Salgysy: Aşgabat ş. 744000, Beýik Türkmenbaşy şaýoly, 18. Tel.: 39-47-09, fax: 39-46-22.
Edaranyň gurluşy:
Institutda 4 sany bölüm bar:
- "Arheologiýa we etnologiýa";
- "Türkmenistanyň medeni mirasy";
- "Merkezi Aziýa we Gündogar halklarynyň medeni mirasy";
- "terjime we redaktirleme bölümleri".
Esasy ylmy ugurlary:
Türkmeniň taryhyna, medeni mirasyna, medeniýetine, milli däp-dessurlaryna, sungatyna degişli ylmy işleri alyp barmak, halkara ylmy maslahatlaryny guramaçylykly ýagdaýda geçirmek, daşary ýurtlaryň arheologiýa merkezleri bilen ylmy hyzmatdaşlygy alyp barmak, "Miras" halkara ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň üsti bilen Türkmenistanyň, Merkezi Aziýa we Gündogar halklarynyň medeni mirasyny tutuş dünýä äşgär etmek.