![]() |
![]() | ![]() Talaplar |
|
||
| ![]() ![]() ![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
|||||||||||||||||||||||||||||||||
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() «Köneürgenç Türkmen döwleti we Merkezi Aziýa XIII asyryň birinji ýarymynda» atly halkara ylmy maslahatyň işine gatnaşmak üçin materiallaryň resmileşdirilmegine bildirilýän talaplar Türkmenistanyň Prezidentiniň Maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus. Guramaçy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Hasaba almak Maslahatyň işine gatnaşmak üçin maslahata gatnaşyjynyň hasaba alnyş görnüşini doldurmaly we ony çykyşyň tezisi bilen birlikde Guramaçylyk toparyna ibermeli. Maslahata gatnaşyjynyň hasaba alnyş görnüşi (daşary ýurtly alymlar üçin)
Çykyşlaryň tezislerini resmileşdirmekde bildirilýän umumy talaplar Çykyşlaryň tezisleri resmileşdirilende aşakdaky talaplary berjaý etmeli: 1. Çykyşlaryň tezisleri elektron poçta boýunça Guramaçylyk toparyna iberilýär. Çykyşlaryň tezisiniň möçberi A4 formatda (210×297m) 1,5 sahypadan geçmeli däldir (setirara möçberi 1,5; 14 kegelde). 2. Faýl setirleýin aşakdaky görnüşde bolmalydyr: • awtoryň (awtorlaryň) familiýasy, ady, atasynyň ady (dolulygyna) ylmy derejesi, ylmy ady, ýaýyň içinde ýurdy, ady gysgaldylan görnüşde görkezilýär (mysal üçin: Iwanow Petr Sergeýewiç, ylymlaryň doktory, professor (Russiýa), sahypanyň merkezi boýunça deňlemek bilen • çykyşyň ady baş harplar bilen sahypanyň merkezi boýunça deňlemek bilen • çykyşyň adyndan soňra tezisiň tekstiniň ýazgysyny 1 setir orny boş goýup ýazmaly. 3. Tezisleriň esasy mazmuny Times New Roman 14 ölçegdäki adaty şrift bilen ýazylýar we sahypanyň ini boýunça deňlenilýär. Her seresetir aýrybaşga ýazylýar. Sahypa ölçegi: ýokarsy we aşagy 2,0 sm, çep tarapyndan −2,5 sm, sag tarapyndan 1,5 sm. 4. Edebiýatyň sanawy olaryň ýazgyda ýerleşdirilen tertibinde ähli edebiýatlara salgylanylyp berilmelidir. Edebi çeşmeleriň salgylanmalary çykyşyň ýazgysynda kwadrat ýaýyň içinde sanlar bilen belgilenýär; [1], [2], 5. Çykyşlaryň tezisleriniň sahypalary belgilenilmeýär. 6. Çykyşyň tezisleri diňe Word resminamanyň formatynda kabul edilýär (doc.giňeldilmegi bilen). 7. Tezislere düzedişler we goşundylar girizmeklik kabul edilmeýär. Tezisler Guramaçylyk toparynyň karary boýunça aýrylyp bilner. Tezisleri, hasaba alyş görnüşleri we beýleki materiallary ibermek Çykyşlaryň tezislerini, hasaba alyş görnüşlerini, şeýle hem pasportyň nusgasyny wizany resmileşdirmek we myhmanhanadan ýer almak üçin (guramaçylyk toparynyň resmi çakylygy gowşurylandan soň) elektron poçta boýunça maslahatyň Guramaçylyk toparyna Faýllary arhiwirlemeli däl. Eger Siz arhiwatorlar ulanan bolsaňyz, onda diňe zip ýa-da rar formatlary ulanmagy haýyş edýäris. Üns beriň. Faýllaryň atlary awtoryň (awtorlaryň) familiýasyndan başlanmalydyr. Meselem: tezisler üçin «Iwanow.doc», hasaba alyş görnüşler üçin «Iwanow-reg.doc», daşary ýurt pasporty üçin «Iwanow pas.doc.». Guramaçylyk toparynyň jogap haty Siziň tezisleriňiziň we maslahata gatnaşyjynyň hasaba alyş görnüşiniň biz tarapdan kabul edilip alnandygynyň kepili bolup durýar. Guramaçylyk komiteti çykyşlaryň tezislerine seretmegiň netijeleri boýunça Siziň salgyňyza maslahata gatnaşmaga resmi çakylygy iberýär. Maslahata hasaba almak işi Gatnaşyjylaryň maslahata gelmegi we olaryň çykdajylaryny tölemegiň tertibi. Guramaçylyk toparyndan resmi çakylyk alan maslahata gatnaşyjylaryň Türkmenistana gelmegi we bu ýerde ýerleşmegi bilen bagly ähli çykdajylar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan tölenilýär. Guramaçylyk topary wiza almaga ýardam edýär, şeýle hem maslahata gatnaşyjylary aeroportda garşylamagy we maslahat tamamlanandan soň olary aeroporta getirmegi guraýar. GURAMAÇYLYK TOPARY |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |