![]() | TACIS-TEMPUS taslamalar |
|
|||||||
| | |||||||||
|
Taslamanyň ýerine ýetiriliş möhleti. Taslamanyň gündelik dolandyryş elektron poçta, telefon, şeýle hem köp babatda Internetiň üsti bilen wideomaslahatlaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Gamburgyň Garburg tehniki uniwersiteti (GGTU), ECIU gatnaşyjy) maliýe ýolbaşçylygy üçin jogapkär tasläma şertnamaçysy hasaplanýar. Gündogar Ýewropanyň-GDA-nyň ugrukdyryş merkeziniň başlygy, professor Dr. Şaumburg okuw işlerini we tertip-düzgüni ugrukdyrmak üçin jogapkär bellenildi, onuň taslamalary ugrukdyrmak we GDA ýurtlarynda maslahat geçirmek boýunça 30 ýyl iş tejribesi uly ähmiýete eýedir. Rus dilini bilýändigi arkaly ol dil babatdaky kynçylyklar ýüze çykanda ýewropaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmaklyga kömek berdi. Autonoma de Barcelona uniwersiteti (ECIU agzasy) ähli taslama hyzmatdaşlarynda fakultetleriniň sanynyň köplügine eýedigi, şeýle hem kompýuter we Internet tehnologiýalaryny okatmakda dürli tejribelere eýedigi bilen tapawutlanýar, ol ýerde Internet boýunça okuw sapaklaryna aýratyn üns berilýär. Iki hyzmatdaş hem bilelikde jemgyýetçilik we tehniki okuw kurslarynyň uly möçberini teklip edýärler. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeş Türkmenistanda esasy institut we "Beýik ýüpek ýoly" taslamasynyň merkezi hasaplanýar, Türkmenistanyň hökümeti bilen ähli gatnaşyklary ugrukdyrýar we hökümetiň bellän tertibinde taslamalaryň maksatlaryny has ýerlikli ornaşdyrmak üçin jogapkär hasaplanýar. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty (TDUweAI) taslamalar we ýewropaly hyzmatdaşlar bilen işleşmekde baý tejribä eýe, oňa bilimi Internetde ugrukdyrmaklyga esasy orun bölünip berildi. Institut habarlar merkezi hökmünde aragatnaşyk ulgamyny döretmekde esasy orny eýeleýär. Türkmen politehniki instituty (TPI) şu taslama bilen birlikde giňeldilýän ýokary hilli dürli görnüşli tehniki okuwlara eýe. Institut tutuş Türkmenistan boýunça önümçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýdy we bu ulgamda jogapkär hasaplanýar. Türkmenistanyň döwlet energetika instituty (TDEI) energetikany öwrenmek babatynda bilim berýär, ol döwlet üçin örän derwaýys. Türkmen oba hojalyk uniwersiteti oba hojalyk ulgamynda akademiki okuwlaryň ähli taraplaýyn ösdürilmegine jogapkär. Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty: Türkmenistanda esasy wezipeleriň biri bolan mugallymlaryň sanyny artdyrmak babatda işleri alyp barýar. Taslamany dolandyrmak birnäçe derejelerde amala aşyrylýar. Internet maglumatlaryny ýaýratmagyň we peýdalanmagyň baş ugurlaryny işläp düzmek üçin ýolbaşçylaryň (aýratynam, rektorlaryň) düzüminden iş toparyny döretmeklik ýokary derejede meýilnamalaşdyrylýar. Işçi derejede: Türkmenistanyň köp sanly institutlaryndan wekiller Internet okuwlaryny işläp düzmegiň işçi iş toparynyň agzasy hasaplanýar. Taslamanyň ýolbaşçylyk merkezi INTME hasaplanýar. Taslamanyň www.science.gov.tm/ taslamasynyň Internet sahypalary gazanylanlary hasaba almak üçin döredildi (onuň salgysy hökmünde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bölünip berildi). Taslama hakynda goşmaça maglumatlar Internet saýtda ýerleşdirilen kitapçada aýdyňlaşdyrylar. Neşir üç aýdan bir gezek çykarylýar we Türkmenistanyň ähli uniwersitetleriniň we ylmy institutlarynyň arasynda ýaýradylýar. JEP 23020: Türkmenistanyň uniwersitetlerinde dünýä bilim standartlary (2002).
JEP 24020: Türkmenistanda Täze bilim maksatnamasynda mugallymlar üçin aralyk bilim (2003-nii ýyl, 2004-nji ýylyň Ruhnama aýynyň başy)
|
![]() |
![]() |
| © 2003-2007, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşi |