![]() | Ylmy ösuşi |
|
|||||||
| | |||||||||
|
Ylmy-tehniki syýasat2020-njy ýyla çenli ylmyň çözmeli esasy maksatlary we wezipeleri düzüldi. YlymBu ýerde özgermeler ylmyň gurluşyny we ugruny kämilleşdirmäge we ylmy edaralaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady esasy, ileri tutulýan wezipelerini çözmäge täzeden ugur almaga gönükdirilendir. Ylym, bilim we medeniýet çygryndaky kanunçylygy ösdürmegiň esasy ugurlaryBilim we ylym ulgamyny özgertmek hakyndaky giň gerimli maksatnamasy işlenip düzüldi we durmuşa geçirilýär. Onda täze iň soňky häzirki zaman tehnologiýalary we ylmy barlag işleriniň usullary ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Ylymda maliýeleşdirilişiň we hojalygy dolandyryşygyň görnüşleriHojalyk görnüşi we maliýeleşdirilişi bilen tapawutlanýan ylmy edaralaryň derejeleri getirilýär: Döwlet býudžetindäki edaralar, çäklendirilen hojalyk işindäki döwlet hojalyk hasaplaşygyndaky edaralar we öz-özüni maliýeleşdirýän döwlet hojalyk hasaplaşygyndaky edaralar. Tebygy we tehniki ylymlaryň ösüşiTürkmenistanda ylym we tehnikanyň esasy ugry boýunça tebigy ylmy we tehniki barlaglaryň ösüşi beýan edilýär. Ylmy-önümçilik işleriniň ösüşiHojalyk hasaplaşygy şertlerinde ylmy-önümçilik işleri ylmyň netijesini berkitmekde we ylmy guramalaryň öz-özüni dolandyrmaklygyny we öz-özüni maliýeleşdirmekligini gazanmakda netijeli serişdeleriň biri bolup durýar. Ylmy maglumatlar bilen üpjün etmekYlymda häzirki zaman habarlaşma (informasion) tehnologiýalaryny peýdalanmak, habarlaşma ulgamyny döretmek, ýöriteleşdirilen önümçilige hyzmat edýän hojalyk pudaklarynyň ulgamyny döretmek ýaly esasy baş ugur düzgünnamasy berilýär. Ylmy maglumatlar bilen üpjün etmek (informatizasiýalaşdyrmak) köp halatlarda jemgyýetiň maglumatlar bilen üpjün edilişiniň umumy ugry bilen kesgitlenýär. Halkara ylmy barlag hyzmatdaşlyk we daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşiDaşary ykdysady gatnaşyklarynda we halkara ylmy-tehniki gatnaşyklarynda esasy düzgünnamalary getirilýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny we köp asyrlyk taryhyny öwrenmek babatynda ýurduň ylmynyň gazananlaryTaryh ylmynyň ösüşi boýunça medeni mirasy we türkmen halkynyň geçmiş taryhyny öwrenmekde örän köp işler alnyp baryldy. | |||||||||
![]() |
![]() |
| © 2003-2009, Türkmenistanyn Ylymlar akademiýasy |