![]() |
![]() | ![]() MAGLUMATLAR |
|
||
| ![]() ![]() ![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
||||||||
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() «Altyn Asyr» türkmen kölüniň sebitiň ekologiýasyny gowulandyrmakdaky ähmiýeti" atly halkara ylmy maslahat Talaplar«Altyn Asyr» Türkmen kölüniň sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakdaky ähmiýeti" atly halkara ylmy maslahaty boýunçaMAGLUMATLARTürkmenistan, Awaza, 2010-njy ýylyň 24-25-nji martyGaragumda gurulýan Türkmen köli topragyň şorlaşmagy, suw baýlyklarynyň hapalanmagy, öri meýdanlary gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini tapmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu ägirt uly taslamanyň işlenilip taýýarlanmagy we ýerine ýetirilmegi ýerli tebigy şertleriň aýratynlyklary we ekologiýa meseleleriniň çözgüdiniň zerurlygy bilen esaslandyrylýar. Garagumda Türkmen kölüniň döredilmegi ýokarda agzalan meseleleri çözmeklige gönükdirilendir. Onuň durmuşa geçirilmegi bilen suw hojalyk, agromelioratiw, tebigaty goraýyş we durmuş-ykdysady çäreleriniň uly toplumy amala aşyrylýar. Geçirilýän işleriň netijesinde Türkmenistanyň zeý suwlary Akabalaryň ikinjisi demirgazyk ulgamy Daşoguz welaýatynyň zeý suwlaryny we Özbegistandan gelýän zeý suwlaryň bir bölegini Köllük we Derýalyk zeýkeşleri boýunça köle akdyrýar. Köllük we Derýalyk zeýakabalaryndan suwuň alynmagy olarda zeý suwlarynyň derejesini peseltmäge mümkinçilik berer, netijede meýdanlaryň zeýakaba-zeýkeş ulgamynyň işleýşi kadalaşar, ýerleriň melioratiw ýagdaýy we hasyllylygy gowulanar. Daşoguz welaýatynyň zeý suwlarynyň akymynyň 65%-den gowragy Özbegistanyň Horezm welaýatynyň çäklerinde döreýär. Göz öňünde tutulandan artyk zeý suwlarynyň akdyrylmagy, bu ýerde birnäçe amatsyz ýagdaýlary döredýär. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ulgamynda zeý suwlaryny köp taraplaýyn öwrenmeklik göz öňünde tutulýar. Bu maksat bilen alymlar tarapyndan zeý suwlaryny dürli maksatlar üçin (agyz suwy, hojalyk, tehniki, maksatlar üçin, suwy arassalaýan süzgüçleri-filtrleri taýýarlamak, günüň energiýasyny ulanmaklyk, minerallaşan suwlary süýjediji membranaly elektrodializ enjamlary işläp düzmek) gaýtadan ulanmaga mümkinçilik berýän tehnologik enjamlaryň toplumyny işläp düzmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Şeýle hem köle akdyrylýan zeý suwlaryny akabalaryň töweregindäki öri meýdanlarynda maldarçylygyň hajatlary üçin gaýtadan peýdalanmak göz öňünde tutulyp, onuň önümliligini artdyrmaga Türkmen kölüniň gurulmagy häzirki wagtda suw üpjünçiligi çäkli ýerleriň ösümlik we haýwanat dünýäsine hem oňyn täsir edýär. Bu ýerde eýýäm möwsümleýin göçýän guşlar mesgen tutup başladylar, balyklaryň sany artýar, Garagumuň merkezi böleginiň suwlandyrylmagy käbir toýnaklylaryň, Türkmen kölüniň döredilmegi emele gelen suw giňişliklerini balykçylygy ösdürmäge, harytlyk balygy ösdürip ýetişdirýän howdan balykçylyk hojalyklarynyň işini gowulandyrmaga mümkinçilik döredýär. Bellenilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň we tutuş sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |