![]() | Türkmenistanyň göz keselleriniň ylmy-kliniki merkezi |
|
|||||||
| | |||||||||
|
Türkmenistanyň göz keselleriniň ylmy-kliniki merkezi öz taryhyny 1932-nji ıyldan, ıagny haçan Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň trahomatoz ylmy-barlag instituty döredilenden alyp gaıdıar. Bu günki günde S. Karonow adyndaky göz keselleriniň ylmy-kliniki merkezi tejribeli lukmanlary we häzirkizaman ylmy-kliniki esasy bolan ıurdymyzyň oftalmologiıa merkezi bolup durıar. Merkezde birnäçe ylmy-kliniki bölümler köpugurly laboratoriıaly funksional barlag bölümi, gözüň hirurgiki rekonstruksiıasy we plastikasy bölümi, glaukomany kesgitleıiş we bejeriş bölümi, torly bardanyň keselleri bölümi, çagalaryň gözüni goraıyş bölümi bar. Şonuň ıaly-da GKYKM ıurt boıunça göz şikesleriniň we oftalmoonkologiıanyň merkezi bolup durıar. GKYKM-iň işiniň esasy ugry göz kesellerini ir ıüze çykarmak we bejermek, sepgitde wajyp meseleler boıunça ylmy-barlag işlerini alyp barmak, oftalmologlara ylmy metodiki gollanma we maslahat bermek, hünärmenleri taııarlamak bolup durıar.
Funksional barlag bölümiBölüm gözüň islendik kesellerini anyklap bilıän, häzirki zaman barlag enjamlary bien doly enjamlaşdyrylan. Kabul etmek 7 sany kabul ediş otaglarynda alynyp barylıar. Olardan başga-da ultrases barlag otagy, rentgen barlag otagy, fizioterapiıa bejeriş otagy goşmaça işleıär. Bu bölümden her gün ortaça 77-91 näsag, bir aıda ortaça 1159-2100 näsag geçıär. Bir ıylda barlagdan gesıän näsaglaryň sany 25-26 müň adama ıetıär. Ondan başga-da, göz şikeslerinde, ıanmalarda we beıleki haıra goıulmasyň kesellerde güje-ıundigiň dowamynda gaıra goıulmasyň kömek berilıär. Gözüň we onuň goşmaça agzalarynyň deşilen ıaralanmasynda we tejiribeli lukmanlar ıokary hilli mikrohirurgiıa emellerini geçirıärler. Funksional barlag bölüminde kliniki, patogistolokigi, bakteriologiki, immunologiki barlaglary geçıän kopugurly laboratoriıa hem işleıär. Laboratoriıanyň ylmy işleriniň esasy ugry gözüň alawlama kesellerini kesgitlemek, öwrenmek we bejermek bolup durıar. Refraksion hirurgiıa bölümi1996-nji ıylda miopiıany we astigmatizmi bejermekde häzirki zaman bejeriş tehnologiıasy bolan eksimer lazer girizildi. Netijede gözüň özboluşly ölçeglerini göz öňünde tutup, köp näsaglary äınek dakynman gowy görmeklige getitdi. Miopiıa refraksiıasyny dizedıän bu bejeriş usuly bilen 1 ıylda 1000-1500 emel geçirilıär. 2004-nji ıyldan başlap miopiıanyň bejerilişine goşmaça lasik usuly girizildi. Biziň sepgidimiziň şertlerinde miopiıanyň bejerilişindäki aıratynlyklar ylmy esasda öwrenildi we emelden soňky dowüriň bejeriş şertleri işlenilip düzüldi. Rekonstruktiw emelleri we oftalmoonkologiıa bölümiRekonstruktiw emelleri bölümde buınuz perdäniň (korneanyň) alawlama kesellerinde we distrofiıalarynda keratoplastika geçirmeklige uly üns berilıär. Keratoplastika we emeli göz jöwherini goımak bilen kataraktanyň ekstraksiıasyny bir wagtda geçirmekligiň usuly, buınuz gatlagynyň uly göwrümli şikeslerinde gaıragoıulmasyz keratoplastika usuly, keratomolıasiıada-buınuz gatlagyň iziňli eremelerinde gaıra goıulmasyz keratoplastika usullary islenip düzüldi. Gaıtadan keratoplastikanyň usullary, görnüşleri we oňa görkezmeler öwrenildi. Bu bölümde oftalmoonkologiıa bilen baglanyşykly hemme soraglar kesgitlemesi, göziň we onuň kömekçi agzalarynyň çişleriniň emel ıol bilen bejerilişi doly çözülendir. Hünärmenler ıanmalardan, şikeslerden, onkologiıa emellerinden soňky ıetmezçiliklerde we tyglarda timarlaıyş emel usullaryny doly özleşdirdiler. Bölümde kataraktalarda emeli göz jöwherini ulunmak bilen fakoemulsifikasiıa usuly doly özleşdirilen. Glaukoma bölümiBu bölümiň esasy iş ugry birinji we ilkinji (fakogen, neowaskulıar) glaukomalarda keseli kesgitlemek we bejermek bolup durıär. Türkmenistanyň ıerli ıaşaıjylarynyň sagdyn gözleriniň gurluşynyň käbir aıratynlyklary ıüze çykaryldy we bu aıratynlyklaryň glaukomanyň ıapyk burçly görnuşiniň we glaukomanyň ıiti tutgusynyň köp döremegine getirıändigi anyklanyldy. Şonuň ıaly-da gonioskopiıanyň, tonografiıanyň görkezijilerine esaslanyp, ilkinji glaukomanyň kliniki geçirişiniň aıratynlyklary bellenildi. Bu alynan maglumatlara esaslanyp glaukomanyň barlaglarynda kesgitleıiş barlaglar toplumy hödürlendi we amalyıete girizildi, birinji we ikinji glaukomanyň emel usuly bilen bejerilişinde patogenetiki ugrukdyrylan usullary işlenip düzüldi. Şeıle hem Pex-li gözlerde şkes geçiren gözlerde glaukomanyň miktohirurgiki bejeriş usullary girizildi. Kombinirlenen emeller-bir wagtda antiglaukomatoz we emeli jöwherjigi implantirlemek bilen kataraktanyň ekstraksiıa usuly giňden ulanylıar. Sonky wagtlarda trabekuloektomiıa emelini kataraktanyň fakoemulsifikasiıa we emeli jöwherin implantasiıasy usuly bilen bilelikde geçirmeklik giň gerim alıar. Emelleriň hemme görnüşleri her näsag üçin aıratynlykda işlenip düzülıär we ulanylıar. Torly gatlagyň keselleri bölümiBu bölümiň esasy iş ugry diabet, gipertoniıa kesellerinde ıüze çykıan retinopatiıalaryň, görüş nerwiniň dürli keselleriniň klinikasyny we bejerilişini ylmy esasda öwrenmek we bejermek bolup durıär. Retinopatiıalarda, torly gatlagyň we görüş nerwiniň gan aılanyşymyň ıiti we dowamly bozulmalarynda konserwatiw bejerilişiniň usullary işlenip düzüldi we amalyıete girizildi. Şonuň ıaly-da, kataraktanyň, esasan-da şikes kataraktasynyň emelli bejerişi, emeli jöwherleriniň implantasiıasy ıola goıuldy. öňden berilen görnüşi ıatlap bilıän emeli jöwher işlenip düzülip, hödürlendi. Derman serişdelerini intrawitreal goıbermegiň ıollary işlenildi we amalıete girizildi. Witrioretinal emelleri bölümiBu täze döredilen bölümde diabet we gipertrofiıa retinopatiıaly näsaglaryň emel ıoly bilen bejerilişi we dikeldiş işleri alynyp barylıar. Bölümde torly gatlagyň gopmagynyň emeli bejergileri, lazer bejergileri, häzirki zaman enjamy bolan witreotomy ulanmak bilen bejermeklik ıoly goıulan. Torly gatlagyň gopmagynda ulanylıan adaty bejergilerden başga-da intrawitreal gaz goıbermek, witreoktomiıa etmek usullary hem ulanylıar. Bulardan başga-da, retinanyň distrofiıalarynda, miopiıalarda, retinopatiıalarda torly gatlagy argon lazer bilen berkitmeleri, flıuressein angiografiıalar alynyp barylıar. Çagalar oftalmologiıa bölümiÇagalar oftalmologiıa bölüminiň esasy ugry ylmy esasda çagalarda pes görüjiligi irki döwürde ıüze çykarmak, bejermek we öňüni almak bolup durıar. Esasy üns dogabitdi çaga keselerini bejermeklige berilıar. Şeıle hem wajyp meseleleriň biri bolup, çaga göz şikesleri we olaryň bejerilişi, dikeldilişi bolup durıar. Bölümde çagalaryň gözüni goraıyş otagy bolup, bu ıerde ıöriteleşdirilen turgenleşik enjamlarynda miopiıa, göz çaşylygy ıaly keselleri bejermeklik ıola goıulan. Soňky ıyllarda bu keselleriň bejeruluşinde kompıuterleri ulanmaklyk ıola goıuldy. GKYKM-de meıilleşdirilen emeller üçin 2 emel otaglary ulanylyp, olaryň her birindir häzirki zamanyň talabyna deň gelıän 4 emel mikroskoplary (emel ıerleri) işledilıär. Olardan başga-da gijo-gündisiň dowamynda göz keselerinde gaıra goıulmasyz we mikrohirurgiki kömegi bermeklik ıola goıulan 1 sany ambulator emel otagy işleıär.
| |||||||||
![]() |
![]() |
| © 2003-2007, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşi |