"Täze eýýamyň ýüpek ýoly" taslamasy

Baş sahypaYTBÝG
Taslamalar
"Täze eýýamyň ýüpek ýoly" taslamasy
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar
Türkmenistanyň saýtlary

Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň merkezi ylmy kitaphanasy
File server



NATO-nyň Türkmenistandaky ylmy komitetiniň "Täze eýýamyň ýüpek ýoly" taslamasy

"Täze eýýamyň ýüpek ýoly" taslamasynyň esasy maksady işçi hünärmenlere, şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Kawkazyň uniwersitetleriniň ýanyndaky ylmy-barlag guramalaryndaky kärdeşlerinden dünýä bilim binýatlarynyň maglurnatlarynyň esaslary boýunça okamaklyga mümkinçilik bermekden we bilim alyşmak üçin şertleri döretmekden ybarat. Taslamanyň şertlerine laýyklykda, taslama gatnaşýan her bir ýurt häzirki zaman hemra tehnologiýalaryny, enjamlaryny we tölegsiz aragatnaşyk şertlerini alýarlar, şeýle hem Ýewropanyň ylmy-barlag ulgamlaryna birikdirilýärler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň Nowruz aýynyň 3-däki # 6154

Karary bilen, NATO-nyň Ylmy komitetiniň Türkmenistanda "Täze eýýamyň ýüpek ýoly" taslamasy üstünlikli durmuşa ornaşdyryldy, amala aşyrmagyň tertibi bellenildi.

Türkmenistanda "Täze eýýamyň ýüpek ýoly" taslamasyny ornaşdyrmak üçin Türkmenistanda taslamany ugrukdyryjy Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeş bellenildi.

Taslamany ornaşdyrmak boýunça Ylym-bilim tory 2003-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda döredildi.

    Türkmenistanda "Täze eýýamyň ýüpek ýoly" taslamasynyň ýerine ýetirilişi mümkinçilik berýär:
  • milli ylym-bilim toruny ösdürmek üçin ýurdumyzda binýatlary döretmeli,
  • Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan häzirki zaman dünýä ylmyny milli ykdysadyýete ornaşdyrmak barada öňde goýlan maksatlara ýetmeli,
  • bilimiň we ylmy barlaglaryň hilini ýokarlandyrmaly,
  • Ýewropanyň, Aziýanyň we ABŞ-yň öňdebaryjy ýurtlary bilen ylmy bilimleri we täze eýýamyň hyzmatdaşlygyny alyşmak üçin şertleri döretmeli.

Türkmen ylym-bilim habarlary beýleki halkara guramalary, hususan-da, TACIS-TEMPUS we BMGÖM-niň taslamalary bilen milli ylym-bilim toruny mundan beýläk giňeltmek meselesinde özara gatnaşyklary üstünlikli amala aşyrylýar.

Tanyşdyryş:


© 2003-2007, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşi