Ylmy edaralar

Türkmen politehniki instituty

Baş sahypaYTBÝG
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Ylmy edaralar
Baş sahypa  Bize hat ýaz  Atgarma
  

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar
Türkmenistanyň saýtlary

Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň merkezi ylmy kitaphanasy
File server



Salgysy: 744025, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 1916-njy köçe, 136. Telefon: 28-76-00. Faks: 28-76-01, 28-75-76.

Türkmen politehniki institutynyň gurluşy

Fakultetler we kafedralar:

    Nebit we gaz fakulteti
  • "Geofizika we nebit geologiýasy" kafedrasy
  • "Umumy geologiýa we gidrogeologiýa" kafedrasy
  • "Dünýä tejribesini öwreniş" kafedrasy
  • "Nebit we gaz ojaklaryny özleşdirmek" kafedrasy
    Himiýa tilsimaty we ekologiýa fakulteti
  • "Senagat ekologiýasy" kafedrasy
  • "Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasy" kafedrasy
  • "Nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň himiki tilsimaty" kafedrasy
  • "Organiki däl maddalaryň himiýa tilsimaty" kafedrasy
    Binagärlik – gurluşyk fakulteti
  • "Suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi" kafedrasy
  • "Binagärlik" kafedrasy
  • "Geodeziýa" kafedrasy
  • "Senagat we raýat jaý gurluşygy" kafedrasy
    Inžener – mehanika fakulteti
  • "Elektrotehnika we elektromehanika" kafedrasy
  • "Tilsimatly maşynlar we enjamlar"kafedrasy
  • "Kompressor we sowadyjy desgalar" kafedrasy
    "Komýuter tilsimaty,ykdysadyýet we dolandyryş" fakulteti
  • "Kompýuter tilsimaty we ulgamlary" kafedrasy
  • "Kärhanalarda ykdysadyýet we dolandyryş" kafedrasy
  • "Umumy tehniki dersler" kafedrasy
  • "Önümçiligi awtomatlandyrmak" kafedrasy
    Nebit senagaty fakulteti (Balkanabat şäheri)
  • "Geologiýa-gözleg işleri" kafedrasy
  • "Nebitsenagat enjamlary" kafedrasy

Türkmen politehniki institutynyň ylmy ugurlary

Türkmen poliltehniki instituty Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda öňdebaryjy inžener – tehniki ýokary okuw mekdebidir. Milli hünärmenler şu esasy ugurlar boýuça taýýarlanylýar.

"Peýdaly magdanlaryň geologiýasy, gözlegi we özleşdirilişi", "Kompýuter tilsimaty", "Himiýa tilsimaty", "Gurluşyk we binagärlik", "Tilsimatly maşynlar we enjamlar", "Önümçiligiň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy".

    Türkmen politehniki institutynyň fakutetlerinde 6 sany (şol sanda 1-i Balkanabatda) pudaklaýyn ylmy merkezler işleýär:
  • Nebit we gaz fakultetiniň ylmy merkezi (şol sanda Balkanabatdaky nebit senagaty fakultetiniň ylmy merkezi)
  • Kompýuter tilsimaty we dolandyryş fakultetiniň ylmy merkezi.
  • Önümçiligiň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy ylmy merkezi.
  • Himiýa tilsimaty ekologiýa fakultetiniň ylmy merkezi.
  • Inžener mehaniki fakultetiniň ylmy merkezi.
  • Binagärlik gurluşyk fakultetiniň ylmy merkezi.

Ylmy merkezlerde Baky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Milli maksatnamasyna girýän ylmy işleriň üstinde işlenilýär. Şu güne çenli 6 ylmy işiň gutarnykly hasabatlary tabşyryldy hem-de ylmy netijeler önümçilige hödürlenildi. Häzirki döwürde institutymyzda 2 ylmy iş boýunça ylmy-barlag işleri geçirilýär. Ylmy merkezleriň işleriniň ikinji ugry kafedralaryň ýerine ýetirýän Beýik Serdarymyzyň Milli maksatnamasyna gönükdirilen 21 sany ylmy işlerdir.

Institutda alnyp barylýan ylmy işler önümçilik bilen baglanyşdyrylan. "Türkmengaz", "Türkmennebit" döwlet korporasiýalarynyň, Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, "Daşoguztransgaz" guramasy, "Gamyşlyjanebit" edarasynyň tabşyryklary boýunça ylmy işler ýerine ýetirildi we ylmy netijeler önümçilikde doly ulanylýar.

Institutda ýerine ýetirilýän ylmy işleriň esasy maglumat çeşmeleri Baky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň goldawy esasynda Türkmen politehniki institutynda döredilen Internet merkezi, Baky Beýik Serdarymyzyň tagallasy esasynda Türkmenistanda ornaşdyrylan iň täze, kämil tilsimatlaryň ýazmaça beýanlary, poçta arkaly institutyň kitaphanasyna alynýan daşary ýurtlarda çap edilen iň täze kitaplardyr. Dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryny öwrenip, olary Türkmenistanda ornaşdyrmagyň esaslaryny düzüp, şol tilsimatlary has hem kämilleşdirmek we täze tilsimatlary oýlap tapmak hem-de şol esasda tehniki ugurlar boýunça milli hünärmenleri ýetişdirmek institutda alyp barylýan ylmy işleriň esasy ugruny kesgitleýär.


© 2003-2007, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşi