejesi, ylmy ady, ýaýyň içinde döwletiň ady görkezilýär (mysal üçin: Ataýew Nurmyrat Täçmyradowiç, ylymlaryň doktory, professor (Türkmenistan)), sahypanyň merkezi boýunça deňlemek bilen 14—lik şriftde goýygara ýazmaly;
  • çykyşyň ady — baş harplar bilen sahypanyň merkezi boýunça deňlemek bilen 16-lyk şriftde goýygara ýazmaly;
  • Ylmy maslahatda çykyş edýäniň ady, familiýasy, atasynyň ady (eger çykyş edýäniň birnäça çykyşy bar bolsa hökman görkezilmeli) — 14—lik şriftde ýazylmaly;

2.2. Çykyşyň annotasiýasy üçin:

  • awtoryň (awtorlaryň) familiýasy, ady (dolulygyna) ýaýyň içinde döwletiň ady görkezilýär (mysal üçin: Ataýew Nurmyrat Täçmyradowiç, ylymlaryň doktory, professor (Türkmenistan)), sahypanyň merkezi boýunça deňlemek bilen 14—lik şriftde goýygara ýazmaly;
  • çykyşyň ady — baş harplar bilen sahypanyň merkezi boýunça deňlemek bilen 16-lyk şriftde goýygara ýazmaly;
  • çykyşyň adyndan soňra tezisiň ýazgysyny bir setir orny boş goýup ýazmaly.

3. Tezisleriň we annotasiýalaryň esasy mazmuny Arial 14 ölçegdäki adaty şrift bilen ýazylýar we sahypanyň ini boýunça deňlenilýär. Her setirbaşy aýrybaşga ýazylýar. Setirleriň arasy birmeňzeş bolmalydyr.

Matematiki formulalar kompýuterde degişli formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmalydyr.

Sahypa ölçegi: ýokarsy we aşagy — 2,0 sm, çep tarapyndan 2.5 sm, sag tarapyndan 1,5 sm.

4. Edebiýatyň sanaw tertibi olaryň ýazgyda ýerleşdirilen tertibinde ähli edebiýatlara salgylanylyp berilmelidir. Edebi çeşmeleriň salgylanmalary çykyşyň ýazgysynda kwadrat ýaýyň içinde sanlar bilen belgilenýär: [1], [2], [3—5] we beýlekiler. Edebiýatlaryň sanawy tezisiniň ýazgysynyň ahyrynda ýerleşdirilýär, olaryň öň ýanyndan EDEBIÝATLARYŇ SANAWY diýen sözbaşy ýerleşdirilýär.

5. Çykyşlaryň tezisleriniň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenmeýär.

6. Tezisler bir dilde iberilende, hökmany tertipde beýleki iki dillerde annotasiýalary berilýär.

Iňlis dilindäki annotasiýanyň redaksiýasyny awtorlar ýokary okuw mekdebiniň degişli kafedrasynda ýa-da terjime býurolarynda tassyklatmaly.

7. Diňe ýazuw görnüşinde bermeklige mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda şekilleriň, formulalaryň we görkezgiçleriň bolmagyna rugsat edilýär. Bu ýagdaýda her bir obýekt sahypada görkezilen ölçegden ýokary geçmeli däldir, şrifti 14 nokatdan az bolmaly däldir. Tezisiň umumy göwrümi, şekilleri, formulalary we görkezgiçleri bilen birlikde A4 formatdaky 2 sahypadan geçmeli däldir.

8. Çykyşyň tezisleri diňe Word dokumentiň formatynda kabul edilýär. (dok. giňeldilmegi bilen)

9. Tezislere düzedişler we goşundylar girizmeklik kabul edilmeýär. Tezisler guramaçylyk komitetiniň karary boýunça aýrylyp bilner.

Tezisleri, hasaba alnyş görnüşleri we beýleki materiallary ibermek

Hasaba alnyş görnüşler, tezisler we annotasiýalar çykyş edýäniň iş ýerinde seredilýär we edaranyň ýolbaşçysynyň goly çekilen hat bilen ugradylýar.

Hata hökmany suratda hasaba alnyş görnüşiň, tezisiň we annotasiýanyň elektron görnüşi goşulmalydyr.

Çykyşyň tezisleri we annotasiýalary guramaçylyk toparyna 2010-njy ýylyň

30-njy martyna çenli iberilmelidir.

Faýllary arhiwirlemeli däl!

Uns beriň!

1.Çykyşyň tezisleri üçin faýl awtoryň adyny, familiýasyny, atasynyň adyny özünde jemlemeli, eger-de bitnäçe awtor bolsa, onda birinji awtoryň ady görkezilýär. Meselem, awtor: Ataýew Nurmyrat Täçmyradowiç, faýlyň ady — «Ataýew N.T. dok». Görkezilen faýl çykyşyň tezisini we iki sany annotasiýasyny özünde jemleýär.

Faýllar her bir çykyş üçin döredilýär we «Tezisler» diýen papkada goýulýar.

2. Hasaba alnyş görnüş üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «has.» diýen harplary özünde jemlemelidir.

Meselem: «Ataýew N.T. reg.has.»

Faýllar her bir awtor üçin döredilýär (awtordaş) we «Has.görn.» papkasynda goýulýar.

3. «Tezisler» we «Has.görn.» papkalary edaranyň ady dakylan papkada goýulýar

Guramaçylyk topary


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy