Türкmеn döwlet ulаg wе аrаgаtnаşyк instituty Türkmеnistanyň Prezidenti Saparmurat Türkmenbaşynyň Permany bilen 1992 ıylda döredildi.
Institutyň gurluşy
Türkmen döwlet ulаg wе аrаgаtnаşyк instituty Watanymyzyň ähli ulaglar we aragatnaşyk ulgamy üçin ıokary bilimli hünarmentleri taııarlanıan merkezidir. Talyplara hünar bermage 11 kafedra gatnaşyar. Institutyň 4 fakultetinde 1000 golaı talyp okaıar. Institutyň kafedralarynda 92-den gowrak mugallymlar zähmet çekıärler, Olaryň 6-sy ylymlaryň doktory we professorlar, 20-si ylymlaryň kandidaty we dosentler. Talyplar bilen sapak geçirmeklige ministrlikleriň, müdirlikleriň we ylmy-barlag institutlarynyň alymlary we hünarmenleri hem gatnaşıarlar. 1997-nji ıyldan bäri institutyň demir ıol, aragatnaşyk, ulag gurluşygy we ykdysadıet fakultetinde Türkmenistanyň demir ỳol ministrliginde işlemek üçin orta bilimli hünärmenleri hem taııarlanylıar.
Тürkmenistanyň Prezidenti Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşynyň hemişelik atalyk aladasy bilen institutyň okuw we material-tehniki bazasy yyl-yyldan berkeıär. Sapaklar täze enjamlar we abzallar bilen üpjin edilen laboratoriıalarda we kabinetlerde geşirilıär.
Ylmy ugurlary
Institutyň alymlary tarapyndan alnyp barylıan ylmy-barlag işleri ulag we aragatnaşyk sistemasynda tehniki progresi çaltlandyrmaga, dürli konstruksiıalaryň, desgalaryň tygşytlylygyny we ygtybarlygyny ıokarlandyrmaga, bazar gatnaşyklary şertlerinde hojalyk strukturalaryň has peıdaly mehanizmlerini işläp düzmeklige, tebigy sredanyň ekologiıa ıagdaıyny gowulandyrmaklyga gönükdirlendir. Barlaglaryň belli bir bölegi ıokary okuw jaılarynda okuwyň guralyşyny we planlaşdyrylyşyny kämilleşdirmek meseleleri, ıaşlary Watany söymek ruhunda terbiıelemek bilen baglanşyklydyr.