TALAPLAR

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




«Beýik galkynyslar eýýamynda ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatynyn isine gatnasmak üçin materiallaryn resmilesdirilmegine bildirilýän

TALAPLAR

Türmenistanyn Prezidentinin 2011-nji ýylyn 9-njy sentýabryndaky Kararyna laýyklykda, Asgabat säherinde 2012-nji ýylyn 12-14-nji iýun aralygynda «Beýik galkynyslar eýýamynda ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahaty geçirilýär.

Maslahatyn is dilleri: türkmen, inlis we rus.

Guramaçylar — Türkmenistanyn Ylymlar akademiýasy

Hasaba almak

Maslahatyn isine gatnasmak üçin maslahata gatnasyjynyn hasaba alnys görnüsini doldurmaly we çykysyn tezisi hem-de annotasiýasy bilen birlikde Guramaçylyk toparyna ibermeli.

Çykysyn tezisi maslahatyn is dilinin haýsy hem bolsa birinde, annotasiýalar beýleki iki dilde, hasaba alnys görnüs türkmen dilinde bolmaly.

Maslahata gatnasyjynyn hasaba alnys görnüsi

Türkmenistanly alymlar üçin

Familiýasy

 

Ady

 

Atasynyn ady

 

Wezipesi

 

Alymlyk derejesi, ady

 

Gurama (doly ady)

 

Guramanyn salgysy (poçta indeksi bilen bilelikde)

 

Is telefony

 

Çykysyn ady (Bas harplar bilen ýazmaly däl)

 

Çykys haýsy dilde taýýarlandy

 

Çykyslaryn tezislerini we annotasiýalaryny resmilesdirmeklige bildirilýän umumy talaplar

Çykyslaryn tezislerini we annotasiýalaryny resmilesdirilende asakdaky talaplary berjaý etmeli:

1. Çykysyn tezisinin möçberi A4 (210×297 mm) formatda, 1,5 sahypadan geçmeli däldir, çykysyn annotasiýasynyn möçberi A4 formatda 0,5 sahypadan ybarat bolmalydyr.

2. Çykysyn we annotasiýanyn tezisleri adaty Arial srifr bilen ýazylýar we bir faýlda saklanýar we asakdaky görnüsde bolmaly:

awtoryn (awtorlaryn) familiýasy, ady (dolulygyna), ylmy derejesi, ylmy ady, ýaýyn içinde döwletin ady görkezilýär (mysal üçin: Ataýew Nurmyrat Täçmyradowiç, ylymlaryn doktory, professor (Türkmenistan), sahypanyn merkezi boýunça denlemek bilen 14—lik sriftde goýygara ýazmaly;

çykysyn ady — bas harplar bilen sahypanyn merkezi boýunça denlemek bilen adaty 16-lyk sriftde goýygara ýazmaly;

ylmy maslahatda çykys edýänin ady, familiýasy, atasynyn ady (eger çykys edýänin birnäça çykysy bar bolsa hökman görkezilmeli) — 14—lik sriftde ýazylmaly;

çykysyn adyndan sonra tezislerin tekstinin galan bölegini yazmazdan ozal 1 setir goýbermeli;

3. Tezislerin we annotasiýalaryn esasy mazmuny Arial 14 ölçegdäki adaty srift bilen ýazylýar we sahypanyn ini boýunça denlenilýär. Her setirbasy aýrybasga ýazylýar. Setirlerin arasy birmenzes bolmalydyr.

Matematiki formulalar kompýuterde degisli formula redaktorlarynyn kömegi bilen ýazylmalydyr.

Sahypa ölçegi: ýokarsy we asagy — 2,0 sm, çep tarapyndan 2.5 sm, sag tarapyndan 1,5 sm.

4. Edebiýatyn sanaw tertibi olaryn ýazgyda ýerlesdirilen tertibinde ähli edebiýatlara salgylanylyp berilmelidir. Edebi çesmelerin salgylanmalary çykysyn ýazgysynda kwadrat ýaýyn içinde sanlar bilen belgilenýär: [1], [2], [3—5] we beýlekiler. Edebiýatlaryn sanawy tezisinin ýazgysynyn ahyrynda ýerlesdirilýär, olaryn ön ýanyndan EDEBIÝATLARYN SANAWY diýen sözbasy ýerlesdirilýär.

5. Çykyslaryn tezislerinin we annotasiýalarynyn sahypalary belgilenmeýär.

6. Tezisler bir dilde iberilende, hökmany tertipde beýleki iki dillerde annotasiýalary berilýär.

Annotasiýanyn inlis dilindäki redaksiýasyny awtorlar ýokary okuw mekdeplerinin degisli kafedralarynda ýa-da terjime býurolarynda tassyklatmaly.

7. Dine ýazuw görnüsinde bermeklige mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda sekillerin, formulalaryn we görkezgiçlerin bolmagyna rugsat edilýär. Bu ýagdaýda her bir obýekt sahypada görkezilen ölçegden ýokary geçmeli däldir, srifti 14 pt az bolmaly däldir. Tezisin umumy göwrümi, sekilleri, formulalary we görkezgiçleri bilen birlikde A4 formatdaky 2 sahypadan geçmeli däldir.

8. Çykysyn tezisleri dine Word dokumentin formatynda kabul edilýär. (dok. gineldilmegi bilen)

9. Tezislere düzedisler we gosundylar girizmeklik kabul edilmeýär. Tezisler guramaçylyk komitetinin karary boýunça aýrylyp bilner.

Tezisleri, hasaba alnys görnüsleri we beýleki materiallary ibermek

Hasaba alnys görnüsler, tezisler we annotasiýalar çykys edýänin is ýerinde seredilýär we edaranyn ýolbasçysynyn goly çekilen hat bilen ugradylýar.

Hata hökmany suratda hasaba alnys görnüsin, tezisin we annotasiýanyn elektron görnüsi gosulmalydyr.

Çykysyn tezisleri we annotasiýalary Guramaçylyk toparyna 2012-nji ýylyn 31-nji martyna çenli iberilmelidir.

Faýllary arhiwirlemeli däl!

Üns berin!

1.Çykyslaryn tezisleri üçun faýllar awtoryn adyny, atasynyn adyny, familiýasyny, (eger-de birnäçe awtor bolsa, çykys edýänin ady, familiýasy görkezilýär) özünde jemlemelidir. Meselem: awtor- Ataýew Nurmyrat Täçmyradowiç, faýlyn ady- «Ataýew N.T. doc»

Faýllar her bir çykys üçin dörediýär we «Tezisler» diýen papka salynýar.

2.Hasaba alnys görnüs üçin faýlyn ady awtoryn familiýasyny, adyny, atasynyn adyny we «has» diýen harplary özünde jemlemelidir. Meselem: «Ataýew N.T. has.doc»

Faýllar her bir awtor üçin dokladlara bölünmän döredilýär (awtordas) we «Hasgörnüsleri» papkasyna salynýar.

3. «Tezisler» we «Hasgörnüsler» papkalar edaranyn ady berlen papka salynýar.

Guramaçylyk topary


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy